23:05 Bagtyýar danalar / rowaýat | |
BAGTYÝAR DANALAR
Gadym zamanlarda ülke-ülke gezip ýören iki sany jahankeşde derwüşe nazary düşen adamlar nebsagyryjylyk bilen: “Bu bagtygaralaryň ýazygy bar bolsa, goý Taňryň özi rahmet etsin!” diýişip, her kim “aýdan-diýenini” berer ekeni, barlyrak adamalr bolsa bir gün-ýarym gün myhman alarlar ekeni. Bu garamaňlaýlaryň biri kör, beýlekisi bolsa ker ekeni. Ilatyň özlerine nebsagyryjylyk synlaýanlaryny duýan ker derwiş: –Biziň barmadyk ülkämiz, görmedik obamyz galmady diýen ýaly. Süýtli külçe bilen ýagly palaw hem iýdirdiler, pukaralaryň şurruk çorbasy bilen gaty nanyndan hem dadyp gördük; ojar közli ak öýüň ýüpek körpenjesinde oturyp, ýalazy köneje keçäniň üstünde-de ýatyp gördük. Iki gardaş bolup iliň heniz eşitmedik gürrüňlerini eşidip, heniz görmedik zatlaryny gördük. Ykbal bizi birek-birek bilen duşuran gününden bir-birimize şert goýduk: kör gardaşym eşiden gep-gürrüňleriniň ýaramazyny goýup, maňa diňe göwne ýakymly habarlary aýtmaly, men bolsa gören hadysalarymyň zibilini arassalap, kör dostuma diňe ýagşy we gözel zatlar barada gürrüň bermeli diýip şertleşdik. Ine, şeýdip biz, niçe ýyllar, her gün biri-birimize “datlyja lukmalar” bilen hezzet-hormat edip gelýäris—diýip, ker sözüni tamamlan badyna, söhbeti kör derwüş dowam etdiripdir: –Hyşy-wyşyly gybatdan daş durduk, bozuklaryň yzyna düşmedik, ýaramaz ýerlerde görünmedik. Baran ýurdymyzda-da gören-eşidenlerimizi süzgüçden geçirip, diňe gowy gürrüňler etdik, adamlary şatlandyryp, göwünlerini galkyndyrdyk, baran öýlermiziň arzyly myhmanlary bolduk. Kemisligimizi gören adamalryň bize ýüregi awasa-da, biz özümizi iň bagtly adamlaryň biri hasapalýarys. “Dünýäde bizden hoşwagt, bizden bagtyýar ynsan barmyka?” we “Allajan biziň galanja ömrümizi deňje biçäýedi-dä” dileg edýäris, diýip, ýürekleri mähir-muhabbetden doly, kalby päk, bagtyýar derwüşler ynsanlaryň kalbyna diňe şatlyk, hoş habar we ýagşy arzuw paýlamak niýeti bilen ýoluny dowam etdiripdirler. Kakajan BALKANOW. 2020 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |