09:00 Enem jana | |
ENEM JANA
Oba barsam enem ýanyna Alar otyr gulli çäýnek. Elinde "Edebiýat sungat" Gözünde -de uly äýnek. Saçagynda tamdyr çörek, Gant nabady ýany bilen. Ýanja serilen gurtlar Ünsüň çeker sany bilen. Bagdan gaçaýjak bolup dur, Bişen erik şaha ýaýrap, Guşlar heziller edindi Buşlaýar begenjin saýrap. Ýanja saglan geçi süýdi, Pyýalada äberiler. Enem meni gören badyna Diyer: "köşek eliňi ber" Gol uzatsam guýar ele Kemput gantmy kak erik. Eger ter önüm küýseseň, Gözel obamyza geliň! Ýok, ýok özem göni Enem janyň ýanyna geliň, Ondan gowy tebip bolmaz, Keselinem tapar emin. Enemiň gujagynda, Oýnaýan oglan döwrüm. Guş kimin uçup gitdi, Durmuşym etdi öwrüm. Ýaşaýas mermer şäherde, Emma göwnüm oba diýýär. Käte hyýalymda baryp Enem seren gurdun iýýän. Yone nätjek döwür ösýär, Kim utulýar, kimler utýar Ýöne tapman enem deýin Ýyly mähriň ýerin tutýan. Aksoltan HYDYROWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |