23:30 Ýylan daşy / hekaýa | |
ÝYLAN DAŞY
Hekaýalar
Yzynda elwan şapagyny galdyryp, Gün ýaşyp barýar. Sözenli-sazakly gum alaňlary kem-kemden garaňkylyga örtülýär. Biziň odumyzyň ýalkymy diýäýmeseň, çar-töwerekde ýekeje-de yşyk görnenok. Tagamly çopan çorbasyndan soň ara biraz pursat salyp, öňe alnan tüňçe çaýynyň lezzeti «bäh» diýdirýär. «Haýwanat bagy» üçin zerur haýwanlary tutmagy niýet edinip sapara çykalymyz bäri, gum durmuşy janly-jandarlaryň edim-gylymlary, awda başdan geçirilen ahwalatlar baradaky hekaýatlary bilen bizi özüne halys imrindiren Gara aganyň indiki aýdyp berjek wakasyna döwtalap garaşýarys. Orta ýaşa ýetse-de, çaga bilesigelijiligini ýitirmedik Aşyr nämedir bir zatlar sorajakdygyny ýaňzydyp gobsunýar: —Eger yryma ynanmaly bolsa, «ýylan daşy» diýilýän bir daş barmyşyn. Deňziň düýbündäki balykgulaklaryň içinden alynýan dürler ýaly, ýylmanak hem owadanmyşyn. Ol daş köp ýaşap, depesine saç çykan şahly ýylanlaryň bokurdagynda bolýarmyşyn. Şol daşy edinip bilseň, edil jadyň bar ýaly, hemmeler seni gowy görýärmişin, Islendik adama diýeniňi etdirip bilýärmişiň» diýip, oglankak garrylar gürrüň bererdiler. Biz—deň-duş oglanlar şol daşy edinmegiň arzuwyndadyk. Elimiz taýakly «Äpet ýylan barmyş» diýilýän galadyr harabalyklary aýlanardyk. Niýetimiz uly ýylan duşsa, öldürip, daşyny almakdy. Emma ol täsin daş haýsy birimiziňki bolmaly diýip, entek ony tapmankak, aramyzda dawa başlanardy. Ahyrsoňy, ol daşy her gün birimiz göterip gezmeli diýen ylalaşyga gelerdik. Gowy ýeri, bize hiç haçan uly ýylan duşanokdy. Bu gürrüňiň toslamadygyna biraz ulalaňsoň düşünip ýylgyrýarsyň. Ýönе, ynha, şu ýylanlaryň häli-şindi dilini zybyrdadyp çykarmasy näme üçinkä? –diýip, Aşyr Gara agadan sorady. Onuň juda uzakdan aýlan sowalyna Gara aga jogap bermäge girişmänkä, men: —Seniň «ýylan daşy» diýýän ol daşyň toslama däl-de, käbir bilermenleriň kepil geçmegine görä, hakykatdan hem, bar daş. Daşlar bilen içgin gyzyklanýandygym üçin, bu ugurdan ýygnan kitaplarymyň birinde şeýle maglumata duşdum –diýip, men ara goşuldym. —Ine, şol «Körsowatlara gerekmejek zatlar» atly, Orta asyrlarda ýaşap öten belli ermeni tebibi Amirdöwlet Amasiýasi tarapyndan ýazylan meşhur kitapdaky delilden çen tutsaň, onda ol daş alahöwren ýylanynyň käbir görnüşiniň kellesinde gabat gelýär. Ona «marmähri» diýilýär. Ýylanyň kellesinden alnanda ol ýumşak bolup, howanyň täsiri netijesinde dessine gatap, hüýt gara reňkli daşa öwrülýär. Eger ony ýylan çakan ýa-da zäher berlen adama owradyp içirseň, aman galýar. Ol daşyň ýene bir geň häsiýeti «letargiýa ukusy» diýilýän uzak möhletli uka uçrany hem bejerýär. —Şeýle daş barmy-ýok onçasyny biljek däl. Ýönе ýylan hakda aýtsam, ol janly-jandarlaryň arasynda iň bir pähimlisi hasaplanýar –diýip, Gara aga söz nobatyny aldy. —Ol gyşyna uklap, ýazda, howa gowy maýlansoň oýanýar-da, gowuny taşlap, tämizlenip, tä howa sowap ugraýança özboluşly ýaşaýşyny dowam etdirýär. Köpler ýylanyň agzyndan zol-zol zybyrdap çykyp-girip duran dilini onuň sokarydyr, şonuň bilenem çakýandyr öýdýärler. Bu asla beýle däl. Ýylan çakanda dişleýär. Onuň ýokarky dişlerindäki deşijeklerden akyp gelýän zäher dişläp ýaralan ýerine dökülýär. Ine, şol zäher hem islendik janly-jandar üçin howply. Ýylan çakanyň gany lagtalanyp, damarlara dykylýar. Gan kadaly ýöremänsoň, ol helak bolýar. Emma bu ýagdaý çakan ýylanyň zäheriniň güýçli ýa-da güýçli däldigine, onuň ähli zäherini döküp-dökmänligine, ýylan çakanyň bedeniniň zähere çydamly ýa-da çydamly däldigine bagly. Ýylan zäheri juda geçginli haryt bolup, ony tutýan, «sagýan» ýörite adamlar —margirler bar. Margirçilik gadymyýetde arzyly bir kär hasaplanypdyr. Ýylan zäheriniň bahasy altyn pul bilen tölenipdir. —Men-ä ýylandan juda gorkýan. Görenimden depe saçym üýşüp, endamym tikenekläp gidýär –diýip, Sapar boýun aldy. —Hatda ýylanyň gürrüňi edilse-de, bir ýerden çykaýjak ýaly bolup dur. —Men saňa «Gorkma, ýylan çaksa, ýanymda ýörite dermanym bar» diýdim ahyryn! –diýip, Aşyr güldi. —Seniň bu gürrüňiň it gezdirip ýören şäherliniň iti topulsa, «Gorkma, ýarsa–da guduz däl, «Sprawkasy» bar!» diýşine meňzeýär. Endik endik bor-da! Seniň dermanyň barlygy üçin ol aýrylyp gidibermeýär –diýip, Sapar gaharly hüňürdedi. —Eger janyna howp salyp bimaza etmeseň, ýylan degmeýär. Gabat gelse-de, seniň bilen salyşjak bolup durman, sowukganlylyk edip, sowlup ötägidýär –diýip, Gara aga düşündirdi. —Ýönе bilmezlikde ýatan ýylanyň guýrugyndan bassaň, hinini bozsaň ýa-da tutmakçy, öldürmekçi bolup kowalasaň welin, goranmak üçin çakýar. —Tutmak, öldürmekden bizar, ýöne bilmezlikde üstünden basmazlyk üçin näme etmeli? –diýip, Sapar sorady. —Açyk-ýalazy, görnüp duran ýerde-hä seniň ony basmajagyň belli. Ösgün ot-çöpli, ýylan bolaýjak ýerlerde ýöräniňde bolsa, eliňde uzynja taýagyň bolmaly. Şol taýak bilen ýörejek ýoluňy barlap ýöremeli. Şeýdip, öňünden duýdursaň, ýylan seniň gelýäniňi bilip, ýoluňdan sowulýar. Sen bolsa onuň bardygyny-da bilmän geçip gidýäň. Ýylan ýatkeş jandar. Eger bilkastlaýyn ýaralasaň, ýoldaşyny öldürseň, onda onuň çemine salyp, senden aryny almagy-da mümkin. —Beýleki haýwanlar ýaly ýylany hem ekdi edip bolýarmy?! –diýip, Sapar Gara aganyň sözüne dyngy bereninden peýdalanyp, ýene-de bir sowaly suňşurdy. Onda Owez: —Elbetde, bolýar. Tüýdük çalyp ýylan oýnadýan fakirleri ýa-da äpet ýylany ýarym-ýalaňaç bedenine dolap tans edýän zenanlary telewizorda görmediňmi? –diýip, öňürtiläp jogap berdi. —Seniň ekdi ýylan hakda aýdanlaryň maňa-da mundan birnäçe ýyl ozal eşiden bir wakamy ýatlatdy –diýip, men Öweziň sözüni tassykladym. —Muny maňa merhum alym Soltanşa Atanyýazow gürrüň beripdi. Ýеr-ýurt atlarynyň gelip çykyşyny öwrenýän ol gezende alym Etrek-Gürgen sebitlerinde ylmy saparda wagty bir öýde myhmançylykda bolupdyr. Çaý içip, mesawy gürrüň edip otyrkalar, birdenem, yzyndan gelip bir närse oňa süýkenipdir. Ol hem öýüň pişigidir öýdüp, «Piş!» diýip, kowmak üçin yzyna gaňrylsa, äpet bir ýylan gaýkyjaklap duranmyşyn. Ol gorkusyna böküp ýerinden turupdyr. Öý eýesi oňa «Gorkma, gorkma, myhman! Bu biziň «pişigimiz». Seni sulhy alyp süýkenendir» diýip, ony köşeşdiripdir. «Ваr git, myhmana azar berme» diýip, ýylany kowupdyr. Ýylan süýnüp, öýden çykyp gidipdir. Zähresi ýarylan alym bu üýtgeşik «pişigiň» ýylanlaryň haýsy görnüşine degişlidigi bilen gyzyklansa, öý eýesi: «Biz-ä muňa pişikkelle ýylan diýýäs. Başgaça adyny biljek däl. Muny biz kiçijikliginden ulaltdyk. Bu «pişigimiz» girip-çykyp ýörkä hiç haçan syçan belasy howp salmaýar. Onsoňam, bu jelegaý daglyk-tokaýlyk bolansoň, zäherli ýylan köp. Mal ýatagyna, öýüňe-de giräýýärler. Bu «pişigimiz» bizi şolardanam ygtybarly goraýar. Öýlerinde pişik ýerine şular ýaly ekdi ýylan saklaýan bu sebitde başga-da bar» diýip, gürrüň beripdir. —Aý, hawa-da, ýylanyň görnüşi köp. Pişik ýerine ulanylýan şeýle görnüşi hem bar –diýip, Gara aga meniň aýdyp beren ahwalymyň esaslydygyny tassyklady. —Çölde haýsy görnüşli ýylanlar bolýar? –diýip, Sapar gyzyklandy. —Gum içinde gömülgen, alahöwren, okýylan bolguç. Çöletek-gyrda beýleki ýylanlaram gabat gelýär. —Il arasynda Aşyryň, ýaňky aýdany ýaly, depesine saç çykyp giden äpet ýylanlaryň hem bolýandygy, ýylanyň hut geçi kibi çekreýändigi barasynda gürrüňler bar. Bu çynmyka? –diýip, men Gara aga ýüzlendim. —Meniň özüm–ä beýle uly ýylana gabat gelip göremok. Şonuň üçin belli bir zat aýdyp biljek däl. —Gara aga, ýylan hakda şunça gürrüň berdiňiz. Ýöne ýylanyň näme üçin häli-şindi dilini zybyrdadyp çykarmagynyň sebäbini teý aýtmadyňyz-meniň başky sowalymy jogapsyz goýduňyz –diýip, Aşyr awçynyň jogabyna garaşdy. —Gürrüňe gyzygyp, seniň şol sowalyňy ýatdan çykarypdyryn –diýip, Gara aga gobsundy. —Onuň jogaby şeýle: Ýylan şeýdip maglumat ýygnaýar. Ol dili bilen howadan alan maglumaty arkaly golaý-goltumynda syçan barmy, gurbaga barmy ýa-da heniz näbelli bir jandar barmy, jany üçin howplumy-dälmi, dessine kesgitläp bilýär. Onsoň, ýagdaýa görä hereket edýär. Onuň dili edil gözi ýaly, «görmäge» — duýmaga kömek edýär. Ol diliniň kömegi bilen entek gözüne görünmeýän, gizlenip ýatan awyny-da «görüp» bilýär. Dünýäde ys kän. Burny bilen alan ysynyň nämäniňkidigini seljerenden, dili bilen alan ysyny seljermek ýylan üçin amatly hem-de çalt bolýan bolmaly. Mundan başga-da galkan burun ýaly ýasykelle ýylanlarda gözleriniň aşak ýanynda iki sany çukurjyk bar. Ine, şol çukurjyklar arkaly olar howanyň ýagdaýyny-yssylyk, sowuklyk, guraklyk, çyglylyk derejesini kesgitläp bilýärler. Eger ol haýsydyr bir jandara golaýlasa ýa-da oňa golaýlasalar, ýaňky çukurjyklar ýylana bu barada dessine habar berýär. Gürrüň kiparlap, ýatar wagt bolandygyny duýup, oduň başyndan turduk. —Ýylan baradaky gürrüňlerimizden soň Saparyň-a bu gije gözüne uky gelmese gerek! –diyip, Öwez sürüjä degdi. Men häli-şindi gaýtalanyp duran güpürdä oýandym. «Bu nämekä?» diýip, dikelenimem şoldy, güýçli ýel ýüzüme çäge getirip urdy. Garaňkylyga biraz gözüm öwrenişip, syrgyn turandygyny, onuň çadyryň bir çetindäki gazygy goparyp, içerik girip, beýle ýüzünden çykanda, darajyk gapynyň perdesini silterläp, güňleç ses edýändigini aňşyrdym. Gapdalymda ýatan Öwezi yraladym: —Öwez! Öwez! —Hä, näme? —Ýel turýar. Öwez ýerinden galandan, ýüzüne urulýan çäge ony hem dessine özüne getirdi. Ol, eger tizden-tiz bir alajyny etmesek, beýleki gazyklaryny hem hä diýmän goparyp, ýeliň çadyry uçuryp äkitjekdigini görüp, Aşyrdyr Sapary oýarmak bilen boldy: —A-how, turuň! Turuň! —Ýylan barmy? –diýip, Sapar ýerinden galjaň turdy. —Ýylan saňa hesret bolup, düýşüňe-de giripdir öýdýän. Ýel turýar, ýel. Çadyry uçuryp barýar. Onýança, Aşyr hem oýandy. Daşardan Gara aganyň gygyrýan sesi eşidildi: —Oglanlar, çadyryň gazykdaky ýüpi üzülipdir. Ýeliň hyzzyldysyndan ýaňa ses-üýn alşar ýaly däldi. Çadyryň gazygy gopan tarapdan syraýan çäge gözüňe, agyz-burnuňa girip, dişleriň arasynda ýakymsyz gyjyrdy döreýärdi. Bokurdagyňy gijidip, dem almaňy kynlaşdyrýardy. Öwez Sapara: —Bar, tizräjik maşyny otla-da, ýele tarapymyza geçir! Çadyryň ýüplerini şoňa daňaly! –diýip, buýurdy. Salym geçmänkä Sapar yzyna geldi: —Maşynyň-a işi gaýdypdyr, otlananok. —Nämüçin otlananok? —Aý, dwigatel sowasyn diýip, agşam kapoty açyp goýupdym-da. Karbýuratoryna çäge uran bolaýmasa... —Haý, senem-aý, ýapyp goýmaly ekeniň-dä! –diýip, Öwez käýindi. Ýerli-ýerden çadyryň ýele galgaýan ýüplerini tutduk-da, Gara aganyň ýagdaýa düşünip, eýýäm goşlaryň arasyndan alyp gelen urganyna çatdyk. Urgany bolsa köpleşip çekip, golaýymyzda ösüp oturan sözene daňdyk. Çadyryň düýbüni ýel göterip bilmez ýaly, içi suwly gaplarymyzy getirip, gyrasyna goýduk. Şondan soň içerik çäge syramasy kesildi. Öwez elçyrasyny çadyryň ortasyna dikilgi gazykdan asdy. Ýatan düşeklerimiziň üsti goşawuç-goşawuç çäge bilen örtülgidi. —Iýip-içýän zatlarymyza–ha çäge syran däldir-dä hernä? –diýip, Öwez biynjalyk bolup, Gara aga ýüzlendi. —Аrkaýyn bol, men olaryň üstüni ätiýaçdan plýonka ýapynja bilen pugta basyryp goýupdym. —Hawa, indi maşynly meseläni näderis? –diýip, Öwez ýüzüni sortduryp oturan Sapara ýüzlendi. —Çölde galmasak-da, ýagşy. —Gaýgy etme, bejärin –diýip, Sapar gözüni uky bürüp barşyna, burnuna salyp mydyrdady. —Ertire bir çykaly... —Açyp goýmaly däl ekeniň-dä! —Köne maşyn-da, gyzýar. Onsoň, açyp goýmaly bolýar. Nireden bileýiň ýel turjagyny... —Karbýurator bolsa, işi haýyr, meniňem ondan başym çykýar. Bileleşip dessine oňararys –diýip, Aşyr orta goşuldy. —Gowusy, biraz ýatalyn! Ýeliň üznüksiz hyzzyldysy, çadyryň böwürleriniň tapyrdysy bimaza edip duransoň, meniň ukym tutmady. «Ýatmajak bolsam, peýdaly işe imrineýin» diýip, Öweziň elçyrasyny ýanyma alyp, ýol ýazgylarymy saýhallamaga girisdim. —Bu çäge süýşürýän syrgyn. Ertir görseňiz, ýalaňaç alaňlaryň köpüsi ornundan göçendir, ýollary çäge basandyr –diýip, çadyra girmäge synanyşýan wagşy haýwanyňka çalym edýän ýeliň sesini diňşirgäp ýatyşyna, düşegini getirip içerde ýerleşen Gara aga dillendi. Daň tilkiguýruk boluberende, apy-tupan ýatyşdy. Howada tozanyň ysy bar diýmeseň, imisalalyk aralaşdy. Ilki bilen Öwez oýandy: —Şemal ýatypdyr ýaly-la?! –diýip begendi. —Hany, daş çykyp geleýin. Ol dessine-de allaniçigsi bolup yzyna girdi: —Maşynyň üstündäki köwükli kapasamyz ýok-la?! Ýel alyp ötägitdimikä? —Men ony maşynyň içine saldym –diýip, Gara aga ýatan ýerinden jogap berdi. —Şeý diýsene, Gara aga. Köwüksiz galandyrys öýdüp gorkdum. —Beýle syrgynda ol görgülä-de aňsat däldir –diýip, Gara aga ardynjyrady. —Daňam atyp gelýär. Turup, çaý-paý goýubersem-de boljak! Sapardyr Aşyr ertirlik edinip bolup, maşyny bejermäge girişdiler. Uzak eglenmän karbýuratory arassalap, ýerine goýdular. Gijeki syrgynda çäge süýşüp, agaçlaryň kökleri ýalaňaçlanyp, agşam çaý başynda gürrüňini eden ýylanlarymyzy ýatladyp duran, keşbi üýtgän çöl bilen ýola düşdük. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |