01:42 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -14/ dowamy | |
Gijäniň ýarymynda Selim Magtymguly bezenip-beslenip, gylyjyny-hanjaryny dakynyp, obadan çykýança atyny iýdip, garaňka siňdi gitdi. Onuň niräk, näme üçin barýanyny ýonaçylar tohumyndan ýekeje kişi-de, hatda aýaly Ogulşeker-de bilmeýärdi. Emma aýallaryň bilmeýän zady barmy? Ogulşeker adamsynyň nirä, näme maksat bilen barýanyny çak edýär-di, şonuň üçin adamsyna kaýan barýaňam diýmedi. Emma ol adamsynyň yzyndan uzak wagtlap, natuwan seredip durdy-da, gögüne garap:
Taryhy proza
--Eý, Allam, Selim begi özüň günäden goraweri—diýip, doga baryny okady. Ömründe dükanyndan çykyp görmedik Selim aga aýtjak sözlerini aňynda aýlap, ölçerip-döküp barýardy. Ol daňdanlar bir alaňdan iýndi, görse hanha bir kişi ot ýakyp, tüňçesini oda goýup ýör. Ol Kynyş begi görüp aňk-taňk boldy: - Ahaw, Kynyş beg, bezenip-beslenip kaýan barar sen? – Kynyş beg ýylgyryp oňa öz äheňinde: - Agyr ýoldan aryp-ýadap agam Selim beg geler, oňa çaý-suw bereýin diýdim-dä - diýdi. -- Agam sen kaýan barar sen? --Pah, pah, inim Kynyş beg, göwnümemi, sen şa Apbas şanyň ilçisine ogşap barýaň-la. Ilçilige barýamyň beglerbegim? --Selim däde, sen-de ilçisine ynanman özi ata çykan şa Apbas şaga ogşap barýaň-la! Ikisem hezil edip gülüşdi, salamlaşdylar. Çaý-nahar edindiler. Selim Magtymguly Kynyş begi synlap: --Kynyş beg, bi etjek bolýan işimiziň pis işdigini bilýämiň?—Kynyş beg baş atdy.—Erteki gün kethuda gelse bize näme diýer? Ol hakda oýlandyňmy?—diýdi. Kynyş beg: --Selim däde, meniň bary-egy ýarym penje beýnim bar: ol-da maňa «Kynyş beg, her et, hesip et, Magtymguly ýaly ajaýyp ýigidiň söwer ýary-ny bir gurrumsaga aldyraýma! Gyrlyşmaly bolsa gyrlyş,uruşmaly bolsa uruş diýýär!» diýdi. Selim beg: --Diýmek, meniňem ýarym penje beýnim bar eken! Men hem şol pikir-de.Hany indi ikimiz ýarym penje beýnimizi goşubam oýlanyp göreli. Biz Meňlinem elden gidirmeli däl, kethudanyň abraýynam ýitirmeli däl! Çişem köýdürmeli däl, kebabam--diýdi. Olar oýlandylar, ölçerdiler, dökdüler, emma bary-egy bir penje beýniniň gelen netijesem şol boldy. --Kynyş begim, buýsanjaň başyňy belent tut, iki ýüz ýyllap külli Eýrany tagtlan Safawy şalarynyň täji-tagtyny bir ýenaça, gul Nedire alyp beren Hudaýym şahyr ýenaça magşugyny alyp berip bilmezmi?! Olar Allany çagyryp ýela düşdüler, günortanlar Küremiş hanyňka bardylar.Emma olaryň azaby reýgan boldy, Küremiş han ýek eken. Ol ir bilen gidipdir, nirä gidenini bolsa bilýän ýek... hhh Meňli gyza geleşdirilen Şanazar birneme ynjalypdy, emma ýelden ýüwrük,ýyldyrymdan tiz diller “Magtymguly bilen Meňli aşyk-magşuk, Leýli-Mejnun bolup söýüşýär”diýip çişirilen habar gije-gündiz bardy durdy. Gadymy dünýä gidip Sokratyň aýaly Ksantippadan sapak alyp, geljege gidip,ene bäş ýüz ýyldan dünýä injek täze Sokratyň heleýine gaýybana sapak berip ýören Heýjan heýweräniň, onuň iki-eke şägirtleriniň ýanynda Gaýymgala ynhajykga! Dilini uzatmanam ýetirip bilýärler!..Dünýä geleli bäri ýagşy zady iýip,ýagşy zady geýip, göwnüniniň söýlänini amala aşyryp ýören hanzada Şanazar geleşikli gyzyny wejera edip ýören aşyksumaga göz görkezäýmese gijeler namysdan ýatyp bilmedi, ahyry ar-namysyna tokunýan kişiniň tumşugyna kakyp göz görkezmek pikirine mündi.Heý Şanazar geleşiklisine dil ýetirdermi! Ogulgerek eje toýa taýynlanýardy. Ol bagtlydy, çünki ol gyzyny bagtly edipdi. Ol dylym-dylym ýylgyryp, dünýä sygman ýörse-de, gursa-gyndaky gorkusy ulydy. Birinjiden, Magtymguly agzyny açyp, awuny aldyrjak gerçeklerden däl, ikinjiden Meňli gaty akyllydy, ol baýlyga-hanlyga aldanjak gyzlardan däl, üçünjiden «Meňli Magtymguly bilen halaşýamyş» diýen myş-mişleriň Küremiş hanyň gulagyna iläýmegi hem mümkindi. Emma Ogulgerek eje oýunçydy, özem utmak üçin oýnaýardy. Ol geleşdirileli bäri Meňliniň içine urup aglaýanyny bilýärdi, şol sebäplem ala möý ýaly gyzynyň daşynda pelesaň kakyp, ony toruna dolaýardy. Ol gyzyny höre-köşeläp: -- Meňlijan, bu gün giç boldy. Ertir daýzaňlara oturmaga git, Mahym-jan, Senemjan dagy bilen oýnap-gülüşip, göwnüňi açyp gel -- diýip, gyzyny göz astyndan içgin synlady. Meňli daşyndan syr bermese-de, içinden şatlandy. Ol duşuşyp, Magtymgula hiç bolman toý sähediniň ýetip gelenini aýtmalydy. Meňli Magtymgulynyň hökmandan-hökman bir çykalga tapjagyna ynanýardy. Ertesi Meňli bukjasyny alyp daýzalaryna ugrajak boldy, şol pursat ejesi: --Gyzym, sen ertir gidäý. Meniň wajyp işim çykdy. Daýzaňlara men gidip geleýin -- diýdi.Meňli gyz serpmeden gaýdan ýaly boldy. Onuň uzyn gije eden owadan arzuwlary puç boldy.Ogulgerek eje gyzy Magtymguly bilen duşuşýan bolaýmasyn diýip, şol pirimi gurupdy.Eser heleý ýalňyşmandy. Ol dogany Gaýlylara gidişin gönüläp, meçjidiň bagynyň içinden geçip barýarka,pete-pet Magtymgula duşaýdy. Ogulgerek ejäniň ýagyrnysynyň gözi üşüdip gitdi. Magtymguly hem Meňliniň deregine onuň ejesine sataşanyna allaniçiksi boldy. Her hal aljyraman salam berdi. Ýüzünden-gözünden Hakyň nury ýagyp duran serdarkybap Magtym-gulynyň kaddy-kamatyny, şasuwar görk-görmegini golaýdan gören Ogulgerek ejäniň dünýäsi çaýkanyp, depesinden kyýamat indi! Ol Meňliniň elden gidenine ynandy, çünki görküň perişdesi ýaly şasuwar ýigit durka Şanazary söýer ýaly Meňli akmak däl ahyry!.. Ogulgerek eje töweregine garanyp, Magtymgulynyň salamynam alman: -- Magtymguly, Meňlini gününe goý! Küremiş hanyň han ogluna geleş-dirilip,durmuşa çykjak bolup ýören Meňli seni söýer ýaly akmak däldir! Maňa ynanmasaň, Meňlä bir ynan! Ynha, onuň saňa ýollan haty! -- diýip, Meňliniň adyndan ýazan hatyny Magtymgula berdi. Magtymguly haty okap ýylgyrdy: --Gerek eje, bi molla -- mekdep görmedik sowatsyz adamyň haty. Meňliniň haty keşde ýaly... Magtymguly duýdansyz halda Meňliniň syryny açanyna puşeýman etdi, Ogulgerek eje bolsa olaryň hatlaşyp ýörenini bilip,tas däliräpdi. -- Saňa Meňli ýok, Magtymguly! -- ol gyňajynyň ujuna düwen zäher-lerini aýasyna goýup, Magtymgula görkezdi. -- Ynha, bizi ile wejera edip ýörseň, şularyň birini Meňlä içirerin, birinem özüm içerin! Onsoň bu dünýäde ganhor bolup özüň ýanyp geçersiň, o dünýäde bolsa seni sakar dowzahda ýakarlar! -- Gerek eje, olar näme? -- Zäher! Ýekejesini içseň janyňy jähennemden çykarýar! Keramatly ataňa gurban bolaýyn Magtymguly! Meňlä kast etdirmejek bolsaň, biziň öýümize gan çaýkatmajak bolsaň, Meňliniň töwereginde görünme! Meňlini gününe goý! -- Zäher? - diýip, Magtymguly çör ýaly awyny eline alyp synlady. -- Ogulgerek eje, men barybir Meňlisiz ýaşap bilmeýän! -- Awyny agzyna atyp, jüýjäniň suw içişi ýaly ýuwduna-ýuwduna zordan bokurdagyndan ötürip, ýüzüniň garap duran tarapyna gitdi. Haýýady göterlen Ogulgerek eje agzyny alakanyň hini ýaly öweldip, gözlerini höwlendirip aňk boldy. Onuň saňňyldaýan aýaklary göwresini götermän, ýodanyň üstüne çöküp, serim-sal bolup galdy… Ogulgerek eje gandar boldy. Onda-da uly iliň kethudasynyň ogluna, ýaş başyndan halkyň buýsanjyna öwrülen Magtymgula kast etdi, özi bilmezden, tötänden…Ol näderini bilmän galpyldap otyrka meçjit tarap-dan Çommat aga geldi, ol: -- Ogulgerek, gyranyňy ýitirdiňmi? Ýedi ýoluň üstünde nädip otyrsyň? -- diýip güldi. -- Ölüp otyryn, ölüp! -- Ogulgerek eje azgyryldy.Çommat aga lah-lah gülüp: -- Oňarýaň, oňarýaň! Senem şeýdip ömrüňde bir ýola ibaly iş et! - diýip, ýoluna ugrady. Ogulgerek eje eşdiler--eşdilmez gargamaga başlady. Çommat aga hyrra yzyna öwrülip, onuň golaýyna gelip-- Ogulgerek, Alla-nyň Arşda gyýan nikasyny sen Ýerde bozup bilmersiň! - diýip, ýone ýoluna gitdi… Magtymgulynyň gursagynda ýer goduklap, beýnisi çaýkanyp gidip barýar… Alla bilsin niräk barýar, matlaby näme? Magtymguly gidip barýar. Ol Meňlisiz ýaşaýşy hyýalyna-da getirip bilenok.Kellesinde pikirleri agdar-düňder bolup barýan Magtymguly erbet büdüredi. Başga mahal bolanynda awusyna çydaman birnäçe ümlügi aýdaýmalydy,emma bu mahal agry-yza duýmaýardy. Ol gaharyna gara daşy penjesine alyp gysyp ugrady, ylla nar sykan ýaly edip. Abyrsyz ýewuz güýje çydaman topaz ýaly çagyldan şaralanyp suw akyp başlady. Gany depesine urup gelýän Magtymguly hem gahar-gazabyny bir ýerden çykarmaly ahyry! Ol dişle-rinini gaýrap,bar gazabyny daşdan çykarjak bolup gysýardy, mäjum bolan daşyň suwy gutarandyr-da,bir salymdan daşdan çabrap ot çykyp başlady. Ahyry Magtymguly gara köýük bolan daşy ýeluň gyrasyna zyňyp goýber-di. Birden ol Ogulgerek ejeleriň öýüniň ýanyna gelenini, haýatyň iç ýüzünde alma agajynyň astynda gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp duran Meňlini gördi. Owarrama urup göni onuň alkymyna baryp, gyzyň ýaşly gözlerine dikan bakyp: -- Meňlim, men ölerin, öldürerin, gyraryn, gyrlyşaryn, emma seni hiç kese bermez men! Goý, goý, aglama Meňlijan! – diýdi.Meňli gyzam dodajyk-laryny kemiş-kemiş etdirip: -- Menem ölerin-ýiterin, emma …-- diýip aglady. Magtymguly köçe bilen üç-dört ýaşulynyň gelýänini görüp, Meňlä ynamdar wada berip, ýola düşdi. Ogulgerek eje Çommat aga, çarhypelege, özüne, gyzyna gargap, elem-tas bolup öýüne geldi. Daşarda adam-garanyň ýokdugyny görüp, bir okara aýrana çör ýaly awynyň birini owradyp, tamyň arkasynda daňlan Boýnagyň ýanyna bardy. Heýjan heýweräniň myş-myşy ýaýran badyna işine ykjam Ogulgerek pul seçip, Gerdan gatyrdan üç aýlyk ýortmança köpegi alypdy. Gurgun öýde ýaly ýetik Boýnak atlyny atyn-dan agdarýan, düýelini düýesinden düňderýän tüýs türkmen iti bolup ýetişip-di. Boýnagy gije boşadýardylar, onsoň şol köçeden adam-gara näme, jyn-arwah geçäýse nädersiň! Ogulgerek eje şeýdip Meňliniň goragyna ymykly çykypdy. Boýnak eýesiniň elindäki ýaly görüp, ýalym-ýulum edip, Ogulgerek ejäniň elini ýalaşdyryp, mährem gözleri bilen minnetdarlygyny duýduryp gürläýjek bolýardy. Janawer nireden bilsin eýesiniň özüne ajal berýänini, ol şalpyldadyp aýrany dessine içdi.Ogulgerek eje öe girip Göwheriň demlän çaýyndan göwünli-göwünsiz içen bolýardy, durky bilen bolsa diňşirgenýärdi. Ol Alladan özüniň zäher diýip alan awusynyň awy bolmazlygyny, Magtymgulynyň ölmezligini dileýärdi.Bir salymdan Atageldi bilen Eziz ylgaşyp geldi: -- Eje, itimize bir zat bolýar! Boýnak kakynyp-silkinip… Ogulgerek eje olaryň ýüzüni aldy: -- Itdir-dä! Siňekländir janawer! Ýanyna barmaň! Pikirlenmek ukybyndan mahrum bolan Magtymguly öýlerine obanyň içinden däl-de, obanyň gaýrasyndaky selçeň tokaýlygyň içi bilen ugrady, sebäbi ol beýle halda obadaşlaryna nädip görünip bilsin. Ol agyr-agyr oý-pikirleriniň içinden gidip barýar! Sebäbi jigerinden jany gidip barýar! Uçmahdan gelen hüýr-melegi elden gidip barýar! Namysy-ary gidip barýar! Ylhamy aglap, ýüreginiň gyrmyzy ganyny syçradýar! Magtymgulynyň gursagynda Nuhuň tupany turup, kyýamat gopýar! Ol Ogulgerek ejäniň ýüzündäki gahar-gazaby, ýalaňaç hanjar ýaly sowuk gözlerindäki aýgydy görüp, onuň ölse-de Meňlini özüne bermejegine göz ýetiripdi… Ah, şumat Magtymgula dyzdan garly gara gyş gerek, gary-pary bilen ýuwudyp goýberer ýaly! Emma hany gyş! …Dowzah Medet agalarda başlady. Boýnak janaweriň eýmenç-eýmenç çyňsaýardy, zynjyryny süýräp gazygynyň daşynda aýlanyp,pelesaň kakýardy. Öýdäkileriň Meňliden başgasy daşardady. It janawer naýyn-jar nazaryny diňe Ogulgerek ejä dikip, uzyn-uzyn uwlap dünýäniň inini düýrükdirýärdi. Göwher bir okara süýt getirdi, gatyk getirdi,bir bölek et getirdi, emma Boýnak ýalyň ýüzüne seredäýse nädersiň! Janawer elhenç-elhenç uwlap, gazygynyň daşynda pelesaň kakyp, aram-aram Ogulgerek ejä günäsiz gözlerini balkyldadyp seredýärdi. Ol Boýnagyň yzaly gözlerine bakyp, janaweriň akylly gözleri bilen gürläp duranyna aňk boldy.It Ogulgerek ejäniň görejine dikan garap: «Men gije-gündiz siziň öýüňizi goradym, köçeden del adam geçirmedim,asmandan haram guş uçurmadym, meniň günäm näme?» diýip delmir-ýärdi. Ogulgerek eje ýarym-ýaş aglady, Janawer gazygynyň daşynda aýlanyp, uwlap-uwlap, ahyry jan berdi. Göwher, Atageldi,Eziz dagy aglaşdy. Medet aga: -- Ogulgerek, imansyzyň biri itimizi awylapdyr! Janawere kast edeniň ojagy ýumrulsyn-da!..-- diýip, gargap başlanyndan Ogulgerek eje onuň al-petinden aldy. -- It näme ölmeli dälmişmi? Itiň başynda ajal ýokmuşmy?! Alladan gelen ajal üçin umytly ojagyňda gargap ýörmezler! Gel, maňa söýget bol, ýogsam menem şo janawer ýaly uwlap-uwlap jan berýän!—diýdi. Medet aga aýalynyň goltugyna girdi: --Dilsiz-agyzsyz janawere awy beren gurrumsak kyýamat ahyra çenli göründe dik otursyn-da, sakar dowzahda kül bolsun-da ylaýym… --Gargama diýýän saňa yşaradyň biri yşarat! Medet aga aýalynyň goltugyndan gop berip öe girip barşyna jaýyň iç ýüzünde asylgy dürräni aldy. Ogulgerek ýere özüni goýberip iki ýana yra-nyp, yňranyp başlady.Medet aga: --Haram heleý! Men handym,men hanaandym,sen meni gul eýlediň! Men gullugyma kaýyl, emma sen meniň ömrümi kül eýlediň! Men oňa-da kaýyl, emma sen ,zalym, wagşy jiger-bagryňdan önen perzendiňiňem ömrüni kül etjek, oda atjak bolup çarp urýarsyň!—diýip, äm-säm bolup özüne bakan aýalynyň depesinden inderdi dürräni. Ilkinji gamçydan endam-jany çawlanan Ogulgerek ne gawun-ne mawun ärinden beýle zada garaşmaýardy, ol ýerinden atylyp turjak boldy, emma Medet aganyň kuwwatly goly onuň kibtinden basyp, ýerinden butnatmady. Ogulgerek adamsynyň peträp duran däli gözlerindäki wagşyýana gahar-gazaby görüp, el-aýagyny ýitirdi. Ol dergazap jellat bolup aýalyny dürreleýärdi. Atageldi, Eziz, Göwher dagy yzan-da-çuwan aglaşyp, elewreşýärdi, jynssyz seslere otagyndan atylyp çykan Meňli, gamçynyň öňüne özüni oklap, ejesini gujaklady. Ýedi-sekiz gamçy çalyp ýetişen Medet aga dürresini alyp öýden çykdy gitdi. Meňli gyz ýarym ýaş aglap, ejesini bagryna basyp, oňa ezizden eziz sözleri aýdýardy, çünki öýde duýdansyz gopan kyýamat üçin ýene biçäre Meňli günä-kärdi. Ogulgerek eje bolsa aglamanam unudyp, çagalaryny bagryna basyp, doňňara daş bolup galdy. Ýüreginden gyrmyzy gany saçalanýan Ogulgerek eje Medet hanyň han bolup saýgylan dürrelerini duýmadyk ýalydy. Hawa-da,jigeriň parça-parça bolup agyr-ýarka, beden agry-yzany duýmaýar! Bir meýdan daşarda aýlanan Medet aga köşeşip bilmedi,ol alma agajynyň kölegesinde maslyk bolup ýatan itine seretmejek boldugyça, beter seredýärdi. Oňa Boýnagyň ölümi maşgalasynyň başyndan abanan belanyň öňatlysy bolup göründi…Medet aga ýaňadan öe girip: --Balalarym,hany aglamaňyzy goýuň! Dady-perýat edip otyrkaňyz öe biri gelse nädersiňiz!.. Ogulgerek,senem şerraýlygyňy tüket!.. Ogulgerek, Ogulgerek,men seni ezizläp,kelläme göwher täç edindim,sen bolsa depäme çykyp, başyma towky bolduň!.. Men akmak başda seni şeýdip dürrelänimde allanäme aýal bolaýjag-a sen!—diýdi.—Göwher jan, bar maňa tamşanmaga bir zat taýynla! Atageldi, senem Ezizjany ýanyňa al-da, oýnamaga git oglum! Meňlijan,senem dessine jaýyňa geç! Ýek ýerden kyýamat gopduryp otyr ýaly biz bidöwlet maşgala däl ahyry! Çagalar boýurganyşyp durlar,Ogulgerek eje yh-çohlap: --Baryň dädeňiziň aýdany bilen boluň! Maňa bolan zat ýek—diýdi. Çagalaryň ählisi çykansoň,Ogulgerek gözlerini ýeser güldürip—Medet han, walla, saňa göwnüm ýetdi! Başdaky söýen Medet hanymy göräýdim sende!—Ol adamsyna garap ýeser ýylgyrdy. Medet aga ýeser ýylgyryşyň aňyrsyndaky goh-gowgany görüp, dessine eýwana çykdy… Magtymguly syr bermejek bolup, hoş hal ýylgyryp öýlerine geldi, dalbaryň astyndaky kölegede Zübeýda gaýma gaýaýardy. -- Zübeýda, jigim, maňa bir süzme çal edip ber - diýip, Magtymguly zoraýakdan ýylgyryp öe girdi. Onuň gursagynda ýüregi parça-parça bolup çar ýana gyrmyzy gany saçalanýardy, onuň kalbynda ylhamy çyrpynyp, çar ýana goşgy setirleri syçraýardy. Zübeýda çal getirýänçä kagyz-galam alyp ýazyp başlady. Zübeýda, naçarym aglaň, Aglap Meňli hanym galdy, Gözlerimden akdyrdym gan, Jeset içre janym galdy. Bilbilem, çekmişem zary, Sowuldy yşkyň bazary. Uruldy hijran hanjary, Aglap Meňli hanym galdy. Zübeýda bir şakäse çal getirip, soňra tikin-çatynyny alyp, öe girdi. Öten günlerim düýş bolup, Gezdim ilimden daş bolup, Bakyň,jesedim boş galyp, Lahat içre janym galdy. Magtymguly pajygaly goşgusyny tamamlady. Ol täze,sypaýy geýim-gejimlerini geýip, gylyjyny, hanjaryny gyrmyzy donunyň içinden görünmez ýaly edip dakyp, şakäsedäki çaly aýak üste owurtlap içip, teblehana ugrady. Daşyndan seretseň ol toýa barýana meňzeýärdi… Meňli gyz öz jaýynda alyslara gara doňup galypdy,okara ýaly ullakan gara luw gözleri ýarym-ýaşdy, ajy ýaşlar syh-syh kirpiklerden syrygyp, saba-säher ýaly al ýaňaklaryny ýuwýardy.Ol ters gelen kysmatynyň agysyny aglaýardy. Ýas-ýaňam öýde Meňli zerarly kyýamat gopdy, ömründe gaharlanyp görmedik dädesi Meňli zerarly dergazap boldy, Meňli zerarly eziz ejesi dürrelendi. Ýöne kyýamatyň ulusy Meňliniň kalbynda gopýardy. Ol sähelçe günden uçmahdan çykarylyp,dowzahyň goýnuna atylmalydy, ajalsyz öldürilip, köpensiz gara ýere süssürilmelidi! Yşkyň goýnundan sogrulyp, ýigrenjiň gujagyna dolmalydy! Meňli ertire garap gorkýardy: eýse ulus-iliň buýsanjy, daglaryň arslany Magtymguly heý söwer ýary Meňlisini haýsydyr bir gurrumsaga berermi?! Bermez! Gyrar, gyrlyşar, başy dikkä ol Meňlini adam ogluna bermez! Yşk oduna alawlap ýören Magtymguly Şanazaryň içegesini boýnuna çolar, Magtymguly gollaryny gana bular! Magtymguly ýenaçynyň dälileri Magtymguly üçin gyrmaga-da, gyrylmaga-da taýýar! Üstesine tamam Gerkeziň hany Döwletaly hanyňam nebereleri Magtymgulynyň arkasynda!.. Eýse ullakan Gaýymgala obasynyň zarkly hany heý galyň baryny geçiren gelinligi Meňlini kesekä berermi?!. Bermez! Küremiş hanam,onuň gözi gyzaryp giden gylyç-gemrenlerem agzyndaky awy aldyrýan kişilerden däl, özlerem köplük, arkasynda-da tutuş gökleňler dur, sebäbi Küremiş han gökleň. Meňli hyýalynda däl,hakykatda Türkmensähra abanyp gelýän elhenç gyrgynçylygy, ýewuz urşy görüp dur! Asyl hanha, aýylganç uruş Şanazar bilen Meňliniň toýunyň öňüne düşüp gelýär! Magtymguly öldürse-de, Meňli günäkär! Şanazar beg öldürse-de, Meňli günäkär!.. Ganly gyrlyşyk bolsa, Meňli günäkär, baryna Meňli günäkär! Maşgalasam ile masgara bolar! Oňa-da Meňli günäkär! Leýli-saçyň teli ýaly Meňliniň bolsa söýgüsinden başga günäsi ýek! Meňliniň günäsi ýekdy, emma günäkärdi, Meňli diňe söýüpdi, onda-da ol öz meýline söýmändi ahyry. Hut kerem-keramaty çoh Biribar Magtymgulyny Meňliniň düýşüne, Meňlini Magtym gulynyň düýşüne girdirip, olary Leýli-Mejnun edipdi ahyry! Eýse Allatagalanyň beýik söýgüsi üçin ýerde ganly gyrlyşyk bolmalymy? Bolar! Beýik yşk üçin, owadan gyz üçin beýle gyrlyşyklar bola-bola gelýär! Meňli haýykdy,beýle çökder meseläni çözerden—uly gyrlyşygyň öňüni alardan ol ýaşdy. Naçar biçäre gündizler gam-gussa batyp, içine urup sessiz aglamakdan, gijeler gara kysmatyňa ýanyp, hünübirýan aglamakdan başga näme edip bilsin! Meňliniň ýadyna ejesiniň nygtan sözleri düşdi: “Gyzym, durmuşyň manysy, ömrüň manysy özüňi gurban bermekdir!” Ol jümle ýaňa öwrülip jaýyň içinde ýaňlandy durdy, ýaňlandy durdy... Jansyz jesede öwrülen Meňli oýaka düýşürgeýärdi: hanha,Meňli gyzyň gelinaljy kerweni ala-şowhun bolup, öňatlylary asmana pöwhe-de-pöwhe tüpeň atyp gelýär.Çykgynsyz ýagdaýda galan Meňli ýaşyl ýellere atlanyp gaçýar.Ony gören gelinaljylar topary dessine ajdarha öwrülip kowalap başlaýar. Meňli uzyn saçlaryny ýaýyp şum ajaldan gaçýan ýaly gaçýar. Sil ýaly towlanyp gelýän ajdarha agzyndan ýyldyrym oklaryny atyp Meňlini ýetip barýar. Ajdarhanyň kellesi Şanazara meňzeýär. Meňli gyz bukjasyndan aýnasyny alyp yzyna oklaýar, aýna gudrat bilen ullakan deňze öwrülýär. Şol dem gelinaljylar äpet tüwelee öwrülip, deňziň üstünden uçup gyzy alarlap barýar. Meňli aljyraýar, ol bukjasyndan daragyny alyp, yzyna zyňýar. Şirmaýy darak birdemde gudrat bilen gür tokaýa öwrülýär, gelinaljylar taryhdan aňyrda galan äpet-äpet guşlara münüp gyzy kowalaýar. Ol guşlaryňam kellesi Şanazara çalymdaş. Meňli çölüstan bilen gaçyp barýar, gökdäki görülmedik guşlara atlanan gelin-alyjylar gyzyň depesinden inip onuň daşyny gallaýar. Meňliniň alnyndan çuňňur guýy çykýar. Ol Allany çagyryp guýynyň içine towusýar. Äpet guşlara atlanan gelinalyjylar guýynyň başyna gonýarlar. Birden... birden...guýudan çykan gyzyl ot olary ýakyp-ýandyryp,asmana göterilýär!.. Ýek!.. Meňli üçin ýekeje çykalga bar, ýekeje çykalga: Magtymguly Şanazary maslyk edip taşlamanka,ol awy içmeli, Magtymgulyny gonhor bolmakdan halas etmeli! Ýenaçylar bilen Küremiş hanlar garpyşyp gyrlyşmanka awy içip, urşuň sebäbini aradan aýyrmaly! Eger Meňli gyz awy içse, Magtymguly neýlär?..Gije-gündiz aglap, jiger-bagryny daglap goşgy ýazar,aýdym ýazar,merdi-merdana Meňli gyzyň waspyny eder,beýik yşkyň waspyny edip dessan ýazar, Meňliniň söýgüsi, gahrymançylygy dilden dile, ilden ile geçip, Meňli gyz aýdymlarda,ýüreklerde, rowaýatlarda baky ýaşar!.. Ol bir salym dymyp, ozal ýaşap geçen aşyk-magşuklary ýatlady. Leýli, Zöhre, Şasenem...heý olaryň gan-koksuz maksadyna ýeteni, asla maksadyna ýeteni barmy?! Meňli Selim zergäriň Şazada hem jögi gyzy hakdaky rowaýatyny hem jigisi Göwher bilen ol jaýda diňläpdi. Meňli gyz ynandy. Beýik yşk, ylahy yşk ölüm bilen tamam bolaýmaly! Sebäbi Allanyň beýik yşky hapa zeminde ýaşap bilmeýär! Ol yşk uçmahda dowam etmeli! Meňli beýik yşkyny,söwer ýary Magtymgulyny halas etmek üçin awy içäýmeli! Depesinden kyýamat howpy abanan Ogulgerek eje öz jaýynda alyslara seredip, hyýalynda pajygaly wakany janlandyryp jebir çekip, ses-selem-siz gözýaş edýärdi. Hanha, Magtymguly giň howluda Boýnak ýaly agzyny asmana tutup uwlaýar, penjeleri bilen garnyny ýyrtaýjak bolup, wagşyýana gygyryp-bagyryp çar ýana çarp urýar. Ýonaçylar ýerli-erden ondan näme bolanyny soraýar. Magtymguly bolsa hiç zat aýdyp bilmän,howlynyň içinde zowzanaklap urunýar…Ogulgerek ejäniň göwnüne bolmasa, onuň gulagyna uwwuldam gelýän ýaly, ol diňşirgendi… Ýenaçylar neberesi Magtymgulynyň daşynda elewreşip, Magtymgulyny gujaklap sorag-ideg edýär-ler, aýal-ebtatlar yzan-da-çuwan. Ogulgerek eje haşlap dem aldy: «Ogulgerek, Ogulgerek, ojagyň ýumrulaýdy gerek! Magtymguly saňa Boýnak däldir, uwlap-uwlap sessiz ölüp gidibiýr ýaly» diýdi, ýöne içinden aýdanynam, daşyndan aýdanynam aňşyrmady… Magtymgulynyň atam, özem gara suw bolup derläpdi. Göwnüne bolmasa, ol hä diýmän Şanazara duşaýjak ýalydy. Şanazara duşmasa, Gaýymgala-- göni öýlerine barar, Meňlisine gözüni diken Şanazar beg bilen bellisini eder: ýa öler, ýa öldürer! Emma... Emma Magtymguly tamam Türkmensähranyň kethudasynyň ogludy, dädesinden bigeňeş beýle söwdalara baş goşmaly ýigit däldi! Ol bir gyzyň yşkyna aklyny aldyryp ýagşyzada ýaly dädesiniň adyna-abraýyna kest etmeli däldi. Emma geňeşäýmäge dädesi ýekdy, ol ilçilikden gaýdyp gelýänçä Meňli elden gitjekdi. Magtymgulynyň ýadyna günä hakynda bir tymsal düşdi: «Eger adam bilen haýwan uruşsa adam günäkär!adam bilen adam uruşsa,olaryň asylzadasy günäkär! ikisi-de asylzada bolsa, ýaşulysy günäkär! ikiside gözlije ýaşyt bolsa ylymly-bilimlisi günäkär! ikisi-de ylymly-bilimli bolsa,at-abraýlysy günäkär!» Magtymguly haşlap agyr dem aldy. Eger ol ölse-de, öldürse-de barybir urşa Magtymguly günäkärdi! Emma günä başga, Meňli başgady!Meňli… Allanyň Magtymgula bagş eýlän göwher jygasy, ol kellesini berer, emma Meňlisini bermez! Meňliniň yşkyndan sermes bolup haýkyranynda ýerleri gökleri godukladyp ýören Magtymguly heý haýsydyr bir hansumaga Meňlisini berermi?! Meňliniň yşkyndan ýaňa haýkyranynda gökleri jaýryp ýyldy-rymlaýan Magtymguly arşy-kürsi ýakar-ýan dyrar, emma Meňlisini özgä bermez!Guduz gany çyrpynýan Magtymguly ýyldyrymdy, ol gynyna giräýmese dünýäde kyýamat turzar! Gyn bolsa Meňlidi! Onuň gulagyna dädesiniň:”Suw gaýnasa-da özüne sygýan däldir, doňsa-da, adam gaharlansa-da özüne sygmaýar, şatlansa-da. Dana boljak bolsaň şeýle pursatlarda özüňe syg!..” diýen sözleri eşidildi. Emma gahar-gazap onuň garagynam,gulagynam gapypdy! Iki tarapyny deňlän Magtymguly häzir ýa ajalyň, ýa Meňli gyzyň gujagyna düşmelidi! Ol alyslardan gelýän ýalňyz atlyny görüp, atyny ýuwaşatdy. Atla golaýlaýança özüni raslap, atyna dem bermekçi bolup, maýdalyna sürdi. Onuň aňynda: Pyragy diýr, mert menem, ile äşgär mertligim, Diri gitmez gaşlarymdan, degen namys-aryma! diýen setirler aýlanýardy. Iki atlynyň arasy ýakynlady. Birden Magtymgulynyň gam-gussadan kakan ýüzüne ýylgyryş çaýylyp gitdi. Gör-ha, ýene onuň duýgusynyň duýduryşy rast bolup çykdy. Ol atly-ýaragly ýigit Şanazardy. Magtymguly gyzma, gyrpa däldi, emma gaharjaňdy. Ol Isgender şahlynyň gara döwüň el-aýagyny gandallap gurruk guýuda gömüşi ýaly,ol ýaş başyndan müňlerçe-müňlerçe diwan okap akyl-parasat,pähim-paýhas bilen gahar-gazabyny kalbynyň çuňunda gömüp taşlapdy…Emma şol gahar-gazap birdemde gara ýeri godukladyp, gara döw ýaly müňzäp daşyna çykdy. Şanazar aňk boldy, ol alnynda ýaş oglany däl-de,gahar-gazapdan ýaňa garaklaryndan ataş syçradyp duran elhenç wagşyny görüp, ýagyrnysynyň gözi üşedip gitdi. -- Seni Hudaýym maňa aňsat duşurdy! Şanazar daýawdan söweşjeň ýigitdi, ýigrimi üç-ýigrimi dört ýaşap ýören hanzadanyň süňki gatap, bilegi bekäp,ýülügi dolup, ýüňi ýeten goç ýigitdi,emma barybir hinine suw gitdi, her hal syr bermän: -- Hah-hah-ha! Indi seni kyn öldürer men! -- diýip, Magtymgula gylyç saldy, Magtymguly gylyç tutdy. Iki arly arslan-şir garpyşdy. Söweş türgenleşigi ýetik gerçekler agyp-dönüp söweşdi. Ençeme-ençeme döwşi gören atlaram haýkyryşyp, birek-birege agyz salyp, depişip, gapyşyp jeňe girdi. Eger urşa owadan diýip bolýan bolsa, häzir olar diýseň owadan uruşýardy. Eger söweşe kämil söweş diýip bolýan bolsa, Şanazardyr Magtymguly diýseň kämil söweşýärdi. Döwüş uzaga çekdi, ikisine hem gyltyz-gyltyz kän ýara düşdi. Göwni göwresinden çykyp giden han ogly Şanazar beg dişini gaýrap, haýsydyr bir şahyryň awuna tokunany üçin, namys edip döwüş kylsa, Magtymgulynyň gursagyndaky yşky lowlap-güwläp ar-namys bolup ýanýardy, Meňli bilen bagtynyň ortasynda duran Şanazar begi öldürmese, söwer ýaryna gowşup bilmejekdigi üçin döwüş-ýärdi. Söweşe polat ýaly polat çydamady, Magtymgulynyň haýkyryp uran gylyjynyň zarbyna Şanazar begiň gylyjy uçdy. Ol golundaky jonnuk gylyjy görüp aljyrady, Magtymgulynyň ataş çabrap duran ojak ýaly gazan atarybermeli gözlerini gözi düşüp, gaçmaga hyýallandy. Magtymguly Şanazara seňrigini ýygryp, öz gylyjyny eliniň tersi bilen oklap goýberdi. Magtymgulam, Şanazaram hanjaryna ýapyşdy. Hanjarly, dürreli söweş başlady… Ogulgerek eje gözýaşdan şire bolan ýüzüni ýuwup, öe girdi. Medet aganyň gäwüş gaýtaran bolup oturşyny synlap: --Göwher jan, dädeňde diş barmy? O görgülide diş goýdummy men. Dessine dädeňe gowurdak çorba edip ber,egsam ynha awulygyndan gähnäp ýene gyzyl däli bolup gamçysyny bulaýlap, gara döwe golaýlap duran dädeňiz Medet han bardyr!—diýip, öýde tukatlyk bolup höküm sürýän dartgynlygy ýek etjek bolup, bolsa-bolmasa ýylgyrdy.Dädesiniň gülenini gören Göwherem hoş bolup, nahar-şoruň ugruna çykdy.Ogulgerek eje eýwanda adamsy bilen ikiçäk galanyny bilip, Medet hanyň ýüzüne degnaňa degiji kinaýa bilen seretdi.Medet aga onuň gülümsireýän durudan sowuk gözlerinde gowundan towlanyp çykan ýylan ýaly kitüwi görüp, allaniçiksi haýykdy, şol demde sermestligi dag başynyň dumany ýaly göterildi gidiberdi, howalaly hanlygy guýrugyny ýamzyna gysyp süzüberdi. Sebäbi Ogulgerek düzdi, özem ýaşdy. Ýaňy kyrk ýaşap zenanlygyň heýjanyndan bilniksiz esräp ýören Ogulgerek bilen gül ýaly ýaşaşmak üçin altmyş ýaşan Medet han diňe ýapja bolmalydy, diňe gul bolmalydy. Görgüli uludan haşlap aýalynyň gözüniň öňünde ýeli giden tulum ýaly myşşaryp ozalky gullugyna gaýdyp geldi. --Dädesi, birneme köşeşdiňmi ýa?.. Ýeser heleý Ogulgerek diňe ýürege ýara salman,ýaňadan gursagyňy ýaryp, salan ýarasyna zäherli-awuly gepden ýama salyp, tikibem berýärdi.Ol äriniň sadyk gula öwrülenini görüp, Meňliniň jaýyna geçip,üç-dört jümle hoş söz aýdyp, gyzynyň ýanynda çökdi. Göwheriň getiren çaýyndan käsesine guýundy, ýöne pakyr sary sadyllady. Indi onuň hyýalynda has eýmenç waka janlanypdy: meçjidiň ýanyndaky giň meýdançada obanyň ýerden ýöräni Ogulgerek ejäni orta alyp, ony saňsardaş edipdirler. Aýallar-erkekler, garrylar-gurtular, ýaşlar-eleňler Ogulgerek ejä gargap, lagnat okap,saňsar daşy bilen daşlaýarlar. Onuň töwerek-daşy lagnat daşlardan ýaňa harman bolup barýar. Çar tarapdan ýumruk ýaly daşlar, sapan göjekleri ýagýar. Görgüliniň geýim-gejimleri pers-ala,lagnat daşlarynyň salan ýaralaryndan gan akýar. Ahyry onuň ýazzy maňlaýyna degen ýumruk ýaly daş dünýäsini sarsdyryp,hyýaly dünýäsini weýran etdi. Ol silkinip, özüne gelip «Ölse ölüp geçsin! Men näme awyny oňa zorlap içirdimmi? Men nä Meňlijany onuň üçin dogurdymmy?» diýip, içinden hüňürdedi.. Bu mahal elleri dürreli, hanjarly ýigitler biri-birini dürreläp, hanjar salyp aldym-berdimli söweşýärdi. Ahyry Magtymguly Şanazary abaýyna getirip, towusdy onuň üstüne! Badyna ikisem Şanazaryň aty bilen agdarylyp gitdi. Olar biri-birini gujagyndan sypdyrman, haýkyryşyp biri-birine hanjar salýardy. Kä Şanazar Magtymgulynyň üstüne çykyp, kä Magtymguly Şanazaryň üstüne çykyp hanjar urýardy. Olaryň ikisi-de halys ysgyndan gaçyp usurgapdy. Öl-myžžyk geýimleriniň derleri, maýdaly-irili ýaralaryndan akýan gyrmyzy ganlary gara guma garyşyp, olar gorkunç yşarada öwrülipdi. Güýçler deňeçerdi. Magtymgula gursagynda lowlaýan yşky gurbat berse, Şanazaryň kalbyndaky gahar hem gazap onuň ölenini-galanyny bildirmeýärdi. Olar eýläk togala-nyşyp, beýläk togalanyşyp, ahyry bir dik eňňide gabat gelip, ikisi-de gitdi togalanyp aşakdaky käle. Şol barmaşa Magtymgulynyň ýalaňaç başy daşa degip seňseledi, dogrusy tas özünden gidipdi. Şanazar pursat-dan peýdalanyp, sag dyzy bilen Magtymgulynyň garnyndan basyp saldy ýalaw ýaly hanjaryny Magtymgulynyň sol gözünden! Gamgyn pikirleriniň girdabyna gark bolup oturan Meňli Şanazaryň Magtymgulynyň sol gözünden salan hanjaryny haýsydyr bir gudrat bilen duýup «Waý!» diýip jynssyz gygyrdy! Birdenem ejesiniň ýanynda çirkin gygyranyndan utanyp ýüzüne penjelerini tutdy. Meňliniň jynssyz gykylygy ejesini oýaka basan garabasmadan halas eýledi. Ogulgerek ejäniň zähresi ýarylyp: --Näme, Magtymguly öldümi? -- diýip, gözlerini bakraýdyp, agzyny öweltdi. Birdenem aňyna aýlanyp, öz düşen ýagdaýyna utanyp: -- Saňa özem dälirejek, bizem däliretjek gyrnak diýerler! -- diýip, ýakasyna tüýkürdi. Meňli bişeýkel ýagdaýyna uýalyp aglady. Biçäräniň elinden başga näme gelýär! Magtymguly Şanazaryň göge göteren hanjarynda ajalyny gördi, ol çalasynlyk bilen kellesini bir ýana sowdy. Soňra janajygyna eýmenç haýkyryp, Şanazary honda zyňyp goýberdi-de, dessine garşydaşyny aşagyna alyp, sol tirsegini onuň hykyrtmagyna goýup, ýeňsuz güýji bilen basyp ugrady. Hanjarly sag goluny göge göterip, haýkyryp urjak mahaly bir jynssyz ses ýyldyrym ýaly çawlanyp gitdi. -- Saklan! Haý, saklanawer, Magtymguly! -- Saklanma, sal hanjary Magtymguly! Men gelendirin! Magtymguly Şanazaryň peträp hanasyndan çykyp barýan gözlerinde onuň naýynjar ýalbarşyny, naçarlap, natuwan özelenişini gördi. Emma ol Şanazaryň hykyrtmagyndan basyp doňup galan sol garysyny aýryp bilmedi. Ol ýüzüni galdyranynda eňňidiň depesinde duran iki atlyny gördi. Olaryň biri Küremiş han, beýlekisi Janamandy. -Sal hanjary Magtymguly, men gelendirin! --Saklan, Magtymguly, sen Allanyň azyzysyň! Goluňy haram gana bulama! Magtymguly ýeňsesine gaňryldy: ol baýryň depesinde gylyjyny göterip duran Selim begi, atyndan dikine towsup özüne tarap tüwdürilip gelýän Kynyş dädesini gördi… hhh Eý, Allam, eger pany dünýäň baky, ýalan dünýäň uçmah bolaý diýseň, ber,eger arşda ak palçykdan ýaradan bendeleriňi zeminde bagtyýar kylaý diýseň, ber, ýyldyrymlap duran yşk, dumanlap duran heser ber! Eý, Allam, goç ogullaryňa köşki-saraý, tagt bile bagt bereniňden ýüregini ezip barýan söwer ýar ber! Gyz-gelinleri şa-soltan edip, tükeniksiz genji-hazyna bereniňden şahbaz ýigitleriň kalbyna soltan eýle! Aýyň-Günüň şuglasyndan ýaradan gyz-gelinleriňe yşk-heseriň gudrat oduny, mähir-muhabbetiň baadyny, uçmahyň-behişdiň dadyny berip, olary yşkdan owadan, bagtdan belent, gudratdan gudratly eýle! Hakyky uçran aşyk-magşugy görgeý gara daglar darka ýarylyp, goýnunda ýatan altyn-kümüşini, lagyl-göwherini, zerini-zümerredini, ýerler darka ýarylyp ýüz müň ýyl bäri goýnunda gömlen hazyna-depinelerini, ummanlar gyra serpilip gujagynda ýatan dür-merjenlerini olaryň alnyna atar. Gadym dünýäde suwa-ele höküm eýlegen Süleýman pygamber hakyky aşyk-magşuklary görgeý hazyna-depinesini, uçýan tagtyrowanyny olara bagş eder. Erteki-lerdäki gara döwler, ak döwler ertekiden çykyp ury-ury baýlyklaryny getirip, olaryň alnyna döker. Eý, Allam, zemin perzentleriňi nämede bedbagt etseň et, emma ki söwer ýarda bedbagt eýleme! Söwer ýardan, ýaneldaşdan ýalkanmadyk ýigit-leri— jümle-jahana şa eýle, soltan eýle, barybir olar ýaşap, ýaşaýyşdan gönenmez! Ýaneldaşy duşmadyk ynsanlaryňy Hydyr ata, Kyýas ata, Kowus ata duş eýle, barybir olaryň dişleri ýyrşarmaz! Eý, Allam, sen Yşk ahyry, yşkyňdan ýaradan bendeleriňi perişdä öwüreý diýseň, olaryň dinini-imanyny yşk eýle, Hudaýyny yşk eýle!.. * * * Iňrik garalyp başlanynda Küremiş hanyň attutarsyz, ýanbegisiz ýalňyz özüniň gelenini gören Medet aganyň ini üşüdip gitdi. Hanyň ýerden göterip bilmeýän gara-ört ýüzüni synlan Ogulgerek ejäniň-de dünýäsi çaýkanyp, haýýady göterildi. Han gudaçylygy bozmaga gelipdi. Aýalyna-da, ýeňňesine-de, agasyna-da, inisine-de ynanman, özi gelipdi, çünki ol Gaýymgalanyň uly hany halyna elhenç masgaraçylyga sezewar bolanyna göz ýetiripdi. «Asyl onuň apalap han ogluna alyp berjek bolup ýören perizat gyzy, söýüşip ady ile dolan bolsa nätjek!» diýip ol ynsabyny köşeşdirýärdi. Küremiş han oglunyň bagty üçin oňa göz ýumsa-da ýumardy, ýöne gelinligiň halaşýar diýilýän ýigidi hana-bege awyny aldyrjak goç ýigitlerden däl eken. Ýaňyja ol han hatyrasyny kiçeldip, dyzyna çöküp, gudaçylygy bozjakdygyna äht edip, zordan ogluny ölümden halas edipdi. Yşkdan hem gahar-gazapdan garagy gapylan Magtymguly, gylyçgemren däli Janaman, Selim Magtymguly, Kynyş beg-- Küremiş hanyň ogly näme, onuň özünem maslyk edip taşlamakdan gaýtjak däldiler… Küremiş han Medet aga bilen iki agyz gürleşip, atdanam düşmän gelşi ýaly yzyna gitdi. Ogulgerek ejäniň ýele çekdirip arşa çykaran tylla tagty, owadan arzuw-hyýallaryndan bina bolan köşgi-saraýy birdemde weýran boldy. Ol aýagynyň astynda goduklap ýatan ýeriň badyna iki ýana yraň atyp, içki jaýa zordan girdi, gözlerini bir nokada dikip, doňňara daşa öwrülen gyzyna ähmiýet bermän, uly ili bilen bagyryp, dükge düşüp ýer ýumruklap aglamaga başlady. Ogulgerek eje dady-perýat edip, jiger-bagryny parçalap,ýüzüni ýyrtyp, gara saçlaryny ýelmalap aglaýardy. Adamsy Medet-de, gyzy Göwher-de bu mahal jaýa girip, ony köşeşdirmäge milt edip bilmedi. Ol hünübirýan aglap, ýer ýumruklap, arasynda pelege-de, gyzyna-da, özüne-de gargaýardy: -- Waý, waý, haram gyrnak! Hanha, allanäme gudaçylygyňam bozuldy! Saňa öz bagtyna depen akmak diýerler! Saňa asylzada han ogly durka diwana-ny saýlan samsyk diýerler! Saňa öz eli bilen maňlaýyna gara çekip, kör düýesini küle çökeren kemyrsgal diýerler! Hudaýym senem, menem ýerler ýuwutsyn-da! - diýip, uwlaýardy. Meňli bolsa gyrpylmaýan gözlerini diwara dikip, doňňara daşa dönüp otyrdy. Dili şerebeden, sözleri awydan-zäherden Ogulgerek eje saçlaryny geýim-gejimlerini ýyrtyp jynlyrap barýardy.Eýwanda söm bolup duran Medet aga heleýiniň dälirejegine ynanyp, içinden Hudaýa ýalbarýardy. Meňli bolsa hamana ejesiniň dady-perýadyny eşitmeýän ýaly, hamana bu dünýäniň adamsy däl ýaly, hamana oturan ýerinde gözlerini açyp ölüp galan jeset ýaly diwara garap otyrdy. Ogulgerek eje ýatan ýerinden dikelip, Meňliniň doňup galan şakäse ýaly ullakan gözlerine seredende imany uçup, haýýady göterildi. Gyzynyň gözlerindäki jan yşygy öçüp, ondan öwüsýän şum ajalyň aýazy Ogulgerek ejäniň endam-janyny jümşüldedip goýberdi. Meňli -- jansyz jesetdi, gözlerini açyp ölüp galan ölüdi. Ogulgerek eje gara bagryny paralap: -- Gyzym! Meňlijan! Men seni maksadyňa ýetirjek bolup ýörün ahyry! Men seni Magtymgula berjek bolup ýörün ahyry!-- diýip, delmirip, dady-perýat edip gyzyny gujaklady. Emma Meňliniň gözleri ýaly, göwresem daşdandy, doňdandy, buzdandy. Ol ejesine nazar salman pessaý ses bilen gürledi: -- Eje! Ejejan, meni bagyşla, men günä iş etdim… -- Waý perişdeden päk balam, sende günä näm işlesin? -- Eje, ejejan, men pis iş etdim... --Näm iş etdiň balam? --Men zäher içdim.. Meni bagyşla,ejejan! Ogulgerek eje gözlerini höwlendirip, iki penjesini ýüzüne urup, yranyp, birdenem jabjynyp başlady: -- Waý, waý, seniň bizi öňki ýüzügara edeniň azmydy! Heý bir diwana-derwüş diýip şirin janyňa kast eder ýaly aklyň nirede seniň! Entäp ýören bir şahyrsumak diýip heý şirin jana kast ederlermi! Waý, toýly-tomaşaly öýümizi gabrystana aýladyňmy? Waý-waý, tagtyrowanly toýa gitmeli balam tabytly görüstana gider bolduňmy? Waý, waý, ojagymy ýere hopdurdyňmy?- diýip, Ogulgerek eje şeýle bir dady-perýat edip, orlap aglady. Daşky otagda Göwher, Medet aga, ogullary hamana öli ugradýan ýaly dady-perýat ses edýärdi… | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |