14:05 Ýüzbe-ýüz / hekaýa | |
ÝÜZBE-ÝÜZ
Hekaýalar
—Saňa «Haýwanat bagyndan» jaň etdiler! –diýip, işdeş ýoldaşym saparda wagtym idelendigimi aýtdy. —Bu Öwezdir –diýip, men telefona ýapyşdym. «Haýwanat bagynyň» direktory Öweziň ýylgyryp duran keşbi göz öňümde janlandy. Belgisini aýladym. Tanyş keşbe gyryljyk ses hem goşulyşyp, ol edil ýanymda durana döndi: —Garagulakdyr köwük tutmaga gitmekçi bolýas. Göwneseň, senem gidip bilýäň. —Heýem göwnemenmi! Seleň sähra çykmak, tebigat bilen ýüzbe–ýüz bolmak mümkinçiligine begendim. Žurnalist bolanymsoň, «Gazet üçinem bir zatlar taýynlaryn» diýen pikir kelläme geldi: Biziň çöle gitjek toparymyz bäş adamdan ybaratdy. Aramyzda iň ýaşymyz —sürüjimiz Sapar. Öwez ikimiz deň-duşrakdyk. Aşyr atly hirurg bolsa bize görä bäş-on ýaş uludy. Iň ýaşulymyz Gara aga diýen mergendi. Çöle ýeke-täk beledimizem, garagulakdyr köwük tutup berip, Öweziň möhümini bitirjegimizem şoldy. Ony Öwez tanaýardy. Atly mergendigi barada eşiden-de bolsak, biz heniz onuň özüni görmändik. Hirurg Aşyryň biziň bilen gitmeginiň sebäbini soranymda, Öwez: —Ol döwlen süňküň içine oklukirpiniň tikenini ýerleşdirip bejermek usulynyň üstünde işleýär. Oňa oklukirpiniň tikeni gerek. Onsoňam, ýanymyzda lukman bolsa kem däl –diýdi. Heläkçilik ýa-da başga bir betbagtçylykly ýagdaý zerarly el-aýak süňkleri bijaý döwlen adamlaryň döwlen süňküniň içine polat sim ýerleşdirilip, gipislenýändigi, wagt geçip, süňk bitişensoň, içindäki simi aýyrýandyklary barada eşidipdim. Aşyr bu azaply usulyň aňsat çözgüdini gözleýän eken. Onuň usulyna görä, içine oklukirpiniň tikeni ýerleşdirilen döwük süňk, wagt geçmegi bilen bitişip, oklukirpiniň tikeni bolsa eräp gidýärmiş. Biz barsak Gara mergen gapylaryndaky sekide çaýlap oturan eken. Ol garaýagyzdan gelen, atýüzli, giň maňlaýly, gaşlaryna golaý ýerleşen ullakan gözeleri hanasynda çuň oturan, inçeden-uzyn burunly, gyrçaw sakgalydyr murty aksowult gögüş öwsüp duran, daşyndan göreniňde «Döwründe göreş hem tutan bolsa gerek» diýdirýän, el-aýagy süňklek iri, uzyn boýly, peşeneli adamdy. Mesawy gürrüňiň arasynda Aşyr ondan: —Mergen aga, bu günler awa-şikara çykaňzokmy? –diýip sorady. —Aý, inim, indi ýaş bir çene barypdyr. Onsoňam, aýak ýeter ýaly golaý-goltumda aw galdymy näme! Jeňňeli-çöli ekerançylyk üçin açyp taşladylar. Özem tygşytly açsalar ne ýagşy –diýip, çaý owurtlady. —Galyberse-de, men kän bir tüpeň töwhüldedip aw eden adam däl. —Tüweleme, mergen lakamyňyz-a ýörgünli. —Oňa, ynha, Öwezdir «Haýwanat bagynyň» Öwezden öňki direktorlary sebäp boldy. «Tilki tutup beriň!» diýip, bir geldiler, «Syrtlan tutup beriň» diýip, iki geldiler. «Haýwanat bagy» üçin gerek» diýdiler. Yrdylar. Menem onsoň düýämi owsarlap, ýygy-ýygydan guma gitdim. Bir gezek janly tilki getirdim, beýleki gezek syrtlan. Il-günem adyma lakam tirkedi. Düýnküde «Könäni ýatlap, çöle çykyp beräýseňiz» diýip, ynha, Öwez ýene geldi. «Aý, çykmaly bolsa çykaýarys. Özümem çöli küýsemän duramok!» diýdim. Öwez çemine salyp, Gara aga, Aşyryň hem matlabyny mälim etdi: —Ynha, bu oglanam biziň bilen gidýär. Mümkin bolsa, oklukirpi tutup beräýseňiz diýýär. Aşyr ýaşula döwük-ýenjik bejermekde oklukirpiniň tikeniniň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Gara mergen razylaşyp, baş atdy: —Adamyň saglygy üçin gerek bolsa, tutup beräýerin. Biz belleşen günümiz daň bilen ýola düşdük. Münen maşynymyz saparda gerek-ýarak zatlarymyzdan doldurylgydy. Biziň aýaklarymyzyň aşagynda hem suwly gaplar, kartoşkadyr soganly halta, gurnama çadyr, pil, palta, kültemlengi urgan, ýene-ýene zatlar durdy. Maşynyň yzynda bolsa nahar üçin zerur et-ýagdyr gowurga, çörek, gant hem çaý salyngy gaplar rejeli ýerleşdirilgidi. Garagulakdyr köwük tutsak, salmaly kapasalarymyz maşynyň üstündedi. Şu zatlardan daşgary, bu kiçijik maşyna özümiz hem bäş kişi bolup münenimizden soň, onuň içinde «ýumruk sokmaga boş ýer galmandyr» diýdirýärdi. Gowy ýeri entek howa gyzyp başlamandy. Tomsa çenli on-on iki gün ýalyrak wagt bardy. Biz şol döwrüň içinde, ot-çöpleriň parç bolup ösüp, agaçlaryň gülleşip, sary, gyzyl gülälekleriň alaňlaryň ýüzünde täsin keşp döredip, käte-käte öýlänçi şaglap inip, dessine-de parlap Gün çykyp, sähranyň heýjana gelen wagty aýlanyp, owalda bir oglanyň «Hem-ä daýymlara barýan, hemem taýyma baş öwredýän» diýişi ýaly, çöl bilen duşuşyp, biraz dynç almakçy —howamyzy täzelemekçidik, hemem Öweziň ýumşuny bitirmekçidik. Ýanymyza alan azyk-suwlugymyzdyr maşyn ýangyjymyz gutarsa, gumuň dürli künjeginde gözleg işini geçirýän geologlaryň buraw-wyşkalaryna baryp almalydyk. Ol ýere şäherden günübirin azykdyr ýangyç getirilip durulýar ekeni. Öwez bu barada olaryň merkezi guramasy bilen ylalaşypdyr. Gara aga Saparyň gapdalynda, öňdäki oturgyçda ornaşdy. Biz bolsa üç kişi bolup, yzda ýerleşdik. —Hiç birimiziň semiz däldigimizem bir gowy! –diýip, Aşyr gysbyrak oturmaly bolar öýdüp gorkandygyny, emma agajet kişilerdigimiz üçin ýagdaýyň oňuşmazça däldigini ýaňzydyp ýylgyrdy. —Bolsa-da, hojalyklaryň gazlaşdyrylmagy çölüň ojardyr sazagyny halas etdi –diýip, Öwez azar berilmänsoň, ösüp, tutluşyp giden ojar tokaýlygyna garşy baş atdy. —Hol belent ojaryň depesinde höwürtge bar! –diýip, Aşyr sesledi. —Nämäniň höwürtgesikä? Gara aga Aşyryň görkezen tarapyna dürbüli seretdi-seretdi–de: —Ýylançynyňky –diýdi. —Geliň, düşläliň. Biziň «Haýwanat bagymyzda-da» ýylançy bar. Ýöne men ol guşy erkinlikde synlap görmändim –diýip, Öwez teklip etdi. Biz ojar tokaýlygynyň bir çetindäki ýaýbaň ojaryň düýbünde goş ýazdyrdyk. Çaýymyzy öňümize alanymyzam şoldy: —Synlaň! Synlaň! Hanha, ýylançy! –diýip, Gara aga goluny göge uzatdy. Daş gaçan ýaly şuwlap aşak gaýdan, çalymtyl-goňur reňkli ullakan guşa gözümiz düşdi. Ol ojarlaryň arasynda gözden ýitdi. —Ol näme edýär-äý? Men-ä oňly görübem ýetişmedim –diýip, Sapar geň galdy. —Aw edýär. Häzir görersiň... –diýip, Gara aganyň dillenenem şoldy, ýaňky guş haýalja pel-pelläp, ýokaryk göterilip ugrady. —Onuň çüňkünde ýylan bar. Ullakan ýylan! Surata düşürip ýetişmez-mikäm? –diýip, Öwez fotoapparatyny häzirledi. Onýança ýylançy ep-esli belentlige göterildi. Birdenem, onuň çüňkünden sypmakçy bolup urunýan ýylan aşak gaçdy. Gyrgynyň özi hem ýylanyň yzy bilen ýere indi. —Emelsizlik edip awyny sypdyrdy öýdýän?! –diýip, Aşyr Gara aganyň ýüzüne seretdi. —Ýok, beýle däldir. Ýylany onuň özi ýere oklandyr –diýip, garry awçy düşündirdi. —Ýyrtyjy guşlar ýylan awlanda, ätiýaçly bolýarlar. Onuň guýrugyndan tutup belende göterip, aşak zyňýarlar. Ýere batly düşen ýylan birbada seňseleýär. Ine, şondan peýdalanyp, yzyndan uçup geläge de, onuň kellesini ýolup taşlap, guýruk tarapyndan iýip başlaýarlar. Gara aganyň sözüni tassyklaýan ýaly, çüňki ýylanly gyrgy ýene-de göge göterildi. Kä pessaýlap, käte ýokaryk galkyp, tutan ýylanyny uçup ýörşüne ýuwudyp ugrady. Munuň şeýledigini ýüp ýaly sallanyp duran ýylanyň barha gysgalýandygyndan aňmak bolýardy. —Ýyrtyjy guşlaryň arasynda bu juda geň guş. Hiç haçan bürgütdir dazzarkel ýaly gökde gaýmalap, göze ilip ýörmeýär. Adam-gara barmaýan, ümsümje ýerlerde höwürtgeleýär. Özem, esasan, ýylanlar bilen iýmitlenýär –diýip, Gara aga ýylançy gyrgy hakda gürrüň berýärkä, ol eýýäm tutan awyny ýuwudyp, gözden gaýyp bolupdy. —Ol zäherli ýylanam tutýarmy? –diýip, Sapar gyzyklandy. —Onuň üçin parhy ýok! Bir günde ýedi-sekiz töweregi ýylan tutýar. Özem höwürtgesini ýylanyň bol ýerinde gurunýar. —Beýle bolsa, bu töwerekde ýylan köp bolmaly. Basymrak gideliň bu ýerden –diýip, sürüjimiz Sapar çöp-çalamlaryň düýbüne gorkuly seretdi. Biz onuň bu bolşuna hezil edip gülüşdik. —Men ätiýaçdan, ýylan çakanda ulanylýan dermanlary ýanyma aldym, gorkma! –diýip, lukman Aşyr ony köşeşdirdi. —Bir günde ýedi-sekiz sany zäherli ýylany iýse-de, ýylançy gyrga zäheriň täsir etmeýşini diýsene! –diýip, Sapar dillendi. —Ýyrtyjy guşlar ýylan tutanda, zäherli bölegini —kellesini ýolup taşlap iýýändiklerini ýaňy Gara aga aýtdy ahyryn. Ünsli diňlemek gerek! –diýip, Öwez Sapara düşündirdi. —Tebigatda geň galarlyk gudratly, syrly hadysalar köp. Ähli zadyň öz hasaby, sazlaşygy bar. Şol sazlaşygyň bozulmazlygy barada tebigat pugta aladalanýar. Ýylanlar birden köpelip ötägitse, deňagramlylygyň bozulmagy mümkin. Şonuň üçinem ýylançy gyrgyny ýaradypdyr –diýip, Gara aga söhbedini dowam etdirdi. —Gyş aşa sowuk gelip, ýylanlaryň sanynyň az bolýan ýyllary ol alaka, syçan, hažžyk bilen iýmitlenýär. Şol ýyllar çaga hem çykarmaýar. Çykarsa-da, ýekeje çaga çykarýar. Ýöne, ynha, tebigy sazlaşygy adamzadyň bozmasynyň öňüni almak welin, iň kyn mesele –diýip, Gara aga derdindi. —Atam pahyr ýaşkak bir rowaýat aýdyp beripdi welin, şol rowaýatda diýleni çyn bolup barýar. Mahlasy, gadym zamanda emel almak üçin ähli janly-jandarlaryň ýygnanyşygy bolanmyşyn. Ol ýerik bir sebäp bilen diňe balyk baryp bilmänmişin. Ýygnanyşykdan soň keýik suw içmäge gelende, balyk ondan: «Kimiň bijesi çüwdi. Emel kime ýetdi?» diýip soranmyşyn. Keýigem: «Emel-ä adamzada ýetdi» diýen. Onda balyk: «Haý, keýik dost, biziň bagtymyz ýatdy diýsene!» diýipdir. Keýik janawar haýran galyp: «Näme, balyk dost, beýle howsala düşýärsiň? Men-ä ýyndam —çöl-beýewanda hiç kime ýetdirmerin. Senem suwuň içinde her beladan gutulyp bilersiň» diýipdir. Balyk şonda oňa: «Haý, dost, emel adamzada ýeten bolsa, ne çölde seni goýar, ne-de kölde– meni» diýenmişin. Hawa, bu rowaýatdaky pähime ol döwürde ýaş bolamyzsoň, kän bir ähmiýet bermändiris. Onuň manysyna indi düşünip galdyk. —Rast aýdýaňyz, adamda tilsim köp –diýip, Öwez ylalaşdy. —Meniň bir düme gawun ekýän tanşym bar. Ine, şol bir gezek «Haýwanat bagymyza» ýörite gelip, biziň saklaýan ýekegapanymyzy görüp: —Munyňyz ownuk ekeni. Men size has irisini tutup bereýin –diýdi. Menem onuň hiç haçan awçylyk etmeýändigini bilýändigim üçin: —Tüpeňsiz, gapansyz sen ony nädip tutmakçy? –diýdim. —Onuň işi aňsat. Isleseň, iki-üç günlük işden sypynyp bar. Hem-ä bakja üstünde bolup, dynç alarsyň, gawun iýip hezil edersiň, hemem şol diýýän ýekegapanymy bileje tutarys –diýdi. Onuň obadan uzakda, jeňňeliň eteginde düme ekýän ýerine barsam, aýakly telär galdyryp, şonuň üstünde peşehana gurnup, gawun gorap ýatan ekeni. Onuň bakjasyna häli-şindi ullakan bir ýekegapan girip, zaýaçylyk baryny edýär ekeni. Ol mollaçyr kişi bolansoň, ýabany doňzy öldürmegi haramlyk hasaplapdyr. «Tutup bereýin» diýip, meniň ýanyma teklip bilen gelmesi-de şonuň üçin ekeni. Ol meni-de kömekleşdirip, iki kişi bolup, ýekegapanyň bakja gatnaýan ýodasynda iki gulaç çuňlukda, gulaç ýarym hem inlilikde çukur gazdyk. Soňra ol çukura ýarty halta çemesi bugdaý döküp, üstüne-de on-on bäş bedre suw urduk. Howa yssy bolansoň bugdaý derrew çişip, onuň işdä oýaryjy ysy töwerege ýaýrap başlady. Daň agaryberende ýekegapanyň güňlenç horkuldysyna oýandyk. Ol iýme ymsynyp, gazan çukurymyzyň içine böküp girip, indi yzyna çykyp bilmän urunýardy. Ony tutmasyna-ha aňsat tutduk. Ýöne çukurdan abat çykaryp almak üçin, yzyma —«Haýwanat bagymyza» gaýdyp, işgärlerimizi hem-de ýük maşynyny alyp barmaly boldum. Häzirki «Haýwanat bagymyzdaky» ýönekeýje tilsim bilen tutan şol äpet ýekegapanymyz-da –diýip, Öwez söhbedini soňlady. Öwezi ünsli diňlän Gara aga: —Siz ýekegapan awlamagyň geň tärini tapypsyňyz –diýdi. —Ony atyp almak juda howply. Hamy galyň, özi hem gat-gat ýag bilen örtülgi bolansoň, ýörite ýasalan seçmeli bolaýmasa, az-bärki ok täsirem etmeýär. Janyna howp salýanyňy görüp, üstüňe bir gaýtsa, öňünde duran özüň bolma! Owalda bir awçy beýleki awçydan: —Sen ýekegapan awlanyňda, peşeňi nähili däriden doldurýarsyň? –diýip, soraýarmyşyn. Ol hem: —Köpräjik tüsseleýän däriden –diýip jogap beripdir. —Ol, näme, gaty atýarmy? –diýip, sowal beren awçy geňirgenipdir. Ikinji awçy: —Aý ýok-la, ýöne tüsse sowulýança, men agaja çykyp ýetişýärin –diýipdir. Ine, ýekegapan diýeniň kastyna çykan adam üçin şeýle howply jandar. Biz Gara aganyň bu degişmesine hezil edip gülüşdik. Onýança-da, ýylançy gyrygy çüňkine bir kiçeňräjik ýylany alyp, ýene-de göge göterildi. —Ýylançy gyrgynyň-a awy şowuna. Biziňem «Haýwanat bagy» üçin köwükdir garagulak tutmak işimiz bitäýse kem bolmazdy –diýip, Öwez dillendi. Gara aga oňa unamly jogap berdi: —Biter enşallasa... —Beýleki ýyrtyjy guşlaryň ekdi edilişi ýaly, gyrgyny hem ekdi edip bolýarmy? — diýip, Aşyr gyzyklandy. —Azabyndan gaçmasaň, gyrgynyňam käbir görnüşlerini eldeki etmek mümkin. Munuň üçin ony balaguşlygyndan höwütgesinden alyp terbiýelemeli. Däneli ekin ekýän hojalykda haýry belasyndan, ýeneki hajrow guşlardan ygtybarly goraýar — diýip, garry düşündirdi. Ol soňra: —Çaýymyzy içip, ýylançy gyrgyny hem synlap bolan bolsak, tutumly jandarymyzyň gözlegine çykalyň –diýdi. Maşyny otlap, dessine ýola düşdük. Çüňkündäki ýylany uçup ýörşüne işdämen iýmek bilen başagaý batyrgaý guşuň keşbi uzak wagtlap göz öňümden gitmedi: —Ýaňky düşüren suratlaryňy çykarsaň, maňa-da birini berersiň?! –diýip, Öwezden haýyş etdim. Aşyr bilen Sapar hem ýerli-ýerden: «Maňa-da, maňa?!» boluşdylar. —Bolýar… –diýip, Öwez baş atdy. —Sizedemi? –diýip, ol Gara agadanam sorady. —Maňa hökman däl –diýip, Gara aga parahat jogap berdi. Men janly-jandarlary dirikä synlamagy gowy görýärin. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |