10:02 Hudaýçyl | |
HUDAÝÇYL Kimmiş maña töhmet atýan, "Din-adatdan çykdy" diýip. "Eşret gözläp, baÿlyk gözläp, Atyn ýeke çapdy" diýip. Kimmiş?! Ýalan, bary ýalan, Ynanyñ siz, dogruçyl men. Şu obada öñdebarjy, Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Käte-käte, mugt düşende, Arak deñzin boýlap kemsiz. Şir dek arlap çykýan köçä, ,,Gelşigi ýok obañ mensiz..." Açylamsoñ süllerýän-de, Oýa batýan... gaýgyçyl men. ,,Ýa bir pahmel!.." elim serÿàn... Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Lak atamda gelinlere, Ýañagyma degýär şarpyk. Çişýär şol dem duluklarym, Nätjek, onsoñ, ýüzüm örtüp: ,,Aýalym bir duýmasyn-da, Tapaweri alajyn sen!.." Diýip Tañra kän ýalbarýan, Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Aýlyk göze az görünýär, Has düýplüräk gazanç gerek. Onsoñ halal-haram diýmän, Baýlyk toplap ýörün, seret. Ele düşsem birazajyk, Para birin, maýdaçyl men. "Özüñ gora belalardan..." Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Men gyzymy pula çalşyp, Sanap, saldym sandygyma. Baý, üstümden arza düşd-ä... Sadagasy boldugyma Sygyndym kän: "Gora meni" Diýmesinler: "Lomaýçyl sen" Hernä Allam rehim kyldy, Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Ýaşam altmyş bolup barýar, Basym pensiýa çykaryn- da, Sakgal-murty ösdürerin. Namazlykda çökerin-de, Molla borun... Aklyk baryn Ýygnaryn men, peýdaçyl men Añsat eklenç tapjak bolsam Hudaýçyl men, hudaýçyl men. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Первый снег / Goşgular - 21.01.2023 |
√ Göwün ýüwürtme / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Волшебные слова любви и упоенья…» / Goşgular - 05.02.2023 |
√ «Мой путь страстями затемнён…» / Goşgular - 11.02.2023 |
√ Päk asmanyň ýyldyzlary / Goşgular - 08.01.2023 |
√ Bir ýyldan soň... / Goşgular - 25.01.2023 |
√ В горькую минуту / Goşgular - 07.02.2023 |
√ «Как мимолётна тень осенних ранних дней…» / Goşgular - 05.01.2023 |
√ «Пошутила я – и другу слово молвила…» / Goşgular - 19.01.2023 |
√ Бог / Goşgular - 31.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |