03:44

Dünýä

DÜNÝÄ

Bişen erik deýin hasylly dünýä,
Maña kän ahwallar berendir şükür.
Özüñi görkezdiñ bugdaý sözüñde,
Yşkyñy görkezdiñ,
Beslän gözümde -
Olar ylham boldy,
Boldy çyn pikir,
Ýüzýämi gördüm men seniñ ýüzüñde.

Aýyplaşma,
käte senden görýärin,
Ykbalyma degen agyr daşlary.
Ýöne sen bitirýän melhemiñ bilen,
Ýüregime siñip giden başlary.
Şemallaryñ sypap süpir ýaşlary -
Bu syrlary syrlaşaýyn kim bilen?!
Özüñ maña jora,
Özüñden sora,
Söýdüm seni artyk bilen, kem bilen.

Aýdym bolup, goşgy bolup duşýarsyñ,
Özüñ dälmi toýum, soñsuz baýramym?!.
Uzyn-uzyn ýollar bolup duşýarys,
Ykbal saýyp, nesibämddn saýlanan.
Hamrak sen,
Taşlañok garañkylara,
Aglasam aglaplar, gülsem gülýänsiñ.
Şu günler-ä geñ heser bar, aýtmaýyn,
Aýtmasam-da diñe özüñ bilýänsiñ...

* * *

Şu gün jahan garly ýüzüni ýuwup
Asman sahanyna ýazypdur haty.
Men-ä gyzýan,
Iller diýse-de "sowuk..."
Özümden daşlaşyp gitdim men gaty -
Görkezensoñ hijran alowly şaty.

Her günde serpaý bar,
Tapmaça bary,
Ah, çözjek bolubam görenim ýok-la...
Köñül öýünde sen,
Dilim - pyşyrdy,
"Bir müşgil donum bar, sen meni akla!.."
Şu sözi aýtmagy kalbym başardy.

Hyýalyñ içinde ýylgyryp dursuñ,
Ýüzlenme, köp nokat, ýene-de sorag.
Jümjüme ykbalym, ne beýle dursuñ -
Sen özüñe ondan tapýarkañ gorag -
Diýmersiñ, eý, kalbym - bu dünýä nursuz.

Janym, sowalym bar - saña yhlasym,
Gereksiz daş däl-ä zyñaryñ ýaly.
Ak kagyz edibem almadyñ meni,
Bir yşkly gazaly ýazaryñ ýaly.
Asman sen hakynda pikir iberýär,
Kalbyma hat ýazyp nazaryñ ýaly.
Ýürekde ýaz çykdy - indi nädeýin,
Jahan paýym, yşk ber, ýazarym ýaly...

Oguljemal ÇARYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 373 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Oguljemal Çaryýewa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

К Кюхельбекеру / Goşgular - 18.01.2023
Janserek / Goşgular - 08.01.2023
Söýginiň güýji / Goşgular - 07.01.2023
Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023
Астроном и агроном, в гастрономе «Метроном» / Goşgular - 06.02.2023
«Тому, кто с верой и любовью…» / Goşgular - 04.01.2023
«Двух – жарче меха! рук – жарче пуха!..» / Goşgular - 07.01.2023
Musa Jelile / Goşgular - 15.02.2023
Февраль / Goşgular - 31.01.2023
Deprem Ağıtı / Goşgular - 13.02.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]