01:33 Zoýa | |
ZOÝA
Zenan şahsyýetler
Stambully Zoýa... Wizantiýa imperatorynyñ owadanlygy bilen daş-töweregine ýalkym saçan kyrk sekiz ýaşly durmuşa çykmadyk boý gyzy. Onuñ şahsy durmuşy kakabaşlykdan doludy, erkege garaşly bolmagy halamaýardy. Parfýumeriýa we hoşboý ysly ýaglary çalynmagy gowy görýärdi. Hut özi bulary ýasap ulanýardy, onuñ aýak basan ýerinden gülüñ ysy kükeýärdi. Kakasynyñ, ýagny Wizantiýa imperatory Konstantin VIII-niñ yzynda tagtda oturtmaga ogly ýokdy, ol ölüm ýassygynda ýatyrdy. Şonuñ üçin ol Zoýany ýanyna çagyryp, oña Roman Argire durmuşa çykmagy towakga etdi. Imperatora giýew boljak zaññar Zoýadan ýigrimi ýaş uludy, üstesine maşgalaly adamdy. Zoýa bialaç kabul etdi, kakasynyñ raýyny ýykmady. Argir aýalyndan aýrylyşyp, Zoýa bilen nikalaşdy. Imperator Konstantin üç günden soñ aradan çykdy. Zoýa bilen durmuş guran Argir imperator tagtyna oturdy. Zoýa hem melike boldy. Şeýdip alty ýyl ýaşaşdylar. Zoýanyñ ýaşy ötüşen bolansoñ, çagalary bolmady. Syýasy mejburyýet bilen gurlan maşgala bagtsyzdy. Zoýanyñ aslynda äriniñ daşyndan Mihail adyndaky obaly "gezýän" oglany bardy. Mihailiñ görmegeýligi şäherde dillere dessandy, ol köşkde hyzmatkär bolup işleýärdi. Zoýa gören badyna oña aşyk boldy, ony ýörite hyzmatçy edip yanyna aldy. Imperator Roman Argir, elbetde, Zoýadan şübhelenýärdi, emma, oña diýenini etdirip bilenokdy, her edip hesip etse-de, Mihaili hem köşkden daşlaşdyryp bilenokdy. Bu gabanjañlyk duýgusy bilen ol Zoýa gödek çemeleşmäge başlady, ony köpçüligiñ içinde masgaralamaga çalyşdy. Gümp-tamp... Imperator öldi duruberdi. Bir rowaýata görä ol hammamyñ howuzynda gark edilip öldürilipdir, başga bir rowaýata görä awy berlipdir. Kimiñ edendigi köre hasa. Zoýa dessine Mihaile durmuşa çykdy. Ol özünden ýigrimi ýaş uly ärini ýere gömüpdi, özünden otuz ýaş kiçi täze ärini bolsa tagta çykarypdy. Şeýdip olar ýedi ýyl döwran sürdüler. Mihail heýkel ýaly belent başly ýigitdi, emma, sowatsyzdy, ol köşk intrigalaryna garşy göreşmekden ejiz geldi, aljyrady, elini-aýagyny ýitirdi, özüni dine bagyşlady, monahlyga baş goşdy, imperatorlyk ygtyýarlygyndan el çekip, monah eşiklerini geýdi we buthanadan çykmady, ömrüniñ iki ýylyny şeýdip geçirdi, şol ýerde-de öldi. Altmyş bir ýaşyna gadam basan Zoýa ýene dul galypdy. Onuñ monah äri Mihailiñ ýigrimi alty bir ýegeni bardy, onuñam ady Mihaildi. Zoýa ýaşajyk Mihaili ogullyga aldy. Ogly kimin imperator tagtyna çykardy. Elbetde, ogullyk-ýene näme-pylan-pysmydan... bularyñ barsy boş pyrryldak, onuñ näme etjek bolýanyny bilmeýän ýokdy. Imperator agasynyñ monahlyga baş goşup, buthanadan örüp başlany bäri, ýaş Mihailiñ Zoýa bilen ýakynlaşyp başlanyny añşyrmadyk ýok diýen ýalydy. Şeýlelikde, ýaş Mihail tagta çykdy. Hökümdarlygyñ berýän ýelginine ýeñildi... Zoýany köşkden uzaklaşdyrmaga synanyşdy. Zoýany Büýükadada buthana gabady, gapysyna-da nobatçy dikdi. Emma Zoýany öte äsgermezlige salypdy. Gümp-tamp... Zoýa ýakyn durýan serkerdeler gozgalañ turuzdy. Şäher oda berildi, köşgüñ dašy gabaldy, ýaş imperator Mihail tussag edildi, gözlerine mil çekilip, sokur kör edildi, Sakyz adasyna sürgün edildi. Zoýa altmyş iki ýaşapdy. Howul-hara Kontantin Monomah bilen nikalaşdy, ony imperator tagtyna oturtdy. Bu gezekki äri özi bilen deñ-duşdy. Şeýdip sekiz ýyl ýaşaşdylar. Melike Zoýa ýetmiş ýaşyndaka aradan çykdy. Wizantiýanyñ iñ haýbatly zenany Zoýanyñ taryha geçen başga bir täsin aýratynlygy bardy. Zoýa melike bolanda Aýasofýada mozaikasyny çekdiripdi. Bir tarapda özi, bir tarapda birinji äri Roman Argir, ikisiniñ ortasynda bolsa olara sag elini uzadyp duran Hezreti Isanyñ (a.s) suraty bardy. bilen olary Bu olaryñ Hezreti Isanyñ (a.s) huzurynda nikalaşmalaryna yşarat edýärdi. Bigünä bakyşly Zoýanyn başynyñ üstünde "Örän dindar Zoýa" diýlen ýazgy bardy. Zoýa garry adamsyny öldürdi, ýaş oýnaşy bilen nikalaşdy. Aýasofýadaky mozaikany täzeletdi… Birinji äri Roman Argiriñ suratdaky göwresi şodurşyna galdyryldy, ýüz keşbi oýulyp aýryldy. Garry äriniñ ýüzüniñ suratynyñ ýerine ýaş äriniñ ýüz keşbini çekdirdi! Ýaş äriniñem "başyny iýdi", üçünji gezek äre çykdy. Aýasofýadaky mozaikany ýene täzeletdi... Birinji äriniñ göwre bölegi ýene şodurşyna goýuldy, ikinji äriniñ ýüz keşbi oýulyp aýryldy. Onuñ ýerine üçünji äriniñ suraty çekildi! Häzir Aýasofýadaky mozaikada onuñ birinji äriniñ göwresi bar. Ikinji ärinden nam-nyşan ýok. Üçünji äriniñ ýüzüniñ suraty bar. Hezreti Isa (a.s) olaryñ başyny "sypamaga" dowam edýär. Zoýanyñ seriniñ üstünde "Örän dindar Zoýa" diýen ýazgy bar. Aýasofýadaky mozaikalar diýlende, Hezreti Isadan (a.s), Merýem eneden, hristian apostollaryndan söz açýarlar, emma, menden sorasañyz-a, Aýasofýafaky iñ ähmiýetli mozaika Zoýañkydyr. Çünki, Aýasofýanyñ takdyry-da şuña meñzeşräk. Buthanady, metjit boldy. Muzeý boldy. Ýene metjit boldy. Bina - şol bir bina... Surat çalyşmak ýoñ bolupdyr, başga üýtgän zat ýok. Hem bu gün "Eýýamyñ lideriniñ" eli bilen açylyp, Aýasofýada namaz okalmaly. Gün - taryhy gün. Hernäçe "dindardyklaryny" görkezmek üçin "örän dindar" Zoýanyñ gülümsiremesi astynda namaz okajak bolmalary bolsa, bolubilse ylahy takdyr bolmaly! Ýylmaz ÖZDIL. "SÖZCÜ" gazeti, 24.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |