01:35 Düşünemok | |
DÜŞÜNEMOK
Şükür, täleý bizi aýra salmady, Bir-biregi deň hem asylly söýýäs. Käte sähralaryň zaryny çekip, Ikimizem daglaň çagyrşyn duýýas. Sen ähli kişiden hem ähli zatdan, Ýadasaň, daglara seýrana gidýäň. Elmydama meniň ýanymda bolsaň Dünýämde ähli zat oňatlyk öýdýän. Gözel pursatlary dostlaňňa paýlap, Unudaňda bütin barlygy birýan. Men ajap zatlaryň baryny ilki Seniň bilen paýlaşmaga howlugýan. Howlugýan seň bilen soňuna çenli Gözellikleň gapysyny açmaga. Düşünemok, sen nämüçin elmydam Taýyn gözellige mensiz duşmaga?! ■ Umyt Umydymy aldyrypdym, Gözüm açdy halypa. Gaflat deňzini boýlapdym, Açdym täze sahypa. Bulutda azaşan Aý deý, Käte bir görünýär daşda. Heniz kiçijik, gögele, Aýny kämilleşmek ýaşda. Täzeden doglan umydym, Enä hamrak çaga ýaly. Ol ulalar, juwan çykar Hem unutmaz sebäpkäri. Meňli AŞYROWA. | |
|
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |