05:49

Bötendag nagmalary / goşgular

Bötendag nagmalary / Goşgular çemeni

Asman göwün seleň sähra,
Keramat hem kerem sähra,
Arkadagyň emri bilen
Bolar bagy-erem sähra.

Arkadagyň aladasy
Öwrülsin diýp Watan baga.
Bu gün Şa gadamy düşse,
Döwran döner Bötendaga.

Ýaşyl baglar gyşy-ýazy,
Şor ýellere galkan bolar.
Saýrak guşlaň hoş owazy,
Müň şahyra ylham bolar.

Degresinde Bötendagyň,
Ykballar baky örklener.
Gün düşmeýän gara baglar
Guşlaň sesine gark bolar.

Müň ýyl duran goja daglar,
Şaýat bolar bir gudrata.
Bu ýere geler Arkadag,
Gökden inen dek Hydyr ata.

Bu ýerde nahal ekeris,
Uzar baglaryň hatary,
Biz şeýdip döwlet taparys,
Beýgelderis hem Watany.

Gözýetime uzap ýatan,
Bag-bossana haýran bolup.
Gözüň aýryp bilmän birdem,
Bu ýerlere seýran kylyp.

Seýil kylyp öten çagyň,
Bossan bolup biten bagyň,
Dünýä dolar aýdymlary.
Degresinde Bötendagyň,
Bize baky ýol görkezer
Arkadagyň ädimleri.

■ Gel, dost Bötendaga nahal ekmäge

Öwüreli şu Watany bossana,
Gel, dost Bötendaga, nahal ekmäge.
Baglar gol uzatsyn mawy asmana,
Gel, dost Bötendaga, nahal ekmäge.

Teşneläp, tebsiräp dodagy kepän,
Müň ýyl guş sesine zar bolan mekan,
Galkyp barýar ýagty ertire bakan,
Gel, dost Bötendaga nahal ekmäge.

Baglarda bar şypa, naz-nygmat, tagam,
Saýasyndan sapa taparys her dem,
Il bilen gelendir ajap toý-baýram,
Gel, dost Bötendaga, nahal ekmäge.

Bir wagt bu ýerlerde gala-kent bolan,
Bakjada miwesi asal-gant bolan,
Şol döwran bu ýaýla dolanyp geler,
Gel, dost Bötendaga, nahal ekmäge.

Bagtyň hut özüne öwrülen döwür,
Durmuş has ajaýyp, süýjeýär ömür,
Köňle goltgy bolup şujagaş şygyr,
Gel, dost Bötendaga nahal ekmäge.

Öň akan aryklar akyp täzeden,
Bilbilleň owazy şirin saza deň,
Arkadagym ömürleri ýaz eden,
Gel, dost Bötendaga nahal ekmäge.

■ Çeşmeler

Akar
Akan ýerin lälezar eder,
Daglardan Zemine inen çeşmeler.
Boz ýerlerden bagy-bossan döreder,
Daglardan Zemine inen çeşmeler.

Şol belent daglaryň garyndan döräp,
Bu janly barlygyň derdine ýarap,
Bahar güneşine buldurap-eräp,
Daglardan Zemine inen çeşmeler.

Aýdyma hiňlenýän aýdymçy ýaly,
Owazy oýarar arzuw-wysaly,
Tolkunar gül ýaryň zülpleri ýaly
Daglardan Zemine inen çeşmeler.

Suw almana gyzlar geler güzerne,
Ýüregiň joşmazmy ilse nazarňa?!
Siz bir täsin gudrat ahyr-ozalda,
Daglardan Zemine inen çeşmeler.

Dagdan aşak iner, söýgä ýugrular,
Hamyrmaýasy yşk, yşga höwrüger,
Bir-birne birgip derýa öwrüler,
Daglardan Zemine inen çeşmeler.

■ Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri

Berk bedende saglygyň sermaýasy,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.
Ýaz gelende jennetiň gül lälesi,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.

Mylaýym ýellere tolkunyp duran,
Topraga ýaraşyk görk bolup duran,
Ýaşaýşyň demi dek bark urup duran,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.

Görünmez dertlere polat galkandyr,
Şypa bolup şähdiň açan talhandyr,
Dert-ynjyňy mäjum eden melhemdir,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.

Buýan köki kenarynda bulagyň,
Peýdasy köp bolar gök atgulagyň,
Müň derde dermandyr, bilseň ulanyp,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.

Güýzüň paýawynda, ýazyň başynda,
Kyrkçilläň örküji, türkmen gyşynda,
Çeşme deýin durlar akyl-huşuň-da,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.

Daglaň deresinde, jülgede biten,
Arçalyk tokaýda- kölgede biten,
Lukmana öwrülip kömege ýeten,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.

Keremli topragyň gudraty bilen,
Bedenleň gaýraty-gurbaty bolan,
Arkadagyň kitabynda ýer alan,
Diýarymyň dermanlyk ot-çöpleri.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 396 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Подражание арабскому / Goşgular - 03.02.2023
Şygyr ekeni / Goşgular - 06.01.2023
Как должна рекомендоваться Марина / Goşgular - 19.01.2023
«Глотаю солёные слёзы…» / Goşgular - 11.01.2023
Одиночество / Goşgular - 25.01.2023
Sözüň güýji / Goşgular - 07.01.2023
"В мире таинственном и простом..." / Goşgular - 07.02.2023
«Конечно, вредно пользам государства…» / Goşgular - 30.01.2023
Русская весна / Goşgular - 10.01.2023
Nirede sen, jenanym? / Goşgular - 01.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]