01:40 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -13/ dowamy | |
Magtymguly söýgüsini bukýardy, çünki agasy öýlenmänkä «yşka düşüp, ýanyp-bişip ýör» diýilmegi ýagşyzada ýaly kethudanyň asylzada ogly üçin aýypdy, utançdy. Emma onuň söýgüsi bukardan uly, çekerden agyrdy. Magtymguly ýakyp-ýandyryp barýan yşkyny bukýardy, gije alawlap ýanýan ody, gündiz burugsap buluda öwrülip barýan tüssäni bukup bolmaýanyny bilse-de, bukýardy. Magtymguly asmany parçalap çakýan ýyldyrymy gylyjyň gyna salynşy ýaly edip, setirine dykyp bilýärdi. Magtymguly kükräp-kükräp gelen apy-tupany penjesi bilen düýrläp bendine dykyp bilýärdi, emma apat yşky bukdugyça güýjeýärdi, gizledigiçe guduz aç ýar-dy, ýaşyrdygyça möwç urýardy.
Taryhy proza
Eger bukup bolýan bolsa,eger pynhan saklap bolýan bolsa,oňa söýgi diýiljekmi! Magtymguly--güpläp ot alan aşykdy, ol hopugyp yşkdan gaçýardy, gaçdygyça-da oduň şemaly ýetip, äpet ýangyna öwrülip barýardy.Eger ümürsin tokaýlar ot alyp ýangyn dörese, gözýaş bilenem öçürip bolar, däli derýalary tanap bilenem jylawlap bent edip bolar, gara daglary dyrnak bilenem ýykyp-ýumrup bolar, emma Meňli gyzyň yşky Magtymgula buk durmaz! Her hal ol yşkyny bukýardy. Ol öýde, il içinde kişi bilen ýüzbe-ýüz bolmasyny, söhbet kylmasyny goýdy, çünki yşk heseri dumanlap duran gözlerini gören kişi Magtymgulynyň hüýlenip ýörenini görjekdi. Ol öýden iç-daş çykmasynam goýdy, sebäbi onuň diňe gursagy däl, tutuş göwresem Meňliniň yşky bilen alawlap ýanýardy. Ol Perhat bilen, Mežnun bilen, Sadydyr Jamy, Rudakydyr Rumy bilen yşk derdini paýlaşýardy. Halys derdi gursagyna sygman hüýlenip ugranynda bolsa ýanyna ýarym horjun kitap alyp, Sakarguşuna atlanyp daglaryň goýnuna giderdi. Magtymgulynyň yşky sokur körem bolsaň görünýän yşkdy! «Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, Gök titreýin çeke bilmez bu derdi!» diýilýän derdi Meňlem merdi-merdana çekýärdi. Maýa-maňyzly, edep-ekramly hüýrzada Meňli il içine «söýüşýämiş» diýip ady çykan-dan, öýden tabydynyň çykanyny ýagşy görýärdi. «Yşk derdinden gaçyp uçmah arşy-agla çyksa, dowzah yşk odundan gorkup ýeriň ýedi gat assyna girse, yşk derdinden ýaňa zemin jünbüş eýläp ýerler lerzana gelse», biçäre Meňli neýlär, Magtymguly neýlär? Magtymgulam,Meňlem apat söýgüsini bukýardy,emma olaryň habary ýekdy, entek Magtymguly Meňli gyza duşmanka, pynhan yşklarynyň aýana çykyp, il içine ýaýranyndan. Sebäbi ölüp görmän, ölümden aňyrdaky boljak ähli işleri bilip ýören, ýeriň astynda gäwşeýän ýylanyň içindäki ýumurtgasyny sanap, näçesiniň erkekdigini bilip oturan ýeser-eser adamlar diňlemän eşidýär, seretmän görýär, oýlanmanam bilýär! Aýyň topragynyň şordugyny dilini uzadyp barlap gören, ýyldyzlaryň ataşdygyny biljek bolup dilini daglap gören Heýjan heýwere entek Magtymguly Meňlini, Meňli Magtymgulyny görmänkä bu syry çakalla bilipdi. Çakam çyndan çyn çykdy… Magtymguly Döwletmämmet aganyň mahmala dolap beren kitaplaryny alyp, Medet agalaryň howlusyna girip barýarka, ony Heýjan heýwere görüpdi. Aýýar çykyp giden Heýjan heýwere öz ýanyndan «obanyň ýekary başynda ýaşaýan Magtymguly obanyň aşak başynda ýaşaýan Medetlere näme diýip gelip biler?» diýip oýlandy. Ol şasuwar Magtymgulynyň nurana kaddy-kamatyny, hüýrzada Meňliniň sahypjemal keşbi-keşmerini aňynda janlandyryp «Elbetde Magtymguly bilen Meňli söýüşýändir!» diýen netijäni çykardy: »Elbetde, Meňli bilen Magtymguly söýüşýär, sebäbi diňe yşk-hesere sataşan nowjuwanlar şeýle owadan bolýar ahyry! Heý,uçmahdan çykan hüýr ýaly Meňli ýagşyzada ýaly Magtymgulyny söýmezmi?!» diýip öz çakyny özi tassyklap, möhürini basyp, etek alty, ýeň ýedi, il içine myş-myş bolup aýlanyp,myş-myşa zar kişilere jar edip çykdy. Heýjan heýweräniň ýeke gepine ynanmaýan hajygowşanlylar onuň bu gepine ýürekden ynandylar, çünki uly obada şasuwar kaddy-kamatly Magtymgula taý boljak Meňliden başga hüýr gyz,hüýr ýaly jadyly Meňlä taý boljak Magtymgulydan başga mynasyp şasuwar ýigit ýokdy! Garasaý, keriň eşidenini kör gördi, körüň görenini lal buşlady. Heýjan heýweräniň goýberen myş-myşy syrgynma syrgyn, köçeme-köçe, öýme-öý aýlanyp Ogulgerek ejäniň gulagyna-da ildi. Emma Meňliniň ejesi ol şum habara ynanmady, çünki Meňli maýa-maňyzly, asylly gyzdy. Ol öler-ýiter, emma ene-atasynyň abraýyna çirk ýetirmez! Onsoňam Meňli gyz göze görnüp başlaly bäri Ogulgerek eje «han gyzyny han ýigide» durmuşa çykaryp, bagtyny açjak bolýanyny Meňlä häli-şindi ýaňzydyp ýördi. Medet aganyň doganoglany Küremiş hanyň ogly Şanazaram Meňliniň görk-görmegine, kaddy-kamatyna daşyndan aşykdy. Şanazar ýaly han ogly yşkyna düşüp ýörkä haýsydyr bir garamaýagy söýer ýaly Meňliniň garagy gapyk däldir! Garaşylmaýan habar ýenaçylar neberesiniňem gulagyna ildi, emma Arazgül eje gyýbata ähmiýet bermedi, sebäbi. agasy Muhammetsapa durka yşka düşer ýaly Magtymguly akmak däl ahyry! hhh Magtymguly şindi görülmedik yşkyň gudraty bilen gara başy asmana barýan, seri mydama dumanlap duran garly daga öwrüldi. Gursa-gyndan Meňli şaglap-şaglap aby-haýýat- yşk derýasy bolup akýar. Yşkyň gudraty bilen Magtymguly birdemde bikenar ummana öwrüldi, Meňli gyz gara gaýly harasat bolup, apy-tupan bolup, Magtymgulyny möwç urduryp, onuň goýnunda heýjan bolup ýaşaýar. Yşkyň gudraty bilen Magtymguly birdemde pynhan syrly bimöçber asman boldy, Meňli gyz bolsa onuň goýnunda gökleri gümmürdedip, ýyldyrymlaryny çakdyryp çasly çagbaly baran bolup ýaşaýar!.. Magtymguly Meňli gyzyň yşkynda däliräp düze çykýar! Eý, Alla, gör-ha Magtymgulynyň uçrap ýören derdi-belasyny! Ol başyny silkip bir pursat özüne gelip, serini dumanladyp, gursagyny tüweleýledip, arşyň-kürsüň arasynda uçuryp ýören yşkyndan, özüniň bolup ýörşünden erbet utandy. Ol müňlerçe-müňlerçe diwany ylahy ykbala göterileýin diýip okamanmydy näme?! Ol müňlerçe-müňlerçe gijeler Hakyň yşkynda şöwür çekip, ah urup perýat kylmanmydy näme?! Gel-gel dünýäniň albaý bulap çagyrýan beýik maksatlaryna barýan Magtymguly şeýle pes ykbala uçramalymy eýse?! Onuň Hudaýy agtaryp, beýik-beýik matlaplara barýarka tapanam bir gyz boldumy indi?! Ol Allanyň yşkyna, asmanyň yşkyna düşüp ýördi ahyry, gel-gel indi ol zeminde bir gyzyň yşkyna düşüp, pikirlenmekden mahrum bolup ýörmeli ýigitmidir?! «Eý, Allam, görha meniň düşüp ýören günlerimi! Bar, bar, akmak, indi «Meňlim, Meňlim!» diýip uwlap, Mežnunyň yzy bilen çöle çykyp, awara-lyk çek! Sen eýse müň bir syrdan ybarat dünýä, gijeler ýyldyz bolup göz gypyşýan tükeniksiz älemlere, çarhypelegiň oýunlaryna akyl ýetirip, Hakyň dergähine barýardyň ahyry!» diýip özüne käýinýärdi. Ol asman yşkyna aşykdy, emma zemin yşkyna uçrady! Ol Ylahy yşkyň gedasydy, emma ynsan yşkynyň pidasy bolup barýar! Ol öz-özüne: « Magtymguly,jahana ýaň salýan çagbaly apy-tupanlar bikenar ummanlarda döräp, teşnelikden ýanyp ýatan ýerleri suwarýandyr! Magtymguly,tereň-tereň däli derýalar gerişleri asmana çümýän depesi gat-gat garly daglardan gözbaş alýandyr! Magtymguly, uly-uly guşlar asmanyň iň belent gatlagyndan uçýandyr! Magtymguly, läheň-läheň balyklar ullakan ummanlaryň iň çuň ýerinde ýaşaýandyr! Magtymguly, Allanyň uçmahy arşyň iň ýokarky gatlagyndadyr! Magtymguly, çyn göwherler ýeriň ýedinji gatynda bukulandyr! Magtymguly, göteril, göteril, hiç bolmanda gije-gündizleriňi bagş edip okan diwanlaryňyň derejesine göteril! Hiç bolmanda ahunlaryň-pirleriň beren sapagynyň derejesine göteril!» diýip özüne pent ber-ýärdi… hhh Yşk dünýäsi dünýä içre başga bir dünýä!Yşka uçrap aşyk bolanlar dilsiz saýrap, gözsüz görüp, gulaksyz eşidip, ganatsyz uçup, otsuz ýanyp, aýazsyz doňup, zerarsyz aglap, sebäpsiz gülüp ýörendir. Yşka uçranlar,bir görseň aglap oturandyr,emma olaryň agysy bagtlylaryň bagtyndan beýik-dir! Yşka sataşanlar, bir görseň öz-özi ýylgyryp,gülüp oturandyr,emma olaryň gülkileri pajygadan pajygalydyr. Magtymguly öýden çykan badyna, doganoglanyna pete-pet duşdy. Janaman gözlerini höwlendirip, hamana ajdarha gören ýaly hopugyp: --Wäh, gardaşym,saňa näm boldy? Dessine öe girewer—diýip, Magtym-gulynyň golundan tutup öe saldy.—Gardaşym, sen heserläp, hüýlenip, asyl däli-mejnun bolaýypsy-ňa!—diýip pyşyrdady. --Sen meniň şerabun-terahum içenimi bilýäsiň ahyry. --Şerap-serabyň işi däl ol, sen sermest aşyk! --Elbetde, men Hudaýyma aşyk! --Eý-ho!Aý-ho, sen eýýäm Meňli gyzy Hudaýam edindiňmi? Ol Janamanyň ýakasyndan ebşitläp, dergazap,emma ýuwaşja: --Meňli nireden geldi bu iki ara? --Eý,gardaşym, Meňli bilen Magtymgulynyň aşyk-magşuklygyny tamam Giňjaý bilýär. Ol hasam aljyrady,ol pynhan syrynyň açylanyndan elheder aldy. --Goýber-how ýakamy, ýegsam nobatdaky hakykaty hem aýdaryn! --Bu samahyllap duranlaryň näme? --Heleýleriň myş-myşy. Nobatdaky hakykatam aýdaýynmy?—Jana-man oňa has golaýlap pyşyrdady—Magtymguly, sen heserli arzuw-hyýal-lara gark bolup, arasynda “Meňlim! Meňlijan!” diýip daşyňdanam aýdýarsyň! Magtymguly aňk bolup Janamana seretdi --Indi hakyky hakykatam eşitjekmi? Magtymgulyny der basdy, Janaman ýuwaşja gürledi: --Gardaşym, başyňy alyp daglara gideweri, ýegsam körler seniň yşka düşüp ýeldirgäniňi görýär, kerler eşidýär, lallar aýdym edip ýör! * * * Ogulgerek eje öýleriniň öňündäki ullakan çynaryň saýasynda çynmaçyn çaýyndan keýpini çaglap, gül-gül açylyp otyrdy. Gapdalynda Meňli yşkyny hem gam-gussasyny bukup, gaýma gümrady.Ol jigisi Gwher btlen tikin tikýärdi. Goňşusy Gaýyp bagşy Magtymgulynyň golaýda beren şygryny aýdyma öwüripdi, ol şony aýdyp başlady: Şükür, alhamdililla! Janana gözüm düşdi. Meýhanada meý içdim, Messana gözüm düşdeý… düşdeý… düşdi. -- Baý-baý, Hudaýjan Gaýyp bagşa owaz-a berip bilipdir-ow! - diýip, Ogulgerek eje hem aýdym diňleýärdi, hem göz astyndan Meňlini synlaýardy. Meňli uýaldy, aýdymy Gaýyp bagşy däl-de Magtymguly aýdýardy… Meňli gyz nowruz gary ýaly pagyş-para eräp barýardy… Eý jady-jeren gözli, Eý şady-şeker sözli, Eý şemsi-kamar ýüzli, Tabana gözüm düşdi. Gaýyp bagşynyň ýüregiňi ezip barýan owazyndan, her jümlesinden, her beýdinden yşk heseri çabrap duran aýdymdan Ogulgerek ejäniň kalby heýjana gelip,gursagyndaky janguşy perwaz urýardy.Owadandan heserli aýdym Ogulgerek ejäniň ýüreginiň daşyndan ýeldirgän ýel kimin aýlanyp, ony owazyna bendiwan eýledi. Bagşy bolsa belent perdelere galyp, älem-goşar ýaly şugla saçýan aýdymy asmana gaýdyryp, dolup-daşyp, agyp-dönüp aýdýardy. Ene gyzyny synlap haýranlar galdy: eý-ho! ozalam perizat Meňli ejesiniň gözleriniň alnynda jadyly hüýr-melege öwrülip barýar! Meňliniň säher-sabadan ýaradylan hurmaýy ýaňaklary al şugla,daglaryň ak garyndan ýaradylan ak alkymy ak şugla, balkyldap duran jadyly gara gözleri gara şugla saçýar! Meňli ejesiniň gözleriniň öňünde owadan älemgoşar bolup owsunyp otyr.Ol gyzynyň apatdan apat gözelligini synlap: «Gadymda ata-babalarymyz çakdanaşa owadan gyzlara, adatdan daşary görmegeý ýigitlere ýönelige nikap geýdirmeýän ekenler. Meňli-jany görenem aşyk bolar, görmedigem» diýip oýlandy. Gaýyp bagşynyň ajaýyp aýdymy Meňlini al asmana uçursa, Ogulgerek ejäniň kalbyny tereň derýa öwüripdi. Ol: --Owazyňa döneýin Gaýypjan, aýdymyňdan janym gönenäýdi —diýip, Meňlä seretdi.—Ajaýyp aýdym eken! Bagşy ahyrky bende başlady: Bu derdime ýok derman, Köýüňde bolam gurban, Magtymguly diýr, eý jan, Janana gözüm düşdeý… düşdeý… düşdi. Ogulgerek ejäniň zähresi ýaryldy. Onuň ýüregi jünbüş eýläp, beýnisi sarsyp,birdemde seňseledi. Ol gaýma gaýap oturan Meňliniň jadyly yşka öwrülmesiniň sebäbini bilip, haýýady göterildi. Esli salym gyzyny synlap birdenem, ot alyp jabjynyp başlady: --Derhal gir öe! Ýaş gyzam melgunyň owazasyny diňlärmi! Owarra bol jaýyňa, saçy kesilmiş diýse! Meňli ala gözlerini balkyldadyp, naýynjar delmirip, bukjasyny alyp öe ýumlukdy. Ogulgerek eje iliň içinde eşiden gyýbatynyň çyndy-gyna göz ýetirip, otly köýnek geýdi. Bolsa-da onuň bagtyna bu gün erte Şanyýaz hanyň toýy bardy. Ozal ol toýa diňe adamsy bilen gidermendi, ýokarky aýdymdan soň ol, heý yşk bolup alawlap duran gyzyny öýde galdyryp gidip biljekmi? Ol tutuş maşgalasy bilen toýa gitdi. Peri-peýker Meňliniň toýlaryna baranyny gören Şanazaryň yşky başyna urdy, Ogulgerek eje han aýalyna Meňliniň ýetişip barýandygyny, sözaýdyjydan, sawçydan ýaňa gün ýokdugyny aýdyp, gudaçylyga özi yş açdy. Han hatyny Meňli gyzy synlap, hamana törüne geçiren gelni ýaly buýsandy.Toýdan gelen günem Ogulgerek köçeden tüweleýläp tüwdürilip barýan Heýjan heýweräni çagyryp, onuň bilen çaýlaşyp, gürrüňiň arasynda Meňliniň adaglanandygyny, on ýedi ýaşyny doldurdygy Meňli bilen Şanazaryň toýynyň tutuljakdygyny aýdyp berdi… hhh Siz heý depesi ak garly, degresi dumanly geriş-geriş daglara ýyldy-rymly çabgalaryň gelşini görüpmidiňiz? Görmedik bolsaňyz, haýyp siziň ýaşan ýaşyňyz!... Meňli gyzyň yşkyndan heserläp-husurlap, däliräp-düwläp ýören Magtymguly daglara, jylgalara, jülgelere, derelere aýlanyp ýördi. Owsunjy bulutlar asmany büräp, Nuhuň apy- tupanyny turup, gara ýeller dar jülgelere sygman çar ýana başyny urup, wagşyýana uwlaýary. Jülgelerdäki çynarlar, hozlar, gaýry agaçlar ýaşyl bulut ýaly lemmerlenip, harasat bilen uçup gidäýjek bolýardy. Asmanda Burkut baba gökleri gümmürdedip, arşda kyýamat tomaşasyny gurdy. Magtymgulynyň göhi gelip, ylhamy tüweleýläp, kalby heýjan urýardy! Onuň göwnüne bolmasa, nije wagtdan bäri kalbyna sygman, çaýkanyp çyrpynýan Yşky ahyry giň dünýä çykaýan ýalydy! Asmany çat atdyryp, ýyldyrym yzyna ýyldyrym çakdyryp, elhenç-elhenç gümmüdileri bile ýeri-gögi, gara daglary lerzana getirip, şabrap-şabrap ýagýan güýzüň çasly çagbasy şady-horram bolup, ala şowhun bilen uçmahy jülgä doldy. Gitdigiçe ýyldyrymlar güräp, ýerler gümmürdäp, asmanyň aňyrsyndaky haýsydyr bir gudrat yşkdan ýaňa heýjana gelen zemini görjek bolup, çar ýandan gögi ýyrtýardy. Eger daglaryň goýnundaky ruhuňy galkyndyryjy keýpiçaglyk, şady-horram şowhun bolmasady, onda adam pahyr kyýamat gopandyr öýderdi. Ýer bilen gök tapyşyp, arşdan paýrap-paýrap jala ýagýardy, daglaryň gerişle-rinden şaglap-şaglap bulaklar tüwdürilişip gelýärdi. Al-ýaşyl daglara aşyk bolan asman dünýä yşkyň gudratyny görkezýärdi. Magtymguly apy-tupana gujagyny gerip, çapgyn ýeliň güýjünemi ýa duýgularyň güýjünemi, nämälim, ýöne iki ýana yraň atyp daglaryň jümmüşine, jalanyň gelýän ýerine tarap barýar. Türkmensährada çagba kän ýagýar. Türkmensähralylar “Ýagşyň piri Burkut baba biziň ildeşimiz, Soňudagda ýaşaýar” diýýäler. Türkmensähra dabaraly, şowhunly çagbalaryň mekany.Çagba asmanyň zemine söýgüsi. Hanha al asmanda gara bulutlaryň çasly çagba öwrülýän ýerinde ýylgyryp duran Meňli hana tarap barýar, dahanyndan bolsa «Ýürek yşkdan doly,dide nem bile» diýen ýaly setirler gaçýar. Magtymgulynyň ýüzüni-gözüni ýazyň çasly jalasy, kalbyny şowhun turuzýan çagbanyň owazy ýuwýar. Soňa-baka ýyldy-rymlar şeýle bir güredi, hol daglaryň kert ýalçy gaýasynyň ykyşynda galpyldap Magtymgulyny synlaýan Janamanyň janynda jan galmady gardaşyny ýyldyrym urar öýdüp. Magtymgulynyň kä sagynda, kä solunda, kä öňünde ýyldyrym ataşdan naýzasyny daglara sançýardy! Saýýadyň sümme jeňňelde elleri bilen alnyndaky şahalary, pür-pudaklary iki ýana aýryp geçişi ýaly, Magtymguly hem ýyldyrymlary, jalanyň çüwdürimlerini öz ýolundan aýryp ýöräp barýar. Ol jalanyň çüwdürimlerine ýapyşyp göge çykyp, jahanyň ýüregini görmek isleýär. Janamanyň gözleri petredi gitdi, çünki arşy jaýryp göni Magtymgulynyň gursagyny nyşana alyp urlan ýyldyrym ýylçyr gaýa degen ok ýaly çawup gitdi mojuk owaz edip. Belki, ol özüniňkiden ýeser oda sataşandyr! Bu hadysany gözi bilen gören Janaman Magtymgulynyň gudratlydy-gyna kemsiz ynandy. Magtymguly hut şu pursat jümle-jahanyň Meňli gyzyň yşkyndan ýaradylandygyna şeksiz ynandy, dünýäniň depesinde kyýamat tomaşasyny turuzyp çakýan ýyldyrymlarda, dünýä sygmaýan gümmürdilerde, güwläp-güwläp ýagýan jalada ol hut Meňli gyzyň yşkyny gördi. Şaglap-şaglap akýan çeşme-çaýlarda, kertden-kerte towsup gelýän däli bulaklarda Meňli gyzyň yşkynyň owazyny eşitdi. Owsunjy şar gara bulutlaryň ak çagbalary Meňli gyzyň yşky bolup ýagýardy, ýyldyrymlar Meňli gyzyň yşky bolup ýanýardy. Meňli gyzyň yşky kalbyňy lerzana getiriji owaz bolup ýaňlanýardy. Asman elhenç nagra dartyp, gökler gümmürdäp, onuň golaýynda äpet ýyldyrym çakdy. Magtymguly sag penjesini uzadyp şamar gysymlan ýaly ýyldyrymy gysymlap alnynda goýdy: ýyldyrym silki-näge-de Meňli gyza öwrüldi. Magşuk Meňli aşygyna jilwe taşlap, Magtymgulynyň ataş çabrap duran gözlerine seretdi... Duýdansyz apy-tupan bolup gelen dag çagbasy duýdansyzam geçip gitdi. Hanha,çasly çaý,däli-horram bulaklar,garagy gapyk siller,sallam-sajak ýeller çapyşyp Garajara sary barýar.Dag gerşinden seredeniňde läbik sili çyrpynýan egri-bugry Garajar şeýle bir giňdi, oňa hatda gökleri gümmürdedip çakan ýyldyrymyň nagrasy-da ýerleşip biljekdi… Daglaryň heserli baranyna, Meňliniň ataşly yşkyna ýuwulan geriş-geriş gaýalar, gatbar-gatbar kemerler, al-ýaşyl bossanly jülgeler, mawy asmana ýüzüp gelen lemmer-lemmer jowur ak bulutlar, owadan dünýä -- ýaňyja yşkdan ýaradylan täzeje dünýä kalbyňy heýjana salyp, gözleriň ýagyny iýip barýardy. Süllümbaý bolan Magtym-gulynyň geýim-gejimem, bedenem, kalbam, ruham, yşkam ýazyň çagbasyna ýuwulypdy. Magtymguly odun çöpläp, ot ýakynmagy müwessa bildi, sebäbi aşyga ataşdan ýakyn söhbetdeş ýek! Ol odun baryny üýşürip üfledi, öl agaçlar tüsseledi, ýaňadan y üfledi, odun şol demde güpläp ýanyp başlady.Ol oda syn edip otyr, onuň geýim-gejimi burugsap, birden güpläp ýanaýjak ýalydy. Magtym-guly lowlap ýanýan otda Meňliniň yşkyny görýärdi. --Eý, Allam, Meňlijanyň yşkynda şeýle gudrat bar bolsa, Seniň yşkyň dagy nähilekä?Adam ogullaryna bagş eýlän ýekeje zerre yşkyňda şeýle gudrat bar bolsa, Seniň yşkyň gudraty dagy nähilekä? Men Meňli-miň yşkyndan ýaňa ah ursam, agzymdan ataş çabraýar, eger Seniň Yşkyňa uçraýsam nämelere sezewar bolaryn? - diýip, oýlandy. Onuň serine setirler gelip başlady: Keşt eýleýip gezdim yşkyň dagynda, Ne beladyr? Kimse çeker bu derdi. Yşk dagyn assalar Gögüň boýnundan, Gök titreýip çeke bilmez bu derdi. Yşk heser etmese ýanmaz çyraglar, Yşka düşse guşlar eňrär, gurt aglar. Egiler haýbatly, kuwwatly daglar, Daşlar erip çeke bilmez bu derdi. Kimdir yşkyň ýükün çekan merdana? Pelek görüp, gorkup düşdi gerdana. Zemin jünbüş (titräp), geldi lerzana, Çöller-düzler çeke bilmez bu derdi. Behişt gaçyp çykmyş Arşyň üstüne, Tamug (dowzah) gorkup girmiş Ýeriň astyna. Gaçdy derýa, adam aldy destine… Magtymguly uludan dem aldy. Ol ody bakyp oturşyna mazaly tuta-şan pilsapy ýaly kesindini eline alyp, bir salym ony synlady. Birdenem sag penjesi bilen kesindiniň alawlap ýanýan ýerinden gysymlady, soňra sol penjesi bilen gysymlady. Onuň aýalaryna közler ýelemşip, elleriniň arkasyna ýalyn dolaşdy. Kert gaýanyň ykyşynda görünmän gardaşyny synlap duran Janamanyň haýýady göterilip, tas gygyrypdy. Magtymguly ýanyk ysy alyp, elleriniň ýanyp barýanyna göz ýetirip, alawly kesindini oda taşlady. Ol biraz ýanan aýalaryna seredip gynandy. --Aýdym mekany yşk! yşk mekany ataş! ataş mekany arş!.. Ot--zeminiň myhmany!... Belki, ot hem Allanyň gudrat yşkyndandyr?... Ybraýym pygamberi oda atýarlar, ot bolsa reýhan güllere, ter çemenlere öwrülýär. Hindi küffarlary beýik derwüş Hekim ibn Beýdi tüweleýläp ýanýan gyzyl oda atýarlar, ol bolsa, «eý garagy gapyk batyllar, dünýäden gapyllar, siz meni oda ýakýas diýip heşelle kakýaňyz, men bolsa, synlaň, Hudaýymyň gujagynda otyryn!» diýipdir… Meniň bolsa ellerim ýanýar! Diýmek, meniň yşkym kämil däl, diýmek, men kämil däl!... - diýip, Magtymguly başga bir kesindini alyp, ýaňadan ody penjeledi. Kert gaýada wakany synlap duran Janamanyň haýýady göterildi. Gardaşy kesindini taşlar ýerde taşlamady. Janaman Magtymguly zyýan tapynyp ýören bolaý-masyn diýen gorky bilen oňa garşy ylgady, dik gerişden tüwdürilip gelşine jülgä inen ýerinde äpet kerkaw agajyna urlup, onuň göwdesinden gujaklap zordan saklandy. Magtymgulynyň ýanyna barmaga onuň bogny ysmady. Ol bolsa şindem alawlap ýanýan kesindini gysymlap durdy. * * * Magtymguly dädesiniň gapysyndan girdi, öýde kethuda aýasyna maňla-ýyny goýup, agyr oý-pikire batyp oturan eken, ol pikir girdabyndan çykyp ýetişmedi. --Däde, nämäniň pikirine batdyň? --Aý, Magtymjan, oý-pikirler içre gurlan dünýädä bi?..—diýip, esli salym oturdy. Dädesini şeýle lapykeç halda gören Magtymguly heý onuň sebäbini bilmän goýjakmy? Gardaşlary, ogullary bilen arada buky saklamaýan kethuda ogluna derdini gürrüň bermegi müwessa bildi. Kethuda Gandahara şahynşanyň geňeşine-maslahatyna gitmelidi, emma aýagy çekmeýärdi. Magtymguly dädesiniň mundan öňem ulamalaryň iki-üç gezek Nedir şanyň huzuryna gidendigini, her gezegem şahynşa “Pirler, aksakallar azajyk tagapyl eýläň, ilki Eýrany depseň deprenmez berkarar döwlete, halkymyzy dok halka öwüreliň, onsoň sünnüler bilen şaýylar diňe dost däl, dogan bolar ýaly ederis” diýýärdi. Magtymguly oglanlygyndan bäri ýurtda bolup geçýän wakalara dykgat bilen nazar salýardy. Kethuda dädesem, il-ulusam Nedir şaha uly hormat goýýardy, onuň her bir ýeňşine buýsanýardy. Nedir şanyň tagta çykmagyny, şaýylary bäşinji mezhebe geçirip sünnüler bilen birikdirmek piki-rini köpler halysalla makullap, ony Eýranyň-Turanyň Alla tarapyn ýalkanmagy hasap edýärdi. Magtymgulynyň Nedir şaga sylagy-sarpasy ummasyz uludy, emma onuň şahyrana hyýalynda janlandyrýan şasy Görogly soltan ýaly ýalkymly soltandy. Onuň pikiriçe, Eýranda mydama uly şahynşalar bolupdyr, ýene bolar, emma onuň isleýäni—tamam türkmen taýpalarynyň agzyny bir edip, olary birleşdirip, beýik bir döwlet edip biljek şady-soltandy. Magtymguly gabak astyndan pir dädesini synlady, birden o ýylky ýaly hakykaty aýdyp dädesini ynjydaýmak gorkdy.Iki-üç ýyl mundan ozal ataly-ogluň arasynda şeýle gürrüň bolupdy. “--Däde, Nedir şanyň keseli pis. Döwletmämmet aga tisginip gitdi: --O nähili kesel? --Nedir şa däri-dermansyz kesele uçrapdyr. Awşar keseline!.. Kethuda ogluny dowamly synlap, uludan dem aldy: --Nätjek, ol dert külli türkmeniň, umuman Gündogaryň keseli! Aňymyz telper, gözetimimiz dar, geljekden ugr alman, geçmişden sapak alýas. --Şonuň üçinem bir türkmen tiresi döwlet bina edýär, ikinji, üçünji tiresi ýykýar...” Magtymguly: --Däde, sen Nedir şanyň şaýylary bäşinji mezhebe geçirip biljegi-ne şindem ynanýamyň?—diýip sorady. Umyt edýän, oglum, ýagşy umyt edýän. Bir gün Allam nazar salsa, Eýra-nyň halky tamam sünni bolaýar. Ataly-ogul ikiçäk gürrüň etdi, kän meseläň başyny agyrtdy. Ertesi Döwletmämmet aga ýela şaýlandy. Arazgül eje adamsynyň garşylygyna garamazdan, Abdyllanyň getiren iň gowy matalaryndan tiken geýim-gejim-lerini geýdirdi. Pir kişi beýle sypaýy geýimleriň içinde özüni diýseň oňaýsyz, amanat duýýardy. Şol pursat gapydan Janaman geldi, mydama ýönekeý geýinýän Döwlet dädesini synlap, agzyny açyp, gözlerini mölerdip: --Baý-bow, Döwlet däde, sen ýaş ýigit bolaýypsyň-a, sen şahynşa bolaýypsyň-a!—diýip, henek etdi, soňra çyny bilen—Döwlet däde, gelne-jemi yrza edip bilseň, owadan bir gyrnak getirmek meniň bilen!—diýdi. Döwletmämmet aga heziller edip güldi-de: --Arazgül, Janamanjanyň diýip duran sözlerini eşidýämiň? Onuň parsylap aýdýan sözlerini türkmençä öwüreniň-de,”Döwlet däde, meni haçan öýerjek?”diýdigi bolýar!.. Janamanjan, gyssansaň-da seni geljek güýzden bäri öýermeýäs—diýdi. Olar alaşowhun gülüşdiler. Az salymdan Maşada gidýän wekilleri obanyň ýaşulylary, han-begler ugratdy.. hhh Ýaz gelýär, sallanyp seýkin basyp, Magtymgulynyň on sekizinji ýazy gelýär. Ýalaňaç dal-daragtlar al-ýaşyl geýinse, adam ogullary agyr-agyr geýim-gejimini çykarýar. Baýyrlar, daglar älemgoşar parça dolanyp, ýyldyzly asman deý gül-çeçeklere basyrylýar. Ýazda jümle-jahanyň janly-jandarlary tüýüni täzeläp, hatda ýylanlaram gowundan çykýar, gara daşla-ram gögerip, gara garynjalar ganat baglap uçýar.Pasly bahar ýaz guşlary—gyz guşlary, gök kerrekler, hüýpüpikler ýaz geýimini geýip, hersi öz gaýy-na atlanyp gelýär. Kyrruw-kyrruw ses edip, toýnuk gurup durnalar gelýär, beýik Biribaryň bir setir şygry gelýär! Arşa-kürse şowhun salyp gökler gümmürdäp, asman-zemin-zybana gelip çasly çagbalar gözýetimsiz düzlerde deprek çalýar, şabrap-şabrap ýagýan şady-horram jalalar zemin-den ýaşyl maýsa bolup göterilýär. Läle reýhan ýazyň gudraty bilen köne dünýä, näzenin gelne öwrülýär. Zenanbeden baýyrlar al-ýaşyl geýindigi saýy ýürekler ýalaňaç-lanýar! Başyna al-ýaşyl kürte atynyp, egnine al-ýaşyl puşeş geýip, dähedem –dessem ýöräp, sallanyp,sülmüräp Magtym-gulynyň on sekizinji ýazy gelýär! Ylahy durnalaryň menzil-menzil ýel geçip, mydama ýazlary mesgen tutup, ýazlaryň goýnunda ýaşaýşy ýaly, depesinden dabanyna çenli şahyr, kyrk pyýala şerabun terahumy içen şahyr, Meňli gyzyň yşkynda däliräp düwläp ýören şahyr minewwer ýaza seýli-seýrana çykypdy. Ýazda däli siller jarlara, derýalar giň hanalaryna, adam ogly öz kalbyna sygmaýan çagy, şerabun-terahumdan ganan şahyr neýlesin? Giňjaýa sygman, Hajygowşana sygman, ýazlara sygman ýören Magtymguly jümle-jahanyň ýazdan däl-de, Meňli gyzyň yşkyndan minewwer bolanyna ynanýardy. Çar ýandan Meňli gyzyň heser basan dumanly gözleri seredip durdy. Arşu-kürsden Meňli gyzyň müşki-enweri kokaýardy. Magtymulynyň yşky möwç urup, ylhamy tüweleýleýärdi, onuň duýgulary kalbyny ýaryp barýardy, emma hany derdiňi egsere söz? Hany yşkyň dadyndan dat, odundan ot alýan ýyldyrymly sözler, hany ülker ýaly ýanyp duran jümleler, hany toýnuk gurup gelýän durnalar ýaly setirler? Söz ýok, zybana söz gelenok, Magtymguly kalbynda köwsar urýan yşkyny beýan edip bilenok. Sözüň piri söz tapanok! Hajygowşanyň hany-begi,baýy-garyby,mallysy-malsyzy ir bahar-dan köne obasyny wagtlaýyn terk edip, ýaşyl ýaýlalara ýazlaga çykyp, çadyr-lysy çadyryny,çatmalysy çatmasyny,öýlüsi öýüni dikip ýaýlalarda türkmeniň ýaz ýaşaýşy başlapdy. Ýazlaga çykan mähelle obadaky köne ýaşaýşynam, gam-gussasynam, dert-aladasynam, garyp-gasarlygynanam, baýu-begliginem, algy-bergisinem, öýke-kinesinem unudyp, ýazyň goýnunda ýaz bolup ýaýnap,tebigatyň sazlaşygyna goşulýardy, ýazyň kükräp duran boz ruhuna garylýardy. Owuz bile aklyk iýip, goýun-geçiniň süýdi bilen päklik içip, ýagmyrlara ýuwunyp, ýellere süpürinip tebigat ýaly päklenýärdi, gözelleşýärdi. Mallylar öz goýun-geçilerini, malsyzlar,maly azlar baýlaryň süri-süri goýun-geçilerini, sygyrlaryny sagyşyp, sargan edip, peýnir edip, ýanlyk- ýanlyk ýag alýarlar, onam gaýnadyp zire-zire saryýag edýärler. Hajygowşanyň beýikli-pesli zenanbeden baýyrlary al-ýaşyl öwsüp, maýsaly umman bolup tolkunyp, heser bolup owsunyp söz bilen beýan edip bolmaýan gözelligine bendiwan eýleýärdi. Onda-munda oturan howalaly dal-daragtlar lemmer-lemmer ýaşyl bulut ýaly, al-ýaşyl ýangyn ýaly,dünýä şowhun salýardy. Hajygowşanyň uçmah ýaly läle-reýhan ýazyny görjek bolup, ençe gije-gündiz uçup,ençe ýurtlardan geçip gelen durnalar kyrruw-kyrruwlaşyp ýaşyl ýaýlalaryň yşkyna uçrap, keramatly ýeriň daşyndan aýlanýan zyýaratçylar ýaly baýyrlaryň depesinden aýlanyp, ahyram düşleýärdiler. Durnalaryň mesgen-mekany ýazlar, ýazlaryň mesgen-mekany şahyrlaryň kalby, şahyrlaryň mesgen-mekany yşk, yşkyň mesgen-mekany aýdym!.. Giňjaýyň gözüň ýagyny iýip barýan ýaşyl baýyrlaryny, däli düzle-rini, läle-reýhan ýazyny synlap owadan durnalaryň başy aýlanýardy, şeleplije durnalary synlap jümle-jahanyň başy aýlanýardy. Beýik Biribar jümle-jahany ýalpy- ýaz eýläp ynsa-jynsa owadan kalbyny görke-zip, görer gözliniň gözlerini gamaşdyryp, gulaklynyň kalbyny jadyly aýdym bolup elendirip, ýürekliniň ýüregini heýjana getirip, yşkyna bendiwan eýleýärdi. Bu akyldan daşgary owadan, jadyly jümle-jahan Allanyň yşky ahyry! Ýalpy-ýaz bolup jahanyň başyny aýlaýan Allanyň yşky adaty adamlary şahyr kylanda, däli jeýhun ýaly joşgunly şahyr Magtymguly neýlär! Magtymguly Allanyň ýaz fantaziýasyna bendiwan bolup,”Peri mekan näzigärdir” diýip pyşyrdaýar... Şol mahal Meňli gyzyň seýle çykanyny görüp, asmanyň aňkasy aşyp, bolmajysy bolup, küregenläp-boraganlap gar ýagdyryp başlady. Hajygow-şanlylaryň aksakaly-garasakaly entek beýle gary görmändi. Arşdan-kürsden torgaýlap ýagýan gardan ýaňa gözüňi açyp bolsa nädersiň. Süri-süri mally baýlaryň dünýäsi daralyp, kysmatyna gar ýagýardy, emma garyň howasy maýyldy, öwzaýy gowudy. Ol petde-petde ýagýan gara ýüzüni ýuwup, içini gepledip: “Meňlim, Meňlim, gel men saňa bu gün dünýäň bar zadyny bagyş eýläýin, ertir ýek zadyny bagyş eýläýin, seniň yşkyň bilen apbak garlary, birdemde jadyly ýagyş eýläýin, seniň yşkdan lowlap duran ýüregiňi, para-pagyş eýläýin” diýip samraýardy. Gar ýarym sagatda ýaşyl baýyrlaryň, ýaşyl ýazlaryň, ýaşyl maýsalaryň depesini pamyk ýaly gar bilen basyryp taşlady.Gözleriň ýagyny iýip barýan ýaşyl maýsa, jowur-ak gar aklyňy çaşyrýardy! Magtymguly gidip barýar, Meňliniň müşki-enwer ysy kokaýan ýerlerine sary!..Ol ynanýar: ynha şu baýyrdan aşaram weli, Meňli gyza duşar. Onuň kalby syzýar, ýüregi duýýar,haýsydyr bir gudrat welilik bilen oňa ynandyrýar: häzir-häzir Meňli gyz jümle-jahany endiredip, uçmahyň hüýri bolup,sallanyp- seýkin basyp geler.Heý,bu jadyly ýazlaryň goýnuna Meňli gyz messan-messan basyp gelmese,ýazlaryň ýüregi ýarylaýmazmy? Heý däli-porhan bolup möwç urýan bu jadyly ýazlaryň goýnuna Meňli gyz gelse, jümle-jahan akyl-huşundan aýrylaýmazmy?! Magtymguly iki-üç baýyrdan aşdy,ol Medet agalaryň ýazlaga göçüp gelen ýerini bilýärdi. Ýaş ýigit säginip diňşirgendi, birden ol ajaýyp aýdymyň owazyny eşidip, töweregine diň saldy. Serediň-le, bir ajaýyp aýdym jahana ýaň salyp, älemgoşar ýaly lowurdap gelýär: Ýörseň ýarym guwana men, Serwi-kamat boýlaryňa. Gülden puşeş ýaraşypdyr, Ajap rahat boýlaryňa. Asman bilen zeminiň arasynda ajaýyp aýdym küregenläp-boraganlap ýagýan garyňam, Magtymgulynyň serinem sämedip, kalbyny heýjana getirip, jümle-jahany heýjana salyp ýyldyrymlaýar. Magtymgulynyň gara-şyşy ýaly, hanha owsunjy aýdymyň yzy bilen Meňli gyz messan-messan basyp gelýär. Magtymguly onuň müşki-enwer ysyny görýär. Callanyp seýkin basyp gelýän gyz belent baýra çykyp, dem salym säginip, serdar durna ýaly töweregine hüşgär seredýär. Serwi boýly, hüýr kaddy-kamatly Meňli gyz egnine ýaşyl keteni bilen gözüň ýagyny iýip gelýän çym gyzyl hülle don geýip, ajaýyp aýdym bolup dünýäni elendirip gelýär! Giňjaýyň jowur ak gar bolup gözleriňi gamaşdyrýan baýyrlary bir-de ýaşyl, birde jo-gyzyl,birde sary, bir-de mawy,bir-de gyrmyzy öwüsip, Magtymgulynyňam, Meňliniňem aklyny çaşyrýar. Meňli bilen Magtymguly Yşk atly planetada Gelejegiň astronawtlary ýaly howadan gaýmalap bir-birine tarap uçýar. Görsem roýuň ýek armanym, Sensiz hazan ursun janym. Ykbalym,dinim-imanym, Kylsam hormat boýlaryňa. Beýik Biribar aşyk-magşuklaryň ýörejek ýeluna ýaşyl maýsalardan ýazan paýandazy, ak gardan ýazan halysy emaý bilen owsunýar. Gözelligiň Humaýy, yşkyň Hudaýy Meňli gyz ajaýyp aýdym bolup,saz bolup,heýjan bolup,yşk bolup,jümle-jahan apaty bolup gelýär! Gören aşyk pida bolar, Il-gününden jyda bolar. Magtymguly,geda bolar, Din-keramat boýlaryňa. Meňli Magtymgulyny görüp jadyly ýylgyrdy, onuň seteran ýyldyz-lar ýaly dişleriniň şuglasy kalbyny ýagtyldyp,humarala gözleriniň jadysy Magtymgulynyň janyny aldy. Meňli gyzyň al ýaňagynda dörän guýganak--çah tereň derýanyň aýlagy ýaly ýene Magtymgulynyň başyny aýlady. Gyzyň terezilenip duran eginleri, galbaň döşünden towusýan goşa şamary, göwresini birýana burup , töweregine esewan edeninde ýitip gidýän inçe bili ýigidiň essini aýyp barýar! Häzir bu owadan dünýä jadyly, heserli-heýjanly bagtdy, şol bagtam häzir-häzir Magtymgulynyň gujagyna dolar!.. Jümle- jahanda jadyly yşk höküm sürüp, arşyň-kürsüň arasynda yşk aýdym bolup ýaňlanýar. Beýik Biribar torgaýlap ýagdyrýan ak gary bilen aşyk-magşugy gözliniň gözünden bukup, olaryň daşyna gar perdesini aýlady. Aşyk-magşugyň yşkyndan başy aýlanyp seri sämän gar küregenläp,boraganlap ýagmasyny goýup, her biri penje-penje bägül ýaly ak garyny olaryň üstünden toýluk seçip başlady. Magtymguly Meňliniň eýjejik elinden tutup, gözlerini gyzyň gözlerine dikip: --Jümle-jahan biziň toýumyzy toýlaýar! Toýuň tomaşaly bolsun,toýuň mübärek bolsun Meňli hanym!—diýip, Magtymguly owadanja ýaglyga dolanan göwher gaşly tylla ýüzügi Meňliniň eýjejik barmagyna ötürdi. Meňli näz bilen aşygyna bakdy. Magtymguly Meňliniň läle ýaly gyrmyzy leblerine seretdi. Meňliniň dahany dahan däl-de, datly posalaryny güjeňläp duran posady, jümle-jahan birdemde Meňliniň posasy ýaly datlandy, yşky ýaly jadylandy, balkyldap duran didesi ýaly heserlendi. Birden Magtymguly başyny silkeledi.Eý, Allam, bu niçiksi-neneňsi gudrat! Hany Meňl? Ajaýypdan jadyly söýgi aýdymy ýaňlanyp dur! Meňliniň heserli aurasy owsunyp dur, müşki-enweriniň hoşboý ysy kükäp dur, emma Meňli ýek! Hatda ak garda onuň aýakyzam ýek! Magtymguly gyssanyp, goluny goltugyna sokdy: Eý, Alla! Ýüpek ýaglyk bilen göwher gaşlyja tylla ýüzük-de ýek!!! Gudrat!!! Elbetde,gudrat! Heý, Yşk dünýäsinde bolmajak gudrat bolarmy?... hhh Günler, aýlar geçip Meňli gyz Jeýla gülüniň gunçasy ýaly açylyp, jahana minewwer nuruny saçyp, gözellik perişdesine öwrülip barýar… Günler, aýlar geçip, Meňli gyzyň görki kämillige ýetip, yşky-heseri güýjäp, ol gözelligiň Hudaýyna—asmanyň Humaýyna öwrülip barýar. Gadym-gadym zamanlar beýik ýunanlar çakdan aşa zyba gyzlary hudaýlaryň Gudraty,Keramaty hasap edip,olara zeminde sejde eder ekenler. Şugladan bina bolan Meňli gyz sejde edibermeli Gudratdy, Jeýla gülüdi. Jeýla güli bolsa ysgan kişini öldürýär, öliniň burnuna tutsaň jana getirýär!.. Gyzlar Yşk-hesere uçrasa olaryň owadanlygy jadyly owadanlyga, gudratly gözellige, keramatly zybalyga öwrülýändir! Günleriň bir güni Ogulgerek eje Meňlini ýanynda oturdyp,gyzynyň kaddy-kamatyny magtap, ýaşlygyny ýatlap: -- Meňlijan, gyzym, seniň keselbent babaň, biçäre mamaň ýer-urup ýerde galan ýarlykly garypdy. Il-ulusyň-da, Hudanyň-da unudan bendeleridi. Tä men durmuşa çykýançam, babaňyz, mamaňyz, Gaýly daýyňyz doýa garyn nan iýip, syrdambitin eşik geýip gören däldir. Hany synla meni, menem seniň ýaşyňda perigatanç gyz diýilýänlerdendim, emma… emma özümden on iki ýaş uly,aýaly ölüp dul galan dädeňize durmuşa çykdym. Eger men halan ýigidime baramda babaňyz, mamaňyz dünýäden aglap, daýyňyz jahandan müjerret ötüp gitmelidi. Görýäňizmi, daýyňyz at münüp atam gomlap, at üstünde satan somlap ýör… Ýegsam, ýegsam dädeňizi şumadam görenimde keýpim bozulýar, emma men peri-peýker halyma şony söýdüm!Düşünýämiň, Meňli jan, söýdüm!-diýdi.—Döwletmämmet aga mydama: «Ýaşaýşyň manysy—özüňi beýik maksada gurban brmekdedir!» diýýändir gyzym! --Düşünýän ejejan, düşünýän. Allaha şükür, indi biz gurgun ahyry… --Düşünmänsiň gyzym, düşünmänsiň! Men mamaňyzy, babaňyzy, Gaýly daýyňyzy garyplykdan gutarmak üçin özümi gurban bermedim! Ýok, men siziň baý çagalary bolup dünýä gelip, bigam ýaşamagyňyz üçin özümi gurban berdim!..Men siziň gelejekde baý hem barly,han ganly bolmagyňyz üçin ýürejigimi Medet hanyň puluna gapjyk eýläp, perigatanç kaddy-kamatymy,görk-görmegimi siziň ýörejek ýeluňyza paýandaz ýazdym... Gyzym, seniň-de özüňi gurban bermeli çagtyň geldi! --Waý, eje, baýlygy başyňa ýapjakmy? - diýip, Meňli ör-gökden geldi. Ogulgerek eje ýylgyryp, Meňliniň başyny gujagyna gysyp: -- Didäm, men seni jümle-jahanyň baýlygyna-bagtyna çalyşjakmy!.. Ýek, gyzym, sen özüňi geljekki nesliň üçin gurban bermeli! Sen özüňi özüň üçin gurban bermeli! Ynha, durmuşa çykarsyň, ertir Küremiş hanyň han hatyny borsuň! Senden önjek perzentler dünýä han bolup gelerler, beg bolup gelerler! - diýip, gyzynyň maňla-ýyndan ogşady! -- Gyzym, periş-deler sypan maňlaýyňdan aýlanaýyn, meniň däl-de Hakyň öpdügi bolsun!... Meňlijan, dünýäniň manysy özüňi gurban bermekdir!..Gyzym,gözellik Allanyň bagş edýän iň beýik bagtydyr!.. Bir zaman bagtdan “seniň mesge-niň nirede?” diýip sorapdyrlar.Bagt “meniň mesgen-mekanym hüýr gyzlaryň gujagynda!” diýip jogap berenmiş... Meňlijan, “gyz kişi maşga-lasy” diýýändirler, emma ýeserje bolsaň, kişi maşgalasy seňki bor! Men saňa köneden galan bir tymsaly gürrüň bereýin.Gadym zamanda bir ýurtda kim şa tagtyna çykyp patyşa bolmaly diýip jedel bolupdyr. Garadan-gaýtmaz serkerde ýigit orta çykyp: “Men barkam kim şa tagtyna çykyp biljek?” diýip gylyjyny keserdip öňünde goýupdyr.Emma tüçjar baý: “ Men durkam kim şa tagtyna çykyp, ýurdy dolandyryp biler? Dünýäniň ähli genji-hazynasy mende ahyry?” diýipdir. Şol dem akyldar: “Men akyldar, ýurdy diňe akyldar adyl-adalatly dolandyryp biler! Diýmek,men patyşa bolmaly!” diýipdir. Garasaý,tagt ýeke,başyna jyga geýip,patyşa bolasy gelýän kän! Şonda hüýr-melek bir gözel gyz ýylgyryp: “Haýsyň tagta çyksaňyz-da, täji-tagtyňyz bilen meniň sadyk gulum bolarsyňyz, sebäbi Alla gözelligi dünýäniň şasy-soltany eýländir! Sebäbi uçmah ýaşaýyş meniň goýnumdadyr” diýipdir...Gyzym,hüýr kaddy-kamatyň, perizat gözelligiň bilen han maşgalasy bolmasaň, Allanyň beren bagtyny pida etdigiň bor! Ertir Şanazar han Gaýymgalanyň hany bolar,emma sen hanlyk edersiň! Ol han bolup gürlär, emma seniň aýt diýen sözleriňi aýdar! Ol han bolup gazanar,baýlyk seniň alnyňa akar! Tutuş Gaýymgalanyň halky Şanazar hana baş eger, Şanazar han bolsa seniň guluň bolar! Düşündiňmi? Meňli uludan demini aldy,onuň gözleri balkyldap,owasyna owadan agy doldy. Ogulgerek eje daşy demir gurşawly ullakan sandykdaky onlarça düwünçekden bir düwünçegi alyp çöşdi. Düwünçekde goýnuň çöri ýaly birnäçe derman bar eken, olary Meňlä somlap: -- Gyzym, Meňlijan, aýtdy-aýtmady diýme, meniň ýüzüme gara çekip, ojagymy ýumuryp gaçyp gidiji bolaýsaň içerin şu awulary! Ogulgerek masgara bolandan maslyk bolanyny ýeg görýändir! Şäherden getirden awym bular!... - diýdi. Meňli ejesini gujaklap, ses edip aglady.-- Onsuzam seniň haçan ölse ölüp gidibermeli ýürekagyryly ejeň bardyr, unutma! – diýip, sözüni berçinledi.—Gyzym, gyzymjan, görer görejim, men seni dünýä getirendirin, ýalňyşdygyň… meni öldürip, gandarym bolarsyň! hhh Türkmençilikde guda barmazdan ozal gyzyň ejesiniň ýa kakasynyň agzy ysgalyp görlüp barylýar. Magtymguly bilen Meňli söýüşýämiş diýen kep ile dolansoň, tutuş il Magtymguly bilen Meňliniň biri-birini söýýä-nine ynanyp,olara daşyndan buýsanyp ýörensoň, Arazgül eje bilen Selim Magtymgulynyň aýaly, agyz ysgajagam bolman, saçak göterip, sözaýdyjy bardylar. Ogulgerek eje gülüm-ýalym bolup, olary güler ýüz bilen gujak açyp garşylady. Kethuda pirden başlap ýonaçylaryň ýerden ýöränine çenli ählisiniň adyny tutup, saglyklaryny, hal-ahwallaryny soraş-dyrdy. Ogulşekeriň keýpi çag-çag bolup, Meňli gyzy beýlesine geçi-rendirin öýtdi, emma parasatly han gyzy Arazgül eje bolsa Ogulgeregiň şatlygynyňam, gülüm-ýalymynyňam ýasamadygyny duýup, gitdigiçe ini düýrüldi. Ogulşeker: -- Ogulgerek, biz-ä Meňlijan diýip geläýendiris -- diýip, söze başlady. Ogulgerek eje äm-säm bolup, gözlerini mölerdip, haýran galdy. Ol Arazgül ejäni, soňra Ogulşekeri içgin synlap: -- Waý, siz näme habarsyzmy? Meňlijan entek dokuzam ýaşamanka han agasy Küremiş han Medediň eýlesine bir geçip, beýlesine bir geçip, adaglap goýupdy. Meňlijanyň maňlaýy açylsyn-da, Küremiş hanlar bilen guda-da bolduk- - diýdi. Ogulşeker jan diýip janyňy alyp, pamyk bilen damak çalyp oturan aýalyň ýalan sözüne haýran galdy. -- Ogulgerek, biz seniň guda bolmandygyňy eşidip geldik - diýdi. Ogulgerek eje ýene şelaýyn ýylgyryp: -- Siziň öýüňiz daşyrak, o habar entek baryp ýetişen däldir - diýdi. Ogulgerek eje Döwletmämmet aganyň tutuş Türkmensährada sylagly-sarpaly kethudadygyny, keramatly kişidigini, Arazgülüňem obanyň keýwany aýalydygyny, olara ýok diýmeli däldigini bilýärdi, şonuň üçinem -- Arazgül jan, sadagasy boldugym Döwletmämmet aga bilen garyndaş bolsam armanym näme? Meňli janyň başyny çatmadyk bolsadyk, heý men siziň ýaly abraýly ýer bilen guda bolmazdymmy? Ogulşeker eýlesine-beýlesine nazar aýlap, hamana biri eşidip barýan ýaly pyşyrdap: -- Gerekjan, Magtymguly bilen Meňli halaşyp ýör-dä… Magtymguly bilen Meňli tüýs biri-biri üçin ýaradylan nowjuwanlar-da!... Sen nädip Meňlijanyň jiger-bagryny parçalap, halamaýan kişisine berip goýber-jek!... Onsoňam biz Magtymjan üçin hiç zadymyzy gaýgyrmarys. Küremiş hanyň berjek galyňyndan iki, üç, dört, bäş esse artyk bermeli bolsa-da biz bar - diýdi. Ogulgerek ejäniň içine ataýry giren ýaly hopukdy. - Mende halaşyp, Leýli-Mežnun boljak gyz ýokdur!Heýjan heýwere ýaly iblis heleýiň bolgusyz çypdyrmasyny çyn bilip ýörmäň… - diýip, Ogulşekere dikan bakdy -- Şekerjan, men Meňlini jan-jigerimden eziz görüp, apalap saklap ýörendirin. Heý gyzym halaşyp-söýüşýän bolsa, men onuň jigerini daglajak daşýürekmidirin?... A gyz maňa müňkür bolýan bolsaň, garaşyň, hanha Göwherjanam ýetişip gelýär. Görki-görmegem, asyl-lylygam Meňliňkiden artyk bolmasa, kem däl. Wagty geleninde daşyny dolaňda alyp gidiberiň… zady başyma ýapaýynmy men? Gudaçylyk uzaga çekdi, Ogulşeker Ogulgeregiň her tarapyndan baryp, her hili hüjüm edip gördi. Han gyzy Arazgül eje bolsa ýeser heleýi aşak-lyk bilen synlap, diş gysdy oturdy, ol Ogulgerege çenli peselip biljek däldi. Ogulgerek nahar bahanasy bilen daş çykdy, ol içki otaglaryň birine girip Meňli bolup hat ýazdy. Hatda «Meňli» söýüşmek beýlede dursun, hatda Magtygulyny ömründe görmändigini, tanamaýandygyny, myş-mişlere ynanyp ýörmeli däldigini ýazdy. Ogulgerek haty Ogulşekere tutduryp: --Şekerjan, özüm okap bereýinmi ýa okap bilýämiň? - diýip, ýeser ýylgyrdy. --Okap bilýän -- diýip, Ogulşeker haty okady. Ogulgerek ýene ýeser ýylgyrdy: --Meňlijanyň hatyna ynanýaňyzmy ýa özüne aýtdyraýynmy?.. … Göwni çykyp giden ýedi ogully Ogulşeker ýolboýy tilki bolup gelişlerine namys edip, didelerini ýaşlap, gargynyp-sögünýärdi. Arazgül eje: -- Şekerjan, goý aglama! Belki, bizi Hudaýyň özi sowan bolsa bildiň-mi o aýýardan…. - diýdi. Ogulşeker hamsygyp: -- Magtymgulynyň jigeri parça-parça bolar-da!..—diýdi. Arazgül eje saklanyp Ogulşekere dikan bakyp: --Şekerjan «enesini gör-de, gyzyny al» diýendirler! Oho-ho-ho! Asyl o heleý aýyrha çykyp giden oguşýa… Ogulgeregiň üç ýüz altmyş damaryn-dan ýekejesi Meňlide bar bolaýsa, ol Magtymgulyny her gün däliredip, her gün öldürer ýörer… Şol günüň ertesem Küremiş hanyň sözaýdyjylary gelip guda boldylar. Şeýlelikde Meňli Küremiş hanyň ogly Şanazara geleşdirildi. Şowsuz gudaçylykdan soň ýüzüni garaňka tutup Selim Magtymguly Medet agalara bardy. Ogulgerek şelaýynsyrap, adamsynyň dostuny hezzetläp-hormatlajak boldy,emma Selim aga: --Ogulgerek,nahar-şoruň geregi ýek, ýöne çaýy çep eliň bilen atyp, içýanyň zäherinden aňry, ýylanyň zäherinden bärrek edip, bize bir çäýnek çaý ber, men ýörite Medet han bilen çaýlaşaýyn-çilimleşeýin diýip geldim—diýdi. Ogulgerek eje ýalpy-ýaz ýylgyryp: --Belkem, könäni ýatlap, süýjüje, lezzetlije günä-de gazanarsyňyz, kakasynyň bukup goýan meýi-şerab-a bardyr!—diýdi. --Ogulgerek, şeraby ýeneki toý-tomaşaly güne goýaly. Medet, al bir çilim otlanaly. Abdylla begiň Hindistandan getiren ysly temmäkisi—diýip, keşdelije temmäki haltajygy çykardy. Medet aga nargili otlady. Olar gezekleşip çilim çekdiler.Çaýam geldi,Ogulgerek çaýy gaýtaran bolup,düşegiň bir gyrasyna çökdi. Selim zergär gabak astyndan gysylyp oturan Medet agany synlady. Bendäň sussy basykdy, howy-howalasy pesdi. Selim aganyň ýadyna ir zaman bolan bir waka düşdi.Bir meýlisde Popuş baý Medet aga heleýguly diýipdi. Köpi gören Medet aga: “—Popuş baý, guş bar etini iýmeli, guş bar et iýdirmeli! Meni tylla tagta çykaryp,ulug Eýranyň şahynşasy goýup, seniň heleýiň ýaly heleýden üç ýüz altmyş bäş sanysyny jemläp, haremhana edip,”günüňe şol aýallaryň biri, sür däli dünýäniň döwranyny, Medet şa” diýseler, Hudaýkessin, tylla tagtdan geçip, haremhanadan gaçyp, Ogulgerege gul bolaryn!”—diýipdi. Selim aga gözüniň gyýtagy bilen Ogulgerege nazar salyp, Medediň müň kerem mamladygyna ynandy. Ogulgerek “Perizat enesi bardyr Senemiň” diýip Garybyň wasp eden zenanlaryndandy. Selim aga ysly tüsseden gursagyny dolduryp, çilimiň keýpini görüp: --Ogulgerek, Medet han ikimiz ýaş ýigit çaglarymyz ýegre dostduk, häli-şindi oturşar-turşardyk,iýenimiz aýra gitmezdi, emma ýyllar geçip, çaga basyp, durmuş gerdenlere münüp herimiz bir işe mübtela bolduk. Her hal häli-şindi duşuşyp durmasak-da,meniň Mededi,tutuş maşgala-syny eziz görýänimi sen bilýänsiň. Medede çümen tikeniň awusynyň meniň ýüregime batýandygyna, Medede degjek gepiň ilki meniň ýüregimi ýaralaýandygyna ynanýansyň. Gardaşym, Medet,men size inim Magtymgulynyň diwanyna ýazan bir dana rowaýatyny aýdyp bereýin, birdenkä rowaýat bilen göwnüňize degäýsem,köne dostlugyň hatyrasyna meni bagyşlaweriň! --Selim beg,senem köne dostlugyň hatyrasyna biziň göwnümize degmejek bol!—diýip,Ogulgerek şelaýynsyrady. --Heý, men siziň göwnüňize degerinmi? Ýöne ýanyňyza ýaglyk-saglyk alaweriň,gözleriňden ajy ýaşyňy, jigeriňden gyrmyzy ganyňy seçelemän diňlär ýaly däl, çökder pajygalydyr!—diýip, Selim Magtymguly ardyn-jyrady, pessaý ses bilen gürrüňe başlady. Gije uzak,gürrüň wajyp: gepe çeper Selim zergär rowaýaty şeýle bir gynançly,şeýlebir gam-gussaly, dady-perýatly edip aýdyp berdi, rowaýatyň pajygasyna çydaman Medet aga bilen Selim zergär ençe-ençe pyýala meý-şerap içdi, dünýäni oýun bilýän oýunbaz Ogulgerek bolsa ýa ýalandan,ýa çyndan,ýa Selim zergäriň göwni üçin , garasaý pyýala gözlerinden ajy ýaşyny dökdi oturdy. Barybir Ogulgeregiň Magtymgulynyň bir dana rowaýatyna yrylyp gyz bermejegi hakdy, şol sebäpli biz rowaýaty gysgaldyp beýan etmegi makul bildik. Selim zergär: -- Gadym zamanda Oguz-türkmen ilinde Garadag atly pähim-parasatly bir patyşa bolupdyr. Onuň iki sany atyň dişi ýaly saýyrdaň şazada ogly bar eken.Oglanlaryň ulusyna Tarhan şazada,körpesine Duman şazada diýer ekenler.Patyşanyň körpe ogly pähim-parasat,kaddy-kamat,görk-görmek, mähir-muhabbet babatda agasyndan saýlanyp, parhlanyp durmuş,şol sebäplem Garadag patyşa körpe şazadany mirasdar belläpdir.Günleriň birinde iki şazada begleri bilen awa-şikara çykýar. Aw awlap,guş-guşlap, kelleleri göçüp, sähranyň jümmüşine aralaşypdylar.Bir gün begler süri keýige gabat gelip, hersi bir jereniň yzyndan kowalap gidýär, emma keýik janawerler atla ýetdiräýýämi! Şol mahalam çölüstanda turýar bir apy-tupan,gopýar bir harasat,çaň-tozandan ýaňa gözüňi açyp bilseň nädersiň! Mirasdar Duman şazada harasatda ýitip gidýär,bir näçe günden soň apy-tupan ýatýar. Suwsuzlykdan ýaňa şazadanyň aty ölýär,özem tebsiräp teşne halda şehit bolup barýarmyş. Neresse göterip bilmän her ýaragyny bir ýerde, donuny bir ýerde, telpegini-ädigini bir ýerde taşlap, soňky deminde özüni kerwen ýeluna atyp, essinden gidipdir. Şol zaman şäher-şäher, gala-gala,oba-kent aýlanyp ýören jögüler ordasy ýeluň üstünde jeset bolup ýatan Duman şazadanyň üstünden gelip, ýüzüni ýuwup, gursagyndan, kellesinden suw akydyp,neressäni özüne getirýärler. Şazada ölmesine ölmändir, emma tomsuň jöwzasyndan, teşnelikden ýaňa kakap, kişde bolup, dilden-agyzdan galan eken. Jögüleriň ordabaşysy oglanyň şasuwar kaddy-kamatyny, hapalananam bolsa gymmatbaha geýim-gejimini synlap, onuň ýöne-möne ýigit däldigini bilip, suw ýerine çal,et ýerine ýülük berip,oglana hezzet-hormat baryny edip,garaz ony ajalyň penjesinden alyp galýar. Jögü-leriňki täleý bilen, pal bilen. Ordabaşynyň täleýnamaçy hatyny gepläp-sözläp bilmeýän çalajan oglanyň täleýine seredip, aňk bolýar. Soňra özüne göwni ýetýän täleýçi jögi aýallar ýeke-ekeden oglanyň täleýine seredip, hemmesi serim sal bolýar, sebäbi olar süňke dönen oglanyň şazadalygyna ynanyp bilmeýärler.Täleýde bolsa ol şazada bolup görünýärmiş... --Ýigit,sen ýa baý,ýa beg,ýa şazada! Biziň aramyzda seniň täleýiňe bakyp, seni uçran derdiňden açyp,seniň haýsy ildendigiňi takyk aýdyp biljek ýeke-täk gyz bar,ol ýaşam bolsa biziň ählimizden zor!—diýip,getirýärler bir peri-peýker gyzy! Ölüm bilen ömrüň çatrygynda ýatan şazada daralyp goýberilen desse-desse saçlary sagrysyndan geçip duran deňsiz-taýsyz owadan gyzyň husnyjemalyny göreninden agzyny açyp, aňk bolup jana gelýär, kalby heýjana gelýär. Deňsiz-taýsyz owadan benezir jögi gyzam şasuwar kaddy-kamatly şazadany göreninden oňa bendiwan bolýar.Olar ilkinji bakyşda ylahy yşka sataşýarlar.Owadan täleýnamaçy gyz--Dileram ýigidiň gara gözlerine seredip, täleýine bakýar, Duman şazada bolsa alnynda müşki-enwer demi ýüzüne çabrap duran gyzda owadan TÄLEÝINI görýär. Sahypjemal gyz şazadanyň geljeginiň ajaýyp-dygyny, hüýr-melek gyzyň yşkyna uçraýandygyny aýdýar, şazada gudrat bilen dirjenege galyp,dik oturyp dil açýar: --Eý hüýr-melek gyz, men eýýäm şol gudrat YŞKA uçrap, AJAÝYP GELJEGIMI synlap durun! Hakykatdan-da men Oguz ýurdunyň miras-düşer şazadasy,seniň hem AŞYGYŇ!—diýýär.Jögüler ölüm halda ýatan oglanyň birdemde jana gelip, jögi gyzyna aşyk bolşuna haýran galýar-lar.Täleýnamaçy gyz bolsa jögüleriň ordabaşysynyň ogluna adaglanan eken! Tutuş jögüler ýaş gyzyň bolşuny ýazgarýarlar.Her murty heleýlere bir pişge boljak ordabaşy dergazap bolup, dessine şazadany öldürmegi karar edýär.Täleýnamaçy Dileram goluna hanjar alyp: —Eger siz şu şasuwar ýigide kast etseňiz,men gursagymdan hanjar dikýän!—diýip,göwsüne hanjaryny goýup durmuş. Ordabaşy jögi oglunyň adaglysynyň ýada gideninden ölenini ýeg görýär. Ol: --Biz siziň ikiňizi-de öldüreris!—diýip,gylyjyna ýapyşýar. Şazada: --Öldüriň, men Dileram üçin ölmegi bagt bilýän! Emma men ýurduň mirasdar şazadasy, erteki gün patyşa atam Dileram ikimizi jögüleriň öldürenini bilip, Eýranda-Turanda jögi tohumy bolsa gyrar!—diýýär, emma Ordabaşy bilen ogly dile düşünýän deýýuslar däl eken! Hernä asmandaky Hudaýym halasgär bolup aşyklaryň dadyna ýetişýär. Şol pursat inisini agtaryp Tarhan şazada begleri bilen ýetip gelýär. Yzýany harasatda ýitirim bolan şazadalaryň gözlegine çykan ýigrimi-otuz atly-ýaragly garry wezir hem gelip ýetişýär. Aşyk-magşuk ajaldan gutulýar, garry wezir şazadanyň garşylygyna bakman, şazadanam, jögülerem şähere sary alyp gidýär.Patyşanyň dergähine baryp,bolan wakalary gürrüň berýär. Parasatly patyşa görüp gözlerine, diňläp gulaklaryna ynanyp bilmeýär!Asyl akyl-paýhasly körpe şazada owadan jögi gyzyna hak aşyk bolup, akyl-huşdan jyda düşen bolsa nätjek! Mirasdar şazada höre-köşe edip görýärler, ýalbaryp-ýakaryp,hemle atyp,gorkuzyp görýärler, dürreläp görýärler, emma oglan şirin janyndan geçjek, gyzdan geçjek dälmiş. Paýhasly patyşa ertesi tutuş halkyny köşküň alnyndaky jeza meýdanyna jemleýär. Körpe şazadany jenaýatkäriň ornunda oturdyp, şazada Tarhana: --Oglum Tarhan şazada, sen mirasdar körpe şazadanyň agasy, dosty, dogany! Men ýaşlykdan körpe oglumyň ykbalyny saňa tabşyrdym,emma sen iniňden bihabar gezipsiň,onuň elhenç apy-tupanda ýitip gitmegine, şeýdibem çykalgasyz çoçgara çolaşmagyna ýel beripsiň. Mirasdar körpe şazadanyň düşen çykgynsyz agyr ýagdaýy üçin men saňa jeza berýän: sen eneň-ataňdan, dogan-garyndaşlaryňdan geçip, ýurtdan çykyp, gaýry ýurtlarda mysapyr bolup ýaşamaly!—diýýär.Tarhan şazada: --Atam, men hakykatdanam inimden bihabar gezip,onuň harasat-da ýitmegine ýel beripdirin, men elhenç etmişimiň jezasyny çekmäge taýýar, ýöne enem-atamdan, dogan-gardaşlarymdan,ata-baba ýurdumdan geçip, ýat ilde mysapyr ýaşanymdan,maňa öz mähriban ýurdumda ölmäge rugsat ber!—diýip, dar agajynyň astyna baryp oturyberýär. Patyşa körpe şazadanyň üç söwer dostuny alkymynda dikläp: --Oglanlar, men sizi ýaş başyňyzdan beg derejesine göterip, arzylap-abraýlap mirasdar Duman şazadanyň ykbalyny ynandym. Siz körpe şaza-danyň beg dostlary bolup köşkde ýaşadyňyz, şazada näme iýse iýdiňiz, näme geýse geýdiňiz, nirä seýle gitse bile gitdiňiz,siz mirasdar şaza-danyň dostlary hökmünde aýba-aý aýlyk hak aldyňyz,emma siz körpe şazadanyň gaýnap duran ummana özüni uranyndan bihabar bolupsyňyz, şonuň üçin men size ýeke-ekeden temmi berýän!—Patyşa ýaş begleriň birine ýüzlenip:—Sen etmişiň üçin musulman dininden çykyp, başga dine girip,— ikinji ýaş bege seredip:--sen milletiňi üýtgetdip, başga millet bolup,—soňra üçünji bege bakyp:—sen bolsa ene diliňi unudyp, başga dilde gürläp, halan ýeriňizde ýaşaberiň!—diýýär. Ýaş begleriň üçüsi üç ýerden: --Kyblaýy älem, biz milletimizi, dinimizi, mukaddes dilimizi üýtge-dip, ýaşap bilmeris,şonuň üçinem bize-de öz ilimizde merdi-merdana ölmäge rugsat ber! Bizi dara çekdir,şahym!—diýip, üçüsem dar agajynyň aşagyna baryp, sellelerini boýnuna atypdyrlar.Patyşa mirasdar körpe şazada ýüzlenip: --Oglum,gördüňmi,seniň şazada agaň ene-atasyndan,dogan-gardaşyn-dan,ýurdundan geçip, başga ilde ýaşanyndan ölenini ýeg gördi.Ynha,seniň eziz dostlaryň musulmanlygy terk edip,başga dine geçeninden, milletini üýtgedip,başga millet bolanyndan, ene dilini ýalňaryp, başga dilde gürläp ýaşanyndan ölenini gowy gördüler.Emma sen bir jögi gyzy diýip mirasdar tagtyňdan, eneň-ataňdan,dogan-garyndaş-laryňdan,mähriban diýaryňdan- ýurduňdan, mömin musulmanlygyňdan, beýik milletiňden, mukaddes ene diliňden geçip, bir gyrnagyň yzyna düşüp ýurdy terk etjek bolýarsyň! Heý, bir gyz diýip seniň etjek işleriň öz aklyňa sygýarmy?—diýipdir. Mirasdar şazada: --Sen mamla kyblaýy älemim,müň mertebe mamla,emma meni söwer ýarym- dan aýra salanyňdan dardan asdyr, piliňe basgylat, lagnat daş atdyryp öldürt, men islendik jeza, islendik ölüme taýýar! Emma dirikäm şol gyzy terk et diýme! Ol gyzsyz maňa ýaşaýyş-da,tylla tagt-da, dil-de, din-de, ene-ata-da,ýurt-da,il-ulus-da gerek däl!—diýipdir. Patyşa dergazap bolup: --Bir gyz diýip mirasdar tagtyndan,mähriban ene-atasyndan, dogan-garyndaşyndan,eziz ýurdundan,ata watanyndan, ene dilinden, dininden-imanyndan, pygamber-Hudaýyndan geçýän ogul maňa-da gerek däl, ýurda-da gerek däl! Derhal dardan asyň!—diýip haýkyrýar. Şol mahal san-sajaksyz mähelläniň arasyndan çykyp, egnindäki ýüpek ýaglygyny ýelpeselendirip perişan ala gözli owadan gyz zaryndan-zaryn aýdym aýdyp jeza meýda-nyna gelýär. Onuň aýdymy şeýle bir gaýgyly eken,gözi bar gözünden ajy ýaşyny,jigeri bar jigerinden gyrmyzy ganyny saçyp başlapdyr. Ýylanyň damagyndan dalmynyp çykan deňsiz-taýsyz owadan gyz gara şaglawuk ýaly ýaýyp goýberen desse-desse saçlaryny şemala oýnadyp, okara ýaly ala gözlerinden ýaşlaryny akdyryp, ahy-nalaly, dady-perýatly aýdymy bilen san-sajaksyz mähelläniň jiger-bagryny gyýym-gyýym edip, mirasdar Patyşanyň alnyna gelýär.Ol: --Hezreti şahym, Arşda Hakyň hormatyna, Ýerde tagtyň hormatyna meniň ýekeje dilegimi bitiriň! Meni Duman şazada bilen daryň bir kemendinden asyp, bir gabyrda hem jaýlaň!—diýip, Duman şazadanyň ýanynda oturýar. Jögi gyzyň görlüp-eşidilmedik gözelligine, jiger-bagyrlary paralaýan pajygaly aýdymyna, merdi-merdana sözlerine bendiwan bolan il-uluslar, halklar-halaýyklar sesli-sessiz aglaşyp başlaýar.Körpe şazadanyň agasy Tarhan şazada-da,ýaş begler-de: --Hezreti şahymyz,ynha,bizi dardan asdyr,oda ýakdyr, lagnat daş etdir, emma ki aşyk-magşugy biri-birine gowşur! Biz şirin janymyzy şol iki juwana—aşyk-magşuga gurban berjek—diýýär. Dana wezir patyşanyň alkymyna baryp: --Şahym, bular hakykatdan-da, hak aşyk-magşuk eken! Bulary bir-birinden aýran şa Hudanyň lagnatyna galar! Yşk Alladandyr! Hakyky aşyk-magşuklaryň nikasy Arşda gyýlandyr, olar Allanyň azyzlarydyr!--diýipdir. Parasatly Garadag şa şeýlelikde,Tarhan şazadany mirasdar şa belläp, Duman şazada bilen owadan jögi gyzyny wysala ýetirýär... Selim Magtymguly gam-gussa batyp,gözlerini ýaşlap oturan Medet aga, Ogulgerek ejä seretdi: —Ogulgerek,islendik adamy öldürip bolar,emma hiç kimi zor bilen, güýç bilen dininden çykaryp, milletini, dilini-dinini üýtgetdirip bolmaýar! Emma ki yşk, gudratly yşk, jadyly yşk, nämedigi nämälim pynhan syrly yşk, Ylahy yşk ata-baba ýurduňdan, mukaddes watanyňdan, buýsanyp ýören milletinden, mähriban diliňden, diniňden-imanyňdan meýletin geçirdip bilýär!!! Emma Ogulgerek eje synmaz galady. Selim zergär: --Ogulgerek, ýurt sora! Nedir şanyň alyp bilmän ýören Dagystanyny, ýenaçylar dagy-derýasy bilen getirip, alnyňda goýýar! Çynmaçyn şasynyň göwher jygasy gerek bolsa, kellesi bilen getirýäs!Süleýman pygamberiň genji-hazynasyny sora, döwlerine ýükläp alnyňda dik edýäs—diýdi --Siz biziň maşgalamyza-da, asylzada Magtymgulada belet, biz sizi ynjy-danymyzdan ölenimizi müň paý gowy görýäs. Emma ki... bir bolmasy iş bolaýsa, bizden gaty görmäweriň. Sebäbi sermest serhoşuň, gyzyl jynlynyň, guduzyň näme iş gaýyrjagyny öňünden bilip bolar,emma aşyk-magşugyň näme iş kyljagyny hiç kimse bilip bilmez! Gardaşym Medet,seniň namysyň, meniň namysymdyr!.. Medet aga agyr haşlady.Görgüli abadan maşgalasyna abanyp gelýän apy-tupany, kyýamaty duýup haýykdy. Ogulgerek suw-sil bolan gözýaşlaryny süpürip sessiz aglady. Barybir ol guda bolaýdykda diýip öz diýenine tutdy oturdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||