20:39 Zat gymmatlajakmyş / satiriki hekaýa | |
ZAT GYMMATLAJAKMYŞ
Satiriki hekaýalar
Öýümize myhman geldi. Ol gürrüñ arasynda: - Gandyñyz barmy? - diýip sorady. - Öz-ä bolmaly. Dek düýn bir kilo alypdyk. Myhman ýylgyrdy. - Päheý-de weli, bir kilo bilen gantly bolýañyzmy? Derrew birküç halta alyñ-da, beýläñize basyñ. Ýogsa, bu golaýda ganda gözüñiz düşmez... Birküç kilo däl, birküç halta!.. Eý-ho! Tanyşlarymyñ biri gelip: - Nepýag satyn aldyñyzmy? - diýdi. - Birnemejik bar. - Tizara dükanda nepýag bolmaz. Şonuñ üçinem on-ýigrimi tüññüri dolduryp goýuñ... On-ýigrimi litr däl, on-ýigrimi tüññür.. Bäý-bä! Ýoldaşym gelip: - Çaýyñyz barmy! - diýip sorady. - Bar. Ýap-ýañyja bir gap aldyk. - Siziñ zatdan habaryñyz ýok öýdýän? Eglenmäñ-de kyrk-elli gap çaý alyñ. Bir hepdeden soñ, siz ony gündiz çyraly gözleseñizem tapmarsyñyz. Dostum maslahata geldi: - Bilýäñzmi? Noýba gymmatlajakmyş. Derrew bäş-on ganar satyn alyñ. Bäş-on kilo däl, bäş-on ganar!.. Püw-w! Bir gün goñşym gelip: - Sabynyñyz barmy? - diýip sorady. - Birküç böleg-ä bolmaly. - Uly iliñ ýüki sabyn weli, bularyñ arkaýyndygyny... Goñşularymyñ biri: - Hiç ýerde gürrüñ etmäñ weli, zeýtun ýagynyñ bahasy galjakmyş. Soñuna galaýmankañyz, gaplaryñyzy dolduryp goýaweriñ - diýip duýdurdy. Dost-ýaryñ, tanyş-bilşiñ gepine gulak assañ, öýüñi azyk ammaryna öwrüp, özüñ myhmanhana göçüp ötägitmeli. Asyl "haltalap daşañ", "çelekläp çekiñ", "beýläñize basyñdan" başga gürrüñ edenoklar. Hudaýa şükür, arta-süýşe pulumyz bolmansoñ, biz-ä öñküje günümiz bilen mydar edip ýörüs. Zeýtun ýagyny litrläp, sabyny bölekläp, çaýy gadaklap, gandy kilogramlap alanymyz bilen oñýarys. Ýöne ol-bu gelip: - Gandyñyz barmy? - diýip sorasa: - Hawa-la, krowadymyzyñ aşagy gantdan doludyr - diýip jogap berýäris. - Nepýagyñyz barmy? - diýseler: - Ýüz tüññür dagy doldurdyk - diýip, agyzlaryna goýýarys. - Çaýyñyz? - Dolup ýatyr. Bäş ýüz gap alyp, beýlämize basandyrys. Illee nyrhlaryñ gymmatlajakdygyny eşidip, azykdan ýüküni tutýarlar. Maşyn üstüne maşyn alýarlar. Hüjre-hüjre jaý gurýarlar. Hiç zady artykmaç almaga ýagdaýym bolmasa-da, gymmatlaşyk hakynda eşidelim bäri, menem ýöne oturamok. Bütin günümi awtobusda geçirýän. Asyl Erenköýdäki öýümiz bilen Kadyköýüñ aralygynda gatnaýan awtobusdan düşemogam. Düýnem awtobus awtoparka gidýänçä, şonuñ üstünde boldum. Konduktor maña: - Bagyşlañ, biz eýýäm sekiz gezek öwrüm etdik. Siz şonda-da otyrsyñyz. Nirä barmakçydyñyz? - diýdi. - Men günüñ ahyryna çenli awtobusdan düşmekçi däl. - O näme üçin? - Hiç ýerde diliñizden sypdyraýmañ, tizara awtobuslaryñ kireýi gymmatlajakmyş... Arzanjykka münüp keýpden çykaýyn diýýän. Eziz NESIN, türk ýazyjysy. Rusçadan terjime eden: Atamyrat ORAZLYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |