23:10 Žurnalistleri ýençmeli!.. | |
ŽURNALISTLERI ÝENÇMELI!..
Publisistika
Biziñ gijelerimiz siziñ gijeleriñize meñzemez.. Ýassygymyz pyrlampajyñ çarhy ýalydyr... Şo-ol aýlanyp durandyr, basyş gutarmaz... Biziñ saçaklarymyz siziñ saçaklaryñyza meñzemez... Egilip, ýurdumyzy tabaklaryñ içinde göreris… Her lukmany ýuwdanymyzda bir aç adam garşymyzda oturar, gultunar durarys... Awy bolar iñ halaýan naharlarymyz... Tegek bolup bokurdagymyzdan geçmez… Biziñ söýgülerimiz siziñ söýgüleriñize meñzemez... Hemişe boýny buruk, lapykeç we göwnüne deglen biri bardyr... Gujaklaşmalarymyz ýarpydyr, ogşaşmalarymyz egsikdir, köplenç ýeke galan dul ýaly yzymyzda bir söýgüli galar… Göýä çagalaram ýetim ýaly... Biziñ kärimiz çyn ýürekden söýeniñe degenok... Demokratiýa, pylan-pysmydan diýýäñ-ä... Ine, demokratiýanyñ subutnamasy: žurnalistler, ýazyjylar, redaktorlar, editorlar, habarçylar, fotohabarçylar, sahypalar, sütünler, garşylyklar, jedeller, tankytkar, garşylyklaýyn sesler... Aýyr, ýok et, bulary... Dünýäde seni adam ýerine goýýan barmy... At-abraýyñ bir köpüklik agramy ýok... Nämüçin ýene žurnalistler türmede? Altmyşa golaýy... Düýn “atatürkçi” diýip, bugün “jemagatçy” diýip… Erte kim bilýär, ikisiniñ ortasyndakylar... Näme sen?.. Eger nobat ýene žurnalistlere gelen bolsa... Diýmek seniñ derdiñ demokratiýa däl, gadyrdan... Seniñ isleýäniñ, lal-jimlik... Ine, şunuñ üçinem žurnalistleri ýençmeli... Biziñ ýurdumyz dünýäde gazetiñ iñ az okalýan, muña garamazdan žurnalistleriñ iñ köp öldürilýän ýurdudyr... Emma seret: Abdi Ipekçi, Çetin Emeç, Ahmet Taner Kyşlalt, Ilhan Selçuk (gaharyndan) we ýene nijemeleri öldürilselerem seslerini kesmediler… Gaýtam Ugur Mumju has kök okalýar... Intelligensiýanyñ hötjetligidir bu, öldürseñem ýan bermez... Çünki… biziñ ýüregimizde - elmydama bir ýaraly esger iññildeýär... bir mazlum suduñ gapysynda çök düşüp, adalata garaşýar... işsizlikden köseýän ýaş ýigit hemişe zaryn-zaryn zeýrenip derdini aýdýar... bir çaga aglap, kakasyny gözleýär... Dymdyryp bilmersiñiz... Biziñ wyždanymyz siziñ wyždanyñyza meñzemez... Bekir JOŞKUN. "SÖZCÜ" gazeti, 16.08.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |