13:57 Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym | |
• Bamyny agladan aýdym
Powestler
Sary bagşy Duşakdan Bama geldi. Ata-babalarynyň ýatan ýerlerine zyýarat etdi. Oglanlara bolsa bäş-alty goýun soýup, gazanlary atarmagy sargady. Günüň gaýtgyny bilen tutuş Bamy, ýakyn-daşdaky obalaryň adamlary Sary bagşynyňka geldiler. Bamynyň howasy maýyldy. Sary bagşy birhili obasyna gelip, ýigdelen ýaly bolupdy. Ol beý, bu kesel ahyr soňy meni goýberjegow diýip, begençli oýlandy. Agşam Sary bagşynyň işiginde ot uludan ýakyldy. Bagşy aýdym aýtjak ýerinde otyrdy. Mylaýym howanyň yzynyň bir çöpüniň bardygyny hiç kim aňmaýardy. Bagşy Mylly bilen Pürliniň sazandarlygynda bu gije-de ýapbaldak heňlerden başlady. Ýöne ol Duşakdaky ýaly, damana ýapyşmady-da, üç-dört aýdymy ýapbaldak heňde aýtdy. Soň bolsa öz ýoly bilen aýdym daglarynyň depesine dyrmaşyp başlady. Bamy halky Sary bagşynyň owazyna suwsap gidipdi. Ol Aşgabada gideli bäri Bama örän seýrek gelýärdi. Bamynyň töwereklerindäki obalara, toýlara gelende bolsa, oba aýlanmaga eli hem degmeýärdi. Saý-sebäp bilen oba geläýende-de, aýdym-saz edip bilmän gaýtmaly bolýardy. Bu gün bamylylaryň gulagy aýdym-sazdan gandy. Sary bagşy häzir «Begleriň» tanapyny külterläp barýardy. Bagşy iki aýdymyň aralygynda özüne berilýän gaýnag suw bilen bokurdagyny daglady-da «Daş galda» örňeşip başlady. Bagşy yňranyp-yňranyp, gulaçlap, ýüzüp, agdar-düňder edip «Daş galdynyň» çür başyna çykdy. Halapda galdy watanym, Ýar üçin mesgen tutanym. Gadymkyja çagalar gal-do-oho-how, oho-ho-hoho-how-how Gal-deý, gal-deý, ga-al!.. ...Aýdym tapba kesildi-de, Sary bagşy bir ýana agyp gitdi... Pürli gyjagyny gapdala taşlady-da, ýüzin ýykylyp gaýdan kakasynyň kellesini zordan tutup ýetişdi. – Waý, näme boldy? Kimdir biri oduň üstünden böküp Sary bagşynyň üstüne topuldy-da, ony mäkäm gujaklady. Sary bagşy demsiz-düýtsiz ýatyrdy. Ol şol ýatyşyna, ertesi öýlänler gözüni açdy. – Kaka! Sary bagşy Pürliniň ýüzüne geň galyp garady. – Näme boldy? Hany – Ol ysgynsyz elini ýazyp goýberdi. – Aýdym aýdyp otyrkaňyz özüňizden gitdiňiz... – Haýsy aýdymdy? – «Daş galdy». Sary bagşy başyny ýaýkady. – Bolmandyr, bütin Bamyny agladyp gitmeli boldumow... Ol gussaly, çyglanan gözlerini tamyň depesine dikdi. – Otly haçan gelýär? Pürli sagadyna garady. – Ýene iki sagatdan. Sary bagşy bir salym gözlerini ýumdy-da, soň şol durşuna gepläp başlady. – Meni otly bilen Aşgabada alyp gidiň. Emma oba ýaşulylary oňa razy bolmadylar. – Näme diýseňem, iliň-günüň içidir. Sen şu ýerde galsaň gowy bolar, Sary – diýip, obanyň kethudasy Serheň gyzylgöz aýtdy – Gitseň, il-gün oňlamaz. Sary bagşy heniz gözüni açanokdy. – Meniň öýümem, ilimem Aşgabatdyr. Meni ugradyň. Çaltyrak ugradyň... Sary bagşynyň ak öýüni sökdüler-de, onuň tüýnügini işige getirdiler. Onuň üstüne düşek ýazdylar. Üç-dört adam Sary bagşyny tüýnügiň üstüne ýazylan düşege geçirdi. Soň ony Bamynyň wokzalyna bakan göterip ugradylar. 2-nji mart güni gün guşluga galyberende işikde saklanan owadan paýtun Sary bagşyny Aşgabatda Žukowskiý 54-däki kireýne oturan jaýyna alyp geldi. Bagşy öýüne gelip, garysyna galdy. ili-güni, dogan-garyndaşlary, bagşy –sazandalar ony soramaga gelýärdiler. Olar Sary bagşynyň süýünmek hor ýüzüne, çalaran sakgalyna, guýynyň düýbüne gaçan ýaly çala ýyldyraýan hassa gözlerine seredip, gözýaşa batýardylar. – Goýuň, goýuň. «Ýatan ölmez, ýeten öler». Siz meni, şeýdip, şumjaran bolup, öldüräýjek bolýansyňyz welin, men, nesip bolsa, köp-köp toýlarňyzy sowup bererin... – Agzyňdan Hudaý eşitsin, enşalla! Sary bagşy şeýdip, birden ýagşylaşdy. Hat-da, özi üçin bişirilen towuk çorbasynam hezil edip iýdi. Ejeligi eliniň süýjüligi üçin öwdem. Emma ajalyň oýny kän eken. 1934-nji ýylyň 4-nji martynda daňdan sagat dörtlerde, Sary bagşy öz halypasy Şükür bagşynyň yzyna düşüp, täze obasyna bakan assaja ýöräp gitdi... • Soňlama Hawa, birwagtlar bir türkmen gojasynyň Zakaspiý oblastynyň naçalnigi, goşunbaşysy Kuropatkine jogap berşi ýaly, türkmeniň ölüp-ýitip giden bagşy-sazandalaryny türkmen aýallary birwagt dogurdylar. Emma Sary bagş’yny welin henize çenli dogran aýal bolmady. Türkmen aýdym-saz akademiýasy, Allahy kereme, gaýtalanmajak beýik, görlüp-eşidilmedik üýtgeşik zehine eýe bolan, türkmeniň beýik çynar ogly Sary bagşy Köşiniň ilersinde, "Mahmyt işan" gonamçylygynda Aşgabatdan günbatara gidýän gara ýoluň çep gapdalynda bir gysymjyk mazar bolup ýatyr... Eger türkmen zenany ony gaýtadan dogran bolsady, onuň adyny bütin älem eşiderdi. Gör, ahyry, eşidilýän zat ýog-a. Ýöne bir ýatlamajyk galypdyr. Sary bagşynyň gölegçisi gelen batlaryna Hanmämmet gyjakçy gyjagynyň şeýtan perdesiniň düýbündäki teletin ýüpi çakgy bilen kesip, beýläk taşlap goýberipdir. – Ony näme üçin kesdiň – diýip, oturanlaryň biri sorapdyr. Onda Hanmämmet gyjakçy: – Sary bagşy gitdi, indi ol perdelere galjak bagşy türkmende döremez – diýipdir. Mylly Täçmyrat bolsa: – Dogry aýdýaň, gyjakçy, onuň ýaly serwer bagşy gaýdyp dünýä inmez – diýip, Hanmämmet gyjakçynyň sözüni tassyklapdyr – Sary bagşy bagşylaryň täjidir... Bu iki pälwan weli eken. Sary bagşynyň başyna geýen almaz täji henizem Sary bagşa garaşyp ýatandyr. Aşgabat. 2001-nji ýylyň ýanwar, oktýabr aýlary. 31.10.2001ý. | |
|
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |