11:24 Ebedi edebiýat | |
EBEDI EDEBIÝAT
Nurmyrat Saryhanowa Nurmyrat, sen, özüm ýaly birgiden, Edebiýat muşdagnyň baş idealy! Ökde sen, öňde sen, ýazmanyňda hem, Galyň “Nebitdagy”, ençe “Ykbaly”. Almasaň-da “Şirin”, “Kitabyň” üçin, Döwletden petdeläp galam hakyny, Dag çeşmesi bolup üstüňe akdy, Iliň-günüň alkyşynyň akymy. Şüküriň eline bermän ýaragy, Özüň ýarag alyp, mertlik gazandyň. Jandan geçdiň, gorap açyk asmanyn, Tejen, Garrynohur ýa öz Yzgandyň. Ýurduň rahat indi, goýup ýaragy, Aýdaly aýdyň bir çuň hakykaty: Edermen ärsiňem, sözüm ýok weli, Sen halkyň çyn “Edebiýat-sungaty”! Kalplarda ýaşaýaň gör, barmy kemiň, Şaýat muňa “Ylhamdaky” heýkeliň! 2017 ý. | |
|
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |