08:39 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş -16/ dowamy | |
Magtymgulynyň ýedi yklymyň eýesi Haali Zaman pire mürid bolýandygy baradaky habar Hajygowşan obasyny gulgula saldy. Ýaş başyndan obanyň buýsanjyna öwrülen Magtymgulynyň ozalam ýöne-möne kişi däldigine ynanýan hajygowşanlylaryň depesi göge ýetdi. Bütin ömrüni sydky-sungy bilen Haka hem halka bagyşlan Döwletmämmet pir bolsa şatlygy, buýsanjy gursagyna sygman uçganaklap ýördi. Sebäbi kerem-keramatly piriň Bagdat ýaly alys ýerden Magtymgulyny agtaryp gelip, ony özüne müridlige saýlamagy-gelejekde Magtymgulynyň hem keramatly, gudratly kişi boljakdygyna kepil geçýärdi. Başda ýedi yklymyň eýesi Haali Zaman piriň Bagdat ýaly daş ýerden ogluny soraglap gelenini eşidende Arazgül ejäniňem başy asmana ýetdi, ene-dä, görgüli içinden «hezreti pir näme, Magtymgulyjanyň ady-awazasyna entek ýurduň şahyn-şasy gelmeýämi» diýip buýsanjy içine sygmady, haçanda hezreti piriň ogluny özi bilen äkidip,mürid edinjek bolýanyny eşidende ene ýüregi ýumurtga ýaly çakyldy, görgüli serpmeden gaýdan ýaly seňseledi… Ozalam Döwletmämmet aganyň ýeke günüň içinde saç-sakgaly agaraly bäri Arazgül eje hupbat ýamanyny görýärdi. Mydama onuň bagtynyň üstüne, maşgala-synyň depesine nämälim howp-hatar, nägehan bela-beter, eýmenç bedi-bagtlyk abanyp duran ýalydy. Ol Magtymgulyda han dogany Döwletalyny görýärdi. Dogry, onuň beýleki ogullary Abdylla-da, Muhammetsapa-da, Janesen-de serdar-serdar gerçeklerdi. Emma olaryň arasynda Magtymguly akyl-paýhas babatda-da, adyl-adalatlylyk babatda-da, şasuwar kaddy-kamat babatda-da aýratyn saýlanyp durdy. Arazgül eje ogluny gökleňiň-emudyň hany hökmünde göz öňüne getirýärdi, emma gör-ha ony adamsy pire mürit etjek bolýar! Uly han maşgalasynda dünýewi terbie alan Arazgül eje Magtymgulyny egni ýama-ýama hyrkaly diwana-derwüş edermi?! Dogry, derwüşler gudratly, keramatly bolýar,emma ene söwer oglunyň keramatly pir bolanyndan, serdar bolanyny, ulus-iliň akyl-paýhasly serdarly bolanyny ýagşy görýärdi. Ile adyl serdar gerek, külli türkmene beýik serdar gerek! Mürid boljak, mürşid boljak tapylar,emma halkyň bagtyny çüwdürjek beýik han tapylmaýar!
Taryhy proza
Arazgül eje Magtymgulynyň gijesi ýek,gündizi ýek, apat yşk zerarly ýanyp ýörenini görýärdi, syzýardy, duýýardy. Arada bir toýda ol Meňli gyzy daşyndan görüpdi: Meňlijanam yşk bolup lowlap ýanyp ýören eken! Ýeri Arazgül eje nowjuwan balasyny,yşka düşüp, ýanyp-bişip ýören balasyny nädip Bagdada iberip biler,nädip? Ýeri hakyky aşyk-magşugy nädip biri-birinden jyda düşürip bolar?.. Her hal han gyzy Arazgül eje durmuşa düýpli düşünýärdi: çaga guş höwürtgeden näçe ir uçsa, şonça-da ýaşaýyşa ukyply bolýar.Düe ýitmese semremeýär… Ol Magtymgulynyň bu ýyl bolmasa,täze ýyl Bagdadyň ýa Buharanyň medresesine okuwa gitjekdiginem bilýärdi, emma ol enedi,ýaňy murty garalyp ugran balasyndan aýra düşmegi aklyna-da sygdyryp bilmeýärdi. Durşuna gam-gussa, perişan hasrat bolup oturan Arazgül ejäniň ýadyna ýaş gyzjagaz wagty daşkyrak daýzasy bilen bolan bir waka düşdi: Arazgül eje gulpaklyja gyzjagazka ýurduň üstüne uly howp abanýar,on dört ýaşly gödeklerden ýetmiş ýaşly gojalara çenli ata çykmaga perman berilýär.O mahal Arazgül ejäniň dädesi Atanyýaz aga handy. Şonda Gülsün daýzasy han bilen garyndaşlygyndan peýdalanyp,eziz balasyny söweşden alyp galjak bolup ýalbarýar. Atanyýaz han bolsa: “—Seniň iki ogluň bar, bu mahal ýeke ogullylaryň ýekedikraram ata çykdy”—diýipdir. “—Wah,han aga,ol neneň ata çyksyn,oglum üşüdip-gyzdyryp ýergan-düşekli ýatyr!”—diýip, Gülsün daýza sagat oglundan ýalan hassa ýasap,ýalan sözläp özelenip, zar-zelil ýalbarýar. Aksakallaram o biçäräniň bozlaý-şyna dözmän,hana töwella edýärler. Atanyýaz hanyň gaty gahary gelýär,iki serkerdesine barlap gelmegi tabşyrýar. Gülsün daýza ýalanynyň üstünde tutuljagyny, masgara boljagyny bilip, agaryp-gögerip öýüne gelýär. Serkerdeler bile jaýa girse, hakykatdan-da Gülsün daýzanyň uly ogly üşüdip-gyzdyryp, ot-ýalyn ýanyp ýatan eken. Gülsün daýza ýalanynda tutul-manyna Alladan hoş bolýar,uly howpdan ogluny halas edenine begenýär. Emma üşüdip-gyzdyryp ýatan oglunyň derdi günsaýyn beterläp, içinden lagta-lagta gan gelip,oglan gidip barýarmyş... Birnäçe gün geçeninden soň söweşe gidenler ullakan ýitgi çekmän, ýeňiş bilen oba dolanýar,şol gün Gülsün daýzanyň dag ýaly ogly bolsa dünýäden ötýär. Şonda Gülsün daýzasy,”Wah,ýurt üçin söweşe dözmedik balamy öz elim bilen,öz dilim bilen özüm öldürdim-eý! Wah, watana dözmedik balamy gara guma dözmeli boldum-eý” diýip bar-bar bagyrypdyr... Birden Arazgül eje içýan çakan ýaly tisginip gitdi, ýatlap oturan ýakymsyz wakasyndan gorkdy.” Aňyma gelen alnyma gelmäwersin” diýip içinden dileg etdi. Emma Arazgül eje Magtym-gulydan aýrylybam, ýaşap biljek däldi. Magtymgulynyň Meňliden, Meňliniň Magtymgulydan aýrylyp ýaşap bilmejeginem bilýärdi.Ol dessine adamsyna töwella-tagsyr etmek üçin neberäniň ýaşulylaryny ýygnamagy müwessa bildi, emma olaryň hiç biriniň kethudanyň ýüzüne gelip bilmejekdigini aňyp, diňe aýal-ebtatlary çagyrdy. Kynyş aga bilen Selim Magtymguly bolsa, Magtymgulynyň pir bilen Bagdada gitmegine kes-kelläm garşydylar. Olar kethudanyň jaýyna baryp, döwre gurup gürrüňe başlady. Şol pursat Mirhaýdar aga gapydan girdi,ol ýenaçylar neberesiniň ýaşulysydy, Magtymguly ýenaçynyň doganydy, ýetmiş ýaşap ýören keselbent adamdy. Goja olaryň salamyny alyp, töre geçip otur-şyna, golundaky jir ýaglygy bilen çöňňelen gözleriniň ýaşyny süpürip: --Siziň ýaşyňyzda gözüň ýaşarsa, gözüm ýaşarýar diýilýär, anha, meniň ýaşyma baraňsoň “gözüniň çorbasyny akdyryp otyr” diýýäler—diýip, güldi, oturanlary birlaý synlap, kethudada saklady.—Döwletmämmet, Magtymguly mürid bolup gidýämiş diýip eşidip geläýdim...—Ol ardynyp, Döwletmämmet aga dikan bakdy--Inim, sen, tüweleme, iliň kethudasy, seniň görmedik iliň, barmadyk ýurduň, okamadyk şäheriň, medresäň, bilme-ýän ylmyň-bilmiň ýek. Döwletmämmet, her ki zadyň bes diýen ýeri bardyr. Magtymgulyny beýdip gije-gündizi okadyp ýörseňiz, bedibagt edersiňiz. Adam ogly näçe köp okadygyça, näçe köp bildigiçe, näçe akyl-paýhasy, ylym-bilimi artdygyça ýüregi ýumşaýar, göwni ýukalýar, gözleri açylýar, wyjdany kämil çykýar, onsoň perişde ýaly Magtymguly garagy gapyk bi wagşyýana adamlaryň arasynda nädip ýaşap biler?! Men Magtymguly bilen kän söhbetdeş bolýan, siz ony gije-gündiz okadyp-okadyp çagalygyndan jyda düşürdiňiz, ýaşlygyndan aýra saldyňyz. Neressäniň çagalygy boltady, sekiz-dokuz ýaşyndan bäri ylla uly adam ýaly. ÝA men ýalňyş-ýanmy?—Ol töweregine göz gezdirdi. Oturanlar Mirhaýdar agadan arka tapynyp,ondan hoşal boldular,erli-erden makulladylar.—Döwletmämmet, Hudaýym Magtymgulyny kesbi-käri bilen bile dünýä getiripdir. Men onuň goşgularyny agtyk-çowluklaryma okadyp köp diňleýän, Hudaý ýel berse,ol uçursyz uly şahyr bolar, ol Hakdan içipdir! Elbetde, aryflar gudratly, keramatly bolýandyr, emma men köp-köp aryfyň goşgular diwanyny okatdyryp, ýüregimiň üstünden ýel öwüsdirip goýberýän goşga duşmadym… --Haýt,aga saklan, küpür geplemäweri!—diýip, Döwletmämmet aga kynam bolsa agasynyň gepini böldi. Mirhaýdar aga: --Inim, men size Magtymgulyny aýaň,oňa şahyrlyk,zergärlik kesbi bolýar diýmäge geldim… Goja gaýynyndan göwni biten Arazgül eje han gyzylygyny etdi: --Aksakal, men ene, maňa gyrgy balamyň bürgüt,gögerçin balamyň guba gaz bolup görünýän bolmagam ahmal,emma siz Magtymgulynyň şasuwar kaddy-kamatynda, howalaly göçgün ruhunda, çakdan aşa ýiti pähim-parasa-dynda, adyl-adalatlylygynda, salyhat-sahawatlylygynda onuň Alla tarapyn serdar edilip dünýä getirlenini görmeýäňizmi? Gürleşen kişisini özüne bendiwan ediji mähir-muhapbetinde, ýürekdeşliginde, ýeldaş bolan adamsynyň kalbynyň töründen orun alyp bilýän gylygynda siz onuň beýik hanlygyny görmeýäňizmi? Men-ä Magtymgulynyň arşda serdar edilip goýberlen başy ýyldyzly, gursagy perişdeli ýigitdigine halys-alla ynanýan!—diýdi. Arazgül ýeňňesiniň gepinden göwni dokunan dünewi ussa Selim Magtymguly ilkinji gezek agasynyň ýüzüne gelip: -- Agam, uly ile han bolup, serdar bolup ýörmäge mynasyp Magtym-gulydan sopy ýasajak bolmalyň! Heý Magtymguly ýaly Hakhalan,halkhalan gerçek ýigidem derwüş-galandar edip bormy? Magtymguly ýaly sahypkyran ýigidi ýyrtyk-ýirik jindeli obama-oba, galama-gala, öýme-öý aýlanyp ýören derwüş halda görsem, meniň-ä ýüregim ýarylar?! Agam, eger bizi ynjytmajak bolsaň, serdar ogluňdan sopy ýasajak bolma! – diýdi. Selim Magtymgulynyň sözünden gylawlanyp, Kynyş begem dürli deliller getir-di. Adamsyna gaty belet Arazgül eje bu sözleriň oňa täsir etmeýänini aňyp, onuň inçe tarapyndan baryp dady-perýat, ahy-efgan bilen ýüregini ýumşadaýmasa, Magtymguly bilen Meňlijanyň hijran-pyrkata sezewar boljagyny duýýardy. -- Aksakal, Mämmetsapa bilen Magtymgulyny bir günde öýerjek bolup, sähedini alyp goýanymyzy ýadyňdan çykaraýdyňmy? – diýip, Arazgül eje didelerini ýaşlap, ýüz dürli delil getirip, gözýaşu-ahu-perýat etdi. Gaýny-nyň özüni aşa sylaýanyny bilýän Ogulşeker: -- Gaýyn, dünýäde on dört aşyk bar diýilýäni çyn bolsa, şol aşyk-magşuklaryň hakykysy Magtymguly bilen Meňlijan! Magtymgulyny Meňliden aýyrsaňyz, Magtymguly dälirär… -- Meňlijan bolsa öler, öler! Ozal nägünlikde olar bilen guda bolduk, gaýyn? – diýip, Nurjemal gelin aglap goýberdi. Sesini çykarman ähli dogan-garyndaşyny diňlän Döwletmämmet aga oturanlary bir ýanyndan nazaryndan geçirip, agasy Mirhaýdarda saklandy. --Agam,sen mamla,Magtymgulynyň çakdan uly şahyr boljagyna menem ynanýan. Şahyrlykdan beýik kesp ýekdugynam bilýän. Eje,Arazgül,Selim beg,Kynyş beg, siziň ähliňiziň aýdýanyňyz rast, Magtymguly uly şahyr-da, beýik serkerde-de bolup biler. Magtymguly Meňlini goýup gitse, iki-siniň pyrkat-pyganda däliremese-de,gaty heläk boljagyny, siziňem ýüre-giňiziň gyýym-gyýym gyýyljagyny bilýän,sebäbi menem siz ýaly, eýýäm-den ýüregim gyýylýar.—Ol uludan dem alyp,oturanlary ýaňadan synlady.--Eger hezreti pir Magtymgulyny äkidip Bagdada häkim goýjak ýa tamam Eýrana patyşa etjek bolýas diýip gelen bolsa, ýok diýse bolardy. Sadagasy boldugym hezreti pir ony özüne mürid saýlapdyr ahyry… -- Näme Arabystanda,Bagdatda hezreti pire müridlige mynasyp şahyr, okumyş kişi tapylmaýamyşmy? – diýip, Arazgül eje onuň sözüni böldi. Kethuda: -- Goý, goý, küpür gepleme! Hezreti Haali Zaman piriň gapysynda mydama ýetmiş-segsen sopusy bar. Emma ol sopularyň özleri pire ýykylyp, ylym-bilim almaga gelen kişiler.Haali Zaman pir gel diýse Bagtdatdanam müňlerçe mürid boljak şahyram, alymam tapylar, ýöne her bir yklym eýesi bolan ulug aryf ýaşy paýawlabereninde özüniň ornuny tutjak, düşünýäňizmi, özüniň ornuny tutjak, ýeluny ýöretjek hikmetli, haalatly kişini özi agtaryp tapýar. Hany aýdyň, haýsyň üç-dört aý mundan öň Magtymgulynyň hikmete duçar bolup,üç günläp beýhuş bolup ýatanyny bildiňiz? Men atasy bolup, sen enesi bolup, siz agalary-eňňeleri bolup bildiňizmi? Emma Bagdatda oturan pir ony aýan bilip, Bagdat ýaly alys ýerden paýu-pyýada gelýär… Arazgül, ýekarda biziň gözümiz ýetmeýän, aňymyz çatmaýan Ylahy dünýä bar! Magtymguly seniňem ogluň däl, meniňem! Ol Hudanyň ogly, ony başy ýyldyzly çaga edip dünýä getiren beýik Biribar Magtymgulyny azyzlap Ylahy dünýä göterjek bolýar, sizem batyl halyňyza yzan-da-çuwan bolup onuň aýagyndan ýapyşýarsyňyz. Bilýän,siz Magtymgulyny çakdan aşa gowy görüp,oňa gowulyk etjek bolup,zyýanyna çapyp oturanyňyzy bilmeýärsiňiz! Eger-de siziň aryflygyň nämedigine akyl ýetirip biljek ylym-bilimiňiz bolsady, eger men size aryflyk ýelunyň niçiksi ýeldugyny düşündirip bilsedim, siz häzirki bolup otyrşyňyza utanyp ýere girer-diňiz! Bes ediň, arşy aglada çözlen işi siz ýerde bozup bilmersiňiz. Allahymdan aýlanaýyn, Ol biziň maşgalamyzy sylap yklym eýesine mürid bolmaga mynasyp perzendi beripdir… Siz toý bermeli, sadaka bermeli halyňyza Magtymgulyny bermejek bolup otyrsyňyz! -- Magtymguly bilen Meňlijanyň toýy näme? -- Hezreti pir ejaza beren güni toý ederis, enşalla… --Hezreti pir haçan ejaza berer? --Her bir ulug pir Allanyň kalbyna salan ýely bilen ýöreýär. Haçan Magtymgula öýlenmäge ejaza berjegini şu mahal hezreti piriň özem bilýän däldir… Ara agyr dymyşlyk düşdi. Ýüregi halys ýuka Nurjemal gelniň, Nurjahan enäniň gözlerinden boýur-boýur akýan ýaş maslahata agyly nokatlary goýup başlady. Arazgül eje mundan gaty gidibermäge bolsa gorkdy: şol Gülsün daýzasynyň kysmaty ýadyna düşdi durdy. * * * Magtymguly gitmeli, hezreti pir bilen Bagdat gitmeli! Ol hezreti piriň yzyna düşüp tasaufyň ençe gatdan ybarat ýoluna geçip, Hakyň dergähine gitmeli! Pynhan syrly, keramatly, gudratly ýola! Magtymguly adamzadyň arzuw-hyýally, haýu-höwesli dünýäsinden ýokary göterilip, Hakyň ýoluna düşmeli! Magtymguly Meňliniň yşkyndan, öz yşkyndan geçip, Hakyň yşkyna düşmeli! Ol islese-de gitmeli, islemese-de gitmeli,gara Ýer düňderilip,asman çöwrülse-de gitmeli! Sebäbi beýik aryf bolmak Magtymgulynyň baş maksadydy!..Emma ol häzir Meňlini ýalňyz galdyryp, Hakyň dergähine baryp, jümle-jahanyň patyşasy bolanyndan, Meňli bilen gabyr bolanyny ýagşy görýärdi. Ýeri, ol nädip, nädip Meňlini terk edip gidip biler, Magtymguly Meňli atly yşk dünýäsinde ýaşap ýör ahyry! Onuň ýaşap ýören dünýäsinde diňe Meňli bar ahyry! Ol ýyl ýarym bäri diňe Meňliniň ady, Meňliniň ody, Meňliniň ruhy bilen Meňli planetasynda ýaşaýar ahyry… Magtymguly agyr oý-pikirlere gark bolup barşyna oýlanýardy: ol Meňliniň yşkyndan ýaňa tereň derýa bolup akyp ýatyr. Hezreti pir bolsa Allanyň yşkyndan möwç urup ýatan umman bolup çaýkanýar. Hezreti piriň nepesi-de, mübärek demi-de, gadamy-da keramatly. Meňli gyzyň yşky bolsa, Magtymgulynyň gursagyndan çabrap ýalynly goşgy bolup çykýar diýäýmeseň,onda hiç hili gudrat,keramat ýok. Ýok, ol Hakyň ýoluna düşmeli! Asman ýoly… zemin ýoly!.. Ylahy yşk…Ynsan yşky… Içki owsarsyz ruhy çyrpynyp duran Magtymguly mydama diýen ýaly gara güýjüne garşydaş, ruhy güýjüne bäsdeş, özüni ýewuz synaglardan geçirmäge töwekgel ezmaýyş agtarýardy. Ynha,oňa allanäme ezmaýyş! Ol bu synagyň,ezmaýyşyň Alladan gelenine ynandy. Eýse Ybraýym pygamber ýalňyz ogluny, söwer balasyny gurban bereninde, Magtymguly yşkyny gurban berip bilmezmi! Eýse, Edhem diwana tylla tagtyndan geçip,tamam şalygyny Haka gurban bereninde, Nesimi şirin janyny kefarat(gurban bereninde) edeninde, gel-gel Magtymguly yşkyny kefarat edip bilmezmi? Hakyň yşkyna düşen Şiblan ata bu owadan dünýäni görmejek bolup her gözüniň garasyna bir çümmük duz guýup, gözlerini pida kylanynda, Abdy-razzak el Ukaýşir söwer ýaryny unudyp bilmän, özüni agtaladanynda, söweşde Muhammet pygamberiň iki dişiniň döwleni üçin Weýsel Kara pir ähli dişini daş bilen döwüp çykanynda, gel-gel Magtymguly yşkyny gurban berip bilmezmi? Biler! Biler!.. Emma ol Meňliniň yşkyny hem gurban bermeli ahyry! Ol serwi boýly, inçe billi, ýylgyryşy bilen jan alýan, ýylgyryşy bilen jan berýän Jeýla güli ýaly jadyly Meňlisini hem gurban bermeli ahyry!.. Magtymgulynyň kalby jünbüş eýläp gitdi! Ol söwer ýaryny terk edip Bagdada gitse, Meňlijan dälirär!... Meňlijan öler!... Jeren owla-jygy ýaly Meňliniň söýgüsinden gaýry günäsi näme! Eýse ol Allanyň eradasy bilen Magtymgulyny söýen dälmidir! Eýse, Magtymguly göre-bile Meňlisine ölüm jezasyny bermelimi?! Ol Meňliniň ýüreginiň çakdan aşa näzikdigini, duýgularynyň inçedigini,göwnüniň ýukadygyny,ynsabynyň, ynsanperwerliginiň örän belentdigini bilýärdi.Meňli Magtymgula geleşdirilen döwri bir pynhan duşuşykda awy diýip, ejesiniň ýürekagry dermanyny içenini gürrüň beripdi. Magtymguly şol wakany ýatlady: “--Meňlim, Meňlim, heý men seni Şanazar ýaly guduz açyp ýören gurrum-saga bererinmi?! --Magtymjan, seniň meni adam ogluna bermejegiňe ynanýadym, ýürekden ynanýadym,ýöne…ýöne men seniň gollaryňy haramzadanyň haram ganyna bulamagyňdan gorkdum!..Gaýduwsyz ýenaçylaryň gylyçgemren Şanyýaz hanlar bilen gyrlyşmagyndan gorkdum! --Meňlijan,unutma,sen saralsaň Magtymguly solar,sen dertleseň, Magtymguly öler! Seniň gursagyňdaky jan meniňkidir, Meňlim!.. --Magtymguly, senem unutma, sen gama batsaň gözýaşlary meniň didäm-den döküler, sen perişan bolsaň men hünübirýan aglaryn, eger saňa bir zat bolaýsa, ilki men ölerin,çünki seniň gursagyňdaky jan Mendirin!..» Magtymguly gorkýardy, sebäbi Meňli Magtymguly diýip ýaşaýar ahyry! Meňli Magtymgulynyň beýik Magtymguly bolmagy üçin şirin janyny gurban bermäge taýýar gyz ahyry! Magtymgulynyň yşkyndan ýaňa akyl-huşundan aýrylan Meňli,yşk-heser bilen alowlap ýören Meňli Hakyň dergähine barýan Magtymgulynyň aýagyna duşak bolýanyny bilse,Magtym-gulynyň ýeluna bent bolýanyny bilse,onuň näme etjegi,nämeler etmejegi nämälimdi! Ähli derdini içine salan Meňli dälirär, däliniň bolsa näme etjegini hiç kimse bilmeýär! Aşyk-Magşugyň uly yşky ýalňyz Meňlä götertmez! Ýok, heý Meňliniň ykbalyny nämälim töwekgellige salyp, ony gan agladyp gidip bolarmy! Gitmez, Magtymguly gitmez! Magtymguly jiger-bagryny çäk-çäk edip Agrap1 bilen barşyna häli-şindi Hudaýyna ýalbarýar: --Öz beren janyňa jebr etme Jepbar! Ol agrapdan barýar: sagynda uçmah, solunda dowzah… Wagt elhenç ses edip onuň ýüreginden damyp dur,damyp dur... Magtymguly düýpli pikirlenjek bolup näçe jan etse-de, düýpli pikir edip bilenokdy, seňse halda çuňňur oýlanyp, ymykly pikirlenip, aýgyt-ly karara gelip bilmeýänine gahar edýärdi.Egsam onuň pähim-paýhasdan, akyl-parasatdan, çyrpynyşyp duran pikirlerden doly genji-hazynasy, ury-ury akyl-paýhasy,oýlandygyça oýlanasy gelýän gatbar-gatbar gorly, giň gerimli, hüjüre-hüjüre parasatdan püre-pür dünýäsi bardy, emma Magtymguly «sim-sim, jadyly gapy açyl!» diýen syrly jümlesini--açaryny ýitiren Aly baba ýaly, şol pähim-paýhaslar dünýäsiniň gapy-syny açyp bilmeýärdi. Birden-birden şahyrlygymam ýitiren bolaý-maýyn diýip hopugyp gidýärdi. Hany, durnalar,guba gazlar ýaly hatar-hatar bolup gelýän pikirler? Hany gowrulan maňyz ýaly datly jümleler, hany noýba şeregi ýaly dadyman setirler. Magtymguly haýran galýardy: ol hezreti piri ýatladygy düýrmegi bilen ylahy ýela—aryflyga göwün berip, asman sary ymtylýardy! Göwnüni bire baglap aýgytly karara gelip, Bagdada gitmegi ýüregine berk düwýärdi. Nedenmi, Meňli gyz ýadyna düşdügi aýgytly kararyny, röwşen maksadyny-matlabyny unudyp, Meňli gyzyň yşkyndan heýjana gelip, derhal pikirini üýtgedýärdi! Hanha onuň alnyndan sallanyp, seýkin basyp, owsunjy mar ýaly Meňli gyz howadan ýöräp gelýär. Meňli aram-aram kese bakyp, gyýk garanynda onuň nazary Magtymgulynyň diňe ýüregini däl, ýüzünem ýiti päki ýaly dilip goýberýär. Ýylgyryşdan, näz-kereşmeden, yşkdan-heserden, mähir-muhabbetden, jahanyň pynhan syrly jadysyndan, aşyklary şahyr edýän ataş odundan ýaradylan eýjejik Meňlini, jadyly Meňlini, jeýla güli ýaly Meňlini heý Magtymguly terk edip gidip bilermi?! Ol – Magtymgulynyň ýigit çykyp sataşan ilkinji zemin Gudraty ahyry! Yşk bilen alawlap duran jadyly Meňli islän mahaly Magtymgulynyň hyýalyndan çykyp, huşuna girip, huşundan çykyp düýşüne girip bilýärdi, şahyryň şahyr dünýäsinde gudratyny görkezip, heýjana salyp bilýärdi. Ýek, Magtymguly Meňlini galdyryp gideýin diýeninde hem gidip bilmez! Asmanda Alla atly beýik gudratly syr bar! Zeminde Yşk atly beýik gudratly syr bar! Magtymguly bolsa şol iki gudratyň arasynda germesatan! * * * Hezreti piriň Magtymgulyny mürid edinýändigi hakdaky hoş habar öýme-öý aýlanyp Meňlilere hem ýetdi. Meňli owadan gerkez halysynyň üstünde, dalbaryň astynda ýekedyz oturyp gaýma gaýaýardy. Göwheriň taýýar-laýan pişgesini ikde egrip oturan Ogulgerek eje içýakgyç: --Bolaýdy-da saňa gyrnak diýsänim! Heý, ene-atasynyň raýyny ýykan perzendem ýalkanarmy! Hanha, Magtymguly Bagdatdan gelen pire mürid bolýamyş.Sen bolsa otyr indi dulumda gazar-da! – diýdi. --Eje, sen bolsa-bolmasa Meňliniň ýürejigini parçalap ýadama-dyňmy?... Heý, Meňliden geçip Bagdada gider ýaly Magtymguly akmakmyş-my? – diýip, Göwher jabjyndy. --Waý, waý, sen o sadagasy boldugym hezreti piriň kimdigini bilýä-miň? Ol arşa-perşe, geçmişe-gelejege göz ýetirip oturan keramatly, gudratly pir ahyry! Heý, kerem-keramatly pire mürid boljak bolup durka Magtymguly gitmezmi?..Gider, Bagdada gider, Meňlijan bolsa gugaryp galar eňňere bolan ekiniň garantgasy ýaly!.. Saňa akmak diýerler, Meňli! Gyz diýeniň nowjuwan çagy ýaşajyk terje hyýar ýaly arzylydyr, abraý-lydyr, garransoň item ysgamaz!..Ynha indi durmuşa çykman bir dul oturarsyň, durmuşa çykyp, ýaşaýşyň hözürini görmän iki dul oturarsyň! Hanha,Baban şahyryň heleýi ýaly ömrüňi ärli dul bolup uwlap geçersiň! Meňli gözlerini balkyldap, elbukjasyny alyp öe ýumlukdy. Göwher onuň yzyndan delmirip garap durşuna: --Eje, şeýdip Meňlijanyň jiger-bagryny parçalap, agladyp-eňre-dip ýörjek bolsaň, eşitdim-eşitmedim diýme, Garaş göhert bilen gaçyp giderin! – diýdi. Meňliniň ejesi allaniçiksi bolup Göwheriň ýüzüne seredip, imany öçdi… --Waýeý,bi jikjiki ýaly jirkildäp ýörşüňe Garaş göhert seni başyna ýapsynmy! --Onda Mürrük müjerret bilen gaçaryn,neresse heleý eşikli garantga görse-de,aňalyp ýör! Ogulgerek ejäniň tutgaýy tutan ýaly birden jabjynyp: -- Waý, waý, gaçaweriň, gaçaweriň, men bir haçan ölsem ölüp gidibermeli ýürekagyrly garamaňlaý ahyry… Öldüreweriň meni – diýip, şerraý agysyna başlady… Magtymguly gitmeli! Magtymguly şol bir oý-pikirleriň içinde aýlanyp-öwrülip, beýni-siniň içini torç edip, aýgytly netijä gelip bilenok. Cebäbi Magtym-gulynyň dana başyny, pähim-parasatdan doly beýnisini yşk-heser basyp alypdy, onuň akyl-paýhasy yşkyň bendisidi. Magtymgulynyň beýnisi rast pikirlenýärdi, emma netije çykarýan yşkdy, beýni pikirlenýärdi, emma karara gelýän yşkdy. Bedew atyň eýerinde Beýni otursa-da, jylaw onuň ardynda oturan Yşkyň elindedi. Howa, Meňli garaşar! Ölýänçä-de garaşar! Emma Meňli kim? Ol bary-egy maşgalanyň garamaty! Ol öýüň baýlygy,galyňy! Üstesine, ýetişen gyzy saklamagam kyn, galyň ilde uzyn-uzyn diller kän, bihaýa-bihaýa nazarly dideler kän. Meňli gyza dil degjekmi, nämährem nazar degjekmi, sergezdan ýel degjekmi—nämälim! Päkize gar ýaly garam uzak ýatsa kirleýär, suw ýaly suwam köp saklansa sadyr atýar!..Magtymguly şazada ýigit bilen jögi gyzy hakdaky rowaýaty ýadyna saldy: hakyky yşk şazadany ene-atasyndan, watanyndan,tylla tagtyndan, köşgi-saraýyndan, dininden-imanyndan, milletinden-ilinden, mukaddes ene dilinden, şirin janyn-dan geçirden bolsa, şol yşk Magtymgulynyň alnynda keserdip has uly gudraty goýdy. Ol Meňli diýip Ylahy ýely—aryflygy terk etmelidi! Ýa-da Meňli gyzyň ykbalyny hummara atmalydy! Danabaş ýigit ömründe şeýle çykgynsyz güne düşüp görmändi! Ol süreninde tüsse berlen möjek ýaly, gara gyşda bagry bilen doňan kölüň astyndaky telperje suwda galan läheň balyk ýaly çykgynsyz ýagdaýda urunýardy, çykjak bolýan jan ýaly çabalanýardy! Ol neneň Meňlijanyň yşkyna kast eder! Ol: «--Haý, akmak Magtymguly, Şyh Sengan ýetmiş ýedi ýaşynda haýsydyr isaýy gyzyna aşyk bolup, pirliginden, medresesinden, musulman dinin-den geçip, şol gyz üçin doňuz çopany bolanynda, sen Hakyň maňlaýyňa ýazan hüýr gyzyny taşlap, Bagdatda mürid boljakmy?!» --diýip, özüne käýindi… Asman ýely…Zemin ýely…Allahyň yşky… Ynsanyň yşky… hhh Haýdar hebeşi Hudaýely aýdylan ýeke janlynyň ýerine ýedi janly soýup, uly sadaka edipdi. Hajygowşanlylar bir garybyň gurplananyna begenipdiler. Hebeşiniň tapan humunda tylladan başga altyn-kümüş, göwher-lagyl şaý-sep kän eken. Haýdar olary aýaly Enjimene bagş edip-dir. Tomaşa bolsa şondan soň başlady. Gadym ataşparazlardan galan örän inçeden nepis ýasalan şaý-sepleri ýöne synlap, sypalap oturmalydy. Olary dakynmak üçin, hiç bolmanda, şa gyzy bolmalydy... Bolsa bolupdyr-da gyrnak! Eýse Enjimen gyrnagyň şa gyzyndan nämesi kemmiş. Ol bilezikleri gollaryna, göwher gaşy kişmiş ýaly kökenli tylla ýüzük-leri barmaklaryna, aşyk ýaly göwher gaşly ysyrgalary gulagyna, dür-merjen, lagyl-zümerret gaşly bukawy boýnuna, ýyldyz ýaly gymmatbaha daşlary ýanyp duran zünnar guşagy biline, sap tylladan Gün ýaly gülýakany gursagyna dakyndy. Raksçy ataşparaz perileriniň aýaklaryna dakýan düwmelije, zynjyrlyja tylla aýakbilezigini aýagyna geýdi. Ynha, saňa Enjimen peri, ataşparaz şasynyň melikesi! Zandy owadan Enjimen perä indi ýaşamaga köşk, oturmaga tagt, döwran sürmäge şahynşa är gerekdi! Heý indi ol melike halyna kesewi ýaly gap-gara ärine nahar edermi! Heý ol on barmagam göwher gaşly tylla ýüzükli gollaryny hamyra urarmy? Enjimen peri ataşparazlaryň şa aýalynyň gymmatbaha şaý-seplerini dakynyp ile çykdy. Sallanyp, seýkin basyp obanyň köçelerinde eýläk bir gitdi, beýläk bir gitdi. Hajygowşanlylar oňa Hüýr gyrnak diýip at dakdy-lar. Munça baýlygy bolan zenan heý gyrnak adyny göterermi? Ol gymmat parçalardan geýnip, bezenip-beslenip, darajyk külbesinde sallanyp, seýkin basyp aýlandy. Haýdar hebeşi işden gelip, nowjuwan gelnini synlap: --Perizadym, zenanlary ýalaňaçlamak üçin geýindirmelidir!—diýip, gelni bilen aýyş-eşretde boldy. Enjimen gelin hakykatdan şa gyzyna aýlandy. Ol şaý-sepiniň ählisini dakynyp oba çyksa, oňa Hüýr gyrnak diýdiler, emma onça baýlygyň bolubam, heý olary dakynman bolarmy?! Ahyry Enjimen gyrnak çäre tapdy. Ýukajyk ýüpek mata bilen ýüzükli barmaklaryny, bilezikli goşarlaryny, bukawly boýnuny, tylladan zünnar guşakly bilini, aýakbile-zikli aýaklaryny sarady. Gulagynyň ysyrgasyna ýüpekden gap etdi. Ynha, saňa endamjany sargyly Melike!Enjimen peri syrgynma -syrgyn syryp, köçeme-köçe aýlandy. Ýeser aýallar: —A gyz, endamjanyň saralgyla, saňa näm boldy?-- diýip sorasa, Enjimen gyrnak jaýly oturyp ýeke-eke sargylaryny aýryp, şaý-seplerini görkezýärdi. Şeýdip, bäş-on bilesigeliji aýala şaý-sepini görkezip çykýança, agşam bolýardy. Her agşam işden sütüni süýnen Haýdar hebeşi öýüne gelse, saçak taňkyrap ýatyr. Öýde un bar, çörek ýek, et bar, nahar ýek, aýal bar, aýal işini edýän ýek. Ol Enjimene düşündirip gördi, peýdasy ýetmedi, öýkeläp gördi, urup gördi, bolmady, garaz, uly baýlyk tapan hebeşi aýalyny ýitirdi. Ýuwaş-ýuwaşdan Enjimen öýüň hojaýynyna, Haýdar hebeşem talabanyna öwrüldi. Olaryň güni bir bolsa, urşy ikilendi. Dili şerebeliler Haýdar hebeşä Haýdar hatyn, gelnine bolsa Enjimen erkek diýip lakam ýelmediler.Hebeşiniň derdinden habarly aksakallar: --Haýdarjan, genji-hazyna Enjimen näme, hanha şahynşa Nediri nä günlere salyp ýör. Aýalyň däliremese oňaýgyn!-- diýdiler... hhh Selim Magtymguly, Kynyş beg, Janaman, Magtymguly dördüsi Kynyş beglerde jemlendi. Selim zergär bäş wagt namazyny okasa-da, yňdarma dindar däldi,mahal-mahal onuň aýdýan sözlerini eşideňde, onuň Hudaýa-da beýle bir ynanyp barmaýandygyny aňsa bolýardy. Ol gürrüňi gaty aňyrdan başlady: --Oglanlar, men-ä o dünýäniň bardygyna-da ynanyp baramok. Eger o dünýä bar bolanda Mehin mürze perişdeleri satyn alardy,para bererdi, wada bererdi, Müňkür-Nekiri barmagynda aýlardy,Allany aldardy, eýder-di-beýderdi janyny alyp yzyna gelerdi! Eger o dünýä bar bolsa Amantagan galtaman uçmaha-dowzaha gan çaýkap, ýagşyzadalary-perişdeleri gyran-jyrana salyp,Heňkir bilen Müňküri paýhynlap her edip hesip edip ýaňadan bu dünýä gaýdyp gelerdi! Kynyş beg: --Agam o dünýä anjaýyn uçmahmyş, daglary göwher-lagyl, çölleri altyn-kümüş, deňizleri dür-merjenmiş! Kim onsoň şol ajaýyp dünýäden yzyna geler !—diýdi.Selim zergär lahlah güldi: --Kynyş begim, eger ol dünýä şeýle ajaýyp bolsa,altyn-göwher çaşyp ýatan bolsa Popuş baýyň atasy her edip hesip edip yzyna gelip, bu dünýä-däki ogullaryny-gyzlaryny, agtyklaryny-çowluklaryny, ilen-çalanlaryny öldürip äkiderdi, öldürmän äkiderdi, garaz munda neberesiniň ýeke-jesinem goýmazdy! Kynyş begiň gözleri höwlendi. --How-how, aga küpür geplemäweri! Dowzahdan gorkaweri! Selim Magtymguly: --Päheý, Kynyş begim, sen bu dünýäde ölümden gorkmaýan Selim begi o dünýädäki dowzah bilen gorkuzjak bolýamyň?!. Magtymguly, meni men diýseň derhal öýlen! Dessine öýlen! Meňli ýaly gyz barka pirligi näm etjek, Bagdady näm etjek! Janaman atylyp ýerinden turup: --Anha, rast gepi, dana gepi dana dädemjan aýtdy! Magtymguly derhal öýlen! Ertiriň özünde öýlen, Magtymguly! Derhal agaň Janaman hana nobaty ber! Sen pir çykýançaň, men sakgalymy sallap sallah gezip bilmen!—diýip, ot aldy. Selim aga aňk boldy: --Sen nämeler samahyllap dursuň, köpeý ogly! Janaman gorkusyna atylyp, Kynyş begiň arkasyna geçdi: --Alla kessin dädejan, samahyllap duranymyň baryny Kynyş dädem öwretdi!.. Däde, Kynyş dädeme haý diýäýmeseň ol meni molla dogmasy ýaly akylly asylzada edip taşlaýar! Gahary gelen Kynyş beg Janamana --Eý, eşek, doňuz, düdi, göhert, mahluk, berebekgeý, majagaý!—diýip, gygyrdy. Emma Janaman başga hörpde: --Agajan, dädemiň ýanynda meni magtap durmasana!.. Däde, dädejan, ýene on ýyldan men seniň bilen ýaşytdaş bolýan-ow! On ýyllap maňa söýgülim garaşmaýar! --Seniň söýgüliň kim? --Ezraýylyň gyzy, iblisiň agtygy, hardejjalyň çowlugy! Men gije-gündiz onuň daşynda perwana bolup,seniň ýasan şaý-seplerini sowgat bere-sowgat bere, öýümizi tozduryp barýan, emma ol eýjejik gülgün ýüzi ýazdan, ýewuz ýüregi buzdan, gylyk-häsiýeti ýelden ýasalan perizat bolsa maňa aýda bir gezek zordan ýylgyryp bakýar. --Sen öýlenseň öýleniber, Magtymguly bilen näm işiň bar? --diýip, Selim aga ogluna bakdy. Janaman mölerdi: --Weh, Meňli durka Ogulgerek eje kiçi gyzy Göwheri durmuşa çykaryp bilmez ahyry! Selim Magtymgulynyň gursagynda asuda ukuda ýatan gahar-gazap daş bilen urlan köpek ýaly ýabşynyp turdy! Dergazap ussa aýtmaga söz hem Janamany urmaga töwereginden çemel zat gözläp başlady. Janaman: --Dädesi ölümden gorkmaýan Janaman beg şarpykdan-ýumrukdan, taýak-dan-dürreden gorkmaz! Ur dädem, ýenç dädem,ýöne on ýyl garaşmaly edäý-me!—diýip, ýaňagyny şapbada gaýymlap golaýyna geldi. Selim aga Jana-many, Magtymgulyny dowamly synlady: --How-how, Medediň kiçi gyzy ýaş dälmidir? --Öýlenmäge ýaş, emma halaşmaga, söýüşmäge tüýs jaý wagty. Onsoňam maňa ýaş gyz gerek, garran gyzy mülküme garantga goýaýynmy men?!—diýip, ol bir zaman atasy Magtymguly ýenaçynyň aýdan sözlerini aýtdy. --Päheý wähergarlar, päheý peläketler, asyl Medet pakyryň okara-syny güne goýduk diýiň-de gutaryň-da! Ýenaçylara bir gyzyny rowa görme-dik Ogulgeregiň ordasyna talaň saldyk diýiň-de gutaryň-da. Ilki Kynyş beg,soň Magtymguly,soň Selim aga bilen Janaman gülüp başlady.Jaýa gülki doldy... Selim Magtymguly aýgytly karara geldi: Magtymgulyny dessine öýermeli! Hezreti pirden, hiç bolman, bir ýyllyk, bolmasa, alty aýlyk puryja sorap, Magtymgulyny derhal öýermeli! hhh Anna güni Nagym baý ata-enesine aş berýärdi. O zamanlar aş üç gün berlerdi, özem sadaka ýaly däl-de,tas toý kysmydy. Şonuň üçinem obanyň ýerden ýöreýäni-ýöremeýäni ýer süýşen ýaly bolup baýyňka gitdi. Magtymgulynyň dosty Gaýyp bagşynyň uýasy Dürli bilen Göwher aşyk-magşugy duşurdy. Magtymguly jaýa girdi.Giň otagda uýalyp, bedeniniň galpyldaýanyny gizläp, owsunyp duran Meňli gyz başyny çalaja göterip, gyýk garap, minewwer ýaz ýaly ýylgyryp ýigide nazar saldy, şol pursat Magtymgulynyň kalbam, giň jaýam,dünýä-de röwşen nurlandy gitdi. Magşuk gyzyň ýylgyryp duran gubarly gözlerine seredeninden yşkyň gudratyna uçran Magtymguly içinden ýene «Heý Meňli gyzam terk edip gidip bolarmy?» diýenini duýman galdy. Ýaňyja Bagdada gitmegi ýüregine berk düwen ýigit töwellasyz-tagsyrsyz pikirini üýtgedenini özem haýran boldy. Magtymguly ýarynyň eýjejik akja ellerini eline alyp, yşky dumanlap duran pyýala ýaly gözlerine gark boldy. Hüýr gyzdan kükeýän müşk-enwer onuň serini sämedip, ýene Meňlisi bilen ataşdan bina bolan perişdeleriň mesgenine, arşy agla göterilip, uçup başlady. Haali Zaman Kaýseri piriň beýleki keramatly derwüşleriňkiden parhly ýely bardy. Onuň saýlan müridine öýlenmek bolmaýar diýen zat ýokdy, Magtymguly birnäçe ýyl pire mürid bolup, jümle-jahana, Meňlä bolan yşkyny, söýgüsini, arzuw-hyýallaryny, ýyldyrymlap duran duýgularyny, beýnisinde gatbar-gatbar pähim-paýhasyny,ury-ury ylym-bilmini ýek edip, kämilligiň ilkinji basgançagyna çykyp, piri idin berensoň öýle-nibermelidi! Emma piri haçan ejaza berjek? Üç ýyldanmy? Bäş ýyldan-my? On ýyldanmy? Ony hiç kim bilmeýärdi! Onsoňam Magtymguly ganatsyz uçuryp, därisiz göçürip ýören alawdan yşkyny nädip öldürip biler, nädip? Eýse, Magtymguly Meňliniň yşkyndan döremändimi? Gözellik bolup, yşk bolup, ullakan bagt bolup öz dünýäsine sygmaýan Meňliniň yşkyny ol nädip öldürip bilsin, nädip?.. Garyby-da haremhana salarlar, Perileň ýanyna-- …ýöne agtalap. Çigillem güli ýaly yşk bolup alowlap duran Meňlijana yşkyny, söýgüsini,hyjuwyny,hyrujyny,haýu-höwesini öldürensoň Magtymguly öýlendi näme, öýlenmedi näme?! Meňli naýynjar bakyp: -- Magtymguly, gudratly piriň raýyny ýykyjy bolaýma. Git, men saňa garaşaryn!... Dädem saňa keramatly pir bolarsyň diýýä… Beýik gudratly pir bolarsyň diýýä… Garaşmagyň nähili lezzetli, eşretli bagtdygyny sen bilýäň ahyry…-diýdi. - Meňlim, men hezreti pire «pirim, men yşkdan ýaňa püre-pür, meniň kalbymda hatda Hudaýa-da orun ýok!» diýýän, ýöne ol sözlerim «gulluk pirim, men siziň ygtyýaryňyzda!» diýen sözler bolup ýaňlanýar. Men hezreti pire «ýok, men mürid bolup gidip biljek däl!» diýýän, ýöne ol sözlerim «hoş pirim, men siziň bilen gidýän» diýen sözler bolup ýaňlanýar. - Sebäbi ol gudratly pir, keramatly aryf! Magtymguly men saňa hakyky aşyklar ýaly ýedi ýyl däl, ýetmiş ýedi ýyl garaşaryn. Magtymguly Meňliniň uzyn-uzyn kirpikleri ýüregine çümüp barýan owasy owadan gözlerine seredip: --Meňlim,men belli karara gelip, saňa hezreti pir bilen Bagdada gidýänimi aýtmaga geldim!—diýip, agyr haşşyldady--Men seniň bilen hoşlaşmaga geldim, emma seni görenimden pähim-parasadym,akyl-huşum, erk-ygtyýarym çalam-çaş boldy! Meniň alawlap duran ýüregim,damarlarda çyrpynýan ganym diňe sen-sen diýip seslenýär.Men seni terk edip bilmen, bardy-geldi terk edäýsem-de dälirärin!— Meňli Magtymgula mähriban hem naýynjar nazaryny salyp,dowamly synlady durdy. - Men bolsa ölerin, Magtymguly!-diýip, Meňli aglap goýberdi. Gör-ha,kysmatda keserip ýatan aýralykdan ýigidiň jiger-bagry parça-parça bolup gan aglasa, Meňli ýüzüni-gözüni ajy ýaşlara ýuwup aglaýar. Aşyk magşugyny köşeşdirmek isledi, emma hoşamaý sözler gyzyň dyňzap duran agy bendini ýykdy. Bu mahal daşarda Göwher bilen Dürli gezekleşip pişek urup, güp ýaýyp, serdar durna ýaly töwerege hüşgär sered-ýärdi. Olar güpüň ýagyny alyp, başga näme güýmenerini bilmän, ýene aýrany pişekläp başladylar. Aýrandan ýene esli ýag alyp üçünji gezegem ýaýyp başla-dylar…Magtymguly: --Meňli, Meňlijan! Seniň ala-ala gözleriň maňa ogryn bakanynda meniň aklym-huşum çalam-çaş bolýar, sen heser bilen ýylgyranyňda ýaňagyňdaky guýganak, başymy aýlap yşkyň ummanda gark eýleýär. Hany, owadan ýylgyr,meniň owadandan owadanja Meňlim! Sen dünýäde-de, meniň kalbymda-da diňe jadyly ýylgyryş bolup ýaşamaly! Diňe janalyjy ýylgyryş bolup!--diýdi. Magtymgulysy golundan gidip, yşkyndan jyda düşüp barýan,jiger-bagryny paralap hünübirýan aglaýan Meňli gyz neneň ýylgyryp bilsin? Emma ol aşygynyň gaşynda gaşyny çytman jan berip biljek gyz ahyry! Ol ýylgyrmak üçin gözlerinden suw-sil akýan ýaşlaryny syljak boldy,emma Magtymguly onuň iki golundan tutdy—Ek, nerkes gözleriňden ýaşlaryňy sylman ýylgyraý-da...—Meňli kirpikmen humarala gözleriniň ýaşlaryny al ýaňagyndan akdyryp durşuna özüne zor salyp, näzenin ýylgyrdy. Eý-ho,ynha saňa jadyly, gudratly, heserli ýylgyryş! Eý,Alla! Ýarym-ýaş,pagyş-para ýylgyryşyň aňyrsyndaky pajygaly hasrat! Pajygaly hasrata çaýylan heserli yşky ýylgyryş söz bilen beýan ederden ajaýypdy! Baýyrlarda ýaşyl maýsany basan nowruz garynyň pagyş-para gök suw bolup ereýşi ýaly Meňliniň hasraty Magtymgulynyň nazaryndan ýaňa eräp barýar!.. Ýöne häzir Meňlä göwünlik däl-de Magtymguly gerekdi. Meňli ýarym-ýaş nazaryny aşygyna dikip, daraklygyna galyp,guw boýnuny süýndirip ugrady, Magtymguly Meňli gulagyna bir zat aýtjak bolýandyr öýdüp egildi. Meňli gyz ejap etse-de, aşygynyň ýaňagyndan emaý bilen öpdi. Magtymguly hut şu pursat Meňlisinden aýrylyp barýan ýaly gyzy bagryna basdy. Ol Meňlini däl-de asmanyň ýyldyrymyny bagryna basdy. Gyz Magtymgulynyň gujagyna däl-de gudratly ýyldyrymyň gujagyna doldy. Uzyn boýly, etli-ganly, göwsi meýdanly Meňli daýawdan berdaşly Magtymgulynyň gujagynda ýitip gitse-de, dünýäsini doldurdy. Aşyk magşugynyň owadan owalaryna gezek-gezegine dodagyny goýup,ajy ýaşdan püre-pür dideleriniň ýaşlaryny içip, ajy ýaşlara ýuwlan ýaňaklaryndan öpüp, ahyry gyzyň näzijek leblerine dodak goýdy. Lebler leblere yşk möhü-rini basdy. Meňli gyzyň şorja ýaşy bilen dilleriň dady, dahanyň ody garyşdy gitdi. Dil dil bilen dilleşdi,lebler lebler bilen lebleşdi. Meňliniň dim-dik duran gyz göwüsleri Magtymgulynyň galkan ýaly döşüne girip gidişine aşygynyň gursagynda gürsüldäp başlady. Gerçek ýigidiň goýnunda Meňli gyz gudratly yşk bolup towlandy. Magtymgulynyň seri sämäp başy aýlanyp,leňňer atyp ugrady. Her hal Jeýla güli oňa özüni ysgadyp,essine getirdi. Olar biri-biriniň yşkyndan, mährinden ganyp bilmän näçe wagt durdy, Alla bilsin! Daşardan Dürliniň galagop sesi geldi. --Meňli,Ogulgerek ejem gelýär! Aşyk-magşugyň arasyna ýewuz eje düşdi.Magtymguly ýarym-ýaş aglaýan Meňlini soňky gezek bagryna basyp: - Meňlijan, men Bagdatda gudratly pir beýlede dursun, pygamber bolýan-da bolsam, senden aýrylyp gitmen! Gideýin diýenimde-de gidip bilmen - diýdi. Magtymgulynyň ol sözleri Meňlä äht bolup eşidildi. Meňli aglap ýaňadan Magtymgulynyň gujagyna doldy.Ýarym-ýaş gözlerini ýaryna dikip: --Magtymguly,seniň aklyň nirede? Hezreti pir seni Hakyň ylahy ýeluna alyp gitjek bolýar! Sen beýik Biribaryň dergähine gitmeli! Git, Magtymguly,git! Beýle uly bagt,beýle beýik bagt kime miýesser edip dur! Men saňa garaşaryn,seniň adyňy doga ýaly gaýtalap,sena ýaly gaýtalap, güýç-kuwwat alyp garaşaryn!—diýip ýuwdundy. Ol --Magtymjan, men apat yşkymdan ýaňa däliresem-de saňa garaşyp dälirärin! Apat yşkyň aýraçylygyndan ýaňa öläýsem-de, seniň üçin ölerin!..-- diýip ençe gün bäri aňynda jemlän sözlerini bolsa aýtdy. Meňli Magtymgulynyň yşkdan humarlap duran ullakan gözlerine seredip durşuna pikire batdy,oňa ýanar yşkyň aýraçylygynda ah urup, efgan tartyp, däliräp ölmek uçursyz uly bagt,tükeniksiz eşret bolup göründi... Diňe yşk däliremegi eşrede, diňe beýik yşk ajaly ajaýyp eşrede, lezzede,bagta öwürip bilýär! Magtymguly şeýle eziz gyzyň yşkyny gurban bermeli!.. * * * --Eý,Allam, göter gögüňi, egsam Magtymgulynyň kellesi asmanyň aýnasyny kül-uşak eder!-- Hakykatdan-da, Magtymgulynyň ozalam uzyn boýy giperbola-da sygman uzalyp-uzalyp ýyldyzly asmana ýetdi, ol ilerik seredeninde agşam şapagyny, gaýrak seredeninde al-elwan sabany görýär-di...--Eý, Allam, giňelt dünýäňi, ýegsam Magtymguly dünýäňe sygman, asma-nyňy, saba-säher şapagyňy ýyrtar! --Hakykatdan-da, ol sagyna dolansa, egni Güne, soluna dönse, beýleki egni Aýa degýärdi... Magtymguly göreniň-de gözlerini heýjana salyp, yşkyny tüwe-leýledýän jadyly Meňlisiniň ak alkymyndan ysgap, serini sämedip, aklyny çaşyryp gördi. Humaý guşy ýaly Meňlisini bagryna basyp läle-läle gyrmyzy leblerinden gana-gana posa alyp gördi. Dünýäniň ähli jadyly lezzedi, eşredi, dady, jennetiň aby-haýýady Meňliniň läle-läle leblerinde eken. Uçmahdan çykan Melegiň husnyjemalyna aklyny aldyryp, Meňli gyzy gujaklap dünýäsini dolduryp, nämälim lezzetlerden ýaňa ekstaza baryp gördi. Jadyly yşkyny, bagtyny bagryna basyp, Meňli gyzyň dahanyndan dat alyp, Meňli gyzyň yşkyndan ot alyp,uçmahyň miwesine penje urup, sypalap, eşretler, lezzetler dünýä-siniň gujagyna düşüp bagta gark bolup gördi! Magtymguly jadyly Meňlisini-- gudratly yşkyny, keramatly bagtyny gujaklap göterip gördi! Magtymguly: --Mirhaýdar pirim, gara ýeliňi getirip, ýelpäwer, ýüzümi ýelpäwer!Eý, çarhy pelek aýlandyr, pyrlandyr çarhyňy! Gijäňi-gündiziň ýyldyrym çaltlygynda aýla, ok bolup gideli Wysala bakan!—diýip gygyrdy. Ol öz-özüne: --Magtymguly, Magtymguly däliremän şu bagtyňy, şu yşkyňy göte-rinip wysala ýetseň başga näme armanyň bar seniň?! Alla berýämiş diýip, diňe alanyňy bilmeli däl! Eý Allam,maňa şu bagtymdan uly Bagt, şu yşkymdan beýik yşk götertmez!—diýip samraýardy. Magtymguly aýgytly ýigitdi, diýen sözüniň yzynda durýan gerçekdi, emma hezreti pir geleli bäri ol heňňam ýaly agyp-dönüp duran boldy. Belki, däliräp ýörendir? Belki, hezreti piriň hikmetindendir? Emma ol ozalky Magtymguly däldi, belli bir netijä gelip bilmän, hanha, tükeniksiz oý-hyýallara gark bolup barýar…Magtymguly pähim-parasatly dana ýigitdi, onuň dünýä ýaly beýik maksatlary bardy, onuň seri asman ýeluny saýlaýar, paýhasy asman ýeluny saýlaýar,hatda ýüregem asman ýeluny saýlaýar, emma ýaş on sekizdi! Heý ýaňy on ýedi ýaşyny dolduryp on sekiziň ýaýlasynda yşkdan hüwläp ýören ýigitde akyl boljakmy,paýhas boljakmy! Magtymgulynyň ýadyna kitapda okan bir rowaýaty düşdi: gadym zamanda durky bilen Biribara berlen bir hindi derwüşi bolupdyr. Ol öz dini düzgünini demir ýaly berk tutup, ýigit çykyp, jahyl çykyp,hiç bir gyz-gelne gabak galdyrmandyr. Ýurduň şasy beýik derwüşiň ygtybar-ygtykadyny synap, her hili owadan gelin-gyzlary,ýarym-ýalaňaç zenanlary derwüşiň ýanyna eltdirip görüpdir. Derwüşiň gözleri açyk bolsa-da, heýkeliň gözleri ýaly doň gözleri üzümiň suwy ýaly eýjejik gyz-gelinleri görmeýärmiş! Ahyry patyşa öz söwer gyzyny hem derwüşe görkezmäge perman berýär. Patyşanyň gyzy deňsiz-taýsyz perizat eken,hut gözelligiň Hudaýy Lakşmi eken. Melike gyz sallanyp, seýkin basyp, ýaňy dogan Gün ýaly gözlileriň- körleriň gözlerini gapyp barýar jahyl terkidünýä derwü-şiň ýanyna! Derwüş bolsa ygtybarlylyga dikilen heýkel ýaly otyrmyş doňňara daş bolup! Özüniň gözelligiň Hudaýy Lakşmidigine ynanýan owadan gyz näz-kereşme bilen owsunyp, ýaňky derwüşiň daşyndan aýlanyp başlaýar. Haka jany-teni bilen berlen derwüş özüne erk edip daş heýkel bolup otyrmyş, emma onuň iki gözi-de hanasyndan çykyp, Aý bilen Günüň Ýeriň daşyndan aýlanyşy ýaly,gyzy synlap derwüşiň kellesiniň daşyn-dan aýlanyp ýörmüş!.. Meňli gyz bolsa daşdan heýkele-de jan berip biljek perizat ahyry! Magtymgulynyň ruhy Ylahy ýola, göwresi Meňli gyza barýar! Magtymgulynyň ýüregem, beýnisem, ruham, göwnem, göwresem Ylahy ýola barýar, emma ýol-ýodalaryň ählisi Meňli gyza tarap barýar! | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |