15:45 Ýürek poemasy | |
ÝÜREK POEMASY
Poemalar
"Pylanynyň ýerinde bolan bolsam, köp zatlary düzederdim... Ýok, her haýsymyzyň öz ornumyzda näme iş edip biljekdigimiz hakynda oýlanmalydyrys. Men näme üçin doguldym? Adamyň bütin ömri şu soragyň jogabydyr". (Okyja hatdan) Bir başyň bar, müň işiň bar dünýäde, Müň şükür! Ýykylyp galmaýşyň besdir. Baryna ýetmeli paýy-pyýada, Tigirçek hökman däl – Şu köwşüň besdir. Bir köwşüň tozdumy – ýene bir köwüş, Ikinji tozdumy – üçünjä çalyş, Her bagy çözlende ýer bilen emiş, Toprak ajykdyrmaz – Şol aşyň besdir. Ertir bolmaz ýaly dilleriň peltek, Täze menzillere ýetmeli entek. Duşsa-da ýoluňda müň dürli kötek, Diýme: «Dynç gulagym, Aç başym besdir!» Haýwana mahsusdyr aç baş, dynç gulak, Ynsana mahsus zat – döretmek, gurmak, Döredilýän ýerde dynç almaz gursak, Öň ene bagrynda Dynç alşyň besdir. Ýöremeli ýoluň gysgamy, uzak – Durmak jenaýatdyr ýatýança ýürek. Diýýärler: «Ýüregi aýamak gerek!» Dogrudyr. Ýöne öz aýaşyň besdir. Ýürege girmezmiş ýüregin aýan, Ýürek aýan – bermez iline peýan. (Gapdalyňda barka bir tebip aýal – Ýürek işlär. Ýalňyz syrdaşyň besdir). Näçe dartylsa-da kebzäňde damar, Gözüň ejizligi bermesin habar, Sagmyň ýa näsagmyň – işiňi oňar, Başda adam bolup Döreýşiň besdir. Öz seçen kärini oňarsa her kim, Ýarpy ýeňledermiş dünýäniň ýükün. Ýekeje hünäre ýöretseň höküm – Iliňe bergidar bolmaýşyň besdir. Sowal berdi student gyz Roza: «Puşkin ýaly haçan ýazjak proza?» Jogap berdim: «Ili goýman azara, Goşgymy oňarsam, Şol işim besdir!» Ýene biri diýdi: «Misli, Pyragy, Sözleň merjeninden döret bir dagy!» Men diýdim: «O zatlar möçberňe bagly, Dag däl, Meniň üçin bir daşam besdir!» Nanyňy goşgudan berse-de ykbal, Goşgudan öň adam bolmagyň hökman Şygyr bilen uly ynsap birikmän – Şahyr-da, ynsan-da bolmaýşyň besdir. Ak bilen garadyr garagyň reňki, Şolaň haýsy seniň ýüregiň reňki? Birisini saýlap, diýme, «Şu meňki!» Iller aýdar – Birje ýylgyrşyň besdir. Ömrüňde etdiňmi kişä bahyllyk? (Ili bahyllykdan gorar şahyrlyk!) Dünýäde bir müýnüň – aşyk Tahyrlyk. Täk däl, Goşa söýgä ýugrulşyň besdir. Nirelerde ýörsüň ilkinji söýgi? Bir ýerlerde barmyň gyzlaryň tugy? Gumdan owaz geldi «Eý, yşkyň ogly, Men bar. Ýöne maňa... guwanşyň besdir!» Nirelerde ýörsüň, ikinji söýgi? Bir ýerlerde barmyň bagtymyň bagy? Öýmüzden ses çykdy: «Eý adam ogly, «Söýýän! Söýýän!» diýip, Ýaňraşyň besdir!» Birisi Säheriň, biri Guşlugyň, Biri Oglanlygyň, biri Ýaşlygyň. Birinjisi – diňe salamlaşdygyň, Ikinjä ömürlik baglanşyň besdir. Şeýdip pähim ýygnap söýgüden söýgä, Ýetdiň on üç sany gülälek çaga. Şolardan bäşisin gömüp ak çägä, Bäş gezek Gizlenip aglaýşyň besdir. Gülüber, işläber, saýraber, şahyr. Hyjuwyň hiç haçan bolmasyn ahyr! Bäşinji müçede diýdirip jahyl, Dünýäniň mährinden Doýmaşyň besdir. Kalp däldir mähirsiz, söýgüsiz kalp (Beýle kalp ýa boşdur, ýogsa-da galp!) Bir uly ýygnakda ör boýna galyp, diýdi biri: «Şahyr, saýraşyň besdir!» Söýgüsiz oňmandyr, oňmazam ýürek. Ýöne gapdalynda ýigrenjem gerek. Ogra-jümrä, egrä gelende gezek,– Diýdi ol ýöwselläp, Ýygrylşyň besdir!» «Örän dogry! – diýdi yzdan bir gelin Näm üçin henizem ýatanok galyň? Agam on ýyl ozal karz alan pulun Henizem üzüp ýör... Duýmaşyň besdir!» Arman, ne sülçi sen, ne-de prokuror. Ýöne igenmäge gelniň haky bar. Seniň söz diýilýän ötgür okuň bar, Atjak-atjak bolup, Giç galşyň besdir. Şygyr atylmaly! Ýeňmeli şygyr! Şoňa arkalanýar her köýen bagyr. Döwrüň arkasyna düşen her ýagyr Şondan em almaly! Ýalňyşyň besdir. Söýga çürşen bolsa oýkeniň ýary, Indi il derdinden çürşmeli bary. Ykbalyňdan nalap çekmegin zary, Şeýleräk täleý Saýlaşyň besdir. Şygryňy dokuz aý bagryňda sakla, Şondan soň stoluň üstüne okla. Gygyryp dogur-da, gygyrman oka, Doglaňda Gygyryp dogulşyň besdir. Uludyryn öýtme etseler taryp! Kiçidirin öýtme peseltse görip! Ne uly, ne kiçi, ne baý, ne garyp, Tüýs baryp ýatany – Şu bolşuň besdir. Ýalaňaç, aç-suwsuz galmasaň gatap, Soranlara diýseň: «Aý, bardyr bir tap...» Bir stol, üç keçe; iki müň kitap – Başga zat gerek däl, Şo goşuň besdir. Işläňde işleseň öz başyň bilen, Gyşlaňda gyşlasaň öz gyşyň bilen, Dişläni dişleseň öz dişiň bilen – Gädijegem bolsa, Öz dişiň besdir. Diş hakda, ýaş hakda irräk-le heniz! Seret, bagyň içi säher dek tämiz, Han-ha iki gelin, ýene-de üç gyz Saňa lak atýarlar. Şu ýaşyň besdir. Joralaň bäşisem misli gül-çeçek. Ak gelin, seslendi misli ak ýüpek: «Şahyr, büküljiräp ýöreme entek, Sen garrama, Dünýäň garraýşam besdir!» Katdymy dikledim. Sowuldym ýoldan, «Dinden çyk – diýlipdir – çykmagyn ilden!» Oturdym, gülüşdim... Perişde däl men, Adamdan doglupdym. Şo dogşum besdir. Diýdiler: «Okap ber ýekeje goşgy!» Okadym. Göterdi päkligiň yşgy. Diňlenilýän wagty okanyň ýagşy, Näziňi artdyryp, Gomalşyň besdir. Goý, ýaşlyk mährinden güýç alsyn ýürek, Ikisin okap ber bir goşga derek. Okadym. Ýol ogly ýolunda gerek: «Hoş, gyzlar, Biderek güýmeşim besdir!» Öýmüze ugradym. Şäher lälezar. Müň bagtly ýigit bar, nowça läle bar, Olar ne geýme zar, ne-de bala zar, Guwanyp, Giň köçä sygmaşym besdir. Ak şäher gök baga basyrnyp otyr, Ilerde Köpetdag keserlip otyr. (Aşgabat tegelek asyrlyk otyr, Ýene müň asyra Gol berşim besdir!) Gündizler abadan, gijeler tämiz. Kempirler owadan, gojalar eziz. ...Gök gapyň agzynda gulpaklyja gyz «Waý!» diýip gygyrdy. Ylgaşym besdir. Bir görsem murtluja dodagyn gemrip, Ogly atasyna çenäp dur ýumruk. Ýigidiň ýumrugyn yzyna gaňryp, Görejine bakdym: Doňmaşym besdir. Göreji buz ýaly, gaşlary gara. Boýy iki metr, saçy üç sere. Maşynyn dyrmalap seretdi ýere. Ene hüňürdedi: «Dogmaşyň besdir!» Ata bir ah çekdi. Aýylganç dymdy. (Erkekde beýle zat görmändim şindi!) Şu nokatdan eýläk geçmäýin indi, Siz gyýylmaň, Meniň, gyýylşym besdir. Ýöne men bir zady goýmaýyn kaza, Ýogsa ýüregimde galar bir yza. Ata el gatana gözlense jeza, Ulusyn saýlaşym besdir. Ýene ýola düşdim. Ýagtyldy köçe – Göründi uzakdan aksakgal goja – Miweli agaç dek eglip çalaja, Gelýär ol, Nurundan ganmaşym besdir. Tanaýarmyň ýa-da tanaňokmy sen – Bisalam geçmäge dälsiň hakly sen. Saçyň çalarsa-da, Jezalaň düýnki tokly sen. Gudraty Ýüzüňe sylmaşyň besdir. Ugradym. Göründi ýene bir güneş – Ak saç ene gelýär ak bagta meňzeş. Ýuwaş! Ýuwaş! Akja «Žuguli», ýuwaş! Ene geçsin! Ýolun baglaşyň besdir. Akja torbasynda käşirmi, sogan, Ene gelýär! Öňün kesmek gadagan! Nirä sürnüp barýaň, taksiçi dogan? Dogranyň kimdigin bilmeýşiň besdir. Çyralaryn ýakdy ýüz ýaşly şäher. Gyzlaryň deminden döränmiş säher. Ýöne säher näçe bolsa-da ýeser, Agşamy-da Pesde goýmaşym besdir. Hanha bir gyz gelýär Sülgünmi, durna – Gabaklary ýüpek, ýaňagy hurma. Iň eziz, iň tanyş ys urdy burna, Baş Söýgimi ýatlap, Köreşim besdir. Gözleri-de tanyş, gaşy-da tanyş, Giň alny-da tanyş, dişi-de tanyş. On sekiz – on dokuz ýaşy-da tanyş, Keşbin görüp, Şagga derleşim besdir Ädiminde galp ýok, sözünde ýalan, (Asylly enäniň sapagyn alan!) Megerem, bir ýerden okuwa gelen – Galam-depderinden Çenleşim besdir. Bir golundan tutup ýandaky joraň, Ýag dek akdy gitdi. Açyldy aram. Soraň, eý, agaçlar, şo gyzdan soraň! Tanap bilmeşim besdir. Agaçlaň birinden çykdy bir owaz: «Şahyr, başky Söýgiň balasy şol gyz!» Şo bada ýüregme girip bir nyýaz, Esli wagt Özüme gelmeşim besdir. Bitipdir, ösüpdir enä mynasyp. Gözler düýpsüz derýa, nury bihesip. Söýjek ýigit, sen bir galma binesip, Sen jowranma, Meniň jowranşym besdir! Barýar topar-topar gyzlar-gelinler. (Şäherliler hem-de myhman gelenler). Söýgüden aglanlar ýa-da gülenler – Haýsyňyz köp? Size ýüzlenşim besdir. Dymyp geçip barýar gözellik sili, Her gözel – bir bagtyň sütüni ýaly. Keşbi tanyş! (Sütünler saklaýar Watany, ili!) Şolarsyz Ýetim dek müzzerşiň besdir. Joşup Gözelligiň tolkunna görä, Ýöräber ýaşlygyň akymna görä! Çokul diýen zat hem akylňa görä Ykjar eken. Ozal aňmaýşym besdir. Öň ýanymdan barýar bir harman çokul. Ýeňseden kükäp dur gözdäki akyl. Ýanyndaky goç hem – duran bir nakyl! Toraňňymy ýatlap, Ýuwdunşym besdir. Zyýany ýok! Söýüp gyzlaň naýbaşyn, Öwrenipdiň dünýäň dürsün, ýalňyşyn. (Söýmedige düşnüksizdir durmuşyň, Söýen üçin – Birje dem alşyň besdir). Dünýäde şol Aýal sag gezip ýörkän, Ýüregim daşdandyr, dagdandyr arkam. Şonuň aýak yzy toprakda barkan – Ýeri agyrtmaga, Dözmeýşim besdir. Mydam gözellige dikip nazarym, Gödekligi nyşanama alaryn. Myssarmaň, agsamaň, kapyýalarym, Dim-dik ýöräň, Size söýenşim besdir. | |
|
√ Aşyk Aýdyñ / poema - 22.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jeñnama / poemanyñ dowamy - 05.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |