Şol yglan edilen neşirde Şekspiriň portreti hem goýlupdyr. Bu surat uzak ýyllaryň dowamynda dramaturguň ,,hakyky'' suratlaryndan biri diýilip hasap edilip gelnipdir. Ýöne portret hem syr bilen doly. Ýigriminji asyryň başlarynda iňlis moda žurnalynyň hadymlary bu suratda Şekspiriň egnindäki donuň juda täsindigini aýdypdyrlar. Geýminiň ýary donuň öň tarapyna meňzese,galan ýary yz taýyna meňzäpdir. Synçylar muny dykgat bilen öwrenmäge girişýärler. Netije şeýle çykýar: Suratdaky adamyň sag el-ä sag el, çep taýyndaky eli hem sag el görnüşünde teswirlenipdir. Şekspirşinaslaryň belleýşiçe, portretdäki adam nikaply, kellesi çakdanaşa uly, boýny bolsa juda uzyn edilip şekillendirilipdir. Donunyň eteginden ýene bir don görünüp dur. Iň ýokarsyndaky ilik ,,içki''donuň iligi.
■ Eýse bu kim?
Mundan şeýle bir sowal döreýär.
Eýsem, Şekspir ýaly adaty, ýönekeý bir adamyň ady-sorynyň astynda kim ýaşyryndyka? Öz adyny syr tutup,keseki kişiniň adyna duwlanmak oňa name uçin zerur boldyka? Köp alymlar ol syrly adamy çuňňur ylym-bilime, beyik edebi başarnyga eýe bolan filosof Frensis Bekon diýip çaklaýarlar. Emma ýokarda aýdyşymyz ýaly, Bekonyň söz baýlygy Şekspiriňkiden iki esse kem we onuň öz eserleri Şekspiriň derejesine ýetmeýär. Ýene bir takmyna görä, bu syrly kişi iňlis şahyry Kristofer Marlo diýilip çen edilýär. Ýöne onuňam eserleri Şekspiriň paýhasyndan gaty pesde.
,,Hakyky Şekspir'' barada ýene birnäçe takmynlar bar. Beýik şahyr we dramaturg sypatynda şan-şöhrat gazanan adam, aslynda, Týudorlar maşgalasynyň soňky wekili korol aýal Ýelizaweta 1 bolmaly.
Delillere daýanaly: Birinjisi, Şekspiriň peesalary dowamly goýulýan ,,Globus'' teatryna korol Ýelizaweta goldaw berip gelipdir-howandarlyk edipdir.
Ikinjiden, Ýelizaweta juda talantly we ukyply bolupdyr. Çagalykdan onuň zehini we başarnygy göze ilipdir. Gadymy ýunan,italýan,fransuz hem-de başga dilleri suwara bilipdir. Latin dilinde ýazylan gadymy taryhçylaryň kitaplaryny okapdyr. Ýewropanyň ylymly-sowatly kişileri bilen ýazyşmalar alyp barypdyr. Ony Kembrijiniň dana ussatlary terbiýeläpdirler. Şonuň ýalyda Ýelizaweta korol bolan mahallary halkara we içeri syýasatda taplanypdyr. Köşk edep-kadalaryny,adatlaryny we köpläp asylzadalara mahsys, başgalara näbelli bolan maýda köşk edim-gylymlaryna çenli içgin bilipdir.
Bulardan başga-da, ýene täsin aňlatmalar bar: Şekspiriň edebi derňewini alyp baryjylaryň birnäçesi onuň sonetleriniň köp böleginde zenanlyk ruhunuň barlygyny tassyklaýarlar. Eger sonetleri aýal kişi ýazypdyr diýilip pikir edilse hemmesi ýerine düşýär.
Herhalda damarynda korollar nesliniň gany akyp duran şahs,Britaniýa hökümdary özünüň şygyrlar döredip, teatr uçin peesalar ýazyp bilýän derejede uly edebi başarnygynyň bardygyny ile äşgär edip bilmezdi. Çünki,şol döwürde aktýorlar we masgarabazlar hatarynda peesalaryň awtorlary hem ,,üçünji sortly''adamlar hasabynda görülýärdi. Ýöne hakyky talant eýesi bolan kişiler ýazman durup bilmeýär ahyry! Şonuň üçin -de Wilýam Şekspiriň ady bilen ýöredilen şeýle beýik edebi dünýä emele gelipdir diýsek hakykatdan daş düşmesek gerek.
Soñy.
Awtory: Natalýa Trubinowskaýa
Çeşme: kh-davron uz
29.11.2018.
Özbek dilinden terjime eden: Şyhymyrat ABDYLLAÝEW.