23:43 Zaratuştranyñ nutuklary: Öçügsi günäkär hakda | |
• Öçügsi günäkär hakda Siz häkimler we gurban edijiler boýnuny uzatmanka haýwany öldürmek isläňzokmy? Serediň-ä, öçügsi günäkär boýnuny öňe uzatdy, uly kemsidilmäni onuň gözi aýdyp dur. Onuň gözi şeýle diýýär: “Mendäki Meniň üstünden aşmaly. Mendäki Men adamyň iň uly kemsidilmesidir!” Öz-özüni ölüm jezasyna höküm etmegi iň belent sepgide ýeten pursatydy, ol beýik adamy gaýtadan pese düşürmäň! Özi sebäpli gam çekýän biri üçin çalt gelen ölümden gaýry hiç hili çykalga bolmaz. Häkimler! Öldüreniňiz bilen öjüňiz sowamaýar, merhemet bolmaly öldürýän wagtyňyzam durmuşy hakly çykarjak boluň! Öldüren adamyňyz bilen ýaraşmak ýeterlik däl. Şindizem ýaşap ýöreniňizi gaharyňyzyň Kämil adamy söýmekden gelýändigini aýdyp özüňizi aklap bilersiňiz. “Duşman” diýiň, ýöne “zalym” diýmäň, “näsag” diýiň, ýöne “bigaýrat” diýmäň, “akmak” diýiň, ýöne “günäkär” diýmäň. Hem eý sen, gyzyl häkim, aňyňda aýlan zatlaryňy belent ses bilen aýdan bolsadyň, hemmeler “Ýok ediň, şu ýigrenjini, zäherli soguljany!” diýip gygyrardy. Emma aňyňdaky pikir, hereket we hereketiň görnüşi hersi aýry-aýry zatlardyr. Sebäpleýinligiň çarhy bularyň arasynda aýlanmaýar. Bir görnüş ol öçügsi adamy igletdi. Hereket edip durka işiniň ussadydy, ýöne soňundan görnüşiň astyndan çykyp bilmedi. Özüni mundan beýläk hemme ýere eli-aýagy ýetip duran gallaw adamdyr öýdüp başlady. Men muny telbelik hasaplaýaryn, tertipsizlik onuň tebigatyna öwrüldi. Towuk çyzyk görse jadylanýar, öçügsi adamyň oýnan oýny onuň biçäre aklyny jadylady. Men oňa hereketden soňky telbelik diýýärin. Diňläň, eý häkimler! Ýene bir telbelik bar. Bu telbelik hereketiň öňinçäsine gabat gelýär. Näme diýseňiz diýiň, siz bu ruhuň içine ýeterlik girip bilmänsiňiz. Gyzyl häkim “Bu günäkär nämüçin öldürdikä? Talap aljak bolýardy” diýýär. Emma men size diýýärin, onuň ruhy talaňçylyk däl-de, gan küýseýärdi, pyçagyň şat bolanyny isleýärdi. Emma onuň biçäre akly bu telbelige düşünmedi we ony boýun etdi. “Ganyň näme ähmiýeti bar? Iň bolmanda ýekeje gezek talaňçylyk etmegi, öç almagy isläňzokmy?” Ol biçäre aklyna gulak saldy, aklynyň sözleri üstüne gurşun deýin çökdi. Öldürende talaňçylyk hem etdi. Telbeligi sebäpli utanmalydyram öýtmedi. Şindi etmişiniň agyrlygy ýene gurşun deýin üstüne gaýtdy. Onuň biçäre akly ýene şolar ýaly derejede gödek, keýtik, agyr bolsa näme. Diňe başyny aşak egip bilse, üstündäki ähli ýük aşak togarlanyp gaýdar. Emma bu başy kim aşak egerkä? Bi, adam diýilýän nahili zadaý? Ruh arkaly jahana şaha ýaýradan we munda olja edinmegi maksat edinen keseller toplumy. Bi, adam diýilýän nahili zadaý? Bir ýere üýşende seýrek ynjalyk tapýan wagşy ýylanlar topbagy. Şeýle bolandygy üçin her biri özbaşdak ýola rowana bolup, bäş günlük dünýäde olja gözleýär. Bi, biçäre tene seretseňizläň! Biçäre ruh çekýän horluklaryny we arzuwlan zatlaryny pyçagyň şatlygyna duýulýan eýmenç meýil we hyjuw saýdy. Şindi keselläne şindi ýaman bolan ýamanlyk topulýar, janyny awudanyň janyny awutjak bolýar. emma başga yagşynyň we ýamanyň bolan başga wagtlary-da bardy. Wagtynda şübhe ýamandy we menligiň ygtyýaryndady. Şol wagtlar ol keselledi, dinden çykdy, arwaha döndi. Dinsiz arwah mysaly gam çekdi we gam çekdirmek isledi. Emma muny eşdesimiz gelenok. Ýagşylarymyza azar berýärmiş diýýärsiňiz. Siziň ýagşylaryňyzyň maňa bildirýän ýeri barmy! Ýagşylaryňyzyň ýanyny beter ýigrenýärin, ýaman taraplaryndan onçakly däl. Käşgä, şol öçügsi günäkär ýaly olary ýok edip taşlajak telbelige eýe bolsadylar. Telbeliklerine hakykat, ýa ynam, ýa-da adalat diýilmegini näçe islesemem, uzyn we ser-sepil keýpi-sapa içre ýaşap bilmeklerini üpjün edýän hoşgylyklara eýelik edýärler. Men derýanyň boýundaky gorkulygym, çydap biljek çydasyn! Ýöne men siziň goltugyňyzdaky gamçy däl. Zaratuştra şeýle diýdi. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |