14:57 Güýz bolaryn | |
GÜÝZ BOLARYN
Goşgular
Gitme! Gitseñ güýz bolaryn, ölerin! Neýläýin agaçlar egse başyny?.. Otly bekedinden çykyp gidensoñ Nämüçin öwrülýän garañky gijä? Garlawaçlar tutup şaýyn, goşuny Nirädir bir ýere uçup gidensoñ. Elýaglyklar galgaşanda nämüçin, Dargursaklyk bilen egýän başymy?!. Bar zat ýowuzlyga elin salgaýar, Ýañja gunça açan elwan güllerem, Neçüýn birden meñizlerni sallaýar... Gitme! Gitseñ güýz bolaryn, ölerin! Gulaçlamsoñ ýedi derýañ suwuny, Köpriñden aşamsoñ, gutardy bar zat. Küýselse-de öñki iýlen almalar, Guşlar uçup gitdi, Gutardy bar zat! Biz indi çaga däl, diýjegimizi Dymybam bir zatlar düşündireris. Günler geçip barýar, A ýyllar bolsa, Enaýy däl ýeke bulgur arakdan. Aýdymlar şo-ol öñki köne aýdymlar, Oýunlarñam manysy ýok öñki deý. Agaçlara ok sanjylan ýüregiñ, Suratyny çyzyp ýören çakgylar Nirde indi?.. nirde galdy lül-gammar serhoşlugyñ beren däli hywuwy?!. Gitme! Gitseñ güýz bolaryn, ölerin!.. Hasan Hüseyin KORKMAZGIL, türk şahyry. | |
|
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |