06:10

Deñze suwa düşýän pil

Deňze suwa düşýän pil

Çägesow kenara gelip
Piliň kalby heýjan tapdy
Äpet ädimleri bilen
Äpet holtumlary bilen
Deňze girdi ol.
Deňiz tolkunlary bilen
Heýjanyny gardy ol.
Kijijik gözler
Gözýetimi nazarlap
Gök asmana seredýär.
Haýrana galan kenar
Tolkunlar, ak köpükler
Oňa kiçi görünýär.
Kanagat tapanok
Onuň pil göwni.
Syganok ummana
Hem ýöne bakanok
Mawy asmana
Ol asmany asmanda
Ummanmyka öýdýärdi.
Şonuň üçin gynanyp
Ökünýärdi köýýärdi.
Ýüregi dar gursakda,
Daş goýlan deý goltugna
Käteler suw dolduryp
Arman doly holtumna
Çüwdürim deý pürkdürýär
Bir zat ýada düşýän deý
Käte durýar, kürtdürýär.
Burnun göge uzadyp
Göge sejde edýärmi,
Ýa-da atýarmy pitjiň,
Deňziň kenarynda, suwda
Bolup ýörşi piliň.

10.06.2017. Daşoguz şäheri.

***

-Görüpmidiň tilki diýlen jandary,
Eşidensiň belki şol hakda bir zat.
Mekir haýwan ýokdur edil oň ýaly,
Ýöne şol hem däldir adamça kezzap.

Bu sözler düşünmedik bir kişi:
-Beý diýmäwer-diýdi.-Bu gepiň ýalan.
Tilki bilen asla bolmaz erjeşip,
Hiç oýnuň hem deň geläýmez oň bilen.

Guýrugyny sübse edip barşyna,
Ylgap ediberýän oýnuna garaň.
«Pyr-pyr» aýlap bir agajyň daşyndan,
Tazynyň dagynyň boýnun oňurýar.

Şeýle mekirmikä tilki janawar,
Mümkin, ýöne bir tarapdan gözel ol.
Mekirligin tekrar aýdyp, ýene-de,
Guýrugyndan possun tikýäs biz olaň.

***

■ A.J.Nurtaýewa

Dostuna dönüklik eden adamy,
Senem ýigrenersiň, menem halaman.
Şeýdip çörek tapjak bolsam bu gün men
Ondan aç otursyn öýde balalam.

Maslahat bermäge hakym ýok, ýöne
Gepim diňlemeli çakym çak bolsa.
Sen bir mert adamyň çagasy dälmi,
Dogry durmalysyň gepim hak bolsa...

Häzir ynsabymyň tersine gitsem,
Kyýamata çenli boýnum burukdyr.
Pul, wezipe näme nesibe bilýär,
Garyplyk hem bize öňden buýrukdyr.

Şonuň üçin ýörün günüme kaýyl,
Kadyr Allam her bir demine şükür.
Orta ýolda şermende bir bolmaýyn
Şeýle deýýuslar bar melgundan mekir.

Adamlar bölünse iki tarapa
Iki jahan owarrasy bir özüm.
Men hiç taraplyk bolmak isleýän
Hemem çykarjak däl sesim, owazym.

Şonuň üçin berme maňa ezýeti,
Akly-kemalyna aşyk ynsanym.
Şekli-jemalyňa şygyr bagyşlap,
Syrly setirlerde arzuw beslänim.

Ygraryna ykrary ýok ynsany
Sen-ä ýek görersiň, menem halaman.
Düşünene dünýe ýaly sözüm bar,
Umyt bilen dört setire baglanan.

***

Her säher meni seni ýatlap oýanýan
Senli ýatlamalar ukudan süýji.
Alyslarda meni ýalňyz goýan ýar
Ýüregim gitjek diýr ýanyňa süýşüp.

Sen bolmasaň men bir ýetim çaga deý
Her pursatda seň adyňa daýanýan.
Men seni hemişe ýatlap ýöremok
Men seni her säher ýatlap oýanýan.

***

Ýa sen maňa arşdan ýollanan melek,
Zemindäki biweç ýarlara derek.
Emma sataşdyryp bizi juda giç
Adalatsyz oýun edipdir pelek.

***

Eý, sen on ýedimde gelmedik söýgi,
Ýyllaň aňzagynda solmadyk duýgy.
Men many gözledim tutuş durmuşdan,
Olam sen ekeniň köňlümüň keýgi.

***

Şeýtanyň zähmeti-renji biderek,
Haka ýüz owürdi ynjyly ýürek.
Indi meni seň ýoluňdan saklara
Pilleriň baglanýan zynjyry gerek.

***

Hyýal penjiresin açyp goýaryn,
Seni şirin jandan geçip söýerin.
Düýşüme girersiň saba säherler,
Aňsaň tüm gijeler niçik söýenin.

Gel, ezizim dogry sözi sözläli,
Haçan tapdyk bir-birege dözmäni.
Bilyanmi, meň şu gun dyrnagym gopdy,
Naçar kalbyň awusyny syzýarmy?!

***

Ähli zatda seniň nazaryň läläm,
Ýaz ýalkawyň, gyşlar gazabyň läläm,
Dört pasylda tapylmadyk sypatyň,
Niçik wasp ederin, ýazaryn, läläm.

***

Meni bir-ä gowy edip aldady,
Gör, nämäniñ hatyrasy hakyna.
Başymyzdan geçen hal-ahwallary,
Hiç sygdyryp bilemok men akyla.

Gowy günler geçdi misli düýş bolup,
Yşk oduna ýandy-bişdi jan-tenim.
Bu gün syrylansoñ ýalan perdesi,
Janym saña sowallarym kän meniñ.

Hudaý hasaplanym şeýtanmy ýa-da,
Jan almaga gelen gara perişde.
Daşda bolsañ ýanyp gitjek men oda,
A ýakynda meñzeýärsiñ behişde.

Bilýän bolsa ikimizi duşuryp,
Diýmek gerekdir-da ýalan-aldaw hem.
Dynç alaýyn başym dyzyña goýup,
Bilemok şu gün-ä biraz yadow men.

Seniñ wysalyña gurban bu kalbym,
Mukaddes ýalandan döreýär wyždan.
Sen ýalany ýeñip örboýña galdyñ,
Men seniñ alnyñda baraýyn sežda.

Sylapberdi MUHAMOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 393 | Добавил: Garadag | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

К богу / Goşgular - 31.01.2023
«Не ревновать и не клясть…» / Goşgular - 21.01.2023
Watan / Goşgular - 07.01.2023
Первый снег / Goşgular - 21.01.2023
Ýene adaty gün / Goşgular - 15.01.2023
«Хорошо одному у окна!..» / Goşgular - 05.01.2023
«Старуха гадала у входа…» / Goşgular - 13.02.2023
Астроном и агроном, в гастрономе «Метроном» / Goşgular - 06.02.2023
«Пусто в покое моём. Один я сижу у камина…» / Goşgular - 15.01.2023
Оссиан / Goşgular - 06.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]