09:03

Kasas / powestiñ dowamy

Категория: Powestler | Просмотров: 1048 | Добавил: Нawеran | Теги: Ogulsenem Taññyýewa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024
Sary bagşy / powest - 03.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024
Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024
Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024
Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024
Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024
Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Bagabat  
43
Elbetde çeper eserde hemme zady bolmalysy ýaly edip bolmaýandygyna düşünýärin. Ýöne her niçigem bolsa haýsydyr bir zat barada nämedir bir zady ýazjak bolsaň, ilki bilen şol zady iň bolmanda ýüzleýem bolsa öwrenmelimikä diýýärin. Ýogsa, birinjiden-ä özüň ýazýan zadyň baradaky sowatsyzlygyňy görkezýärsiň, ikinjidenem okyjyda şol ýazan zadyň barada nädogry garaýyş döredýärsiň. Teswiriň mus-musynyň mustapasy bolsa... 1998-nji ýylda-da tä 2009-njy ýyla çenli 1961-nji ýylda kabul edilen Türkmenistan SSR-niň Jenaýat-prosessual kodeksi hereket edýärdi. Şol kodekse iň bolmanda göz gezdirilip powest soň ýazylan bolsa, onda... "Jenaýat işiniň depderi" diýilmeýär, "jenaýat işi" diýilýär, jenaýat işini milisiýanyň naçalnigi kazyýete ugratmaýar, kazyýete jenaýat işini prokuror ugradýar. Jenaýat işi kazyýete ugradylyp höküm çykandan soňra indi aýyplanýan ýa-da işi kazyýetde seredilýänem däl-de iş kesilen adam sülçi bilen nädip habarlaşmagyň hötdesinden geldikä?! Elbetde, "bir zadyň içinden monjuk gözleýän ýaly" diýilmegi ähtimal, ýöne islendik eseri gyzykly hem ynandyryjylykly edýän zatlar, şonuň ýaly owunjak jikme-jikliklermikä diýýärin. Mysal üçin, Osman aga pahyryň "Altynjan hatyn" romanyny ýazmak üçin ýüzlerçe jiltlik maglumaty özleşdirendigi romanyň ilkinji sahypalaryndan bildirýär. Ýa-da Sapargeldi Annasähet Iner oglunyň eserleri olary hakykatda öz ýazýan zadyny bilýän adamyň ýazandygyny duýdurýar. "Aýgytly ädimi" bolsa diňe bir şol zatlaryň diri şaýady däl-de, eýsem şol zatlaryň gatnaşyjysy bolan adam ýazypdyr.

-1
2 GençOsman  
45
@Bagabat sözlerñe goşulýan. Ownjak görinýägn ýerlerdäki nätakyklyk çyndanam ýazylan eseri birazam bolsa ýasama görkezýär...
"Altynjan Hatyn" wakalary okyjy hem edil oz içinde gidip duran ýaly duýgular döredýär. Ýöne bir ünsimi çeken ýeri, iki jiltiñ haýsam bolsa birinde, düšindirişli sözlikleñ birinde şeýle diýilýär: 《Diñe Hanefi mezhebinde şerap içmäge rugsat berilýär》
Emma hadysda: "Şubhesiz Allatagala içgini haram etdi. Bu sözi eşdenñizden soñ ony almañam, satmañam"(Sahyh hadys. Muslim, Buhary, Ebu Dawud)
Yene bir hadys:
"Her serhoş ediji içgi arakdyr, we her bir serhoş ediji zadam haramdyr. Haysy kişi arak içmesini taşlaman, toba etman olse, Kyýamat güni Köwser şerabyndan içmez"

Arak haram edilen aýatlardan: (Maide 5/90-91; Bakara 2/219; Nahl 16/67)
Ymam Agzam haýsydyr bir meselä degişli hokum berende ilki Kurana, Kurandan tapmasa hadyslara, hadyslardan tapmasa, sahabalaryñ sözlerine daýanyp hokum beryan eken.... Altynjanda Hanefiler bn Fatimileñ yeri ýalñysylyp calsylan bolmagam ahmal yone...

* * * *

Ogulsenem Taññyýewañ biografiýasy kimde bar bolsa, goýsañyz hosal bordum...

0
3 Bagabat  
43
Gep kimdir birini nämedir bir zatda aýyplamakda-da däl-le, esasy mesele biziň edebiýatymyzy öz çagalarymyzyň okamaýanlygynda...Şonuň esasy sebäpleriniň biri hökmünde-de hakykatdan-da özüneçekiji, gyzykly, bir demde demiň tutulyp okalýan detektiw eserleriň ýazylmaýanlygynda diýip hasaplamak bolarmyka diýýärin. Şol sanda fantastika, fentezi, triller, mistika, taryhy başdan geçirmeler, alternatiw taryh, kiberpank, postapokalipsis žanrlarynda ýazylan eserleriň hem ýoklugynda... "Edebiýatyň wezipesi gyzykdyryp öwretmek" diýip ýazypdyrlar. Gyzykdyrmak üçin bolsa ýazylýan zatlar gyzykly bolmaly.

0
4 Bagabat  
43
Elbetde eser hakykatdan-da gyzykly bolanda ýokarda agzalan owunjak kemçilikleriň, näsazlyklaryň hiç biri okyjynyň gözüne görünmeýär. Emma eser tukat bolsa onda hökmany ýagdaýda ýokardaky aýdylýan näsazlyklar "Durnanyň üstüne urna" bolýar. Mysal üçin, Akuniniň "Fandorin" seriýasyndan prosessual (iş ýörediş) ýa-da adalga (termin) ýalňyşlyklaryny gözlemek, olara üns bermek hiç kimiň kellesine-de gelmez. Edil şonuň ýaly Agata Kristiniň, Konan Doýluň, Den Braunyň eserlerinden hem şeýle.

0
5 Bagabat  
43
Onsoňam, haýsydyr bir žanrda eser ýazylanda ilki bilen şol žanryň manysyna-mazmunyna doly göz ýetirip, öz ýazjak bolýan eseriňi näme maksat bilen ýazmakçydygyňa düşünmelimikä diýýärin. Detektiw eserde iş ýörediş tertibiniň jikme-jikligi okyjy üçin gyzyklymy, gerekmi? Taryhy başdan geçirmeler romanynda taryhy jikme-jiklikleri doly çintgäp beýan etmek nämä gerek. Mysal üçin, Walter Skottyň romanlary bilen Moris Drýuonyň eserlerini taryhy hakykata, ýagny adamzadyň ygtyýarlygynda bar bolan taryhy maglumatlara mümkin boldugyndan dogry esaslanmaklykda deňär ýaly däl.

0
6 Bagabat  
43
Ýa-da Dýumanyň "Muşketýorlar", "Melike Margo", "Kyrk bäş", "Graf Monte-Kristo" romanlaryndan taryhy hakykaty tapjak bolmak... biggrin

0
7 Bagabat  
43
Ýa-da Jorj Martiniň "Buzuň we Oduň aýdymy"-nda diňe fentezi žanrynda ertekini görmek, KPSS-iň syýasatyna beýlebir dogry gelmejek bolaýmasa... sad

0
8 Bagabat  
43
Umuman, çagalary "Counter-Strike", "Mafia: The City of Lost Heaven", "call of duty"-laryň holtumyndan edebiýatyň gujagyna gaýtaryp getirjek bolsaň hakykatdan hem gyzykly we mümkin boldugyndan hakyky durmuşa laýyk gelýän eserleriň ýazylmagy gerekmikä diýýärin.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]