10:15 Gitdiň. Agladyk... | |
GITDIÑ. AGLADYK...
Goşgular
![]() Gitdiň. Agladyk. Şu günem - üçüň. Diýmek, gidenňe Bolupdyr üç gün. Üç gün, üçje gün - Ölüm üçin hiç. Aglarys öýtdük Kyrkyňa deňiç. Aglarys öýtdük Ýylyňa çenli... Aglamak juda Kyn bora çemli. Ýene çaý-nahar, Ýene-de gülki. Onsoň gybatam Ediler, belki. Aýdyşym ýaly - Edildi gybat. Soň şorta söze Berildi nobat... Bir sagat ozal Belläpdik üçüň. Parhlyrak bolgun, Günämiz geçgin! Geçseň-geçmeseň, Bolşumyz şeýle. ...Gün bolsa eýýäm Bolupdyr öýle. Öz öýlesini Duýanok hiç kim... Gitdiň. Hoşlaşdyk. Agladyk üç gün. Aglarys öýtdük Üç gün däl, on ýyl. (Şoňa mynasyp ýitirlen ogul!) Aglarys öýtdük Uzak, uzak, uzak. Aglamak hakmy? Aglamazlyk hak? Ynsaba bagly Bu garry sowal. Häzir dymylsyn, Jogap hökman däl... Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |