22:31 Ilkinji ädim | |
ILKINJI ÄDIM
Ynha, supra, ynha-da, un öňümde, Bir ýanda hamyr jam, bir ýanda elek. Hamyry kän gezek ýugranam bolsam, Nan ýapmakçy bolýan birinji gezek... Ýasandan soň dynjyn alan hamyry, Odun daşap, ot goýberdim tamdyra. Käte oduň tüssesine bogulyp, Gözümi ýaşardyp çekildim gyra. Közün toplap howry çykan tamdyryň Körüklerin ýapyp başladym «işe». Birinji nan gülläp ýykdy göwnümi, Şondan soň galanyn etdim endişe. Soňkulary düzüw bolsa-da maňa ejemiň emeli ýetmeýän eken. Nan ýapmagyň täri bilen tilsimi Başyňa düşende bilinýän eken. Nan ýapmak çagakaň palçygy ýugrup Oýun oýnaýşyň dek ýeňil däl eken. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |