14:15 Palindromaniýa: Kök küý kiss me | |
PALINDROMANIÝA: KÖK KÜÝ KISS ME
Powestler
Hürri oýanyp ugrady, ýöne koma öz güýjünde entek. Bu dünýäde uklap o dünýäde oýanmak, ýatsa-tursa oýuna gelmejek zat bolsa-da, ol ukuda wagty bu hakda pikir ýöretdi. Ömür diýlip gysgaça at berlen ýaşaýyş şertlerinde beden we ruhy birleşigi başardygyndan sazlaşykly edara edip ýörşüne, ol birden, haýsydyr bir heläkçilik ýüzünden agyr uka gitdi. Kellesine bita taýak bilen urlan wagty onuň beýnisi edil beýik partlama, ýagny älemiň döreýiş pursaty ýaly hadysany özünde berkarar etdi. Ol indi başga bir reallykda ýaşap ugrady, bu ýöne ölüm däldi. Ol geçen durmuşynyň fragmentlerini edil mozaika ýaly düzüp-sepläp, wakalaryň logikasyny tapmak bilen gümra. Hem hyýaly zatlar görýär. Ol indi başga bir ruhy-fiziki birlige öwrülenden soň, öz öňki sypaty hakda arkaýyn pikirlenip bilýärdi, indi hiç heder ýok. Hemmeden, hatda özünden gizlän sypaty hem ony gorkuzanok. Mirap bilen eden söhbetleriniň birinde ol Wenara saýýarasy, gözellik taňrysy Afrodita, şeýtan we Lýusifer hakda baş-barat pikir alşypdylar. Lýusifer gadymy suratlarda ujytly owadan zenan keşbinde bize gelip ýetipdir. Germofroditler hakda wekipediýadanam maglumat alypdyr Hürri. Hatda germofroditleriň birsiniň Puşkine hem gabat gelendiginem okapdy. Hudaý saklasyn, doglanda şeýle doglan bolsaň nähili bolardy diýip oýlandy. Ol görmegeý ýigit keşbindäki aýal jyns organly germafrodit. Göz öňüne getirmek aýylganç. Birdenem ol belent bolmadyk daglaryň arasy bilen gelýän mähelläni gördi. Alabeder märeke. Öňlerinde uzyn we giň lybasa bürenen ruhany, depesinde gara tahýa, gulaklarynyň gapdaly bilen gulpaklary sallanyp dur. Märekäniň arasynda bäş-alty ýigit bir geçini idirdikledip gelýärler. Hürri men bu ýerde nädip peýda boldumkam diýip, oýlanyp durka, gapdalyndan geçip barýanlaryň: – Bu gün günä geçişlik güni – biziň üçin iň bir ýagşy gün – diýşip özara gepleşýändiklerini eşidýär. Ahyr olar takyr meýdana gelip sägindiler. Mähelle bir zada garaşyp, biraz tolgunyşýar. Başy gara tahýaly ruhany bir düşnüksiz dilde aýat okap, ýigitlere geçini ýanyna getirmegi buýurdy. Derrew onuň aýdanyny ýerine ýetirdiler. Ruhany ellerini geçiniň buýnuzly başyna goýýar. Hamala geçi pakyryň boýnuna bütin halkyň eden ýazyk-günäleri ýüklenýär. Soňra geçini boşadyp, sähra tarap kowup goýberýärler. Şeýdip hem bir halkyň günälerini “depme halal” edýärler. Şondan soň ol halk arkaýyn bolup bilýär. Hürri bu görnüşi kino tomaşa eden ýaly synlaýar. Ýöne görýän sahnasy akgara lenta düşürilen retro film ýaly. Şol aralykda Hürriniň gözi Esfire düşdi. Olam şol mähelläniň içinde bar eken. Onuň hem edil ruhanynyň egnindäki ýaly giň-uzyn lybasy bar. Ruhanyňkydan bir tapawudy onuň köýneginiň öňünde hem ardynda uzaboýuna Dawudyň ýyldyzy bar. Ady ýadyna düşmeýän ülkäniň baýdagyna çalym edýän şol lybasda gülendamly Esfir gülden eýjejik görünýär. Ol Esfire golaýlaşasy geldi, ýöne oňa ýetip biljek däl. Gök asmana seredip ýokardan aşak uzak bulutlary synlady. Bulutlaryň dymjygyp durşy başga bir dünýäniň bosagasy ýaly. «Esfir – diýip, ol ýuwaşja pyşyrdady. – Seni ýanyma çagyrjak bolýan, ýöne sen ilki gören günüňden meni halamadyň öýdýän?! Barybir men seni gowy gördüm. Şu mahal ýanyma gelseň, seni özüme çekip, iň azyndan sekiz gezek dagy ogşaryn. Maňlaýyňdan, gözleriňden, ýaňagyňdan, göwüsleriňden... Sekiz gezek. Soňam hiç kimiň aýagy sekmejek arzyly mekana äkiderdim». Hürri komadan açylyp gelýär. Bir özüne bir palata berdiler. Ýatan palatasynyň könelşen penjiresinden garaňky asmanyň bir çeti görünýär. Bu ýeriň tukatlygy iýip barýar. Bar zat gam-gussa boýalan ýaly. Diňe garşysynda oturan şepagat uýasy Hürriniň dünýäsini ýagtyldyp, ýaşamaga umyt berýän ýaly. Egni halatly gyz Esfire hem meňzeýär eken. Zenan ýalňyşmasa ýagşy, ýalňyşsa has gowy (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Şu gün iki tür duýgyny başdan geçirýän, şol iki duýgy meni üzüp-ýolup barýar. Göwnüme şu gün Merdan bir ýerden çykaýjak ýaly. Ýene bir duýgy bar, ony kelläňde aýlamak gorkunç. Indi söwer ýarymy gaýdyp hiç haçan görmejek ýaly men. Ýok, beýle bolmagy mümkin däl, asla beýle aýylganç zady oýlamak jenaýat. Merdanyň dolanmagy üçin Bapby birgadyň aýdanyny etmelimi? Onuň tiz-tamam, salamat dolanmagy üçin şol agsak ýigrenjini ýorganyňa salmalymy? Onda Merdana dönüklik edenim bolar. Dönüklik bolsa ölüm ýaly zat dälmi? Ony kalbymda öldürip, soňra ýanyma diri sulbassyny getirmek, nä bela. Düýn gülleriň öňünde durkam, arkamda peýda bolan Bapby birgada «Men sizi islämok, siz meni zor bilen bir zat etjek bolsaňyz, diňe meniň bedenimi basgylarsyňyz, ýöne kalbym ýeke-täk söýen ynsanymyň ýanyndadyr» diýipdim. Bapby birgadyň gelmeli wagty golaýlaýandyr öýdüp, bagyň içi bilen näbelli bir tarapa barýan. Bagyň çuň ýerinden Merdanyň sesi ýaňlanaýjak ýaly, göýä «Ziýnäm-m, janym, men geldim» diýip gygyraýjak ýaly. Kalbyma buýrup bilmesemem, bedenime buýrup, haram agsagyň aýdanyny etmegi ýüregime düwdüm. Merdan bir gelse bolýar. Birje gezek garasyny görsemem bes. Onsaň ýanyndan aýrylmaryn. Gidip barýaryn bagyň içi gum-gukluk, guşlary nirä gitdilerkä? Özümi basmaga, has anygy içimdäki pikirlerimi, duýgularymy saýhallamaga çalyşýan. Merdan bar wagty Bapby birgat barada näçe pikir etsemem, her hili ýagdaýda ony göz öňüme getirsemem gorkmaýardym. Merdan gidensoň welin meni gorky yzarlaýar, ýok asyl içim doly gorky. Merdan gapdalymda bir zada güýmenip ýörendir, men bolsa şu haram ýezidi kellämden çykaryp bilmän oturandyryn. A belki Bapby birgat hiç kim ýokka... belki ahmal galsam... gygyrjak bolsam, agzymy zor bilen tutar... eşiklerimi ýyrtyşdyryp... Men hemme zady göz öňüme getirip, soňky pursat bulaşyk duýgulary özümden kowýardym. Edil dury suwy eliň bilen bulandyryşyň ýaly, bulanyk meýilleri, duýgulary has bulandyrýardym. Belki şol wagt pikir edip gorkan zatlarymy isländirin men?.. Bagyň iň buljum ýerine gelipdirin. Ýaýbaň şahalary asmany gizläp duran baglaryň garaňky kölgesinde, pesejik haýatly jaý. Wi-iý, bi şol jaý dälmi? Gadagan edilen çäge gelipdirin. Derrew Merdanyň bu jaýa golaýlaşmaly däldigi hakda aýdanlaryny ýatladym. Muny ýigrenji Bapby birgat ezizime zynharlap tabşyran eken. Merdan maňa hem jaýyň töweregine hem golaýlaşma diýipdi. Men ör-gökden gelip, ol ýere aýagymam sekmerin diýipdim. Indi bolsa görsene, edil öz aýajyklarym bilen geldim. Bagyň buljumyndaky pesejik haýatly ýalňyz jaý. Howla tarap bir ädim ätleýärin. Daş-töweregim ýeňiljek tüsse, ýüzärligiň ysy gelýän ýaly. Men bu jaýyň gapysyny tapyp bilmän, dört tarapyna aýlandym. Dört gezek dagy aýlanamdan soň, ýadap, haýatyň gyrasyndaky sekä gözüm düşdi. Baryp dyz epdim. Rahatladym. Ukymam gelýän ýaly. Irkilip barýardym. Golaýjygymdan eşidilen sese tisginip gitdim: – Ezizim, Ziýnäm! Bir aýagy agsaklap gelýär. Nämüçindir. Men gözlerime ynanmadym: – Merdan! Merdanym! Sen! Sen nirden çykdyň, ezizim gökden indiňmi? Merdanymyň gözleri gülüp dur, ol gapdalymyzdaky jaýy gözleri bilen görkezýär: – Bu mesgene ýakynlaşaýmaň diýipdiler-ä? Ynha, sen ol aýdylany tersine etdiň welin, ikimiz bir-birege gowuşdyk. Gizlin hikmet bu, Ziýnäm. Ol hikmetem indi bize aýan, indi hiç zatdan gorkma, ezizim. Gowy günler indi geler, Ziýnäm. Öz gapymyzdaky injir daragtynyň saýasynda bagtly günlerimiz başlaýar. 2-nji kitabyň prology Soň wakanyň gahrymanlary sahna çykýar. Şeýlelikde oýun tamam bolýar. Sahna perdesi ýapylmanka hemme sahnada peýda bolýar. Turuwbaşdan sähranyň ponaramasy sahna sygmajakdygy belli. Muny giç aňşyran Çopan göze görünmeýän üç menpetde bilen entek oýun gutarmanka oýundan çykdy. Çagalygyny gözi öňüne getirse, Buratinony ýatlaýan Hürri, Gyr obadaky ak selleli babanyň ýanyna gatnaýan, balyk tutmagy gowy görýän çaga biraz ýarawsyz. Köçe çagalary bar zada burnuny sokýandyr öýdüp kellesini deşipdiler. Hürri hyýalynda Buratino hem bolýar kädaýym. Hazyna gizlengi gapy ýanýan ojagyň suraty asylan diwaryň aňrysynda. Ol bolsa diňe şony burny bilen deşipdi. Mylakatlyja Malwina Buratinonyň oturan maýyp arabasyny nädibem bolsa şüdügärden sürüp barýar. Ýarymukuly Hürri içgepletmelere gümra: «Balygy deňizden çykardylar, emma deňizi balygyň kellesinden çykaryp bilmediler». Ahyr bir-birne gowşan Merdandyr Ziýne sahna gelmediler. Olar öz baglarynda ýetişen almanyň P-2 sortundan dadyp görsekmi diýip oýlanýarlar. Şeýdibem täze waka başlanýar. (soňy) 22/02/2022 Sylapberdi Muhamow. | |
|
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |