01:45 Yşk mekany ataş, ataş mekany arş - 17/ romanyñ soñy | |
Magtymgulynyň ykbaly ony uly ýoluň aýyrdyna getirdi, ýel hut şu ýerde ululy-kiçili, manyly-manysyz, syrly-syrsyz birnäçe ýoda-ýola bölünýärdi. Ol ýol saýlamalydy, bütin ömrüniň ykbalyny ýaş başyna—ýaňy on sekiz ýaşyna giren gökbeýni, gursagy şemally ýigdekçe çagynda çözmelidi...
Taryhy proza
Döwletmämmet aga bu söhbetdeşlige birnäçe gün gijesi ýatman, gündizi başga zadyň pikirini etmän taýynlanypdy, çünki Magtymguly ýaş oglan, ol ýalňyşyp biler, emma kethudanyň ýalňyşmaga haky ýokdy. Aslynda dana kethuda inileri bilen dost bolşy ýaly ogullary bilen hem dost boljak bolup ýaşaýardy, olary şol ruhda terbiýeleýärdi, her hal ogullary bilen aralykda atalyk hormaty bilen ogullyk borjy daglar ýaly keserip ýatyrdy. Magtymguly dädesiniň alnynda gollaryny gowşuryp, başyny aşak salyp otyr. Ol ýüzünde dädesiniň talapkär hem synçy nazaryny duýýar. Perwerdigär özüniň söýen, arzylan perzentlerini ýaş başyndan müň bir synagdan geçirip, otdan alyp, suwa oklaýar, suwdan alyp oda taşlaýar, depesinden müň bir külpeti inderip, ajal bilen garpyşdyryp, ýewuz söýgä uçradyp, hijranu-pyrkata sataşdyryp, gazaply tälim-terbie bilen kemala getirýär, kämillige ýetirýär,beýiklige göterýär. Adam ogly bolsa perzentlerini söýüp-sylap, ezizläp, läliksiredip ýagyşdan-elden, işden-pişeden gorap,ýaz ýaly ýyladyşhanalarda syrtyny gundagdan çykarman ýaşadyp, ahyry hem sandan çykarýar. Döwletmämmet Azady: --Magtymguly, oglum, sen ýaş, emma Perwerdigär seniň alnyňda örän ullakan borç goýdy, sen uly ýela düşmeli, sen oňa taýýarmy? -diýdi. Ol baş atdy. --Oglum, bu owadan ýalançy dünýäden diňe ölüp gidilýär, özem näçe ýaşa-saň-da, nähili belent derejelere galsaň-da barybir armanly ölüp gidilýär! Sen mundan dirikäň gitmäge taýýarmyň? --Taýýar, däde. --Magtymguly, oglum,oýlan, men bu ýeldan telim ýyl ýöräp gördüm: pikir kyl, sen bu ýela düşseň, özüňde özüňi öldürip, başga bir Magtym-gulyny dünýä bermelisiň!.. Magtymguly bilýän diýdi. --Magtymguly, oglum, sen ir kemala geldiň, ir kämil çykdyň, ir ýetişdiň, ynha bizem senden ir jyda düşýäris. Şonuň üçribem meniň saňa birnije pendi-nesihatym bar: oglum, birinjiden mydama päk bol, päkize bol, kalbyňy, ýüregiňi, seriňi, arzuw-hyýallaryňy, niýetiňi-pyglyňy päk sakla! Haramdan doýup, döwran süreniňden, päk halda aç öleniň ýagşydyr! Perişdeler päkize ýerde gezýändirler, rysgal-döwlet päkize saçaga gonýandyr. Beýik Biribaryň dergähine päk iman bilen barylýandyr. Ikinjiden, mähir-mylakatly bol, sen ene-ataňyň mähir-muhabbetinden, Allanyň yşkyndan-rahmetinden kemala gelensiň. Mydama bugdaý çöregiň bolmasa-da, bugdaý sözüň, bugdaý mähriň bolsun. Altynyň-kümüşiň, baýlygyň-bagtyň bolmasa-da, mähriň-mylakatyň, muhapbetiň bolsun! Sen ene-ataňyň ak arlygyna, ak arzuw-hyýallaryna dolanyp ak ýela salynansyň, saňa eneň ak süýdüni,ataň gözleriniň ak ýagyny iýdirendir.Bu bir çaýkanyp ýatan durmuşdyr, bardy-geldi,maňlaýyň gara bolaýanda-da, göwnüň,päliň-pyglyň ak bolsun, diňe şonda ýeluň ak bolar! Üçünjiden, beýik bol oglum, sen beýik Allatagalanyň beýik dünýäsinde ýaşaýansyň! Durmuş seniň alnyňa şaýylyk atyp görer, pul atyp görer,genji-hazyna atyp görer,aljak bolup egildigiňem boýnuňa owsar, arkaňa eýer salar! Seniň belent maksatlaryň bar, sen dünýäniň pulundan-malyndan, hany-manyndan beýik bol, diňe beýik başa beýik pikirler gelýändir! Dünýäni söý,söýgä mynasyp adamlary söý. Özüňi söý, emma özüňe aşyk bolaýma! Özüňi gowy gör,emma özüňe duşmanyňa daran ýaly dara! Oglum, bu dünýäde her kim baý boljakdyr,beg boljakdyr, şa boljakdyr, soltan boljakdyr, beýik şahyr boljakdyr, keramatly aryf, gudratly pir boljakdyr, emma “Hudaýym, meni gowy adam edewer!” diýip gije-gündiz doga-dileg edip,Alla ýalbaryp ýatan adam ýekdur! Magtymguly, sen gowy Adam bol, seniň kim bolma-lydygyňy beýik Biribar çözer! Magtymgulynyň jiger-bagry çar para bolup,başynda akly çaşyp barýardy.Ol Meňli gyza seni terk edip gitmen diýip äht etdi,ynha,indem perişde ýaly pederine söz berip otyr! Eýse,ol Meňlisini taşlap gidip biljekmi? Biljek däl,öler-ýiter, emma Meňlisini terk edip bilmez! Eýse ol ýagşyzada ýaly dädesiniň ynamyny syndyryp,”Ek,däde,men Meňlimden aýrylyp ýaşap bilmen” diýip bilermi? Bilmez! Duran ýerinde jan berer,emma dädesine hiç haçan ýek diýmez! Eýse, Magtymguly iki gepli-dä? Eýse bir Magtymgulynyň iki sözi,iki lebzi,iki ähti bar-da? Ýek, öler, ýiter,emma Magtymgulydan ikilik çykmaz! Magtymgulynyň daşynyň bir bolşy ýaly, içem hemişe bir bolar!..Ol Selim dädesiniň hiç bolman bir ýyl, hiç bolman alty aý puryja aljagyna gaty ynanýardy... --Oglum,bu uly dünýäde uly bolmalysyň,ulug kişi bolmasaň bu uly dünýä kalbyňa ýerleşmez! Ulug kişi bolmasaň tükeniksiz ýurtlar,san-sajaksyz iller gursagyňa ýerleşmez! Cen keramatly pirleriň-ärleriň, akyldarlaryň-şahyrlaryň eserlerini okadyň, öwrendiň, olaryň ýeluny mynasyp dowam etmek saňa miýesser etsin! Mundan buýana sen diňe Ulug Allatagala tarap gidersiň, sen Ulug Allaga-da mynasyp uly ogul bolmalysyň! Sen şu agyr hem soňsuz ýela gitmäge taýýarmyň Magtymguly?—diýip, Döwletmämmet aga ogluna bakdy. --Däde, arşda Hudaýym şeýle pikire gelen bolsa, men zeminde onuň emrine taýýar, sebäbi OL meni menden gowy tanaýar, OL meni menden gowy görýär, OL maňa menden gowy ynanýar, OL maňa menden gowy düşünýär. Allam meni söýüpdir,men hem Allamy söýýärin, OL asmandaky atamyz, zeminde sen oňlasaň, men gitmäge taýýar däde! Döwletmämmet aga Magtymgulynyň pähimli gözlerinde gaýduwsyz hyjuwy, alawly hyrujy, synmaz polat erki gördi. Ol oglundanam, özün-denem, Allasyndanam hoş boldy. Emma geçmişe-geljege,arşa-perşe nazaryny ýetirip duran Döwletmämmet aga Magtymgulynyň jiger-bagrynyň çeşme-çaý kibi gyrmyzy ganyny akdyrýanyny hem görýärdi. * * * Selim zergär bilen Kynyş beg Mirhaýdar aga aýtmaly sözlerini sözlemme-sözlem ýat tutdurdylar, birden ýadyňdan çykaýsa, kagyza seredäý diýip el ýaly kagyza ýazybam berdiler. Pakyryň huşynyň ugry gaçypdy. --Mir däde, il saňa apy-tupanyň hökümdary Mirhaýdar pir diýip ýör! Senem Aznawur hany başa-baş söweşde öldürip, Adyl hanyň syrtyndan tasma aldym, Magtymguly ýenaçynam göreşde ýykýadym diýip paraňlap ýörsüň! Şu gün öl-ýit, Magtymgulyny Bagdatdan alyp gal, hiç bolman, alty aý! Hudaýym garaşar, onuň wagty köp, Meňlini garaşdyrmazlar!—diýip, bek sargady. Arazgül eje dagy Mirhaýdar agany öňe salyp, Döwletmämmet pire ýalbardylar: --Kethuda, Magtymgulyny hiç bolman bir ýyl alyp gal, öýlendireli-illendireli. Hezreti pir garaşyp biler, Meňlini garaşdyrmazlar. Selim zergär: --Agam, bizi biz diýseň, Magtymgulyny derhal öýerýäris! Senem hezreti pirden hiç bolman alty aý puryja alýarsyň! --Hiç bolman üç aý!—Arazgül eje didelerini ýaşlady. --Hiç bolman ikije aý!—Kynyş beg özelendi. Döwletmämmet aga aýalyny, inilerini mähir bilen synlap, nurana ýylgyrdy. Ýeri, kethuda hezreti piri Seýit Syrajeddin Arşaýynyň aýdan sözlerini öz ezizlerine nädip aýdyp bilsin? Hezreti pir oňa Magtymgulynyň on sekiz ýaşy dolýança öýeräýme diýip zynharlap –zynharlap aýtdy ahyry! Arazgül eje-de, Nurjahan ene-de, Ogulşeker-de, Nurjemal-da aglady. Kethuda: --Käbäm ejem, Arazgül, gelinlerim, inilerim, men sizi özümden ýüz esse gowy görýändirin! Men Magtymgulyny özümden ýüz müň esse gowy görýän-dirin! Wah, siz meniň bilýän zatlarymy bir bilsediňiz, wah, siz meniň görýän,göz ýetirýän zatlarymy bir görsediňiz, beýdip menem, özüňizem horlap ýörmezdiňiz! Sebäbi häzir Magtymguly üçinem, biziň üçinem onuň derhal hezreti pir bilen gitmegi möhüm, örän möhüm, örän wajyp, dogrusy ýalňyz çykalga! Menem Magtymguly bilen Meňliniň wysala ýetmegini baý-baý isleýän-ä! Häzir oglumy öýerip bilmeýänimiň sebäbini men size aýdyp bilmeýän. Siz maňa düşüniň-de özüňizem, menem horlap ýörmäň—diýdi. * * * Magtymguly ýaşan ýaşyna, geçen durmuş ýeluna nazar aýlady: kyýamat gopmazyndan ozal Nuh pygamberiň janly-jandarlaryň, derrendeleriň, perrendeleriň her görnüşinden bir jübtüni gämisine basyşy ýaly, ol dünýäniň aklyňy çaşyryjy gözelliklerini, ýüregiňi heserledip, hüýlen-dirip barýan näzijekden owsunjy duýgularyny kalbynda—Nuh gämisinde jemläpdi: onuň şahyr kalbynda al-ýaşyl maýsaly ala meýdanlar ýazyň heserli ýellerine owsun atyp ýatyr. Onuň gursagynda gökler gümmürdäp, ýyldyrymlar çakyp, çasly çagbalar ýagýar, ýüreginde Hazar ummanynyň apy-tupany turup,erleri-gökleri elendirýär, kalbynda patrak ýaly ak garlar ülje güllerine, gyzyl-gök, melewşe ýyldyzlara öwrülip ýagýar, kalbyndan agdarlyp-düňderilip tereň Gürgen derýasy akyp gelýär… Magtymguly balary ýaly dünýäniň gözelliklerini - balyny kalbyna jemläp, Karuna dönüp dünýäniň altyn-göwherinden, dür-merjeninden, lagyl-zümerretinden müň esse gymmat pähim-parasadyny,akyl-paýhasyny, rowaýatla-ryny, tymsallaryny, hekaýatlaryny, nakyllaryny, ylym-bilimini özünde jemläpdi. Magtymgulynyň kalby göçgünli şahyr fantaziýasynyň döreden owadan dünýäsidi. Ol dünýäniň Güni Yşkdy, gijesi pynhan syrly näzenin Meňli gyzdy, gündizi Magtymgulydy! Emma ol dünýäniň müride, mürşide, ylahy ýela gitmeli Magtymgula geregi ýekdy. Magtymguly nädip şol dünýäsini ýykyp-ýumuryp, lagyldan-göwherden doly genji-hazynasyny ýele sowrup, gözel hem näzik duýgulardan dolduran Nuh gämisini öz eli bilen gark edip biler?! Nädip ol Meňli gyzyň yşkyny öldürip, Meňli gyza kast edip biler? Ol Meňli gyza-da äht etdi, dädesine-de äht etdi.Heý ömründe ikilik edip görmedik Magtymgulydan indi ikilik çykmalymydyr?! Ol indi pygamberkybap dädesini ynjydarmy ýa Meňlisini?! Ol indi Allanyň yşkyna sary gidermi ýa Meňli gyzyň yşkyna sary?!. Magtymgulynyň göwnüne bolmasa keramatly pirler,gudratly aryflar oňa Geçmişden seredip, ahmyr bilen başyny ýaýkaýan ýalydy, göwnüne bolmasa,gaýypdan erenler, ýagşyzadalar hyrçyny dişläp, oňa kine bilen seredýän ýalydy, göwnüne bolmasa, asmanyň bir ýerlerinden özüne nazar salyp duran beýik Biribar Magtymgulydan göwni geçip goluny silkip barýan ýalydy.Ony gara der basdy… * * * Magtymguly dünýä sygman Garajaryň ýakasyna,ýabany ýerlere aýlanyp alaç agtarýardy, agyr oýlara, soňsuz pikirlere gark bolup, dünýä bilen, gelejegi bilen gürleşip barýardy: --Magtymguly,sen arşdan inen ýyldyrymsyň!Sen bir gyzyň yşky bilen ýanyp kül bolup gitmeli ýigit dälsiň! --Magtymguly,sen gara daglaryň gursagyny ýaryp çykan çasly çaýsyň! Bir gyza güzer bolup geçerden,seniň maksatlaryň beýikdir! --Magtymguly,aýdaly,sen keramatlam,gudratlam,Haali Zaman pirem bolan ekeniň-dä! Saparmyrat ýaly dälini sensizem açyp bilerler, sen gitseň Meňlijan dälirär… Meňlijan öler… Ol guşluga golaý şitir-pitir ýagýan ýagşyň güýçlenýäninem duýma-ýardy. Gara daglarda bolsa gijäniň ýaryndan bäri apy-tupan turup, ýyldyrymlar asmany çat açdyryp, ýerleri-gökleri lerzana salyp,çagba ýagýardy,has dogrusy, gara bulut jala bolup daglara çökäýipdi.Şol lemmer-lemmer şar gara bulutlar kem-kemden Garajaryň depesinem alyp,ýagyş gitdigiçe güýjäp, çasly çagba aýlandy.Magtymguly süllümbaý bolup oturşyna dünýä syn edýärdi: dünýä nowbahar şahyr oglunyň agysyny aglaşýardy. Magtymguly dünýäde ynsapdan uly,wyjdandan dürs tereziniň ýekdugyny bilýärdi. Ol düşen çykgynsyz ýagdaýyny ynsap,wyjdan terezi-sine saldy: --Men Meňlini hijranda goýup gitsem,olam ençe ýylyň hijranyna çydaman, yşkdan ýaňa däliräýse, ençe ýylyň aýralygyna-pyrkatyna çyda-man, birden-ikä öläýse, ynsabymyň öňünde, yşkyň öňünde men günäkär borun, Meňli bolsa öler gider! Ylahy yşka sary gitmesem bolsa,Taňry maňa gahar edip,näme jezasy bolsa, diňe maňa berer!..Diňe meni ýazgarar! Diňe maňa gargar! Men Allamyň beren jezasyny çekmäge kaýyl! Diýmek, men Meňlini terk etmeli däl-- diýip,ahyry aýgytly hem ynsanperwer netijä geldi. Agaçdan agaja bukulyp Magtymgulyny daşyndan garawullap ýören Janaman bilen Çaňly şalpy-şaraň ezilip üşäp ugrady. Olar Garajaryň haýsydyr bir gowagyna özlerini ataýmasa ýa bir buljum,ykyş ýerde ot ýakaýmasa çapgyn çagbada hä diýmän buýjakdygyna göz ýetirdiler, emma belli karara gelip bilmän kösendiler: olar nädip Magtymgulyny taşlap gaýdyp bilsin, nädip Magtymgula «ýör, ezildik, biz üşeýäs» diýip aýdyp bilsin, aslynda olar nädip Magtymgula görünip bilsin?! Garajardan bolsa guduzlaýan däli siliň güwwüldisi gulagyňy kamata getirýärdi. Çagba gitdigiçe şeýle bir güýjedi,ylla kündügiň jüründiginden guýulýan ýalydy, hatda ýagşa dyrmaşyp asmana çykybam boljakdy. Hol etekdäki takyrlar böreň-böreň suwdy, şalpy-şaraň Magtymguly agyr oý-pikirlerine gark bolup Garajaryň ýakasyna bardy. Ol haýran galdy. Gör-le,onuň alnyndan çagba ezilip, Meňli gyz ýylgyryp gelýär… - Meňli, sen ýagyşa ezileniňde leýlisaçyň teli ýaly,çigillem güli ýaly has-da owadan bolýaň! Meňli pyýala ýaly humarala ala gözlerini güldürdi. Magtymguly aklynyň üýtgäp ýörenine kemsiz ynandy.Bu hyýal däl,düýş däl! Meňli gyz hakykatdanda ýagşa ezilip alkymynda dur. Ol Meňliniň çasly çagba ýuwulan ýylgyrşyny, damjalary taýdyryp duran hurmaýy ter ýaňaklaryny teşnelik bilen synlady. Meňli ýagşa ezilen leýlisaç tal ýaly eýjejikdi, duýgudardy. Onuň terezilenip duran eginleri,bir garyş guw boýny,gara şamarlary,ogryn-ogryn bakýan humarala gözleri aşygyň janyny alyp barýardy. Magtymgulynyň göwnüne Meňliniň üstünden çagba däl-de göwher, dür-merjen ýagýardy. Ol özi bilmezden aşak garady, meýdanly gursakda howsala-howp bolup dim-dik duran gyz göwüslerini görüp başy aýlanyp tas özünden gidipdi, gyz maşgala ýagşa ezileninde şeýle anjaýyn bolýar-da! Çasly çagba bolsa häzir Meňlini geýim-gejimli halda «ýalaňaçlapdy». Ýukajyk ibrişim ýüpek köýnek gyzyň serwi boýuna, endamjanyna ýelmeşip, Meňliniň beýgi beýik, pesi pes, aýlawy aýlaw synalary Magtymgulynyň huşy beýlede dursun, özünem asmana uçurdy. Magtymguly uýalyp, gabagyny galdyryp, Meňliniň gyýma gaşlaryny, göwher hünjiler asylan syh-syh kirpiklerini, owadan läle-läle gyrmyzy leblerini synlady. Meňli «Mag-tym-gu-ly» diýip süýkdirip, şahyra jilwe taşlap gyýa garady. Şol pursat ol Meňliniň jadyly nazaryndaky ýyldyryma sezewar bolup,ene akly başyndan uçdy. Heý, Magtymguly Meňlijandan aýrylarmy? Ol-a pirlikmiş, Bagdatda jümle-jahanyň eýesi-- pygamberi bolýaň,Hudaý bolýaň diýleninde Magtymguly Meňlisini terk edermi?! Ýok, olary hatda şum ajalam aýra salyp bilmez! Ikisi ölse-de bile-je öler, ýaşasa-da bileje ýaşar! --Meňlim,men seni terk edip gidip bilmen! --Ynanýan,Magtymjan. --Heý, men nädip hezreti pirime ýek diýip bilerin? Meňlim, Meňlim men gideýin. --Gidäý,Magtymjan!... --Meňlim,men seni terk edip gitsem… Ýek,ek,men gitmen! --Magtymjan,men seniň haýsy sözüňe ynanmaly? --Meňlim! Meňlim! Häzir meniň diýýän sözlümiň hijisine-de ynanma! Meniň aklym gelip-gitme boldy! Men jynlyrap barýan, Meňlim! Magtymguly suw-sil bolup ýatan baýyrlykda at toýnaklarynyň şapyr-dysyny eşidip, ýeňsesine gaňryldy. Atyny ýergasyna goýberip süllümbaý ezilip gelýän Gaýyp bagşyny görüp, geň galdy. Olar salam-helik edip,hal-ahwal soraşdy. Gaýyp bagşy goltuk jübüsinden elýaglyga dolanan haty dostuna uzatdy. Magtymguly howsala düşdi: --Gaýypjan, eýgilikmi?—diýdi. --Men Enwerhoja, magşugyň jigime şu haty beripdir,örän gyssagly diýip. Menem çagbanyň astynda atymy gara der edip örän gyssagly geldim!—diýip, Gaýyp bagşy ýylgyrdy. Magtymguly Meňliniň bukja ýasaýşyna beletdi, ol çasly çagba arkasyny öwürip,haty ýagyşdan penalap, eda bilen ýelimlenen ýerini açyp,hata göz gezdirdi. Soňam mähirli ýylgyryp: --Saňa bir päkize ahal atyny alyp bermesem boljak däl, sen örän gyssagly haty gyssagly getirip bilmänsiň—diýdi.Olar ýylgyryp hoşlaşdy. Gaýyp bagşy oba dolandy, Magtymguly haty öwran-öwran okady.Hatyň manysy şeýledi: “Magtymguly, ezizim, men seniň meni ýalňyz galdyryp, Bagdada gitme-jek bolup,gaty örtenýändigiňi bilýän! Emma hökman git, men saňa gara-şaryn.Ikimizi hut beýik Biribar duşurdy, beýik Biribar bizi aglatmak üçin,aýra salmak üçin duşuran däldir! Men saňa garaşaryn,ölýänçäm garaşmalam bolsa, garaşaryn! Eger meni söýýän bolsaň git,eger ikimiziň irde-giçde maksadymyza ýetmegimizi isleýän bolsaň hökman git! Eger maňa dözmezçilik edip hezreti pir bilen gitmeseň, Hudaýa ynanan ýaly ynanaý, men ýa senden geçerin, ýa özümden geçerin!.. ” Meňli şeýle kesgin,ynamdar, ygtybar sözler bilen üç sahypa ýalbarypdyr,bakyl beripdir, garaşjagyny ynandyrypdyr. Magtymguly köp oýlandy, ölçerdi-dökdi, Meňliniň çakdan aşa akyllylygyna buýsandy. Ol şaglap ýagýan jalanyň astynda öl-myjjyk ezilip,ahyry belli-külli karara geldi: --Gitmeli, mürid bolmaly! Gitmeli! Ylahy yşka sary! Eger indi sözüňde durup bilmeseň, Magtymguly,men senden geçerin! Eşidýämiň, Magtymguly, Meňlem senden geçer, menem senden geçerin! Çasly çagba hüýlenip-hüýlenip ýagýardy. Daragtlar uzyn-uzyn golla-ryny göge uzadyp, şaglap gelýän jalany çapak çapyp garşylaýardy. Al-ýaşyl zemine hak aşyk asman hijrandan ýaňa hünübirýan möňňürip aglaýar. Asman aglasa ýer heýjana gelýär.Niräňe baksaň böreň-böleň suw. Daga jala ýagsa düzi sil alar diýleni-dä! Magtymguly ýüzünden ýagyş suwuny syrykdyryp Garajara tarap ýöneldi. Ol serwi agajynyň ýanynda arşyň ýagşyna ýuwunyp, özüne garaşyp, delmirip duran Meňliniň ýanyna baryp, humarala gözlerine seredip köp durdy: --Hatymy okadyňmy, Magtymjan! --Okadym. Meňlijan, ezizim, sen maňa garaş! Sen maňa garaş, Meňli-jan! diýip, ol şalpy-şaraň ezilen hüýr-melegini bagryna basdy, şol pursat onuň gujagynda Meňli däl-de,bir desse ýyldyrym owsunyp görer gözleri gamaşyp,endamjany lowlap gitdi! Magtymgulynyň Meňli diýip gujaklan serwi agajy ýyldyrym uran ýaly birdemde güpläp ot aldy. Magtymguly alawlaýan ataşdan daragty bagryna basyp durdy… Seýrek arçalara dulanyp Magtymgulyny synlap ýören Janaman bilen Çaňlynyň haýýady göçdi. Näme nämeleriň bolup geçeninem duýman aňkaryp durşuna aljyrap, näme ederini bilmän ikisi-de «Magtymguly!» diýip jynssyz gygyryp, oňa garşy ylgady. Magtymguly bolsa lowlap ýanýan daragt bilen ýanyp durdy, ataşu-suzan piňine-de däl. Birsalymdan Magtym-guly düýbi çapylan agaç ýaly Garajaryň raýşyna agdarylyp gitdi. Ony penalap ýören ýigitleriň ikisem ylgaşyp baryp «Magtymguly! Magtym-guly!» diýip bagyryşyp, dem-düýtsiz ýatan Magtymgulyny gujaklap, hamana ony ajala bermejek bolýan ýaly allaniçiksi gygyryşýardy. Çaňly Magtymgulynyň ýeňlerindäki ýalyny öçürip durşuna ýagşa garyşan gözýaş-laryny süpürdi.Janaman: - Çaňly, ylga, gaýraky kälde Kynyş dädem dermanlyk ot ýygyp ýördi, bagtymyza gitmedik bolaýadyr!--diýip, gygyrdy. Çaňly ugranyndan «Ky-nyş aga-how! Kerimberdi aga-how!» diýip gygyryp, barha gaty gygyrýardy, hamana öz sesini ýetjek bolýan ýaly çaksyz gaty ylgaýardy. Janaman gulagyny Magtymgulynyň gursagyna goýup görüp, goşaryndan tutup,damaryny barlap görüp, onuň ölendigini bilip ýüzüni asmana tutup,dady-perýat ses edip orlap başlady, ol hamana sesini Magtymgula eşitdirjek bolýan ýaly barha jynssyz gygyrýardy, bagyrýardy. Alyçsyz Janaman bar-bar bagyryp Alladan delalata garaşýardy.Şol mahal Garajaryň o kenaryna hopul-sopul on-onki ýaşly oglan geldi: --Heý, Magtymgulyny ýyldyrym urdumy? Janaman oňa nazar aýlady, emma ýumruk ýaly oglanjygyň näme diýýä-ninem eşitmedi, golaýynda güwläp ýanýan uly serwi agajynyň özüni hem ýakyp barýanyny aňdy, agajyň Magtymgulynyň üstüne agaýmagyndan heder edip, ilki gollaryndan tutup süýrärmen boldy, emma periş-de ýaly garda-şyny süýremäge dözmän, gujagyna göterip, bir hoplanda dag ýaly pyýadany gerdenine alyp, Garajaryň raýşy bilen ýegdekläp, on-onki ädimlikde howalaly gaba agajyň ykyşyna ugrady. Oglanjyk: --Eý, Magtymguly öldümi?—diýip, ýaňadan gygyrdy. Eý-ho! Pelek tersine çaldymy ýa dürsüne çaldymy, nämälim, agyr ýüküň, agyr kysmatyň astynda ýegdekläp barýan Janamanyň aýagy şykgy palçykda taýyp, Magtymgulynyň agramyna leňňer atyp, gitdi dik ýapgyt raýyşdan aşak! Ýapyşara Hudaýdan gaýry zat ýok, alaçsyz galan Janaman Magtymgulyny berk gujaklady. Ikisi togalanyp ala güwwüldi, gyzyl läbik bolup akyp ýatan Garajaryň holtumyna doldy. Janaman janhowluna maý tapsa, «Çaňly!» diýip çirkin gygyrýardy, emma baýyrlyk bilen Kynyş aganyň adyna zowladyp barýan Çaňly onuň sesini eşitjekmi?! Oglanjyk çagbanyň astynda ilerligine eňdi. Agdarylyp-düňderilip akýan silde Janaman gardaşyny gujagyndan sypdyrman kä çümüp, kä çykyp, hopugyp, bogazyna suw gidip, demigip, sypal ýaly gaýdyrylyp barýardy. Janaman dädesiniň öňünde ýüzügara bolup, neberäniň buýsanjyny, gardaşyny, janajan inisini gorap bilmän, halas edip bilmän ardurja ölmeli bolandygyna göz ýetirip, hasam aljyrady, hasam özüni ýitirdi… Türkmen aga «ot belasyndan, suw belasyndan özüň gorawer» diýip ýönelige Hudaýa ýapyşýan däldir. Däli siliň ýanynda Janaman näme, Magtymguly näme! Hanha Garajaryň içi bilen düe ýaly daşlaram tomala-nyşyp, arly ýyl jaryň hanasyna ýygnanan çöp-çalamlaram düýrülip-bükdürilip gara öý ýaly togalanyşyp barýar. Jala gitdigiçe güýjeýär, sil gitdigiçe böjeýär. Hanha, iki gardaş gaýdyrylyp barýar, öňde bolsa iki mähnet gara daş sil suwuna bent bolup ýatyrdy, Janamanyň ýalaňaç kellesi mähnet daşa uruldy, Magtymgulynyň omzy. Ýoňsuz zarbadan Janaman seňseläp, özünden gitdi,onuň mejalsyz, erksiz göwresi iki daşa tegek boldy, wagşyýana akym Magtymgulynyň göwresini onuň golundan sypdyryp, daşyň gaýrasyndan suwlundyryp aldy gitdi. Gitdi neresse sil suwy bilen kä çümüp, kä çykyp aýylgynç kysmata sary… Olaryň bagtyna Kynyş aga bir zamandan galan köne çopan kümesiniň agzynda ot ýakynyp, heýjana gelip ýagýan barany synlap, lezzet alyp oturan eken. Şum habary eşidip, Kynyş aganyň imany öçüp, haýýady göterilip, gyýalap eňdi Garajara! Olar jaryň ýakasy bilen ylgaşyp barşyna iki daşyň arasyna tegek bolan Janamany gördüler. Kynyş aga öz guşagy bilen Çaňlynyň guşagyny berk daňyp, guşagyň bir ujuny eline alyp, mähnet daşyň ýokary ýanyndan suwa girdi. Sil Kynyş aganam güýçli akymyna saldy. Ol mähnet daşa urlan badyna, guşagyň ujuny Janamanyň guşagyna daňyp «çek» diýip kenardaky Çaňla gygyrdy. Çaňly omzap dartyp, Janamany kenara getirdi, ýöne wagşyýana sil Kynyş agany holtumyna dolap aldy gitdi…Üşükli, akylly adam siliň goýnunda-da üşükli bolýar! Kynyş aga bolmajysy bolup akyp ýatan sile garşylyk görkezmän, gaýta onuň akymyna goşuldy: sil çümdürse çümýär, çykarsa çykýar, mähnet daşlara urulaýmaly bolanynda gollaryny, egnini pena edinip, akyp bar-şyna gözi töwereginde: aldygyna «Magtymguly!» diýip gygyrýar.Çaňly Janamany süýräp ilki kenara, soňam ölümiň öýünde taýgançak raýşa çykardy. Bir dem özüni dürsäp, ýaňadan onuň ähli synalary şalkyldap ýatan göwresini başşak silkip başlady. Onuň agzyndan gyzyl läbik suw dökül-ýärdi. Ol Janamanam ölendir öýdüp, onuň adyny tutup eýmenç-eýmenç gygyryp, silkeleýärdi. Birden ysgyny gaçan Çaňly Janamany başşak silkip durşuna elinden gaçyrdy. Şolam taň bolaýdy, Janaman agyr urga özüne geldi, Çaňly dostunyň janyny arama getirip, eňdi raýyş bilen Garajaryň ugruny syryp… Jala bolsa bolmajysy bolup ýagýardy. Çaňly kimdir biri eşidip kömege geler öýdüp, ylgap barşyna jynssyz-jynssyz gygyrýardy. Onuň söwer dosty akyp barýar! Ol Magtymgulyny şum ajalyň penjesine berip , iliň gözüne nädip görnüp biler, nädip ýaşap biler?! Çagba çynyny edip başlanmanka sürüsini garaýataga alyp gelýän orta ýaşly çopan bilen çoluk beýikli-pesli baýyrlyklarda hopul-sopul oglan-jyga duşdy, soňra Çaňlynyň mojuk owazyny eşidip, olar ses gelýän tarapa ylgadylar… * * * Öýlänara Nurjahan ene, Arazgül eje, Nurjemal,Ogulşeker dagy jaýyň eýwanynda çaýlap, şowhunly çagbany synlap, ondan-mundan gürrüň edip otyrdy. Zübeýda bolsa düşegiň çetinde gaýma gaýap agalary Muhammetsapa bilen Magtymgula toý tahýasyny tikýärdi. Ir bilen çagbalap başlan ýagyş keýp edip ýagýardy. Hamana asman ýyrtylan ýaly, şady-horram jala şowhun bilen dünýäniň depesinden eňterilýärdi.Howasam maýyldy. Ýaşyl ýazlaryň düýşi ýaly owadan jala janlary heýjana salýardy… Şol mahal atyny ýüzin saldyryp,süllümbaý bolup howla Çaňly däl-de, aýylganç şum habar girdi! Magtymgulynyň jan ýaly dosty Çaňly heý elhenç habary aýdyp biljekmi? Ol ruhy ölen,perzi üýtgän ýüzüni egşidip dommarlyp durşuna,ýuwdunyp-ýuwdunyp ýeke sözem aýdyp bilmän «Magtym-guly!» diýip aglap goýberdi! Çaňlynyň pajygaly ýüzündäki-gözündäki aýylganç habary gören Arazgül ejäniň haýýady göterilip,Çaňly »Magtym-guly!» diýeninden oturan ýerinden şalkyldap gaýtdy, hatda aýallaram saklap ýetişmedi. Döwletmämmet pir görgüli lapma ýere çöküp, gözlerini göge dikip, nädip partlajagyny bilmän, doňup galan perýada, pajyga öwrüldi! Köpi gören Selim Magtymguly bar-bar bagyrýan Çaňla nähili mojugam bolsa şum habary aýtdyrdy. Kethuda pikirlenibem bilmän,diňe içinden «Haý,pirimiň aýdany rast bolup çykd-ow, wadaryg!» diýip,hezreti Seýit Syrajeddin piri bilen hoşlaşyk pursadyny ýatlady. Ençe fersah daşdaky Garajarda gark bolan Magtymgula etjek delalatynyň ýekdugyny bilibem, bende jansyz göwresini zordan öz jaýyna atdy, hakydasynda bolsa piriniň aýdan sözleri, Magtymgula ýazylan ajal permany bolup ýaňlandy durdy, ýaňlandy durdy. Döwletmämmet aga kyblagöý oturyp, gözlerinden ajy ýaşyny,jigerinden gyrmyzy ganyny akdyryp, mynajata başlady… Birhaýukdan hezreti Haali Zaman Kaýseri piriniň sözleri ýadyna düşdi: »Magtymguly,taýynlanyber, on-onbäş günden men gaýdyp gelerin, ikimiz Bagdada gideris,sen müridim bolarsyň,men mürşidiň». Döwletmämmet aga gark bolan ummanynda ýapyşmaga sypal tapyldy. Hezreti Haali Zaman pir Allanyň azyzy bolup,Hajygowşanda Magtym-gulynyň Hakyň hikmetine uçranyny Bagdatda oturan ýerinde aýan bilip, Magtymgulynyň on-onki günden gark boljagyny bilmezmidi!--diýip derdine basalyk berip, zenanlaryň jaýyna baryp özlerini öldüräýjek bolup,yzan-da-çuwan aglaşýan,bozlaşýan ejesine, naçarlaryna göwünlik, teselli berdi: --Hany ahy-nalaňyzy, dady-perýadyňyzy goýuň! Bagdatda Magtymgulynyň Hajygowşanda Hakyň hikmetine uçranyny bilip, paýu-pyýada gelen hezreti Haali Zaman pirim Magtymgulynyň gark boljagyny bilmezmi?! Toba ediň! Gümürtik habara bagryňyzy paralap, şirin janyňyza kast edip oturmaň! Allatagala sygynyň!—diýip, gaty ynamdar gürledi. Egsikler birneme köşeşdi,sebäbi olar Döwletmämmet kethuda Hudaýa ynanan ýaly ynanýardylar. Bu mahal oba tebibi görgi baryny görüp Arazgül ejäni zordan özüne getirdi,naçar ene dälirän ýaly «Wah,pirlige dözmedik şasuwar balamy özüm şum ajala aldyrdym!» »Waý,ýagşyzadalyga dözmedik serdar oglumy öz elim bilen ölüme berdim!», »Waý,Hudaýyma dözmedik hanzada balamy Garajara gark eýledim-ow!»diýip bagryny paralap, saçla-ryny ýelmalap, dälirän ýaly samraýardy.Garakly bolup bendäni görer ýaly däldi, ýürekli bolup ene perýadyna çydar ýaly däldi. Görgüli samrap-samrap ýene özünden gitdi… Şum habar gara ýel bolup syrgynma-syrgyn, köçeme-köçe, öýme-öý aýlandy. Jaýynyň eýwanynda Magtymgulynyň «Näler görner» aýdymyny aýdyp, Gaýyp bagşa sapak berip oturan Gara bagşy şum habary eşidip, aýdymy bilen doňup galdy. Köçe bilen tüweleýläp,şalpy-şaraň bolup gelen Heýjan heýwere Ogulgerek ejäniň gapysyny açyp: --Magtymguly ölüpdir! -- diýdi. Depesaçy üýşüp giden Ogulgerek eje: -- O nähili Magtymguly ölýämiş? -- diýip, sorady.Jigisi Göwher bilen haly dokap oturan Meňli nädip syçyrap ýerinden galanynam bilmedi, birdenem özüniň çaşyp barýanyny duýdy, özüne erk etjek boldy, emma bolmady, biçäräniň ýa essi aýylyp özünden gitdi,ýa öldi… Heýjan heýwere şum ýüzüni hasam egşidip: --Näme, Magtymgula ölmek bolmaýamyşmy?.. Näme Magtymguly Humaý guşuň agzyndan gaçanmyşmy?.. Garajarda gark bolup ölüpdir!..Gijesi-gündizi meýdanda ýabany entäp ýörşüne ahyry şum ajala sataşypdyr! -- diýip, gapyny ýapmanam unudyp, gitdi çagbanyň asty bilen!.. Halk şeýle pursatda özüniň beýikdigini görkezýär! Hajygowşanyň ýerden ýöräni Garajara tarap sozanguýruk bolaýdy asyl. Düýeli düýesini, atly atyny, eşekli eşegini pyýada bilen artlaşyp, Garajara çapdyryp barýar…Şum habar ullakan obany lerzana getirdi, çasly çagba asmany-zemini heýjana getirdi. Magtymguly Garajarda suwa gark bolupdyr diýen habary eşiden badyna Nurjahan ene-de, Mirhaýdar aga-da,Ogulgerek eje-de, Selim Magtymguly-da, hajygowşanlylar-da kethudanyň ýekeje günde saç-sakgalynyň agarmasynyň sebäbine göz ýetiripdiler… Garajara gitmäge ragwaty ýek garry-gurtularam: --Döwletmämmet weli-dä, Allanyň azyzy-da! Magtymgulynyň gark bolup öljegini ýyl ýarym ýyl öňünden bilipdir! Ýyl ýarymlap şasuwar oglunyň gara kysmatyndan ýaňa özi ölüp ýörüpdir!-diýişýärdiler… Garajar obadan birnäçe menzil daşlykdan geçip gidýärdi. Atlylar atyny gara der derledip, haslaşyp baranynda jaryň ýakasynda Janaman, Kynyş aga, çopan-çoluk ylgaşyp Magtymgulyny agtarýardy. Garajar bolsa bu mahal tereň derýa öwrülip, wagşyýana güwläp, çille mes iner ýaly kükräp akyp ýatyrdy… Müňlerçe adam eli syrykly, aranly garaňky düşýänçä Magtymgulyny gözledi. Bolsa-da çagba goýup sil derýasam azajyk köşeşip ugrady. Obadan getirilen müňlerçe maşala ot berip, ony uzak gije agtardylar. Gije ýarymdan agansoň, güýçli, daýaw-daýaw ýigitler suwy mazaly çekilen Garajaryň içine girip gözleýärdiler. Jaryň başyndan aýagyna çenli bir parça asman gaçan ýaly müňlerçe maşallar zemin ýyldyzlary bolup ýanýardy…Hajygowşanlylar indi ýigidiň diri tapylmajagyny bilýärdiler, ýöne ýagşyzadakybap Magtymgulynyň ölüp gidiberjegine hem ynanyp bilmeýärdiler, şonuň üçinem gaty yhlas bilen agtarýardylar. Kynyş aga bolsa gözlerinden ajy ýaşlaryny saçalap «Görersiňiz, Magtymguly dirigaýyp bolandyr!» diýip özüne-de, özgelere-de basalyk berýärdi. Garajara gelen kethuda bolsa doga okap Biribara ýalbarýardy, aşakda Haali Zaman Kaýseri pire ynanýardy. Geçmişi-geljegi görüp oturan beýik pir «Magtymguly, şaýyňy tutuber, on-onbäş günden men gaýdyp gelerin, ikimiz Bagdada gideris» diýdi ahyry-- diýip,şol bir jümleleri gaýtalap, göwresini terk edip barýan janyny saklaýardy. Gije ýaşulylar Janamany, Çaňlyny, Kynyş agany, hopul-sopul oglany jemläp, bolan wakany jikme-jik soradylar. Çaňly Magtymguly serwi agajynyň ýanyna baranda, agajyň öz-özünden güpläp ýanandygyny aýtsa, Janaman agaç bilen Magtymgulyny ýyldyrym urdy diýdi.Hopul-somul oglanam Janamanyň aýdanyny tassyklady. Ýöne Kynyş aga, çopan bilen çoluk bu töwereklerde gögüňem gübürdemändigini, ýyldyrymyňam çakmandygyny tekrarlady. Ýaşulylar näme diýjegini bilmediler… Säher-säher gözlegçiler Garajaryň ýakasynda topbak-topbak bolup namaza durdular. Namaz okamaýanlar bolsa jaryň aşak akymyna gidip Magtymgulyny agtarýardy. Yzky hatarda bir gysym pajyga bolup namaz okap oturan Kynyş aga sag egnine bakyp «aleýkum werahmatullahi» diýip doňup galdy, ol gözlerini sansyz sapar gyrpykladyp, höwlenen gözlerini açyp-ýumup,birdenem «Magtym-guly!» diýip jynssyz gygyrdy. Ymam bolup namaz okaýan Döwletmämmet aga Kynyş begiň däliränine ynanyp, dünýäsi goduklady. Kynyş beg ýaňadan «Magtymguly!» diýip inisini gujaklap dady-perýat edip, uly ili bilen bagyryp aglady. Yzky hataryň, öňýandaky hataryň namazhonlary Magtymgulyny görüp, namazyny bozanlarynam bilmän galdy. Birnäçe jahyl ony görjek bolup, gujaklap görjek bolup, onuň üsti alamünder bolaýdy. Uly şatlyk, uly şowhun gursaklara sygman, asmanyň astyna sygman märekäni heýjana saldy. Duýdansyz ýagy çozanynda hem namazyny bozmaýan türkmen «Magtymguly!» diýip, gygyryşyp, bagy-ryşyp, kimseler telpegini göge zyňsa, kimseler biri-birini gujak-laýardy. Ymam Döwletmämmet aga bilen öňdäki hataryň aksakallary nama-zyny okap boldular, emma nädip okanlarynam bilmediler. Döwletmämmet aga Allasyndan müň kerem yrza boldy. Onuň söwer ogly diridi,ol Allasyna, Haali Zaman pire halys ýürekden minnetdardy, çünki onuň aýdan sözleri oňa düýnden bärki ahy-efgan, dady-perýat ummanynda halasgär sypal bolmadyk bolanynda, ol bu mahala bagyr awusyndan öler giderdi… Adamlar Döwletmämmet pire ýel berdi. Kethuda didelerini ýaşlap barşyna oglunyň höwlenen gözlerini görüp geň galdy. Magtymguly töweregindäki adamlaryň bolşuny geňläp: -- Däde, siz bärde näm işläp ýörsiňiz? -- diýdi. Döwletmämmet aga ogluny bagryna basyp, onuň gark bolanynam bilme-ýändigine göz ýetirip: --Garly çopanyň sürüsi çagbada buýupdyr. Şoňa kömege geldik. -- diýdi. Märeke Magtymgulynyň sugry telpeginde, geýim-gejiminde gark bolanyň alamatyny görmedi. Haýran galmaly ýeri, Çaňlynyň öçürdim diýen ýeňem ýanmandyr. Dädesi ogluny bagryna basyp durşuna Magtymgulynyň bir gudrata sezewar bolandygyna, ony hut Hudaýyň gudrat bilen gaýtaryp berendigine ynandy… Il-ulus gudrata zar! Dünýä gudrat derkar! Düýn öýleden bäri Garajaryň içinden Magtymgulyny agtaran adamlar indi onuň gark bolanyna-da ynanyp bilmän, Magtymgula Gudrata sereden ýaly seredýärdiler… Eýse, Magtymgulyny nähili gudrat diriltdi? Nähili gudrat ony jana getirip, çykmasy mümkin bolmadyk däli silden çykardy? Magtymgulynyň özi-hä serwi agajy bilen ýananynam, gark bolanynam bilenok. Garajarda mähnet gara daşa urlup Janaman özünden gidensoň, ýowuz akym Magtymgulyny düýrläp aldy gitdi. Şahyr ýigidiň jansyz jesedi agdarylyp-düňderilip akýan däli silde kä çümüp, kä çykyp barýardy.Awuny aparan ajdarha ýaly sil Janamany bir daşa süsdürip, seňseleden bolsa, Magtymgulyny başga bir mähnet daşa süsdürip, jana getirdi. Dirini öldürip, ölini dirildip biljek aýylganç urgy zerarly onuň on iki synasyndan başlap, üç ýüz altmyş emer-damaryna çenli elhenç sarsdy. Ýokardan eňterilýän ýagyş, garly daglardan gelýän siliň buz ýaly sowuk suwy Magtymgulyny özüne getirdi. Ol lukmanlaryň kliniki ölüm diýilýäninde ölüp, siliň ýewuz urgusy zerarly jana gelipdi. Magtymguly essine aýlanyp bir seretse, däli sil ony eýmenç urgudan soň mähnet gara daş bilen gyýçak daşly kenaryň arasyndaky gysby ýere dykypdyr. Ol ilki özüni gara basýandyr öýtdi, däliräp ýörendirin öýtdi, ahyry şum ajalyň holtumyndadygyna akyl ýetirip, kenardaky gyrymsy ösümliklere ýapyşyp, bir salym özüni dürsedi. Soňam ähli güýji bilen, gorky hem tebigy halas bolma instinkti bilen göwresini dartdy. Hudaýym halas etjek bolsa, alajyny tapýar. Magtymguly edil öňünde syrtlanyňmy, möjegiňmi, oklykirpiniňmi, Alla bilsin, bir jandaryň sürenini görüp, sümülip içine girdi. Ol sowukdan ýaňa gagşap, bagry bilen süýreniň süreniň törüne garşy süýşdi. Süren gitdigiçe belende galýardy, gitdigiçe giňeýärdi, gitdigiçe ýylaýardy. Ol süýşenekläp esli gidip, ysgynsyz halda ýene özünden gitdi. Az salymdan bolsa süreniň agzyny suw basdy. Däli sil wagşyýana tolkunlary bilen süreniň girelgesiniň topuryny ýumşadyp, opuryp, ahyram gömüp taşlady. Magtymguly uzyn gije ýyljak sürende özüni bilmän ýatdy, bir mahaldanam oýandy, ýaş ýigidiň zähresi ýaryldy: ol özüni ölendir, ýatan ýerinem gabyrdyr öýdüp, urunyp, çykjak bolýan jan ýaly çabalandy, ajal apatyndan aljyrap gygyrdy. Ol jana gelse-de, uzyn gije ýatyp ukusyny alsa-da, entek beýnisi ibaly işle-meýärdi. Her hal birneme özüni dürsedi, pikirlenjek boldy, emma pikirlenip bilmedi. Onuň göwnüne bolmasa, bir ýerden sergin howa gelýän ýalydy. Ol dar sürende bagry bilen süýşe-süýşe ahyry ýagty jahanyň eşret howasyna golaýlady. Onuň bagtyna süreniň ýene bir buky agzy bar eken. Haýwanlaryň süreniniň ätiýaç çykalgasam bolýar-da! Magtymguly süreniň ätiýaç agzyndan zordan çykyp, ýene özünden gitdi… * * * Dört-bäş ýetginjek Hajygowşan obasynyň içi bilen at dabradyp: --Haý, halaýyk, söýünji-how, söýünji! Magtymguly tapyldy! Magtym-guly diri! Magtymguly diri! -- diýip, gygyryşyp buşluga aýlanýardy. Arazgül eje bu habary eşidip, başda doňup galdy, birdenem ýene essi aýylyp oturan ýerinden agdarylyp barýarka, saklap ýetişdiler. Meňli gyz ýedi ýylyň hassasy ýaly ýergan-düşekli ýatyrdy. Görgüliniň gabaklary ýellenip, bir gije-de ölüp-dirilip, dirilip-ölüp sary sapaga dönäýipdir. Ol golaýa gelen çaparlaryň:. «Söýünji! How, millet söýünji! Magtymguly diri!» -- diýip gygyrýan sesini takyk eşitse-de, gulaklaryna ynanyp bilmedi. Ol ýerinden yra-dara galdy, şol pursat jigisi Göwher daşardan ylgap gelşine: --Magtymguly diri!—diýip gygyrdy. Meňli äm-säm bolup durşuna ýaňadan özünden gidip kölege ýaly ýere ýazyldy… Soñy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |