07:40 Zenan gaýraty / hekaýa | |
ZENAN GAÝRATY
Hekaýalar
Şol mahallar Magtymgulynyň dosty Allaberdi begiňkide myhmançylykda gezip ýören günleridi. Magtymguly Allaberdi beg ikisi saba bilen awa şikara çykypdylar. Giçöýlänlerem gaýdyp geldiler. Olaryň agşam çaý başyndaky gürrüňleri hasam gyzygypdy. Şonda Allaberdi begiň öňki sapar awdan gelen günlerinde bolan täsin bir wakany gürrüň edip berdi. -- Şo gezek ogullarym bilen awdan şikardan gelýärdik — diýip, başlan gürrüňi bilen Allaberdi beg töweregine üýşen adamlary özüne bakdyrdy. — Obaň bir ujundan girenimizem şoldy welin, öňümizden obaň miraby Halym çykdy. -- Begim, bu gün obada geň bir waka boldy — diýip, mirap demi-demine ýetmän, gepini düşündiribilmän jedir-jedir etdi. -- Hany, Halym, özüňi ele al, rahatlan, o nähili geň waka?—diýdim. -- Şu gün suw tutmak gezegi garyplaryňky bolmalydy. -- Hawa, ony bilýän. -- Ýöne Semet baýyň ogly Gurbow lakga bir ýerlerden peýda boldy-da, ur-tut suwy öz akabalaryna bakan akdyryp goýberiberdi. Asla golaýyna adam eltmedi, elem ýaragly. -- Onsoň siz näme etdiňiz? Sizem ondan gorkduňyzmy? -- Ýok, gürrüň gorkmak-gorkmazlykda däl begim. Biz onuň bilen ýaka tutluşmak islemedik. Parahatlyk bilen düşünişjek bolduk. -- Onsoň näme boldy? Dawany parahatlyk bilen çözlüşip bildiňiz dälmi? -- Çözülişmek nire, begim? Asla ol hiç kese gulagam asmady, diňlejegem bolmady. — Halym mirap şondan soň bokurdagyna agram salyp gürledi. — Garyplardan iki-ýekesi sizden ýardam isläp, öýňüze-de baryp gaýdan bolmaly. -- Soňuny aýtsana? -- Soňumy? Soňy hernä hudaý diýen ýerimiz bar eken begim, obamyzda sizden başga-da adamlaň hak-hukugyny talap edýän bir gerçek tapylaýdy, bolmasa... Elem ýaragly, suwuň bulagyny garyplaň ekinine sowup, gylyjynyň suwy gulaçlap duran kesgir ýüzüni geleniň kellesini almaga häzirledi duruberdi. -- Bäý-bä! Gör-ä pony? Onsoň, kim eken ol eli ýaragly gerçek? Soň gaýdyp Gurbow kel, gelmedimi? Olar garpyşmadylarmy? -- Baý ogly, gelmesine-hä geldi. Menem uly garpyşyk bolar öýtdüm, gorkdum, hemmelerem şeýle pikir etdi. Ýöne... -- Ýönäň näme, aýtsana, bu ýerlerde nämeler bolup ýör?! -- Hernä bar zat gowulyga ýazdy. Bolmasa, bu işiň soňunyň näme bilen gutarjagy belli däldi--diýip, Halym mirap öňküdenem beter sojap-sojap dem aldy. -- Baý ogly beýle zada garaşman eken. Görse, garşysynda söweş lybasly ýaş ýigit, bir eli jöwher pyçakly bilinde, beýleki eli hem gylyjyň dessesinde. Gurbow lakga batyr ýigidiň gazaply gözlerine gözi düşüp, onuň bilen darkaş gurmag-a beýle-de dursun, ondan eýgilik tapmajagyny duýdy öýdýän, sessiz-üýnsüz köpçülikden sogrulyp gitdi, namartlady. Baý bu ýagdaýa ynanman, onuň ýanyna nökerlerini ugratdy. Nökerleri hem batyr ýigidi daşyndan synlap, töweregine baryp bilmediler. Iň ýaman ýerem, onuň kimligini, kimlerdendigini bilen bolmady, „Sen kimsiň?“ diýip soramaga-da hiç kesiň gaýraty çatmady. -- Suw häzir kimleriň melleginde? Sen şony aýt?! -- Garyplaryňkyda. -- Ýagşy. Onsoň hälki eli ýaragly batyr ýigit şu mahal nirede, henizem suwuň sakasyny saklap otyrmy? -- Ýok, ýok, ol garşysyna hiç kim çykmansoň, nirädir bir ýana sumat boldy. Onuň nirden gelip, nirä ýitirim bolanyny bu jelegaýda bilenem ýok, görenem... Meni Halym mirabyň soňky sözleri uly iňkise goýdy.“Ol kim bolup biler?“. -- Inim Allaberdi beg! Aslynda ol kimem bolsa är kişiň işini bitiripdir, ejiziň arkasyny alyp dogry edipdir. Il-gün özüniň hak-hukugyny gorap, janyny orta goýup bilýän şeýle gerçeklere mydama tagzym edýär. Ýa myhman-merduwanmyka? --Bilmedik. Biziň agşamky çaý başyndaky bar gürrüňlerimiz hem ine, şol barada boldy. – Halym mirabyň gürrüňini-hä hemmäňiz eşitdiňiz — diýip, töweregimi halkalap oturan ogullaryma ýüzlendim. -- Obada garyp-gasaryň arkasynda durup biljek kişi tapylypdyr. Biziň welin mundan habarymyz ýok. Halk bolsa deňligi, adalatlygy küýseýär — diýdim. Görsem gyzym Orazgül orta çaý-nahar getirensoňam biziň özara gürrüňimize o diýen bir goşulyberenok. Onuň arkaýynlygy mende birneme şübhe döretdi. -- Gyzym, bu gün obamyzda suw üstünde dawa turupdyr. Semet baýyň ogullaryndan biri gyzmalyk edipdir-de, garyplaryň suw gezegini özlerine alypdyr. Miraba-da gulak asmandyr. Bizem obada ýok. Öýmüze garyplardan kömek sorap gelen adam boldumy?--diýip, ýagşydan-ýamandan dil ýarman oturan gyzymyň taryna kakyp görmek isledim. -- Wiý, kaka, huşum gursun—diýdi-de, gyzym dil açdy. -- Ir säher bilen bir adam geldi. ”Biz bir garyp biçäre, iki tanap ýerimiz bar. Şu gün suw tutmak nobaty biziňki bolmalydy — diýdi-de, gele-gelmäne aglap-eňräp başlady.-- Asmandanam nem damanok. Şu gün suw tutmasak, ýeralmamyz bütinleý gurajak. Ýöne baý ogullaryndan biri suwuň gözbaşyny özleriniňkä bakan sowdy-da, „Golaýyma geleni sylamaryn!“ diýip,ýaragyny güjeňläp dur.Begimiz bolan bolsady, beýle ýagdaýa ýol bermezdi”diýdi. Soň men ony “Kakam obada däl! Doganlarymam ýany bilen awa alyp gitdi. Geldikleri aýdaryn. Siz zady gaýgy etmäň, suwuň gözbaşyna baryberiň, basym olar hem barar” diýip gaýtardym. -- Ana, gyzym, şondan soňam onuň ahy-nalasyny eşidip Alla tarapyn bu ýere bir är kişi iberilipdir, garyp pukara arka durupdyr diýýäler. Sen bu barada-da eşitmediňmi? -- Ýok eşitmedim. Kimem bolsa hak edipdir. -- Wah, onyň dogry gyzym, ýöne meniň başga bir zada bagrym ýanýar. Biz begler, tutuş obany guş gelse ganatyndan, gulan gelse toýnagyndan, daşky howp-hatardan goraglan bolup ýörkäk, daşardan kimdir bir ýaragly ýigdekçe geler-de, biziňem ondan hiç haýsymyzyň habarsyz galmagymyz, heý akyla sygjak zatmydyr. Haýsy bir keseki adam, onda-da eline ýarag alyp, obamyza aralaşmaga milt edip biler?”. Şondan soň gyzym bilen aramyzda soň näme gürrüň boldy diýsene, Magtymguly!? -- Hawa, hawa, diňleýän. -- Kakajan, meni bagyşla–diýip, gyzym Orazgül gönüsinden geldi. Näletleseňem, taryplasaňam, öz işiň. Halys gapymyzdan aglap gelen pukaraň halyna dözmedim. -- Ynan, Magtymguly, üstünde jinnek ýalyjagam söz goýamok. Hatda birbada bizi diňläp oturan ogullarym hem gürrüňiň näme barada barýanyny aňşyrmadylar. Birhowadan soň oglum Dinim nämäniň-nämedigine akyl ýetiren bolmaly: “Uýam, uýajygym, biziň obada ýoklugymyzy bildirmänsiň, sagja bol. Senden tamam-da şeýledir!“diýip, oňa öz hoşallygyny bildirdi. Basym bize ähli zat aýan boldy. Namardyň merkini beren gerçek ýigit diýilýäni gyzym Orazgül bolsa nätjek? -- Aý, ýog-a? Hakyt enemiň ady dakylan gyzyň Orazgülmi? Bu dogrumy? -- Ana, görýäňmi, dost jan, senem birbada aňşyrmadyň. Garyp howlymyza girende diňe bir ojak başynda biş-düş bilen meşgul bolup duran ýalňyz gyzym -- Orazgül bar eken. Ol gapydan gelen adamyň habaryny alypdyr. Soň näme edipdir diýsene? Garybyň halyna halys dözmedik bolarly. Içki tama girip, başyna agalarynyň ak silkme telpegini geýipdir, gyrmyzy donuny egnine atyp, zerli ädigini aýagyna sokupdyr. Bili jöwher pyçakly, eli düýrme gylyçly, çulum-çulum ädimläp, nirdesiň hälki suwuň sakasy diýip gaýdyberipdir. Ol gylyjy nähili götermelidiginem, nädip ulanmalydygynam, dogrusy agalarynyň türgenleşiklerini synlan çagynda mazaly öwrenipdi. Gyzymyň çalasyn hereketlerini synlanymda, her haçanam bolsa onuň öz başyny özi çarap biljegine göwnüm ýeterdi. Aram-aram oňa söweş tälimlerini öwretmegim, ýanym bilen aw awlamaga alyp barmagym zyrýa çykmady. Orazgül bu ýere baran dessine ýabyň akaryny garybyň mellegine sowup, gylyjynyň iki garyş çemesi ujuny suwa çümdiripdir-de: „Gaýraty bolan gelsin!“ diýen röwüşde garaşyberipdir. -- Gör-ä, muny! -- Iň täsin ýerem, hiç kesiň, hatda suw nobatyna eýe bolan garybyň hem syratly-sypatly, uzyn boýly bu edermen, gerçek ýigidiň özüniň ýaňy arzyny aýdyp gaýdan beg gyzydygyny tanamanlygynda. -- Berekella, beg gyzy begzada bolar diýleni. Siziň hakylly, batyr hem gaýduwsyz, edermen gyzyňyz bar eken. Gör-ä muny, şeýle-şeýle zatlar bolar diýip kimiň kellesine geljek?!. Bu buýsandyryjy waka Magtymgula aýratyn täsir etdi. Hatda ol muny dogduk obasyna gaýdyp baransoňam töwerek-daşyna üýşen adamlara gürrüň berdi. Şeýdibem Allaberdi begiň zenan gaýratly, batyr gyzy Orazgülüň ady dilden-dile geçdi, il gezdi. | |
|
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |