23:12 Hyýalym | |
HYÝALYM
Oýlanýaryn gijäň ýary, Seniň keşbiň aňymda meň. Sen nirede meniň ýarym, Düşýänmi men ýadyňa seň. Hyýal köşgümde sen şasyň, Gelseň , synan göwnüm alsaň, Meniň bilen döwran sürseň, Budur derman derdime meň. Gel-de halymdan habar al, Göwnüme inçe ýoda sal, Diňe söýgi sazyny çal, Sensiň ezber sazandam meň. Dünýä ýüzüne seýil etsek, Bir –birege hemra bolsak, Bile gül açyp , bile solsak, Şudur baky arzuwym meň. Batgly bolsak ýer ýüzünde, Ene- atamzyň göz öňünde, Eger duraýsaň sözüňde, Mydam rza bolaryn men. Men gül bolsam , senem bilbil, Baglarda açylsam gülgün, Ýanyňdalygym sen bilgil, Senem bolsaň ýanymda meň. Azruwlarymyz hasyl bolsun, Her bir gün ýaz pasly bolsun, Dowamatymyz dowam bolsun! Ömürbaky arzuwym meň. Göreş Bir, iki, üç. Başlandy ýaryş. Türgenler bilini berkden guşady, Olaryň birisi goňşymyz Mekan, Beýlekisi Myrat ogly Goşady. Biri –birinden daýaw ýeňilmez türgen, Haýsy ýeňer ? Haýsy ýeňler kim bilýär. Mekan badak atyp ýykjak bolaýsa, Goşa-da hüşgär-dä öňünden bilýär. Şeýdip ýarym sagat sürdi duşuşyk, Tomaşaçylaryň şowhuny artýar. “ Ýanbaşdan agdar how! Eginden agdar” Gyzgalaň has beter gyzyşýar, dartýar. Mekan ýaňy otuzdan agan türgen, Goşa bolsa paýhas ýaşdan geçipdi. Ikisi hem daýaw , ikisem ezber , Ady hem abraýy olaň ýetikdi. Iki uly göwre iki deň kuwwat Ullakan soragly gözleň öňünde Tejribe hem güýç kuwwatyň birikse Taýsyz güýçdür . Böwet bolmaz öňüňde . Birden Goşa pälwan saldy bir tilsim, Göz açyp ýumasy boldy. Iş bitdi. Mekan ony duýmaga-da ýetişmän, Tozan çaňa birden garylyp gitdi. Şu ýerde hem äşgär boldy hemmäge, Kimiň has-da güýçlüdigi berkdigi Güýç kuwwat hem gerek weli göreşde Emma tejribede has-da gerekli. Aksoltan HYDYROWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |