22:46 Ejeme haýyş | |
EJEME HAÝYŞ
Eje maňa hüwdi aýdyp bersene, Mahmal sesiň bilen durlap serimi. Unudaýyn ähli aladalarmy, Bir goşgy goşaýyn goýman kemini. Goşguda arzuwma barýan ýollaryň, Ýodalaryň kötelligin aýdaýyn. Her kim geçse şol ýollary ruhbelent, Şolaryň hem utanlygyn aýdaýyn. Dileglerňi ýoldaş etsem ýolumda, Işleň şowlajagy däldir ikuçly. Eje, pata berseň ýollar ýagtylýar, Käbäm, dilegleriň gudratmy, güýçmi?! "Zähmet soňy-rehnet" diýenňi ýatlap, Döz gelerin kynçylyga meýletin. Göwnüm mydam küýsär ruhy goldawyň, Eje, ynan, şol bolmasa şeýle kyn. Seniň sözleriňden düzler ol şygyr, Öwütleriň munda jemlener bary. Uzak şäherdekäm bu şygry okap, Seni öz ýanymda duýarym ýaly. Eje maňa hüwdi aýdyp bersene... Täzegül AMEDOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünyä dilleri institutynyň talyby. | |
|
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |