00:01 Žurnalist Şinasiniñ mazary! | |
ŽURNALIST ŞINASINIÑ MAZARY!
Publisistika
Düýn Taýýip Erdoganyñ döwri üçin agyr tankydy bellikleri ýazýan žurnalistler saýlawda ýeñilen oppozisiýanyñ lideri we onuñ partiýasynyñ bassyr 4-7 döwür bäri çalyşmazdan deputatlyk edip gelýän ýokary düzümli şahsy düzümi boýunça garşylyklaýyn pikir alyşdylar. Oppozisiýany sarsgyna salýan ýazgylar sagdan-soldan ýagyp ugrady welin, Kemal Kylyçdarogly at tutmazdan "galamyny satan žurnalistleriñ" bardygyny aýtdy. 21 ýyllap Taýýip Erdoganyñ san-sajaksyz korrupsiýasy, talañçylygy, çüýrükligi, wezipe satyn almalary, para-peşgeşleri, haksyzlygy, adalatsyzlygy hakda dilini ýarman gelen häkimiýetçi tarapgöýler we prezidentiñ uçarynda surata düşmegi özüne dereje bilýän görümsiz žurnalistlerem şobada Kemal Kylyçdaroglynyñ "tarapyny tutmaga" başladylar. Birdenem ýadyma Şinasi düşdi, birdenem ýadyma Şinasiniñ mazary düşdi. Şinasiniñ mazarynyñ nirdedigini bilýän ýok! * * * Şumatky syýasy partiýalar, häkimiýet, oppozisiýa - hemmesi belli bir derejede ilkinji türk žurnalisti Ibrahim Şinasä borçludyrlar. Osmanly döwründe çüýräp barýan düzgüne garşy "ilkinji oppozisiýanyñ" başyny başlanam Şinasidi. Türkiýä žurnalistika Ýewropadan 200 ýyl soñ geldi. Ibrahim Şinasi "Taswiri-Efkar", Agah Ependi "Terjümany-Ahwal", Ali Suawi "Muhbir", Namyk Kemal "İbret" gazetlerini çykardy. Dünýäniñ hemme ýerinde Ýewropada bolşy ýaly Türkiýede-de jemgyýetçiligi emele getirmek we rewolýusion pikirlere öñbaşçylyk etmek birinji nobatda gazetlerdir žurnalistler bilen başlady. 1826-1871-nji ýyllarda "Terjümany-Ahwalyñ" baş awtory Şinasi şol döwrüñ iñ görnükli intellektual adamy hökmünde öñe saýlandy we "meşrutyýet pikiriniñ", ýagny konstitusion monarhiýanyñ birinji inisiatory boldy. * * * Ýewropa öñe gitdi, Osmanly yza galdy. Nämüçin? Şinasi bu soragyñ jogabyny gözleýärdi. Sebäp hökmünde-de "akyl we kanun (garaşsyz sud) döwrüni açmakda gijä galandygymyzy" görkezýärdi. Şinasiniñ pikir dünýäsinde şol ýyllar heniz azatlygyñ ýeri ýokdy. Ol režimiñ çalyşmagyny, ýagny patyşanyñ çalyşmagyny däl-de, zorluk-sütemiñ, zulumyñ, gulçulygyñ, bikanunçylygyñ we adalatsyzlygyñ aradan aýrylmagyny isleýärdi. Namyk Kemal, Ziýa beý (Paşa), Ali Suawi, Agah Ependi, Ebüzziýa Tewfik Şinasiniñ arçan ýolunyñ ýagtysyndan gidip, bu ýurdy ilkinji gezek "oppozision pikir" bilen tanyşdyrdylar. Şinasiniñ ömri gysga boldy. Bary-ýogy kyrk ýaşady. Stambulyñ Taksim töwerekleri şol wagt gonamçylykdy. Ol şol gonamçylykda jaýlandy. Taksim we onuñ töwereginde köp gatly jaýlar gurlup başlandy welin, Şinasiniñ mazarynyñ üstünde ýaşaýyş jaýy guruldy. * * * Pahyryñ mazary ýitdi gitdi, emma onuñ başyny başlan "oppozision žurnalistikasy" häziriñ žurnalistine "bäş ölüm ölçegini" getirdi. Şol bäş ölçege eýermeýän žurnalist ýaşap ýörkä ölen hasaplanýar. Birinji ölüm: Žurnalist galamyny hiç haçan "kimdir birini urmak we kimdir birine arka durmak üçin" ulanmaz we ulandyrmaz. Žurnalistikada galam ýöretmek babatda azat bolmagyñ ýoly "100% garaşsyz, hiç kime ilteşiksiz" pozisiýadan geçýär. Žurnalist häkimiýetiñ ýanynda onuñ pohuny süpürijisi, totyguşy, surnaý-kernaýy bolmaz. Şol bir wagtyñ özünde agalyk sürüji güýjüñ, güni güýçliniñ, baýlaryñ, zalymlaryñ, mafiýanyñ, adamlaryñ hakyny iýýäniñ, döwleti we halky talaýanyñam ýanyna aýagyny sekmez. Hiç kime galamyny satmaz, hiç kime kärendesine bermez. Ikinji ölüm: Žurnalist ýazgylarynda hiç haçan öz gürrüñini etmez, özüni gürrüñ bermez, "men, men, men..." diýmez. Okyjy gazete däl-de, onuñ ýazjak "heniz belli däl zada-gizlenip galan gürrüñe" gyzygýar. Habar näme? Habar gizlenip galan gepdir. Žurnalist şol gizlenip galan gepi ýazýan adamdyr. Üçünji ölüm: Žurnalist ýazgylarynda hiç kimsäniñ, hatda okyjyñam ýallakçylygyny etmez, göwnünden turjak bolup ýalym-ýulum etmez. Žurnalist okyjynyñ pikirine hormat goýar, ýöne ol okyjynyñ hakynatutma ganhory däldir. Dördünji ölüm: Žurnalist ýazgylaryny haýsy dilde ýazýan bolsa, şol dili örän arassa, tertipli, hemmelere düşnükli dilde ýazmaly. Žurnalist ýazgylaryna okyjynyñ kalbyna aralaşýan stil tapybiler, emma düşnüksiz söz ulanmaz. Okyjynyñ düşünmeýän ýazgysy žurnalistiñ ölümidir. Bäşinji ölüm: Žurnalist bilinýän zady, öñ eşdilen zady ýazsa, "iliñ aýdanyny gaýtalap ýören" hasaplanýar. Žurnalistikada "bilinýän zady" ýazmak ölümi saýlap almak bilen deñdir. Okyjy öñ eşdilmedik zady okasy gelýär. * * * Erdogan häkimiýet başyna geldi. Habar beriş serişdeleriniñ başyna bäş ölümi inderdi. Indem oppozisiýa ýeñmedi welin, bularam habar beriş serişdeleriniñ üstüne heñkirýär. Nejati DOGRU. "SÖZCÜ" gazeti, 16.06.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||