00:03 Ýylanyñ gandary / hekaýa | |
ÝYLANYÑ GANDARY
Hekaýalar
Hawa, ýylanyň ýoldaşly bolýandygyny tassyklaýan kakam bilen bagly bir wakany gürrüň bersem, käbir adam: «Bolup biler» diýip, ynanýar welin, käbirisi-de: «Goýsana walla» diýip, aldaýandyr öýdýär. Diňlärin diýseňiz, size-de aýdyp bereýin. Hany göreýin, siz näme diýerkäňiz. Kakam tä pensiýa çykýança şofýorçylyk etdi. Bokurdak, Derweze töweregindäki maldarlara azyk daşap berýärdi. Sürýän maşyny dört tekeri hem çekýän, tüýş guma münmeli maşyndy. Ýogsam ol döwürde ýol has ýaramaz bolmaly. Bir gezek baharyň başlarynda, adat edinenje ýoly bilen gumuň üýtgeşik gözelliginden lezzet alyp «ýarowjana» hiňlenjiräp gidip barşyna ep-esli ýol aşýar, ýadaýar. «El-aýagymyň guruşygyny ýazaýyn» diýip, maşynyny saklaýar. Düşüp biraz ýörese, edil bäş-alty ädim öň ýanynda, ýoluň ýakasyndaky ýalazyja ýerde bir ullakan ýylan güneşläp ýatyrmyşyn. Kellesi çaga pişigiň kellesiçe, ýogynlygy adamyň injigiçe barmyşyn. Muny görüp, kakamyň zähresi ýarylypdyr. Endamyna sowuk der inipdir. Ol çölüň jümmüşine gün yrman gatnap duransoň, ýylan köpüni görenmişin. Ýöne heniz beýle irisine duşmanmyşyn. Ýylan onuň gelenini aňşyrman ýa-da görse-de ähmiýet bermän, güneşe meýmiräp, düýrlenip, ýalpyldap ýatyrmyşyn. Kakam eger özüň degmeseň, ýylanyň adama degmeýändiginden habarlydygy üçin arkaýynlaşypdyr. Her näme-de bolsa, ätiýaçlylygy saklap, ýuwaşlyk bilen yza ýöräp, gapysyny mümkingadar ýuwaş açyp, kabina münüpdir. Ýylandan gözüni aýyrman, maşyny otlap gidibermekçi bolupdyr. Emma güňlenç gürrüldä biynjalyk bolan ýylan başyny ýerden göterip, çuslanyp, özüne tarap ýönelipdir. Kakam: «Bu zaluwat böküp, maşynyň gozagyna girse, goş-golamlaryň arasyndan tapyp öldürmek aňsat düşmez» diýip, ese-boýa galyp, gaýkyjyklap, zyňmaga häzirlenip gelýän ýylanyň üstünden sürüpdir. Düşüp görse, teker onuň bilini mynjyradyp geçenmişin. Ep-esli uzynlykdaky ýylan, eýmenç kellesini ikiýana urup, janhowluna çabalanýarmyşyn. «Ejir çekip ýatmasyn» diýip, kakam ony elmydama kabinasynda goýýan gysga saply pili bilen urup öldürip, üstüne gum sürüp, ýoluny dowam etdiripdir. Çopan goşuna baryp, ýüküni düşürensoň, çaý içmäge oturanlarynda, ýolda ýylan öldürendigi barasynda çarwadarlara gürrüň berýär. Olaryň ýaşuly birisi: —Öldüren ýylanyň mähnetmidi? –diýip soraýar. —Hawa, ullakandy öz–ä… —Uly ýylanlar ýoldaşly bolguç. Öldürip oňarmansyň. Sowlup geçäýmeli ekeniň –diýip, ýaşuly kakamyň eden işini oňlamandyr. —Indi onuň ýoldaşy seniň kastyňa çykar. Mundan beýläk ýolda-yzda juda hüşgär bolgun! Şol wagtam, diňläp oturan çoluk gürrüňe goşulyp şeýle diýýär: «Hol ýyl Garly girdenek Şorguýynyň ýanynda dowar bakyp ýören eken. Şonda parahat otlap ýören goýunlar birdenem gorkuşyp, yza serpigýärler. «Näme bolduka?» diýip, ylgap barsa, bilegiň ýogynlygyndaky bir ýylan gapdalynda ýykylyp ýatan goýna haýbat atyp duranmyşyn. Goýun görgüli ony görmän basan borly. Ýylan hem ony çakyp, indem köşeşip bilmän owsunyp duran bolmaly. Garly girdenek ony salymyny bermän taýagy bilen urup öldüripdir. Goýun janawar hem birazdan soň çişip jan beripdir. Şol gün agşam çaý içip otyrka, bir garagaýçak ýylan gelägede, sen ýok-men ýok Garly girdenegiň üstüne zyňypdyr. Garly aga aljyramandyr. Ýaňkynyň bilinden çalyp tutup, ýere pylçap urup öldüripdir. Emma şol arada, zaluwat, onuň başam barmagyndan agyz salyp ýetişipdir. Köpi gören bolansoň, sarymsakdyr ýüzärlik ýenjip ýapyp, saralyp-solup, ezýetler çekip, zordan ölmän galdy ol. Gandaryň ýylan bolmasyn! Aryny alman goýmaýar». Beýleki oturanlar hem kakama öçli ýylanyň adamy yzarlap, ýoldaşynyň aryny alşy baradaky wakalaryň beterinden-beterini aýdyp berýärler. Bu gürrüňlere hezili gaçan kakam: —Ýylan öldüren ýerim çölüň orta gürpünde. Şeýle daş aralykdanam onuň ýoldaşy meni tapyp bilermikä? –diýip soraýar. —Ýylan pähimli jandar. Ýol bilen ýöräberse, «Gyrmyldan gyr aşar» diýleni. Irde-giçde tapar. Kakamyň ýüregine gorky aralaşýar. «Ýylan diýeniň sessiz-üýnsüz süýşüp gelip, duýdansyz hüjüm edýän jandar. Gapyňy petikläp, äpişgäni ýapyp ýatanyň bilenem başyňy gutarmak mümkin däl. Onuň girmegi üçin kiçijik yş bolsa ýeterlik. Onsoňam, ýylan çemine salýança howlugyp nätsin? Ýoldaşynyň aryny irde-giçde alsa bolýar-da». Şu pikirlere batyp, kakam şol gije çopan goşunda ynjalykly uklap bilmän çykýar. Çalaja şygyrdy eşidilse, «Öldüren ýylanymyň höwri gelendir» diýip tisginip turýar. Ertesi çaý başynda hem töweregine ýaltaklap, rahat oturyp bilmeýär. Ýola ugramazyndan öňinçä bolsa, ýaşuly çopandan: —Halmät aga, indi men nätsem ol öldüren ýylanymyň höwründen başymy gutaryp bilerin? –diýip soraýar. Halmät aga-da, ýeser ýylgyryp, «Janly-jandara degmez ýaly, indikisine sapak bolsun» üçinmi–nämemi, asla bitirmesi mümkin däl, müşgil bir şerti aýdýar: —Könelerden eşitmişime görä, şol öldüren ýylanyň gowuny tapyp otlasaň, yzarlanmak belasyndan başyňy gutaryp bilersiň. «Halmät aga-da bolmajak bir zatlary aýdaýýar» diýip, kakam ýola düşýär. Ýylan öldüren ýeriniň deňine ýetip, maşynyny ýuwaşadýar. Görse, ol ýerde ýene iki sany önkä çalymdaş ullakan ýylan ýanaşyp ýatyrmyşyn. Kakamyň maşynyny görüp, olaryň birisi başyny göterip, owsun urup başlaýar. «Bular düýnki öldürenimiň ýoldaşlary bolsa gerek» diýip, kakam aljyraýar. Onýança-da, ýaňky ýylan has haýbatly gaýkyjyklap, maşyna tarap ýönelýär. Kakamyň kellesine «Bu iki ýylany hem basyp, özümi yzarlanmak belasyndan gutaraýyn» diýen pikir gelýär. Ol ýetip gelýän ýylana tarap ruly burýar. Ýylan çalasynlyk bilen gapdala sowlagada, ýoluň ýakasyndaky ojarlyga girip gidýär. Kakam «Bu sypdy, beýlekisini bir öldüreýin» diýip, düýnki ýylan gömen ýerine sürüp barsa, ol ýerde ýatan ýylan gymyldaýynam diýenokmyşyn. Ýagşyja synlasa, düýnki öldüren ýylanymyşyn. «Beh, bu nädip çykdyka? Men munyň düýn üstüne gum sürüpdim gömüp gidipdim ahyryn. Hoşlaşmak üçin ýaňky höwri gazyp çykarandyr-ow?» diýip, kakam geň galypdyr. «Ýylanlar juda akylly, biri-birine mähriban jandarlar eken-ow. Men muny öldürip, uly akmaklyk edipdirin. Başymy bir bela sokupdyryn. Indi beýdip ýatmasyn, çuňrajyk gömeýin» diýip, töweregine ätiýaçly bakjaklap, «Ýoldaşy hüjüm edäýse, pil bilen goranaryn» diýip, ýylanyň maslygyny ýamaşgandan gömüpdir. «Halmät aganyň diýeni rast bolsa, gowuny tapyp otlaýyn» diýip, şol töweregi aýlanyp, agaçlaryň ot-çöp basan düýplerinden ýylan gowuny gözläpdir. Emma gözlegi netije bermänsoň, «Başa gelenini görübermeli bor-da» diýip, ýoluny dowam etdiripdir. Öýe aşyp, giňiş howlymyzyň bir burçuna, Ýolbars atly köpegimiziň keteginiň gapdalyna, maşyn goýýan ýerine baryp saklanypdyr. Ýolbars diýseň häsiýetli köpekdi. Akyly gözünden görnüp durdy. Biziň uly-kiçi hemmämize, hatda mal-garamyza-da çäksiz mähir bilen çemeleşerdi. Onuň howludadygyny bilýärkäk, öýümiziň gapysyny gulplabam durman, eýläk-beýläk iş bilen arkaýyn çykyp giderdik. Gije-girimde-de gorkman daş çykardyk. O-da gapy açylan dessine, ýatan ýerinden turmaga irinmän, ylgap ýanymyza gelerdi. Jotdy guýrugyny bulaýlap, üst-başymyzy ysgap, «Arkaýyn bol, ähli zat ýerbe-ýer» diýýän ýaly ýüzümize bakardy. Ine, şol gezegem kakam ýere düşenden, Ýolbars oňa garşy ylgap topulýar. «Bäh, janawaryň meni göresi gelipdir-ow» diýip, onuň başyny sypap, hoşamat etmek üçin «Ýolbars! Ýolbars!» diýip, elini uzatsa, it kakamyň ýanynda säginmän, gaharly hyňranyp, maşynyň aşagyna sümlüpdir. «Bu nätdigi boldy?» diýip, göwni üşenip, kakam hem maşynyň aşagyna äňetse, yzky tekerleri birleşdirýän oka dolaşan äpet ýylan süýnüp, ýere düşüp, özüne tarap ýönelip gelýärmişin. Ol ojarlyga siňip giden şol elhenç ýylanmyşyn. Onýança-da, Ýolbars ylgap baryp, çasbaňlyk bilen onuň bilinden hytyrdadyp tutagada, maşynyň tekerine pylçap urupdyr. Ýylan seňseläp ýere düşenden, kakam hem gapdalda ýatan pili alyp ýetişip, urup onuň kellesini mynjyradypdyr. Äpişgeden howlymyzdaky başagaýlyga gözümiz düşüp, ejemdir biz -çagalar ylgaşyp çyksak, ynha, görseň zähräň ýaryljak ullakan bir ýylan süýnüp, ölüp ýatyr. Kakam Ýolbarsyň başyny mähirli sypap: —Eger-de itimiz wagtynda ýetişmedik bolsa, bu peläket meni alardy –diýip, onuň ýolda basyp öldüren ýylanynyň ýoldaşydygyny aýdyp, bolan wakany gürrüň berdi. Ol ýylan, kakam höwrüni gömýän wagty, eli pillidigi zerarly gorkup, hüjüm etmän, aryny amatyna düşürip almak üçin, ojarlykdan çykyp, maşynyň okuna dolaşyp gaýdan bolmaly. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Ýarty alma / hekaýa - 21.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |