08:14 Armanly ölüm | |
ARMANLY ÖLÜM
Beýik kompozitor P.I.Çaýkowskiý bir bulgur çig suw içip, mergi keselinden heläk bolýar. Ölüm bolmaýar armansyz, Beýikleñki has armanly. Müñ külpedi gören Rus, Beýle ölmi hiç görmändi... Aldy ele bir bulgur suw, Sazanda biçak teşnedi. Geçdi mergi damagyndan, Damagyndan suw geçmedi. Gülle degen sünbül ýaly, Ýykyldy, saz piri, ine. Bir bulgur suw suwlar guýdy, Bir giden Dünýäñ sesine. * * * Gepleýär türkmen dilinde, Türkmen dilinde sözleýän. Düşünemok dilme oglum, Menem düşünmän gözleýän Gürrüñ edýäs durmuş hakda, Pikirlermiz gelýär çapraz. Maña meñzeş bor bir zatda - Guwanç oglum nebse çapmaz. On bäş ýaşla düşünmek kyn, Çalaryp kyrka ýetene. Dikrarym maña düşnenok Indi düşünýän pedere. ■ ÝALANÇYNYÑ MAZAR DAŞYNDAKY ÝAZGY Dogry sözdi gaçgyny, Ýalany goldap geçdi. Ili aldajak bolup, Öz-özün aldap geçdi. Aşyrguly BAÝRYÝEW. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |