22:29

"Biz jeňi-gowgany söýdük nazenin hüýr ýerine..."

Категория: Goşgular | Просмотров: 239 | Добавил: yaran_yagmur_9 | Теги: Gazy Giraý han | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Mähremlikden nyşan sen... / Goşgular - 08.05.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Babay  
1481
Suw ýerine içýän ganlary noş bolsun!
Şular ýaly urşy ideallaşdyrýan goşgylara düşünmek üçin, şol döwürleriň, "gün güýçliňki, gowurga dişliňki" döwürleriň, erkeklik bu - söweş meýdanynda gyljyňy näçe çalasyn işledip bilýäniňe bagly döwürleriň, erkeklik bu - daşdan durnaň gözünden urup bilşiňe bagly döwürleriň, söweş meýdanynda ýaralanyp, "ýara erkegi bezeýär" diýip guwanylýan döwürleriň odasy, apogeýasy bolan döwürleriň, syýasy-ykdysady, territorýal, psihiki gurluşyna düşünmekden ybarat bolsa gerek. Ol döwürler bu zatlarsyz belki oňmak mümkinem däldir welin, häzir, häzirki döwürde, gumanizmiň ösüp täze bir dine öwrülen döwründe, homo sapiens'iň öz adyna eýe bolan döwründe, indiwidualizm we altruizmiň ösen döwründe, urşuň-söweşiň hiç bir tarapada peýda getirmeýänini (tehnologiýa progressini hasap etmeseň) deliller bilen aýan döwründe, urşy-söweşi, şol sanda adamlaryň arasynda jetleşik döredýän milletparazlyk, jynsparazlyk, tenparazlyk ýaly ideýalary mahabatlandyrmak, "Watan" diýilýän mukaddeslige her kimiň şahsy garaýşyny umumylaşdyrmak, bir territoriýa baglamak hökmanmyka?! Diýjek bolýanym: bir taryhçy hökmünde geçmişiň garaňky günlerini ýagtylandyrmak, ol garaňkylygam şeýle entuziazm bilen beýan etmek, ideallaşdyrmak hökmanmyka?!
(Şu goşgynyň manysyny göz öňünde tutup, "Şu günki gün, şu wagt, şu goşgy adamlar köpçüligine näme berip biler?!" diýip we harbylar hem-de watan hakdaky teswirleriňizi okap, şu teswiri ýazdym, Ýagmyr aga. Taryhçylar birhili elmydam geçmişi ideallaşdyrýan ýaly, ýöne geçmiş nogsanlyklardan doly (elbetde şu günki gün ýaly), ýalňyşlyklardan, zorluklardan, sütemden, jebirden, ahu-perýatdan, zulumdan doly. Geçmişde dörän her bir ideologiýa geçmişe geçmişe her bir gözellik düýnki günüň gözelligi, her bir ideal möwrüti öten ideal, şonuň üçinem geçmişden sapak alyp, sapak diýeňde-de geçmişiň ýalňyşlyklary goýbermän, zulumyny baglanan zynjyryndan boşatman, naçarlaryň gözýaşyny hiç bir ideal üçin dökmän täze bir geljegi, iň bolman düýnki günden bir basgançak beýikde durýan geljegi gurmak dälmikä?! Teswiriň soňy şahsy oýlanma.)

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Siziň gumanizm, altruizm... döwri diýilýäniňiz, umuman halkara gatnaşyklarynda "güýjüň hukugyny däl-de, hukugyň güýjüni" ykrar etmek tendensiýasynyň barha ýol alan döwri 1945-2022-nji ýyllar aralygydy (elbetde, kiçi masştably uruşlar bu döwürde-de dowam etdi, ýaňky aýdylany eşitse köp halklaryň agzyndan ot çykar, emma esasy akym şeýledi). Bu döwürde köp döwletler Siziň diýýän illýuziýalaryňyza ynandylar we harby çykdajylaryny 5 göterime getirenleri boldy. Ol illýuziýalar 2022-nji ýylda çym-pytrak boldy. Aldananyny bilen döwletler häzir harby-ykdysady pudaklaryna ýene-de ägirt goýumlary goýdular, täze harby zawodlar aldygyna gurlup ýatyr. Degişmämi gaty görmäň welin, Siz где-то 2022-niň fewralynyň ortalarynda uklap galyp, häzir oýanypsyňyz öýdýän. Gazetleriň ilkinji sahypasyna göz aýlaň. Gumanizmiň, altruizmiň gazaply we eli zabun ýaragly bolmasa entek gowluk bilen ýol aljak däl ekendigini bütin dünýäniň görşi ýaly, şonda Sizem görersiňiz.

0
7 yaran_yagmur_9  
1578
Pikiriňizi yazanynyz üçin minnetdar! Özüm barada aýtsam, taryhdaky ägirt imperiýalary döreden ummasyz gujurly şahsyýetlere hem adamzadyň beýik wekilleri hökmünde buýsanç duýmaýandygymy, ýagny Sezaryň, Napoleonyň, Pýotr I-niñ käbir döredilijilik işjeñligine sarpa goýsamam, hiç bir genial serkerdeleriñ sap urşuň hatyrasyna eden uruşlaryna guwanmandygymy aýdyp oturmagam gerek däl, diňe akyl, ruh, ahlak babatda beýikleri ýokarda goýýandygymy bir teswirimde aýdypdym. Soňky postumda Nedir şanyň jahangir (dünýäni alan) bolubam, ömründe gazananynyň ruhy lideriňkä garanda püçekdigi aýdylýar.

Emma daş-töweregimiz ol-a taryh eken, häzirem güýje çokunýanlardan dos-doly. Pribaltika milletleri, ukrainalylar, krym tatarlary ýaly taryhda beýik güýçleriň arasynda gysylyp, ezilip, ýaşama hukugy ykrar edilmedik jemagatlar şol Siziň öňe sürýäniňiz umumyadamzat, milli, syýasy, demokratik hukuklaryndan peýdalanyp, öz ýoly bilen ösmäge meýil etseler, XVIII asyryň reallyklary bilen ýaşap ýörenler taryhdan leksiýa okap küşgürip, milleti olaryň üstüne "haçly ýörişlere" ugradýarlar.

Onsoň özüm-ä şol mazlum kiçijik (emma ruhlary we ýumurtgalary has goçak) halklaryň tarapynda, diýmek, geçmişiň düşünjelerinden saplanyp bilmeýänler beýleki tarapdakylar bolup çykýar.

0
2 yaran_yagmur_9  
1578
Watançy, serkerde şahyrymyz Seýdiniň "Sil dek aksa gandan ganmanam, begler!" diýen setirleri baryp sowet döwründe-de orta mekdebiň okuw kitabynda bardy, häzirem bar. Siz garşy bolup bilersiňiz, emma pikiriňiz jemgyýetde goldaw tapmasa gerek. Seýdiniň "Gaýrat edip, gyzyl ganlar saçalyň" diýeni hem bardy, huşum erbet däl.

Gireý hanam bir halkyň gahryman şahyry, Puşkiniň "Bahçesaraý fontany" eseriniň gahrymany. Şol ýerde ýadygärligi dur.

Bular ýaly şahsyýetleriň eserlerine gadaganlyk goýmak pikirini birinji gezek Sizden eşidýän.

Dogry, jeňparaz ideologiýalary gadagan etmeli, bular bolsa diňe taryh we söz sungatynyň ýadygärlikleri. Seýdi barada-ha "Watançylyk terbiýesi bar" hem diýýärler, çünki Watanyny gorapdyr.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Saýlawy ignor etsemem, ol etmändir-ow. Ýöne men ony okamogam, jogabam beremok. Men öz sözüme çynlakaý garaýaryn.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
Oskar Uaýld aýdypdy öýdýän: "Orta asyrlaryň sungaty ajaýypdyr, emma orta asyrlaryň duýgulary myrtardyr" diýen ýaly manyda. Men sizde orta asyrlaryň duýgusyny oýarjak bolamok, bu mümkinem däl. Şeýle zatlary okaýanlar adamlara topulyberýändir diýip, psihologiýany düýbünden bilmeýänler ýöntem pikir edýärler. Hiç haçan söweşjeň goşgulary okaýanlaryň agressiwligi birjigem artmaýar, gaýtam ruhy energiýasy şolara sarp bolup, ýuwaşaýar.

Şonuň üçinem okujylardan haýyş edýärin: syýasat barada öz düşünjeleriňizde galyň, bu ýerde bolsa orta asyrlaryň söweşjeň namalarynyň bir mysaly ("Görogly" dessanynda hem kän, bu başga halkdan). Ýarasa lezzet alyň, bolmasa-da çörňeşip oturmak gerek däl. Meniň özüm munda pars gazal poeziýasynyň äheňini duýup haladym we siziň üçin terjime etdim. Bolany şu. Gireý hanyň özi esli wagt Eýranda ýesirlikde bolanda öwrenip, özüniň şygyrýetini şolaryňkydanam täsir alyp baýlaşdyrypdyr.

Gadagançylyk meselesi barada aýdýaryn, goşgyny edebi taýdan tankytlap, pikiriňizi näçe aýtsaňyz, şonça minnetdar bolaryn. Araňyzda has tejribeli edebiýatçylaryň we dilçileriň bardygyny bilýärin.

0
5 Babay  
1481
Ýagmyr aga, meň teswirim-ä ýöne bir pikir. Özüme galsa hiç bir zadyň ideallaşdyrylmagyny islämok, bu temada beýlekileriň nähili garaýyny bilemok. Isle oňlasynlar, isle oňlamasynlar, bu olaryň öz islegleri. Ýöne, birzady bilýän, bir zat wasp edilmeli, mahabatlandyrylmaly, ideallaşdyrylmaly bolsa, adamy haýwanlaşdyrýan, şahsyýeti ýoklaýan, ykballary çöp döwen ýaly döwýän, diňe betbagtçylykdan başga hiç bir gowy tarapy bolmadyk uruş sanawyň iň soňkylarynyň biri bolmaly. Beý diýdigim uruş hakdaky temalaryň ählisini el degirmesizleşdirmeli diýdigim hem däl. Mahlasy, siz meň näme diýjek bolanyma özüňiz gowy düşünensiňiz diýip umyt edýän.
(Şu teswiri hem başga maksat bilen ýazypdym. "Чтобы стать мудрым, достаточно прочитать 10 книг, но чтобы найти эти 10 книг, нужно прочитать тысячи" diýýär. Müň kitaba wagtymy ýitirip ýörmän, şol on kitabyň üçüsini sizden eşidäýsem diýipdim.:))

0
8 Jeksparro  
405
Iň esasysy hem Giraý handan bir-akyz setirler galypdyr. Galmadyk bolsa näme etjek?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]