03:56

Bu ýerler

BU ÝERLER

Pasyllaň sazyn bezenip,
Çalan ýerleri bu ýerler.
Owal başdan Hak nazaryn,
Salan ýerleri bu ýerler.

Nesibe çekip dyz epen,
Atam-babam döwlet tapan,
Olaň müň aglap,müň sapar
Gülen ýerleri bu ýerler.

Müşgül işleň sebäbiniň,
Dertlileriň tebibiniň,
Hak Allanyň Habybynyň,
Alan ýerleri bu ýerler.

Watanym, dünýä gelenim,
Gurbany ýagmyr-ýeliniň,
Duşmanyň ömür gülüniň,
Solan ýerleri bu ýerler.

Şükür döwletim ygtybar,
Dur indi elde ygtyýar,
Dostlaryň baky bagtyýar,
Bolan ýerleri bu ýerler.

Gül diýarym bagy Erem,
Ölsem ugrunda jan berem,
Allahymyň lutfy-kerem,
Kylan ýerleri bu ýerler.

* * *

Waspyň ýazyp ýetişemok henizmen,
Gül ülkäm,şygrymyň dömen ýerleri.
Bu gün maňa hemme zatdan eziz sen,
Eý, göbek ganymyň daman ýerleri.

Ajapzaman, haýrany men bu günüň,
Mukama öwrülen soly-sagymyň,
Meniň kirkimirsiz çagalygymyň,
Daňyň aksüýdüni emen ýerleri.

Şükür tupan ýatdy, sowuldy duman,
Ýyllar gaýgyrmady, siltedi zaman,
Yşgyň hanjarynyň elheder-aman,
Bagrymyň üstüne çümen ýerleri.

Ine,bugün Bagty gelipýal kanan,
Belent başly ynsan bilen galkynan,
Öten ezizlerin eziz halkymyň,
Köňlüniň törüne gömen ýerleri.

Gulletmäge gelen, Misli şir peleň,
Duşman haýbatyndan daşy gabalan,
Şonda-da perbermän ata-babalaň,
Gözlerin parahat ýuman ýerleri.

Diňe gözlerbilen, golaýna gelmän,
Seredip müň küýi serinde jemlän,
Şeýdip magşugyna söz aýda bilmän,
Aşyk ýigitleriň dyman ýerleri.

Seniň gujagyňda, dostlam-ezizlem,
Waspyň ýazyp tüketmerin henizmen,
Hawa,maňa hemme zatdan eziz sen,
Eý,göbek ganymyň daman ýerleri.

Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 427 | Добавил: Nurdan | Теги: Şähribossan Geldimämmedowa | Рейтинг: 3.5/6
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Муза, погибаю!.. Глупо и безбожно…» / Goşgular - 19.01.2023
Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde... / Goşgular - 13.01.2023
«Мой путь страстями затемнён…» / Goşgular - 11.02.2023
Ýanyma gelýäň / Goşgular - 07.01.2023
Käbir göz ýetirenlerim / Goşgular - 01.01.2023
«Опавший лист дрожит от нашего движенья…» / Goşgular - 15.01.2023
Nädeýin / Goşgular - 27.01.2023
«Годы твои – гора…» / Goşgular - 24.01.2023
«Когда мы любим безотчётно…» / Goşgular - 10.02.2023
А.Л.Бржеской / Goşgular - 28.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]