13:45 Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat | |
• Aşgabat
Powestler
Sary bagşynyň diýeni boldy. Ol Aşgabatda Žukowskiý köçesiniň 554-nji jaýyndan iki otagly kiçijik jaýy kireýine aldy. Bu jaý Teke bazaryna ýakyndy. Keselhana, dükünlara bolsa çagalaryň özi gidip-gelip durmalydy. Bu howly Hüseýin diýen pars adamyňky bolup, ol jaýyny ogullary Ybraýym bilen Kazime goýup gidipdir. Howlynyň eýeleri diýseň adamkärçilikli adamlardy. Howluda erik, injir agaçlary öý ýaly bolup otyrdy. Eger myhman-meduwan gelse, şol baglaryň astynda hem ýaşap biljekdi. Sary bagşyny sungat uprawleniýesine çagyrdylar. Ol otlynyň gelerine ep-esli wagt bolansoň, barmaly ýerine bardy. Sary bagşy ol ýere baranda gözlerine ynanmajak boldy. – Essalowmaleýkim! Ol Hally bagşyny, Han agany, Pälwan bagşyny, Oraz Salyry, Garly bilen Nobat bagşyny, Muhy bagşyny, Hanmämmet gyjakçyny görüp göwni göterildi. – Weý, weý, özüňize salowmaleýkim. Özüňize salowmaleýkim... Olar hem Sary bagşyny görenlerine iki bolup bilenokdylar. – Hany, halypa bir gujaklaýyn – diýip, marçakly Nobat Amansähet dutaryň sapy ýaly dim-dik, syrdam didaryny Sary bagşynyň giň gujagyna atdy. Hally bagşy salyhatlylyk bilen saglyk-amanlyk sorap başlady. Girman bagşynyň oglansypat ýüzüni, ýylgyryp duran owadan gözlerini synlap, Sary bagşy ýylgyranyny duýman galdy. – Tüweleme, heriňiz bir dünýe. Heriňiz bir öwliýä, älem. Hemmäňizi bagryňa basasyň gelýär. Bagşy-sazandalar obadan geleni üçin, näme üçin çagyrandyklaryny, näme meseläniň goýuljakdygyny kän bir bilenokdy. – Sary däde, bu nämäniň çakylygy, biz-ä gaty tiz barmaly Gaýgysyzyň ýanyna diýensoňlar, toýy-beýlekini goýup gaýdyberendiris. – Şunça bagşy üýşer-de, heýem bir toý bolmazmy. Türkmen: «At agnan ýerinde toý bolar» diýmänmi?! Toýy özümiz ederis. – Soňra ol näme üçin çagyrylandyklaryny mälim etdi. – Gaýgysyz bir hyýala-a münüpdir. Ol türkmeniň atly bagşylaryny ýygnap, Aşgabatda bir uly ansambl, bagşy-sazandalaryň toparyny döretjek bolýarmyş. Ýogsa, bu bagşylar. Türkmenistanyň dürli ýerine edil toýpaý ýaly seçelenip gidenmişin, gerek wagty ne olardan habar tutup bolýarmyş ne-de olary diňläp, döwletiň derdine ýaradyp bolýarmyş. – Beý, ol-a gowy boljak – diýip, aýdym-saz üçin janyny gurban etmäge taýýar bolup ýören Nobat Amansähet begenip aýtdy. Oglan bagşam Sary bagşa gysmyljyrap durşuna: – Gaty gowy boljak şol-a, men aýdym-saz diýip, Gyzylarbadyň zawudynda gezip ýörün-ä. Merkezde ansambl döretseler, oňa ýetesi näme bar – diýip, ýylgyrdy. Olary säher bilen Türkmenistan Ministrler sowetiniň ýanyndaky sungat uprawleniýesine ýygnadylar. Şol ýerde bolsa olara Türkmenistanyň bagşy-sazandalarynyň respublikan ansamlynyň açylandygyny yglan etdiler. Ansamblyň özi «Daýhanlar öýünde» ýerleşmelidi. Bagşy-sazandalar bolsa şonuň myhmanhanasyndan ýer aldylar. Sary bagşy şu gün otly bilen çagalarynyň Bamydan Aşgabada göçüp gelýändigini aýdyp, Hanmämmet gyjakçyny ýanyna alyp, demir ýol wokzalyna ugrady. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -2: Keramat - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |