18:10 Başlanmadyk söýgi hakynda tamamlanmadyk goşgy | |
BAŞLANMADYK SÖÝGI HAKDAKY TAMAMLANMADYK GOŞGY
Awtobusda şadyýan bir yetginjek, Bir nätanyş gyza ýylgyryp bakýar. Gyz nätjegin bilmän sowýar ýüzüni, Oglan bolsa, maý tapdygy gaş kakýar. Awtobus. Mähelle. Ibirtdr-zibirt. A hiç bir zat piñine däl ýetginjek Aljyrap oturan nowjuwan gyza Göz gypyp bar duýgusyny ýetirjek. Wah, ýetginjek, bilenok-da, göz gypyp, Bar duýgyñy bolanok wah, ýetirip. Düşmeli ýerinden bir duralga öñ howlukmaç düşdi gyz. Bilmänden soñ oturyp. Oglan galdy gözlerini tegeläp, Bar baýlygny birden ýitiren ýaly. Awtobusdan düşjek wagty ýylgyrdy, hem diýdi gyz, bir agyz söz: - Däli. Sylapberdi MUHAMOW. 10.04.2023. | |
|
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |