17:31 Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» | |
9. «Ner zarbyny ner biler...»
Powestler
«Sapar baga meniň hakyky halypamdyr! Ol Hywa iline baran badyma meni garbap aldy. Meni gaty zarply tutup, öz ýoly bilen alyp gitdi. Onuň maňa ilkinji beren maslahaty: «Hywa iliniň bagşysy boljak bolsaň, sesiň birneme ýognatmalysyň. Ikinjiden, dessan öwrenmeseň seni bu ilde bagşy hasyp etmezler» boldy. Soň meniň her aýdymym, her sazym, her dessanym bilen birlikde, özüniň iň gowy aýdymlary ýaly, öz göwnününe ýetýänçä, gijeläp-gündizläp, aýlap-ýyllap syntgylama kemimi goýan däldir. Ahyry, boldum edeninden soň, öz gyjakçysy Sapar Beki bilen meni çatyp goýberendir...» Magtymguly Garlyýew, Türkmenistanyň halk bagşysy. * * * Nazar bagşy indi hakyky il bagşysy bolup ýetişdi. Ol bir salkynyna alty ýüz aýdym adyp görüpdi. Dessanlardan «Hüýrlukga-Hemrany», «Şasenem-Garyby» «Göroglydan» «Öwez getireni», «Bezirgeni» «Ar alyşy», «Arapreýhany», «Kyrk müňleri», aý garaz, «Göroglynyň ölümine» çenli kemini-kösüni goýman, aýtma kemini goýanokdy. Ol Hywa iliniň obalarynyň ählisinde ikiden- üçden toý sowma kemini goýmady. Indi ony Garagalpak diýmän, Ürgenç diýmän, Hywa diýmän, Buhara diýmän, özbek, galpak, gazak illerem toýlaryna gün yrman çagyrýardylar. Asyl, indi Baga bagşyny öz öýünde, obasynd-a däl, asyl Hywa ilinde tapmagam hyllylla bolup başlady. Ol bir görseň, ilerki illerden gelýändir, bir görseň galpaklayň toýuny sowup gaýdyp gelýändir, bir görseňem, Söýeg bagşy bilen özbekleriň bir obasyndan toý sowup gaýdyp gelýändir. Nazar baganyň özem indi häki bir ýumruk ýaly «Oglan bagşy» däldi. Indi onuň çagyrylan toýunda tamdyrasyny, gyjagyny märeke oturjak ýerde ýanýan oduň ojagynyň raýyşyna söýäp goýup biljek bagşyň, gyjakçyň ýokdy. Olaryň barysy Nazar bagany gördükleri eginlerini gysyşyp «Halypa salawmaleýkim!» diýşip, bir ýüz görkezişip, serçe sürüsine atylan daş ýaly bolup, ýok bolup gidiberýärdiler. Merdiräk bagşylar bolsa: – Aý, agamyz Döwsepit bagşyny diňlemänimize-de ep-esli wagt bolandyr» diýişip, tamdyra-gyjagyň ysyny çykarman, bir gyrada eplenip aýdym diňlär gaýdardylar. Indi onuň ady «Döwsepit bagşy» bolup galypdy. Ol «Döwsepit» diýseň, «Döwsepit bagşydy» Nazar baga indi düýbünden üýtgäpdi. Oňa öňler «Aý, Sapar baga diýenleri bir gözleri däli öküzüňki ýaly, mölerip hanasyndan çykjak bolup duran, oglan ol. Heýwere ýogyn dyn belent sesi bar. Onuň sesi gyjagyňy, tamdyraňy myzaýyg-a etmiýä. Ilki bir gygyryp başlanda, eddil pil molan ýaly, aýdymdan galan lezzetiň barynyň ýoguna ýandyryp goýberýe. Emma birki sagat geçendensoň, ýaňky «piliň molamasy» ýaly ses hüwdä öwňrüliberýe. Tap, onsoň onuň gapdalyndan gopa bilseň, gop-da hany. Aýdym aýdyp oturka dagy ylhamyna bäs gelip bilmän dyzyny ýere tarp-tarp uruberýe, uruberýe. Birdenem, şol barmana ýerinden turup, Märekäniň ortasynda aýlanyp, tamdyrasyny depesinde aýlap, aýlap, tap getiribem bir onuň kädisinden şapbyldady-y-yp ogşyp, aýdymyň sözüni dagysyny çeýnäp, çeýnäp, ýuwdup goýberip, ýene gelip ýerine oturan bir göhert – Döwsepit-laýt-haw ol!...» diýip gürrüň ederdiler. Emma indi Nazar baganyň sesi edil bir eşrepiň bar-da. Ol aýdyma başlandan her nagmasyndan bal damyp durdy. Onuň üstesine, ol ilerki illeriň beýik halypalarynyň sesi bardaky maslahatlarynam gijesi-gündizi diýmän, aýlap-ýyllap özüne şeýle bir zorlar salyp timarlady welin, indi, eý-bo-oý, diýende, märekäniň özi onuň özi bilen som-saýak bolar duryberýärdi. Onuň jukguldysy, gyrçymasy, yňranmasy, çeküwi, inüwi, yňranmasy, mälemesi, bagyrmasy, beýik derejelere, «şirwana»çykyp, aşak inmesindäki aýdyp bolmajak keramaty edil bir jan algyç ýalydy. Onuň ýanynda oturyp aýdymyny bir diňlänler «Döwsepit bagşynyň « gürrüňi edilse, gözlerini tegeläbererdiler. Asyl, onuň aýdymynyň sanawyna «Bibi» goşulansoň-a, Nazar bagşynyň aýdym mülküniň depesinden perişdeler uçana döndi. Indi onuň ähii aýdymynyň gözi ganly, bagry başly ýalydy. Ol indi aýdymlaryna şeýle bir üýtgeşik owaz, hüwdi, hyjuw, mähirli labyz garyp gatypdy. Asyl, indi bagşynyň aýdymlary, aýdýan dessanlary başga bir şirin derýanyň eşrepi ýaly suwuna ýugrulyp ýasalan ýalydy. Ylaýtada onuň: – Ahy-zarym, herne barym, Bagy-bakja, alma-narym, Ezber sen wepaly ýarym, Gelse, mähribanym Bibi! A-a-h, Bi-bi-bi, Bi-bi – diýip gygyranda, märekäniň gözünden gözýaşyň bulagy akýardy. Şeýle günleriň birinde, ýüňi ýeten Nazar baga Gubadagly Garagoja tiresinden Nury Çeýregiň toýuny sowup, bu toýda iki gije-gündizläp, at çapyşlygy goýduryp, hezil berip, öýüne alybilen toýpaýyny alyp, gün ýaňy guşluk boluberende öýüne gelip, ýaňy atdan düşüpdi. Ony aýaly Soltanbagt, ejesi Gül daýza begenişip garşy alyp, heniz goş-golamyny içerem salmandy. Edil şol wagt howlynyň daşky işigi batly-batly kakyldy. Salym geçmänkä: – Bagşy, seni sorap dur, iki atly – diýip, oglanlaryň biri habar getirdi. Nazar bagşy ukusyndan açylan ýaly boldy. Ol «Jemşitgala, Gubadag meniň toý sowup, ýaňy öýüme gelenimden habarly. Kimkä, janlarym» diýip, şu ýakynda toý çakylygy barlar, toý etjekmiş gepi ýetenler barada gysgaça oýlandy. – Barysynyň tertibi, möhleti kesgitlije bolmaly, öz-ä». Ol dähedem-dessemläp, böwrüne doňuz diňini salyp, daş çykdy. Howlynyň işiginde iki atly gyssanyp durdy. – Näm-ow, gelmän geçdi-l-ow. Çaltyrak çyksyn-la–diýip başy silkme telpeklisi azgyryldy. – Şu-ýow, Baga bagşysy, şuý! Silkme telpeklisi ýüzüni kese sowdy. – Salowmalekim! Geliň-de, geçiň! Silkme telpekli gözüni alartdy. – Senmi, Baga bagşy!? – Men. Atly heňkirip gepledi. – Tap, seniň doganyňy...çalt bol, derrewjik, atlanmaly. Han dädemiz «gelsin» diýip bizi ýollady. Nazar bagşy baş atdy. – Han dädemiz çagyrýan bolsa, derrew bararys. Ýöne aýdym-saz işi bolsa, gyjakçymam alalyň, olam golaýda ýaşaýar. Olar Baýram gyjakçynam alyp, niredesiň Tagta etraby diýip at goýdular. Olar Gün ikindä aganda Gurbanmämmet serdaryň Bedirkentdäki belent galasynyň günbatar derwezesiniň öňüne gelip sakladylar. Gala berk goralýan eken. Silkme telpekli nöker han dädäniň buýrugy bilen ýomutlaryň Nazar baga diýen bagşysyny alyp gelendigini habar berdi. Derwezäni saklap duran ýasawullaryň biri galanyň içine ylgady. Ep-esli salymdan soň ol gara dere batyp, ylgap geldi. – Giriberiň, giriberiň! Nazar bagşyny galanyň gündogar çetindäki tamlaryň işiginde atdan düşürdiler. Bagşy atyndan düşüp durşuna, galanyň içini synlap ýetişdi. Galanyň içi diýseň tertiplidi. Hatar-hatar tamlar, olarda aňyrda ak öýler, ileri başda gazygyna gaňtarylgy atlar görünýärdi. Hyzmatkärler bagşynyň atyny tutup, athana bakan alyp gitdiler. Özlerine gapdaldaky tama girmegi mürehet etdiler. Içine durşuna el halysy ýazylan jaýa girip-girmänkäler bagşy bilen gyjakçynyň öňüne çaý, nahar geldi. Içerde olaryň özünden başga adam ýokdy. Çaý, nahardan soň Nazar baga az salyn irkildi. Bir salymdan hüňürdi eşidildi. Içeri bäş-on adam gelip oturypdyr. Nazar baga öten agşamky ýadawlygynyň aýrylanlygyny duýdy. – Bagşy aga, «urşuň geňeşi ýok» diýenleri. Başlaberiň. Nazar baga Baýram gyjakça gözüni ümledi. Soň özi pessaý ses bilen muhannes sanamaga başlady. Ol ilki bilen «Düýşümde bir bilbil gördüme», «Mala seretmeze», «Galmaz-a» geçip muhannesden çalt çykdy. Soň niredesiň öz ýoly diýip, tutduryp başlady. Ep-esli aýdandan soň, içeriniň adamlary birden saýpallady. Ol ýaňy «Daglara» dyrmaşyp başlanda içeri Gurbanmämmet serdar girdi. Ol elini ýumşajyk galdyryp, «Aýdyber» diýen äheň berdi. Nazar bagşy «Daglarany» çeýnäp-çeýnäp, yňranyp, bozlap bir aýtdy welin, edil daglaryň özi onuň dyzlarynyň öňüne çöküp, eräberen ýaly boldy. «Daglar-eýt, dag-lar-a, Daglara-eýt, daglara, a-aa-ah, daglar-e-eý-ýeý, ýeý, dallar-a» Wah, daglara-a» diýip bir bozlady welin, asyl goýar ýerde goýmady. Bu aýdymy Nazar baga «Bibini» tapan döwürlri tapypdy. Ol şol döwürde «Bibi», «Nowgül», «Daglara» ýaly aýdymlaryň bir gidenini täzeden işläp, öz aýdym-saz akabasyny düýpden täzeläp goýberipdi. Indi onuň äheňi, bokurdagy, yňranmasy, jukguldysy, bögürmesi, bagyrmasy, gyrçuwy, kükremesi, yňranmasy, alaçaly ýag ýaly ýumşakdan süýjäp duran nagma öwrülipdi. Ol Han aganyň näme üçin birki sagat giç gelendigine gowy düşünýärdi. Il arasynda «Naza bagany diňlejek bolsaň, ony birki sagat ýagşy bögürdüp, soň sesi, äheňi ýumşansoň diňleseň armanyň galmyýa» diýen bir gürrüň ýoň bolup ýaýrapdy. Bu gep-gürrüňlerden Nazaryň habary bardy. Ýöne Nazar indi olar ýaly bolgusyz gürrüňleriň soňuna sogan ekipdi. Häzirem ol ýagşy gyzyp, şirwan perdesini elläp oturdy. Ol aýdymyny tamamlap, ýerinden ör turup, edep bilen baş egdi. – Essalowmaleýkim, han däde! Gurbanmämmet serdar ýylgyrdy. – Nazar jan, gurgunmyň, janyň sagmy, içiň-daşyň abatmy?! – Şükür, han däde! – Hany, otur, il içinde adyň, şan-şöhratyň dilden-dile geçýe. Bizem, adyňa aşna bolup, bir diňlemegiň arzuwunda gezdik. Ine, şu gün nesibämizde bar eken, seni diňlemek. Maňa bir bäş-on aýdym aýdyp ber-de, soň «Keroglydan» bir dessan aýdyp ber. Başlaber. Gurbanmämmet serdaryň äheňi ýumşakdy. Nazar baga öň «Jüneýt han» diýlende, edil bir agzyndan otly zäher, gamçysyndan nähak, gara ganlar syçrap duran zabundan zalym adamy göz öňüne getirýärdi. Emma häzir onuň öňünde başy gyzlymtyl, ýaşyna ýetmedik guzy derisinden inçelik bilen tikilen, gyzylymtyl öwsüp, täsin buýralanyp duran Hywa içimli telpekli, içinden täze, gyzgylt reňkli hywa don, onuň üstünden gumreňk gyzgylt agar çäkmen geýnen ýüzi şuglalanyp, nurlanyp, tutuş ýüzüni gyzgylt görkezýän daýanyklydan berdaşly pälwan oturdy. Onuň oturşynyň özem bir sungatdy. Bagşy gyjakça baş atdy-da, atyny belent perdä çekdi. «Gelemen», «Gyrat gel», «Şirin-şeker», «Sarykdurna», «Hüwjan», «Nowaýy», «Jelil», «Kelezaw», «Döwletýar kyrk», «Toýa geldiňmi», «Ýandym gyryk», «Meşrep», «Hojamguly teke», «Ak maýa gerek», «Hajy golak», «Ýandym» ýaly aýdymlarynyň hersinde, Gurbanmämmet serdar bir tisginýärdi-de, soň iki gözüni ýumup, doňňara daş ýaly bolup oturýardy. Nazar bir ýuwdum gaty gyzgyn çaý owurtlady-da, dessana geçdi. Ol gijäniň bir wagtyna çenli «Bezirgen» bilen daraşdy. ...Dessan ýetjek ýerine ýetip, Bagşy joşup, däli-porhan bolup, kükräp, dilinden şirin nagmalar damyp: «Tap, göreniň Garahan döw, pah-pah, haý zaňňarjyk, Aýsoltany duluna geçirdim edip, indi dünýäde bi arman bolup, goýdy başyny bir araba ala-gury ýorunja küdesini. Urdy ukyny. Kerogly bolsa eline düýrme gylyjyny aly-yp, telim günläp, ýary-Huda pirini çagyry-yp, jöwher gylyjyny, tap, ýa Alla! – diýip, Garahan döwüň ol ýerinden bir sokýar, bu ýerinden bir sokýar. Bu zaňňara tap, gylyç-pylyç asyl-ha kär eder ýaly däl. Ýedinji gün diýlende, Garahan döw ukusyndan açylan ýaly bolup, aýaklaryny gaşap başlady. – Pah, bu ýeriň peşesi, çybyny-çirkeýi dym ýaman eke-oý. Endam-janymdan dişläp goýmady – diýip, bir samyrdady. Garahan döw bir görse, kimdir biri eline özüne oňarmadyk heleýiň iňňesi ýaljak bir zatjagaz alyp, onuň endam janyna dürtekläp ýör. Garahan döw başyny galdyryp: – Haýt, peläket, sen bu ýerlerde näme işläp ýörsüň – diýip azgyryldy. Görogly beg bu duýdansyz çykan ýakymsyz sese ziňkildäp gitdi-de, özüni dürsäp: – Haý, bagty ýatan Garahan, men indi ýedi gün bär seniň bilen söweşip batyn» diýenden Han däde ilki bir ýylgyrdy, soňam içini tutup, silkinip-silkinip güldi oturdy, güldi oturdy... Dessan tamam boldy. Han razyly bilen gobsundy. – Nazar jan, berekella, hezil berdiň. Sen-ä, aýdyşlaryça bar ekeniň. Hakyky bagşy bolup ýetişipsiň. Senden towakgam «Bäri gel edenimde» gyn görme. Men seniň gadryňy bilerin. Zada zar etmen. – Soň ol töweregine seretdi. – Bagşymyzy sylaglap, serpaýlap, kemini goýman, getiren ýeriňize ynjytman alyp baryň. Han hoşlaşyp, çykyp gitdi. Bagşa, onuň gyjakçysyna içi doly horjun berdiler. Soň olary öýlerine çenli ugradyp gaýtdylar. Gurbanmämmet serdaryň Nazar bagany sulhy aldy. Ony her aýda iki-üç sapar galasyna çagyryp, diňleýärdi Şonuň üçin indi Nazar baga iliň toý çakylygyna-da kän bir batyrgaýja baryp bilenokdy. Ýöne ol aralykda Gurbanmämmet serdary habarly edip, ýene Ilerki illere aýlanyp gaýtdy. Ony gynandyran zatlaryň birnäçesi Durdy bagşynyň, Şükür bagşynyň dünýesini täzelemegi boldy. Iň bir gyn gören zady Magtymguly Garly obadan göçüp giden eken. Ol Änewde, Duşakda, Tejende, başga-da birki ýerde aýat berenden soň, Sary bagşyny, Täçmämmet Suhangulyny, Mylly Täçmyrady, Pürli Saryny görüp, görüşip, olar bilen birküç toýy sowuşyp, yzyna dolandy. Gum içinde her gije toý sowa, sowa, güýzüň başyna ýoldaşlary bilen Hywa illeriniň jana şypaly jülgesine indi. Şol gelşini ýolugry bolansoň, ol Ýylanlynyň bazaryna degip geçdi. Bazar gyzypdy. Nazar baga köpçülige garyşyp gitdi. Ol bazardan zerur gerek harydyny alandan soň, bir gyra çekildi. Dogrusy, häzir bagşa onuň ýaly zerur zadam derkar däldi. Onuň bazara soowulmagynyň sebäbi, telim günläp ynsjynssyz çölüň içinden geçip, birhili märeke küýsänligidi. Ikinji bir sebäbi bolsa, ol Kaka baranda Magtymgulynyň Hywa illeri diýip gaýdandygyny eşidensoň, Alilioýdan tanyş-biliş görse, ondan habar sorajakdy. Emma içiňi ýakaýyn diýen ýaly, Kürt obadanam, gökleň obadanam, Alilioýdanam tanyş adama sataşmady. Ol edil ýitigini gözleýän ýaly, bazar märekesini saglyn, çeplin, telim gaýta darady. Şonda Bagşynyň gözleri gaýra gapdalda topar bolup duran adamlara dikilip galdy. – Alla janlarym, şolmyka? – Ol daşyndan samyrdady-da, gaýra gapdala ýöredi. Ony gören adamlar bagşa tarap ugradylar. Gelip-gelip gadyrly salamlaşdylar. Özi bilen boýdaş ýigit bolsa, haýran-birýan bolup aňňalyp durdy. – Sen-aýt, Magtymgul-a dälsiň-dä?! Ýüzi durşuna gaş bilen murt, sakal bolup duran ýaş ýygyr eliň aýasy ýaljak kürtsow ýüzüni eýl-ä-beýlä sowdy. – Wäh, sen Nazar jan bolsaň, men şol diýýäniň-le! Iki bagşybagyrlaryny bagyrlaryna berip gujaklaşdylar. Magtymguly samyrdaýardy. – Gadaý, men sen diýip gelip, seni tapman serim-sal bolup ýön-ä. Sen meni nädip tapaýdyň, gardaş janym... Ine, şeýdibem iki bagşy duşuşdy. – Hany, ýör öýe. – Haýsy öýe? – Jemşitgala! – Dur, gadaý, onda men eşegimi bir alaýyn. Nazar onuň ýüzüne garady. – Hälem eşek münüp ýörmüň? – Pah, bu eşek at bold-a. Nazar güldi. – Men-ä at göremok. Ýöri, häli at bazaryna bir baraly. Olar töweregindäki adamlar bilen üýşüp at bazaryna bardylar. – Hany, Magtymguly jan, sen bir özüňe at saýla. Olaryň töweregindäki adamlar arkasy sepgilt-sepgilt ak alaşany saýladylar. Nazar habarlaşdy. Sow at eýesiniň diýen ýerine-de ol aty satyn aldy. Soň gowy eýer, horjun alyp, onyň içinem nogul-nabatdan, kişmiş-kişdeden doldurdy. – Eşegiňi indi ýanyň alsaň bolar. Magtymguly eşegini agalarynyň obasyndan bolan bir adama tabşyrdy, – Men Nazar baga bagşa duşdum. Meni şolardan idesinler. – diýdi. Şondan soň Nazar baga bilen Magtymguly niredesiň Gubadag, niredesiň Jemşitgala diýip, ugradylar. Şondan soň Nazar baga Magtymgulyny goýbermedi. Iküç dün-ä ilini-gününi, garyndaş-dogan, goňşy-golamyny çagyryp, «Ileri illerden aga-inim gelipdir» diýip söwüş etdi. Soň ikiçäk galyp geçen günleri ýatlap, iç döküşdiler. Diňe bäş-on gün geçenden soň Nazar baganyň garyndaş-doganlary, goňşy-golamlary saýpallaşandan soň Nazar onuň Hywadaky ýagdaýlaryny soraşdyryp başlady. – Sen, gadaý, indi maňa öz hal-ahwalyňdan bir gürrüň ber. Magtymguly Nazar baga bilen öwrenişdi. Oňa indi gepiň haýsy ugrunuň gerekliginem aňdy. Asyl, görüp otursalar, Magtymguly bilen Nazar gözlüje ýaşyt eken. Ýöne Bamyly Sary bagşynyň aýdyşy ýaly, akyl, zehin, başarnyk ýaşda däl-de, başda bolýan eken. Halypanyň aýtmagyna görä, Kel bagşy ondan kän bir ulam bolmasa, onuňam, Täçmämmet halypanyňam halypasy eken... Magtymguly Hywa gaýdyşynyň taryhyny gürrüň berdi, . Soň: – Men Kürt obaly Allanur kakamlarda düşledim. Şondan soň Atabaý bagşy bilen az-owlak tirkeşip barşyma, saňa sataşdym. Bu ilde adyň arşa göterlen eken, bagşy. Kimi görsem:»Sen Nazar baganyň ussahanasyna girmeli bagşy ekeniň «diýdi durdy. Atabaý bagşynyň özem «Al-eý, inim, Sen bir Nazar baganyň depgininem bir gör» diýip aýtdy durdy. –diýdi. – Hawa, indiki maslahat?!Magtymguly düwündi. – Maslahat şol bagşy. Urşuň geňeşi ýok, şu wagt başla diýseňem men taýyn. Maňa, näme diýeýin, senden başga halypa derkar däl. Nazar baga sesini çykarmady. Sebäbi onuň henize çenli şägirdi ýokdy. Ýöne Sapar halypadan şägirdi nähili taplamalydygyny öwrenme kemi galmandy. Onuň şu wagta çenli şägirdiniň ýoklugynyň bir sebäb-ä, şu güne çenli göwün diýen, eli, sesi, hyjuwy, dili, gaýraty ýerbe-ýer bagşa duş gelmedi. Ikinji sebäbem, öň onuň halypadan patasy ýokdy. Bir sapar Gurbanmämmet serdar mesaýy gürrüňçilikde: – Nazar jan, sen kimden pata alan–diýip sorady. – Han däde, meniň-ä patamam ýok! – Gurbanmämmet serdar myssa ýylgyrdy. – Weý, oglan patasyzam bir bagşy bolarmy, bardyr-a saňa ýol-ugur öwreden biri. – Bar, Han däde. Men Sapar halypadan ýol-ugur öwrendim. Ýöne, ol-a halys garrady, soňam iş-güýç çykyp, «pata-sata» elem degmidi. – Sapar diýeniň Sapar süýrentimi? – Hawa! Gurbanmämmet serdar atlylaryndan birki sanysyny iberip Sapar halypany galasyna getirtdi. Şonda ol: – Sapar bagşy, sen näme Nazar baga pata bermänsiň-le!–diýdi. Sapar halypa özüni näme sebäbe görä Hanyň idändigine düşünip galdy. – Han şu Nazar bagşy müň pata berseňem az boljak bagşydyr. Ýöne ara bir şeýtel düşüp, patasyz galyberipdir-dä! – diýdi. – Muny beýtme, Sapar. Bagşy pataly bolsa ýagşy... Sapar halypa şol ýerde Nazar bagşa pata berip, rowaçlygy üçin doga-dilegler edip kemini goýmady. Munuň üçin Gurbanmämmet serdar onuň sylag-serpaýyny ýetirip bilipdi. Ine, indi onuň şägirt almaga doly haky bardy. Nazar bagşy ilki bilen Magtymgulynyň goruny gördi. Magtymguly iki ýüze golaý aýdym bilýän eken. Onuň aýdymlarynyň ählisi, zowwam girilip, zowwam çykylýan aýdymlardy. Onuň jukguldysy, yňranmasy, çyrpymy, gyrçuwy ahalçady. Ahal aýdymlarynda esasy güýç sesiň belentligine berlip, aýdymyň ahyrynda –da dabaraly jukguldy bilen bezelmelidi. Nazar beýle aýdymlary kän eşidip, ahal aýdymlaryny aýdýan bagşylary hem kän görüpdi. Ol Magtymgulyny birlaý diňländen soň, oňa ýagdaýy düşündirdi. Magtymguly bagşy, men seni diňledim. Tüweleme, sesiňe, eliňe, tamdyra ezberligiňe, iniş-çykyşyňa söz diýer ýaly däl. Ýöne, bu sesiň, bu goruň bilen yzyňa gaýdybermeseň, Hywa ilinde hyrydarly bagşy bolup bolmaz. Ilki bilen-ä, heleý ýasow sesiňi birneme ýognatmaly bolar. Ikinji bilenem, azyndan iküç dessan öwrenmeli bolarsyň. – «Göroglynammy»?! – «Göroglyn-a» ilki bilen. Aýdymlaňam başga ýola salmaly bolarsyň. Ine, şuňa razy bolsaň, Aý, özdeň-duşum bolup, duz-çöregimi işip, maňa nokgy-nokgy edip akyl satan bolup otyr» diýmejek bolsaň, men seni şägirt edip alaryn. Ýöne, bilip goý, tä, özüm bolandyr diýýänçäm, sen meniň şägirdim, menem seniň halypaňdyryn. Tereň-türeň gürrüňleri, käýinji, igenji çekmelem, ýuwutmalam bolarsyň. Ine, şuňa razy bolsaň, ýadamany-ýaltanmany bilmerin, men öwrenmäge geldim» diýseň, işikde geziber. Emma «ýak» diýseň, onda sen meniň janymdan ileri mymanymsyň. Bizde «Myman ataňdan uly» diýýendirler... Şol günden soň Nazar bagşy Magtymgulynyň bogazyny, bokurdagyny, tutuş içki dünýäsini täzeledi. Oňa ilki özi aýdyp, şondan soň şägirdine aýtdyryp, gijesi-gündizi ýok, gaçyşyp, kowuşyp keýpden çykdy. Iküç aýdan soň Magtymguly düýbünden täze, görlüp-eşidilmedik bir bagşy bolup çykdy. Bir gün Nazar bagşy Magtymgulyny gyjagy bilen ýanyna alyp Alilioýdaky öwlüýäçilige alyp bardy. Olar gonamçylygyň golaýynda atdan düşüp, ýatanlara doga-dilegler etdiler. Soň Nazar baga ýoldaşyny ileri başda ýatan bir mazaryň ýanyna eltdi. Mazarçylyk çebiş asybermeli ýandakdan, şahalaryndan sallançak uçubermeli akbaşdan , beýleki çör-çöpden ýaňa dik duran adam görner ýaly däldi. Nazar baga tamdyrasyny gabyndan çykaryp ýoldaşyna ümledi: – Kowuber. Magtymgulynyň ömründe eşitmedik mukamy ýaňlanyp başlady. – Gamzaň ýeli degidi başa, Haýran etdiň halym bibi-eý, eý. Bizi goýup gitme daşa, Akar gözden ýaşym, Bibi. Ahy-zarym, herne barym, Bagy-bakja, alma-narym, Ezber sen wepaly ýarym, Gelse , mähribanym Bibi! Ah, Bibi, A-a-ah, Bibi! Bu çola mazarystanda aýdylan juda eşrepili, eşretli täsin aýdym tamam boldy. Magtymguly aljyraňňy halda Nazar baganyň ýüzüne garady, – Halypa! – Görgüliniň özi heniz diri wagty maňa sowgat beren aýdymydyr. Bir sapar gizlin ýerde duşyşykda menden haýyş edipdi.»Eger ölsem, şu aýdymy mazarymyň başynda aýtmasaň razy däldirin» diýip. Şo saparam iň soňky görşüm bolupdy, görgülini. Galanynam soň bir gürrüňçilikde aýdaryn. Olar ýene doga-dileg edip yzlaryna gaýtdylar. Ine, şeýdip, Magtymguly Garlyýew öz halypasy Nazar baganyň öz sazyna düzen aýdymyny öwrenip galdy. Soň «Nowgül», soň «Daglara» şeýdip aýdym yzyna aýdym, dessan yzyna dessan öwrenip, şol ýylyň ahyrynda Nazar baganyň patasyny alyp onduň rugsady bilen ile goşulyp gitdi. «Alili bagşy edil Nazar baganyň belent depginine çykyp bilmese-de, pessaýdan ýumşaksy sesi, jukguldysy, yňranmasy bokurdak, burun nagmalary bilen halypasynyň belent mertebesini ýyllardan ýyllara äkiden mertebeli bagşy bolup, türkmeniň ýüregine siňip galdy. Näme diýseňem, çyn halypa halypa bolýar. Soň, soňla «Alili», «Çuwal» bagşy adyny alan Magtymguly Garlyýew Nazar baga bu dünýäden gaýdýança onuň töwereginden aýrylmady. Dogry, wagt hemme zady öz ýerinde goýýar diýseler hem, Magtymguly Garlyýewiň belent ussatlygy, bagşynyň «Bibi», «Nowgül», Daglara» diýen aýdymlarynyň hut Nazar baganyň belent zehininden dünýä inendigi barada unudaňkyrlady. Käbir biler, bilmezler «Bibili» gürrüňi rowaýat edip, Magtymguly Garlyýewe dakjak bolsalar hem ol hiç ýer tutmady. Beýik bagşylar indi niçeme wagt bäri aýatda ýok. Ýalan-ýaşryk rowaýatlar toslap, olaryň ruhuny ynjytmak bolmaz. Biz ony olaryň özleri ýok diýip, ýoýsagam, ýel goýar, gol goýar, dil goýar, il goýar, ahyr her zat öz ýerine baryp ornaşar. | |
|
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |