07:10 Kämilleşmeli | |
Berdinazar HUDAÝNAZAROW
▶ Kämilleşmeli Damja dama-dama köle öwrülip, Yzlar – ýoda, Ýoda – ýola öwrülip, Oglandyr gyz är-aýala öwrülip – Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Owazlar goşulyp öwrülýär saza, Gyş kem-kemden eräp ýazýandyr ýaza, Ömür köne, Emma ykballar täze – Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Sen gyza bakýarsyň, Gyz bolsa – saňa. Ýöne entek söýgi diýlenok muňa, Otly tamdyr ýaly taplanyp diňe – Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Ak daňy atyrýar geçýär-de gije, Adam ýeli, suwy öwürýär güýje, Ýaz - tohum sepilýä, Güýzem – netije – Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Bilemok, aslymyz maýmynmy ýa däl, Durmuş näme? Durmuş – jogap däl – Sowal. Günäň garşysyna döräpdir zowal – Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Ýamana haý diýip, Ýagşyny aýap, Biz kemal tapýarys çeksek-de azap, Bir zady ýumursa, Bir zady ýasap – Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. Ýaşaber dünýäňe ynamsyz bakman, Kesel köpelensoň döräpdir Lukman. Bizi howlukdyryp, Özi howlukman – Dünýäde hemme zat kämilleşmeli. | |
|
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024 |
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |