17:00

14-nji fewral

14-NJI FEWRAL

Bu agşamda ata ogla käýänok
Nirädir bir ýere gidýäni üçin.
Nirädir bir ýere gidýäni üçin
Ene-de gyzyna bakanok içgin.

Barja diýilýäni: "Wagtynda gelgin!"
Çala baş atylar, gutarar gürrüň.
Gapyny daşyndan ýapan ýürekler
Wadalaşan ýerne atygsar derrew.

Bir eli hallanlap barýandyr weli,
Hökman goltukdadyr beýleki eli.
Berk tutup barýandyr şol eli bilen
Söwer ýara gowşuryljak ter güli.

Ýeke özi däldir atygsap barýan,
Kändir ýol ugrunda heserdeşleri.
Her biri ýakymly atyr sepinip,
Ýag çalynyp, daralypdyr saçlary.

Irräkden alada edenler bolsa,
Eýýäm, göýä, goşa gumry mysaly,
Söýgi güni bilen mübärekleýär
Özlerine iň bir eziz ynsany.

Bu eziz pursada kaklyşyp nazar,
Gözler aýaklary tijeýär has-da.
Ýa-ha belleşilen ýer örän uzak,
Ýa-da ädimleriň arasy gysga.

Howlugýar,
howlugýar,
howlugýar ýürek,
Howlukdygyça-da, çalt urýar barha.
...Ýöne eýýäm sähel menzil galypdyr,
Atylypdyr ýoluň köpüsi arka.

"Ýoly ýörän ýeňer" diýilen söz bar,
Ynha, wadaly ýer, ynha, söwer ýar.
Eziz pursatlaňam iň bir ezizi —
Söýýän ýürek söýýän ýüregi guçýar.

...Şu ýerde goşgynam edeýin tamam,
Soňky pursatlaryň öz goşgusy bar.

Agageldi ITALMAZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 454 | Добавил: Мylayym | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Seret, ýene gar... / Goşgular - 03.02.2023
Февраль / Goşgular - 31.01.2023
Ýaşlygymyzyň şaýady / Goşgular - 06.01.2023
Фаэтон / Goşgular - 13.02.2023
Ýeller, maňa yşk hakynda aýdaýyň! / Goşgular - 06.01.2023
К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023
Kim ol? / Goşgular - 11.01.2023
Deprem Ağıtı / Goşgular - 13.02.2023
Памятник / Goşgular - 28.01.2023
«И ночи и дни примелькались…» / Goşgular - 12.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 marybasimow  
167
14-нжи.феврал.бизе.дегишли.дал

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]