13:19 Gorkmak gerek däl... | |
GORKMAK GEREK DÄL... Gorkmak gerek däldir, gara dumandan, Gorkmak gerek däldir, jübiń boş çagy. Beýik sepgitlerden gorkmak gerek däl, Batgalykdan gorkan, zabyz etmez dagy. Söýmek-söýülmekden gorkmak, gerek däl, Gorkmak gerek ýalan, gybatdan şerden. Ömürlik bir zatdan gorkmaly bolsa, Enäñ gözýaşyndan heser et, her dem. Gyşyñ añzagyndan, gorkmak gerek däl, Gorkmak gerek kalbyñ sowaşmagyndan. Heder et dosturap ýüzüñe gülip, Şol dostuñ arkañdan söweşmeginden. Gorkmak gerek däldir, daýaw göwreden, Içini pis basan, kiçijikden gork. Hiç çekinme, hiç çekinme wepa berjek köpekden, Goh edip, boş üýrýän güjüjekden gork. Mazarlykdan gorkma, gorkma ölümden, Dirilerden hergiz ätiýaçly bol. Özüñkini ýitirmeklikden gorksañ, Özgäñ malyna-da, uzatmagyl gol. Ilkinji nobatda özüñe ynan, Dyz çökmek gerek däl özgäñ öñünde. Ýoldaky böwetden, gorkmak ne derkar, Ynam ýaşap ýörkä ýeriñ ýüzünde. Gorkmak gerek däldir, agyr zähmetden, Ýeñil üstünlikden gorkmaklyk gerek. Çekinme urgudan, dogruçyllykdan, Damja ýalan gepden, gork oña derek. Sen ýetip bilmeseñ, beýik sepgide, Bardyr onuñ özün ýetirmeklik hem. Öñe ýöremekden gorkmagyn hergiz, Gorkmak gerek ýoluñ, ýitirmeklikden. Gorkyñ ýüzine gül, gaçmagyn kyndan, Gorkmak gerek diñe, içki gorkyñdan! Kerim HALLY. | |
|
√ Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde... / Goşgular - 13.01.2023 |
√ Ýazylmady dile görä / Goşgular - 31.01.2023 |
√ Цыганская пляска / Goşgular - 10.01.2023 |
√ «Туман скрывает берег отдалённый…» / Goşgular - 12.01.2023 |
√ «Нет, правды не оспаривай…» / Goşgular - 08.02.2023 |
√ Her gijede / Goşgular - 22.01.2023 |
√ На смерть А.В.Дружинина / Goşgular - 19.01.2023 |
√ Gar ýagan güni... / Goşgular - 10.01.2023 |
√ Uýamyň toýunda aýtmak islänlerim / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Свободно шея поднята…» / Goşgular - 10.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 20 | 1 2 » | |||||||||
| ||||||||||
1-15 16-20 | ||||||||||