14:12

Eser döretmek hakda oý-pikirler

Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 255 | Добавил: Moderator | Теги: Sylapberdi Muhamow | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 15
0
1 Bagabat  
43
Sylapberdiň bu oýlanmasyny okap, şu aşakdaky ýadyma düşdi:

Söz / erkin goşgy

Mende bir Söz bar,
hökman aýdylmaly olam.
Bilemok aýtjagym kime.
Daňamy?
Tüme?!
Ýa güme?!
Dostumamy?
Byradarym – ömrüme syrdaş,
Aýtdym.
Almady.
Aňşyrmady.
Üns bermedi...
Belki, oň üçin, meň Sözüm
däl-de, wajypdyryn özüm...

Mende bir Söz bar.
Onam bukman,
kime-de bolsa birine
aýtmaly hökman.
Kime?
Doganmamy?
Başyndan agdyk derdi!
Hemme gepimi diňlese-de
janu birle tenden,
käte olam ýadaýar menden...
Wagty ýok şo esasy Sözüm diňläre,
kelle çakyşdyryp, Sözüm hakda
düşnüksiz,
gümürtik,
içginden-içgin ýaňrara...
Bilýän, oň üçinem, Sözüm
däl-de, wajyp meniň özüm...

Bir Söz bar mende.
Aýdylmak isläp urunýar tende.
Köňül-kitabymyň çaň basan gatyn
açyp, çekmeli oňa kimiň dykgatyn?
Başdaşamy?
Çagalaň aladasy, hysyrdysy öýüň,
doldurýar onuň dünýäsin.
Başagaýlygyna aňkaryp her daýym,
Gelenok ony boş warsaka güýmäsiň...
Onsoňam,
sygmaýaka şo Sözüň agramy özüňe,
urup bormy o ýüki “Garagözüňe”?!
Şoň üçinem, diýýäň içiňden:
“Gerek däl-laý, oňa meň Sözüm,
Ýeterlik ýanynda gezip ýörenim özüm”.

Bir Söz bar mende,
Şolam egsilere göwün tapanok Jahanda.
Erkim alyp elimden,
käte sypýaram dilimden.
Näme hakda ol?
Düşünemzok, ne men, ne il-gün.
Bir bilýän onuň barlygyn,
gursagym, kalbymam oňa darlygyn.
Bilýän ýene oň juda aýdylasy gelýänin,
aýdylyp bilmän,
ýa aýdylsa-da düşünilmän,
bagry tütäp, diriligine ölýänin...
Belki meň o täsin Sözüm,
ilki ýormalydyryn,
diňlemelidirin,
eşitmelidirin,
özüm.

© Öwezgeldi Begliýew

Çeşmesi: http://kitapcy.ru/news/soz/2023-02-01-25508

0
2 Injener  
1
Köp kitap okasaň, özüň hem bir zatlar ýazasyň gelýär. 200 kitap okan adam, hökman özi bir kitap ýazýa diýälerimi bir ýerde?

0
3 sylapberdimuhamov  
1428
Osman aga hem aydypdy, dünýä klassykasyndan 4-5 kitaby okarsyñ, onsañ o kitaplaryñ temasyna-da golaýlaşmaýan bir täsin idea taparsyñ, bu hem saña Hudaýyñ eden serpaýydyr diýip.

0
4 Bagabat  
43
"Türkmeni göçürjek bolsaň, gapdalyndan göç geçir", "Türkmeni dürtmeseň duýmaz" diýlenine barýar :-). "Biri ýazdy, menem ondan ruhlanyp ýazdym, ýogsa ýazmak pikiri kellämde-de ýokdy..." we ş.m..

0
5 baharaliyeva39  
1028
"Siňekleriň hudaýy" romany bilen tanalýan iňlis şahyry we ýazyjysy William Golding "näme üçin ýazýarsyňyz?" soragyna "Soňky elli ýa-da altmyş ýylyň dowamynda bu mesele boýunça takyk jogap bermek maňa kyn düşdi". jogabyny beripdir. Belki-de şeýledir.
Ýöne adamlar köp sebäplere görä ýazýarlar. Başdan geçirenlerini aýtmak, başdan geçirip bilmediklerini aýtmak, edip bilmejekdiklerini ýa-da bilgeşleýin etmediklerini aýtmak. Arzuwlarynda täze dünýä gurmak üçin ... Puşman bolany üçin, aşyk bolany üçin, ýigrenen wagty, ýada bagtly wagty we gynanýanlygy üçin ýazýar.

0
6 Kovalevskiy  
1521
17 ýylyň içinde döredijiligiň köp görnüşi bilen (surat çekmek, aýdym aýtmak, keşp janlandyrmak, tans etmek, üýtgeşijek zatlary ýasamak we.ş.m) meşgullandym. Emma nämedir bir zatlary ýazyp bilerin (ýazyjy ady bilen tanalaryn) diýip hiç mahal pikir etmändim. Belki men bir gyzykly eseri okap otyrkam eseriň awtory ýaly ýazyjy bolmagy özümden gizlin arzuw edendirin. Mümkin men arzuw edendigimi bilýän hem däldirin. Öňler men goşgujyklarymy içimdäki ýaralarma melhem hökmünde ýazýardym. Häzir ýazýan zatlarymyň hiç biri öňküler deý melhem däl-de, agyrymy gozgaýan awy ýaly bolup dur. Sebäbi ýazýan zatlarym meni iňkise batyrýar. Çünki men hemişe ýazyp, pozup bilýän ýazyjy ýa şahyr däl ahyryn. Men diňe ylhamdan gelýän setirleri kagyza geçirýän. Köp adam bolsa mundan närazy bir tema getirip şuňa bir üýtgeşik bir zat döredip ber diýip dur. Ýokarda aýdylyşy ýaly onuň alyjenaby Ylham hem meni öz günüme ýuwaş-ýuwaşdan goýar diýsem. Ýok. Biraz arkaýynçylykdan soň ýene ýazmaga mejbur edýär. Ertirki günde bize nämeleriň garaşýandygyny bilmeýänmiz hem bir gowy zat. Ertir mende öz ýolumy üýtgetmek üçin mümkinçilik has köpdür diýip umyt edýän.
Hormatly ýazyjylara bolsa döredijilik äleminde uly üstünlikleri, täzeden-täze eserleri döretmeklerini arzuw edýärin. Söýgüli awtorlarym siziň ajaýyp eserleriňizi okamaga hemişe taýýar. Ajaýyp eserleriň yzy gür bolsun!

0
7 Remezan  
1397
kyn sorag? Jogabyny özümem gözleýän, tapamok.
Belki, men ýazanymy paýlaşmagyñ sebäbi hem jogabyny tapmak üçindir.

Ylhamyñyz joşup dursun!

0
8 murat_yousef  
1588
Men bir zada haýran galýan! Men bärde öz pikirimi beýan etjek, gaty görselerem. Özleri bilýär görmeselerem... Garaz ýazyjy bolsun ýa şahyr, umuman döretýän adam nämüçindir bir zady boýnuna alanok? Olar diňe ylhamy gelende ýazdymy, ýada içindäki joşguny daşyna çykarmak üçinmi? Ýokarda-da belläp geçipdirler, aşyk bolany üçin, gahary üçin ýada ýigreneni üçin şuňa meňzeş üçinleri bar... Indi diýjek bolýanym, ala böle nämüçin gazanç üçin ýada abraý şan-şöhrat üçin ýazýandygyny boýnuna alasy gelmeýärkä!? Eýsem-de gazanç üçin ýazanoklarmyka??

0
9 Injener  
1
Biziň ýurdumyzda ýazyjylyk ýazyjyny eklänog-a. Eger ekleýän bolsa adamlar şu saýtda öz döredijiligini mugt paýlaşmazdylar. Abraý şan-şöhrat barada aýdaňda, bu ýerde ýazyjylykdan beter, mas mediýada çykyş etmegi başarmaly. Bir iki bent sanawaç goşýaň-da, tik tok-da 10 sany rolik goýýaň...

0
10 murat_yousef  
1588
Ýazyjylyk ýazyjyny eklärdi, haçanda normalnyý bir besstellere öwrülen kitaplary tükmen diline geçirip, halk köpçüligine hödürlesin! Hany onsaň göreli okyjylaryň öz ene dilindäki islän kitaplary tapdyryp dursa olaryňam satyn almaýşyny!? Aslynda şony başyndan soňuna çenli terjime etjek ýok ýa-da bizler ýalta! Ol biderek öwgüli goşgylardan şol işler amatlam welin...

0
11 Injener  
1
Rus dilinde bir zat ýazsaň, 300-400 million adam okap bilýär. Iňlis dilinde ýazsaň, ondan iki esse köp adam okap bilýär. Türkmen dilinde ýazsaň 7 million adam okap bilýär. Ruslaryň "LITRES" platformasy bar, şol ýerde awtorlar öz eserlerini elektron görnüşde çap edýärler. Ana şol platformada, hiç ýerde tanalmaýan awtorlar aýda 50.000 rubl (ortaça) gazanýarmyşlar. ruslaryň gazanjy şeýle sada bolsa, 7 mln halk bilen türkmenleriň gazanjy çagalara mekdep pul bolaýmasa?

0
14 murat_yousef  
1588
Aý ýok ony hem diýme, pul berip okamana isleg bildirýän köp bolmasa aza däldir! Orslaryň litresdäkisinden okap gördüm dogrymy aýtsam okanyňa degýän zada däl, (käbiri) nämüüindir orslaryň mistikasy we fantastikasy gowy däl ýaly göwnüme.

0
15 Injener  
1
Litres göwnüňize ýaramadyk bolsa, diýmek ruslaryň döwrebap edebiýaty size ýaranok, dogrysy maňada känbir ýaranok. Mistika we fantastika barada aýdaňda, bu ruslaryň meýdany däl, ruslar realizm žanyrda özlerini gowy alyp barýarlar...

0
12 Injener  
1
LITRES-e meňzeş platformany biziň ýurdumyzda-da amala aşyrsaň bolýar. Awtorlaram öz kärinden çalaja gazanç eder ýaly, okyýjylarada eserler elýeter bolar ýaly. Ýöne öňünden çykdaýjy etmeli, android platforma üçin programmist gerek, server arenda we TMCELL bilen şertnama, tölegi telefonyň balansyndan edip bolar ýaly. Ýa-da başga bir wariýant, şu saýtdy başga bir platforma geçirmeli we müňkünçiliklerini baýlaşdyrmaly. Mysal üçin aýyna 5-10 manat töleýänlere has giňräk funsional bermeli, çäksiz teswir ýazmak, makalany PFD gördüşde ýükläp almak, we şuňa meňzeş funksiýalar. Podpiskadan gelýän girdeýjini, saýtda çykyş edýän awtorlaryň arasynda şaýlaşmaly. Esasy maksat edebýat bilen gyzyklanýan adamlar az-da kände öz işinden girdeýji alar ýaly.

0
13 murat_yousef  
1588
Mende-de edil şeýle pikir bardy! Şeýtsek erbedem bolmaz! Ýöne bu bir topar zähmetden we çykdaýjydan ybarat. Ýöne barybir risk etmeseň üstünlik ýok diýlişi ýaly özümizi şu ugurda (saýtyň eýesi) synap görmeseň kem bolmajak ýaly...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]