18:31

Ebeteýsiz / hekaýa

EBETEÝSIZ

Arada obamyzyň sylanýan ýaşulularynyň biri — Ýagmyr aga ýurduny täzeledi. Pahyryň altmyşy arka atany ýaňydy. Tüýs çagalaryna, olardan dünýä inen agtyklarynyň ýerli-ýerden «ata-da baba» bolşup, jagyl-jugul edip ýörşüne guwanyp ýaşamaly wagtydy. Ömrüniň ahyryna çenli özi bilen bir ýassyga baş goýan aýalynyň demlän çaýyny süzüp, ondan-mundan gürrüň edip oturmaly çagydy. Nätjek?! Sanaglyň dolup barýarka, ajal seniň ýanyňa gelip: «Şeýle ýagdaý, näme etsem-goýsamyň bar bolsa, pylança wagt puryja» diýip, öňünden duýduryp durmy?! Belki duýdurýandyram-da, adam ogly düşünýän däldir. Käbirleri «golaýlan wagty adamyň öljegi bildirýärmiş» diýýär. Beýle ýagdaý öz başyňa düşüp görmese, anyk bir zat diýibem bolanok.
Habary eşiden badymyza kakam ikimizem başgabymyzy kellämize atdyk-da, ýas ýerine baka ugradyk. Ýolda barýarkak, öňünden gürleşip goýduk: jynazadan soň, öwlüýä ikimiz bile, öz ulagymyzda gitmeli.
Irräk baramyzsoň, çolarak ýerde ýazylan keçeleriň biriniň çeträgine geçägede, aşak bakyp, kä telefonyma dümtünip, kä sary giden keçäniň çykyp duran gyllaryny sermäp oturdym. Aram-aram Ýagmyr aganyň ogullary köçä golaý ýazylan halylarda oturan ýaşulularyň ýanyna gelip gidýärdi. Öz ýanymdan olaryň gerdenimdäki ýüki ýeňledip, maňa tarap serederine garaşýardym. Birine diňe özüme eşitdirip: «Yzy ýarasyn!» diýip baş atsamam, ýene birine beýle etmek başardanokdy. Şol wagt men duýgudaşlyk bildirenimde-bildirmänimde, olar üçin o diýen parham bolmazdy. Kakalary tirsegine galaýmasa, olaryň derdini şu gün-ä hiç bir zat egsip bilmezdi.
Irden jan beren pahyry ikindine çenli sakladylar. Öýlän çykarsalaram bolsa bolardy, belki depäňi deşip gelýän Gün zerarly ýene biriniň «gidibermeginden» çekinendirler. Daş ýerden gelip ýetişmeli hossary-ýenesi bar bolmagam mümkin. Bilesiň gelip, ýüregiň darka ýarylyp barýanam bolsa, şol wagt hiç kimden jogap eşitjek gümanyň ýokdy.
Baranymyzdan soň, takmynan bir ýarym sagat geçende, olaryň gapysynda hereket güýjedi. Pahyryň doganlary, ogullary hoşlaşmak üçin gapynyň agzynda hatara durdular. Gezekli-gezegine içerik girip çykdylar. Olaryň diňe biri — Ýagmyr aganyň özünden kiçi inisi Çerkez aga köçäniň gyrasyndaky çaklaňja atyzda boý alan agajyň kölegesine geçip oturdy-da, az salymdanam zordan ýerinden galyp, goňşy öýe – öz öýüne baka ýöredi. Köçeden ýöräp barşyna, jübüsinden elýaglygyny çykardy. Gözüne girýän ajy derini süpürdimi, ýa bolmasa çygjaran gözleriniň ýaşyny syldymy, daşdan saýgaryp bolanok. Şeýle bolany kemem däl.
Hoşlaşykdan soňky däp-dessurlar berjaý edilen badyna, merhumyň jynazasyny okamak üçin, ýygnanan märeke howla ýazylan haly-palasdyr keçe-kilimleriň üstünde ornaşdy. Soňra ör turdular-da, öňe-öňe omzadylar. Şolaryň arasynda menem bardym. Ahyry bir ýere ýetilip, ymykly duruldy. Şondan soň ilden çykyp-çykmaýanyny anyklamak üçin, her kim diýen ýaly birnäçe ýola iki gapdalyna, yzyna-öňüne seretdi, garaz kimdendigi näbelli buýruk berjaý edildi: hatarlar gönülendi. Beýleki wagtlar öňüňde durana kelläňi, yzyňda durana syrtyňy degirmejek bolup basga galsaňam, bu gezek beýle howsala döremedi. Gaýta hatarlar biri-birine gysmyljyrap, adamlar biri-birine gaty ýakyn durdy. Namaza durulýança, öňdäkiniň kellesinden syrygyp, ýeňsesinden geçip, ýakadan girip, gözden ýitip gidýän derini synlap durmaly boldy. Ýüregim hemişekisinden çalt urýardy. Şol akyp gaýdýan der damjalaryny adamyň ömrüne meňzedip, men hasam hopukdym. Edil şonuň ýaly, adamlar döräp, soň bir menzil ýol aşyp, ahyrynda-da gara ýere siňip gitmeýärmi eýsem?!
Onýança, ymam hemmelere eşitdirjek bolup, «Allahu ekber» diýdi. Soň onuň yzragynda duranlaryň biri onuň aýdan sözlerini edil bolşy ýaly gaýtalady. Bu barada oňa öňünden tabşyrylan bolsa gerek, sebäbi her kim dymyp durka, ala-böle şol kişi geplemelidigini nireden bilsin?! Şonda il nähili okady, bilemok, ýöne men-ä şol başdaky dogany bulaşdyrdym.
Her niçigem bolsa jynaza namazy gutardy. Töweregimde barmak basyp sanaýmaly adam ýerinden turdy-da, ber-başagaý bolup köwşüni çykaran ýerine bardy. Her kim köwşündäki bir manady jübüsine, köwşünem aýagyna sokansoň, howlukmaç gaýtmak bilen boldy. Menem zöwwe ýerimden galdym-da, ho-ol yzda bir ýerde garaşyp duran köwşümiň ýanyna eňdim. Öňe süýşüp başlanymam şol, gyrada oturan ýaşulularyň biri: «Nirä barýaň? Azajyk oturaňda, ölüp barýaňmy?!» diýýän ýaly, ýeňimden çekip aşak oturtdy. Muňa-da kanagat etmän, köwşümi çykardyp, palasyň üstüne çagyrdy. Gymyldy azalyşansoň, hälki turuşlykdan soň başlan aýat-töwwir ahyry maňa-da eşidilip ugrady. «Omyn!» diýip, köwşümi aýagyma ildirip, köçä çykdym. Ýöräp, bir-iki jaý aňryk geçemsoň, «kakama jaň edeýin» diýip telefonymy elime alsam, birnäçe gezek jaň gelen eken. «Jynazada duranymy bilmän duraňog-a, kaka? Jaň etmek hökmanmydy şü ikarada?!» diýip, kakama öz ýanymdan käýindim-de, yzyna aýladym:
— Kaka, sen nirede?!
— Özüň nirede?
— Men bärde. Maşynyň ýanynda saňa garaşyp durun.
— Weý, biz häli gaýtdyg-a!
— ?!..
Näme ederimi bilmän, öýümize baka ýöredim. Ulagyň açaram kakam bilen gidipdir. Içim-içime sygman, ýolboýy käýindim bardym. «Ömrümde ilkinji gezek «samsyk bolmaýyn, ilçilikdir, menem goşulaýyn» diýdim. Jynazadan soňra turup gidenlerden gitmedikler has köp bolansoň, başdakylary özüme meňzedip, «bular, sypyp bilse, öýli-öýüne, işli-işine eňýänlerden bolmaly» diýip oýlandym. Aňkamy aşyryp, gölegçilerdenem galdym. Dogrusy, men tabydyň haçan getirilip goýlanynam, haçan göterilip äkidileninem bilmändirin.
Ahyram bar günäni biriniň üstüne atdym:
— Garaşaýmaly ekeniň-dä, kaka! Gürleşdig-ä seň bilen…

22.07.2017.
Aşgabat.

Şatlyk HUDAÝBERDIÝEW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 391 | Добавил: Нawеran | Теги: Şatlyk Hudaýberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024
Kitap / nowella - 16.03.2024
Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]