11:06 Ýüzüñden ýeñsäñ owadan / satiriki hekaýa | |
ÝÜZÜÑDEN ÝEÑSÄÑ OWADAN
Satiriki hekaýalar
Arada bir waka boldy. Oňa waka däl-de, hadysa diýsek has dogry boljak. Özem howply hadysa. Men gahrymanyň adyny üýtgedip alýan, sagatda 70 kilometrden süýnüp barýan uzyndan-uzyn ýolagçy otlusyna birden tormoz berilse nädersiň, ýa haýyr, ýa şer. Aram bolmajagy-ha özüňize belli zat. Iki şäheriň aralygynda, dogrudanam, şeýle hadysa boldy. 928-nji Daşkent-Krasnowodsk ýolagçy otlusy 129-njy razýezdi ýaňy yzda galdyryp, sagatda 70 kilometr tizlik bilen süýnüp barýardy. Lül-gammar ýolagçylardan biri tarsa ýerinden turup berdi tormozy. Tigirlerden tamdyryň ody ýaly ýalyn lowlap çykdy. Tas relsler boglan göläň ýüpi ýaly çolaşypdy. Tas Tejeniň kaky ýaly towlam-towlam, burum-burum bolupdy. Bagtymyz daş ýaran ekeni. Her kim reňkini üç ýuwlan esgi ýaly edip, aňk bolşup otyrdy. «Hudaýa şükür, çöregimiz bitin ekeni!». Ýaňky alkaşyň parhyna-da däldi. Gaýtam elindäki çüýşesini dutar edinip «Polat ýollar, polat ýolar» diýip aýdyma zowladýar. Asyl özüni hormatly aýdymçymyz Hojaw Annadurdyýew däldirin öýdenokdy. Ýolagçylar bolsa ýetişibildiklerinden janly aýdýardy. — A-how, inim muny nädäýdiň — diýip, maşinist Orazmämmedow bilen onuň kömekçisi Janybekow ikisi ylgap geldiler. Sebäpsiz beýtmegiň gadagandygyny jan edip düşündirdiler. Çökder iş etdim diýip müýnürgemekden geçen: — Sürseňizläňäýt — diýip, ýaňky serhoş ýolagçy bulara sögmek sögdi. — Sürer ýaly etdiňmi — diýşip, bu gürrüňe ýolbaşçylaram goşuldy. — Entek näme görýäňiz — diýip, ýaňky alkaş hemleli gürledi. — Mundan beter bizi gyrjakmy — diýşip, ýolagçylar aýaga galdylar. Ýaňky alkogolik olary urjak bolup düw-düw topuldy. Zat diýmän geçirimlilik etdiler. Şol sapar otly barjak ýerine ýetýänçä üç ýerde saklanmaly boldy. Şol pýan ýolagçy üç gezek tormos berdi. Ellerini daňsaň-a dişleri bilen «stop-krany» basýar. Agzyny daňsaň aýaklary bilen tormoz berýär. Garaz serhoşlykdan açylýança tormoza jyny düşdow. Otly barjak ýerine ýetdem weli, ýaňky serhoşy gapjadylar. Oňaraýdylar. Milisionerler onuň aýagyny ýere degirmän alyp gitdiler. Soňra men bu adamyň kimdigini içeri işler bölüminden bildim. Ýaňky betbagt şäherimizdäki trestleriň birinde işleýän ýokary bilimli spesialist bolup çykdy. Soňra men şol treste bardym. Eýýäm ol ýere degişli edaradan hat gelen ekeni. — Nätjegimi bilemok. Işden kowsaň-a çagalary horlanjak. Dokumentini zaýalap eline berseň-ä okan on bäş ýyly köýjek — diýip, uprawlýaýuşiý ýanyp-köýüp gürrüň berdi. Men uprawlýaýuşiniň kabinetinde otyrkam sekretar gyz bir topar gazet-žurnaldyr hat getirdi. Uprawlýaýuşiý hatlaryň birini gaýçy bilen kesip açdy-da, okap ýylgyrdy. Ol: — Pemkalaryň biri oňat spesialist sorap bize ýüz tutýa. Haý işigaýdan pemka — diýdi. Geliň indi şol pemka bilen baglanyşykly wakany göz öňüne getirmek üçin birneme yza çekileliň. Abraýly, öňdebaryjy pemkanyň özünden has abraýly bir spesialist edinesi gelipdir. «Wah, basan ýerinden ot çykýan, dogumly, üstesine-de ylymly, pähim-paýhasly, düşünjeli, içmeýän bir spesialist gerek boljag-ow» diýşip, pemkanyň kollektiwiniň çlenleri bolsady baryny ekdiler. Tapdym. Geliň trestden bir spesialist soralyň. Berer — diýip, direktor bir teklibi orta atdy. Özem oturaga-da şol trestiň uprawlýaýuşisine hat ýazdy. «Heý, trestiňizde bizde işlär ýaly pitiwaly oňat spesialist ýokmy?» Hata hä diýmän jogap geldi. «Trestimizde diňe bir gowy inžener ýigit bar. Şoňa beri degmäň. Galanlarymyzdan kimi diýseňiz günibirin bereli. Trestimiz tylla ýüzük bolsa, şol spesialist trestiň göwher gaşydyr» diýip, trestden jogap haty geldi. Şeýle jogap gelensoň, pemkaçylarda birhili höwes oýandy. Şeýle elýetmez ýigidi işe çagyrmaklygyň ymykly ugruna çykdylar. Abraýly pemkanyň işdäsi barha artdy. Ikinji gezek hat ýazyldy. Oňa-da tamşandyryjy jogap geläýdi. «Arrygyňyzy gynamaň. Tamaňyz tala daňlan ýaly bolaýsyn. Biziň spesialist ýigidimiz öz trestimize zerur gerek. Ýitigiňizi başga ýerden gözläň. Ol elden gitse ýeri hoňkaryp galjak». Pemkaçylar aýaga galdylar. Onuň ýaly gowy adam bolsa bizem her edip hesip edip ony ele salalyň» diýşip, maslahata üýşdüler. Hat ýazdylar. Isleg has artyp ugrady. Ony trestçiler duýup hamana bermejekden bolup hat ýazdylar. «Eger biziň göz guwanjymyz siziň kärhanaňyza işe çagyrylsa bizem iň bolmanda siziň bäri ýanyňyza göçüp bararys». Gepiň küle ýeri, ýaňky arzyly kadr pemka işe çagyryldy. Ony trestden tä pemka gelýänçä trestiň agzybir kollektiwi elde göterdi geläýdi. Şeýdip edil SPIDE-e meňzeş beladan dyndylar. Ony estafeta taýagy ýaly edip elden-ele geçirdiler. Olaryň bilekleri keçe basanyňky ýaly gyzyl jižžik boldy. Trest ýedi gije-gündiz toý tutdy. At çapdyrdy. Dat gününe pemkanyň. Trestde otla tormoz berýän kadr pemkada näderkä? Otludan ýokarda samolýot bardyr öz-ä. Ýaňy-ýakynda gowşan habara görä, ol samalýotda stýuardessa bilen uly goh edipdir. Howpsuzlyk guşagyny guşanmakdan ýüz dönderipdir. Stýuardessäniň guýup beren suwuny onuň ýüzüne serpipdir. Zapas çykalgany açyp ýere bökjek bolupdyr. Bu adam telim edaradan kowuldy. Nirä barsa: «Ýüzüňden ýeňsäň owadan» diýen sözi eşidýär. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |