13:42 Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym | |
• Köşkde ýaňlanan aýdym
Powestler
Bu ýylyň yssysy gaty gazaply gelipdi. Şonuň üçin sentýabryň işiginden girilse-de, ýeriň howry ýatar ýaly däldi. Ýöne aşgabadyň şu günki säheri janyňa derman dolup siňýärdi. Daň bilen Aşgabat wokzalynda düşen iki pyýada Köpetdaga bakan howlukman ýöräp gelýärdi. Olaryň bir elinde mahmal gaba dolanan dutar bolsa, ýaşyragynyň elindäki gyjakdygy bildirip durdy. Ýöne arkalaryna alan çuwallarynda weli näme bardygyny aňyp bolanokdy. Çuwallar doly bolsa-da beýle bir agyr zada meňzemeýärdi. Sebäbi olar arkalaryndaky çuwallary ol eginlerinden bu eginlerine geçirjegem bolup barabokdylar. – Bolmasa, paýtun tutaýaly-la? Ýaşuly gapdalyndaky başy gulakçynly ýigide seretmän sözledi. – Wagt, utmasak, paýtunly bardyňam-da, onsoň Gaýgysyzyň jaýynyň öňünde sömelip oturjakmy. Bir jaýlyrak ýer tap, oturyp, dem-dynç alaly. Ol ýere baransoň, näme diýmeli? Kepimiz bir çykmaly. Senem meni ýüňsakal etmejek bol. Gerek ýerinde «Hä-howa» berde otur. Pürli sesini çykarmady-da, wokzalyň gapdalyndaky ýola bakan öwrüldi. Olar şondan iki tirkeş bolup, ýaňy düýbi tutulýan «Lenin bagy» diýilýän ýere geldiler. Bu ýerde gurluşyk başlanyp, kerpiçmisiň, çagylmysyň, çägemisiň, uly-uly üýşmek bolup ýatyrdy. Sary bagşy ýodajyklaryň birinde goýlan oturgyjyň üstünde egnindäki çuwaly, dutaryny goýdy. Soň başyndaky gaba silkme telpegini çykardy-da, onuň içinden ullakan ak ýaglyk alyp, maňlaýyny, boýnuny süpürdi. Soň töweregine syn saldy. – Bu ýerdenem-ä bir gurluşyk başlapdyrlar. Pürli kakasynyň oturanyna garaşyp durşuna, egnindäki çuwaly düşürip, eline saklap, bir eli bilen gyjagy gysymlap, baş atdy. – Şu ýerden Lenine ýadygärlik gurjakmyşlar. Onuň ýadygärligini ýasap, şu gün-erte aşgabada getirjekmişler. – Nireden getirmeli, ony. – Baýramalyda patyşadan galan top bar eken. Şony eredip, ondan Lenin ýasapdyrlar. Şol Leninem şu ýerde oturtjaklar. Sary bagşy sesini çykarmady. Emaý bilen oturgyja çökdi. – Elindäkini goýsan-a, şu ýerdejik. Pürli baş atdy. – Siz entek jaýly oturyň, goýaryn, alada etmäň. Sary bagşy Gaýgysyzyň birki ýyllykda beren sagadyny jübüsinden çykaryp, gözüne golaýladyp seretdi. – Heniz sekizem bolmandyr. Pürli oýa batyň otyrdy. Onuň beýle agyr oýa çümmegi Sary bagşynam ünjä goýdy. – Ýa bu işimizi oňlamazlarmyka? Pürli başyny galdyrdy. – Seýitmyrad-a begendi, kaka. «Gaýgysyza-da özüm ýagşy düşündirerin» diýdi. «Olam-a ýer deper, şonda-da yzyňyza dönüji bolmaň-a» diýdi. – Yz-a dönüljek däldiris, ondan ýaňa Öwezbaýyň oglunyň ýasy ýany ýerde bolaýmasyn. Pürli agzy mäkäm eken, kaka. Sözlemänkäň düşünip dur. – Öwezbaýyň ogly-da. Başga nähili bolsun. Başgaça bolmaz, ogul. Wah, ýöne bolmaýan zatlar bar-da, Gaýgysyzyň kürsüsi şonuň ýeri, şonuň... Pürlem baş atyp goldady. – Asyl, Uspen halypanyň getirmek hem şonuň işi bolsa nätjek. «Şol halypany getireli, türkmeniň saz hazynasy ýere siňmesin» diýen. Onuň özem şaýyrmyşyn. Iliň içinden nakylmysyň, aýdymmysyň, hekaýatmysyň, gazal, dessan, rowaýat ýygnap, uly kitap edenmişin. Sary bagşy baş atdy. – Aý, olar ýaly akyldarlar müň ýyldan bir döreýändir. Dünýä gelibem tutuş halkyň müň ýylda edip bilmejek işini bir ýylda edip gaýdyp gidiberýärler. Olam bir türkmeniň akyldar ogly-da. Onsoň ol eder... Sary bagşy keltejik boýly, kellesi däli goçuňky ýaly eňsesine düşüp duran merdemsi, galyň gabaklarynyň astynda ýumuk gözleri asyllylyk bilen ýyldyraýan ýigidi göz öňüne getirdi... Seýitmyrat olary gowy garşylady. Ol döwlet plan komitetiniň maldarçylyk bölüminiň müdiri eken. Bir topar işgärli, özbaşyna otagly Sary bagşyny görüp gaty begendi. Onuň elinden tutup, ep-esli saklady. – Halypa, geliň, gelen aýaklaryňyza güller bitsin. Nädip, nädip bu jaýlara geläýdiňiz – diýdi. Ol çaý getirtdi. Nogul-nabat goýdy. Bu hormatlar ýat ýere düşen bagşynyň başyny göge ýetirdi. – Gurgunmysyňyz, Seýitmyrat. Bizem seniň bilen maslahat gelendiris. Çaý başynda Sary bagşy öz matlabyny aýtdy. – Uspen halypa-da, Şükür bagşam «Şägirt ýetişdir» diýip sargyt etdi. Menem adam, öz senedimi tabşyr ýaly şägirt göremok. Nädip men Türkmenistanyň iň gowy bagşylaryny Bama getirip bilerin. Hemmesini öz boýnuma alýan. Ýylyň haýsy pasly bolsun, parhy ýok. Şolary men nädip ýygnaýyn. Olar bir işli adam. Maşgalasy bar. Soň maňa «Özbaşdak iş edipsiňiz» diýip azar bermeseler, şol gowy. Ol bendelerem gelip, öwrenip, bekäp, baryp, ine-gana azabynyň hözirini görse gowy. Olara-da «Munça wagtlap obadan gidipsiň» diýip azar berilmese gowy. Sen, ogul, şony nätseň gowy boljagyny maňa maslahat ber... – Saňa kimler gelse gowy boljak? – Seýitmyrat gözlerini ýumjakladyp, penjirä garap oturyşyna, ýuwaşja sorady. Bu teklip onuň küýsäp ýören zadydy. Ol Gaýgysyza aýda-aýda şahyrlaryň bir toparyny Aşgabada ýygnapdy. Şolaryň arasynda Berdi Kerbaba, Garaja Burun, Abdylhekim Gulmuhammet, Orazmämmet Wepa, Kümüşaly Böri dagy gün-günden parlap, şahyr hökmünde ýurda ýaýrap barýardy. Indi näme üçin bagşy-sazandalary Aşgabada ýygnamaly däl. «Näme üçin orslaň merkezi ansambllary, orkestrleri ýaly saz toparlaryny bir ýere jemlemeli däl. Sary bagşy döwrüň beýik ogly. Ol beýik halypa. Ol beýik graždanin. Şonuň üçin bu teklibi bilen gelipdir. Näme üçin bu paýhas Gaýgysyz ikimiziň ýadymyza düşübermedi. Biz entek balaja. Gün üçin, güzeran üçin süplük dörýän serçe biz. Sary bagşy algyr bürgüt. Berekella bagşy, berekella...» Seýitmyrat gözlerini has ýumjukladyp, eňeginiň aşagynyň etini tokgalap, Sary bagşynyň ýüzüne uly buýsanç bilen bakdy. Emma Sary bagşy Bamyda sadaka edýäni üçin olary çagyrjak bolanok. Olaryň egnine iner ýüküni ýüklemek üçin çagyrjak bolýar. Şonuň üçin egni ýükden ýagyr bolan inerler gerek maňa... – Meselem! – Meselem-i, Duşakdan Şükür bagşy. Marçakdan Nobat Amansähet, Garly Ilaman, Ýylanlydan Magtymguly Garly, Marydan Nursähet Halsähet Saragtdan Oraz Salyr. Akdepeden Nazar baga, Ýylanlydan Pälwan bagşy-hoja, Köşüden Hally bagşy, Saragsdan Muhy bagşy, Garrygaladan Hanmämmet Allanur-gyjakçy, Sakarçägeden Girman bagşy, soňam Pürli bar, Mylly bar, Sahy bar, Täçmämmet halypa bar. Seýitmyrat Sary bagşynyň aýdanlaryny ak kagyzyň ýüzüne, olara düşüniksiz hatda aldygyna ýazýardy. Soň olary ýeke-ýekeden sanady. – Ýigrimi adam töweregi-dä, şeýle dälmi?! Sary bagşynyň ýüregi joşdy. – Hä, hawa, ýöne köşek, meniň üçin ýigrimi bolsun, otuz bolsun, parhy ýok. Elli adamy saklamaga ýerem, harjam tapjak, dört-bäş aýlyk. Sary bagşy «Jaý-ha gerek bolar» diýen manyda, oglunyňam ýüzüne garady. Pürliniň ýüzi asudady. Ol kakasyny baş atmak bilen, mylaýym makullady. Ara bir salym dymyşlyk düşdi. Soň Seýitmyrat ýumşakdan sözläp ugrady. – Sary aga, meniň özüm siziň bu işiňizi janym-tenim bilen makullaýan hem, gutlaýan hem. Şu pikiri, özem türkmen üçin juda beýik pikiri orta atanyň üçin Taňry ýalkasyn. Saňa şu teklibiň üçin uly baýrak bermeli, bu bir... – Wah, köşek, maňa baýrak gerek däl, seniň şu sözüňden ulam bir baýrak bolarmy?! Indi, munuň soňky maslahatynam tap... Seýitmyrat otuz ýedi ýaşly adamyňka gelişmeýän salykatlylyk bilen başyny göterdi. – Maslahat şeýle. Bu işi juda tiz wagtyň özünde Gaýgysyzyň öňünde goýmaly. Özünem, ansambly Bamyda däl-de, Aşgabatda, dom «Daýhanda» açmaly. Bagşylarada aýlyk tölemeli. Olaryň iýmek-içmegini, ýatak jaýyny, belli derejede eşigini döwlet öz üstüne almaly. Ine, men şu barada, şu gijäniň özünde teklip taýýarlap, ertir irden Gaýgysyza elterin. Ýöne, onuň bir ýönejigi bar... Ol stolyň çekerlerinden nämedir bir zat gözledi. Tapmandan soň, ýerinden turup, kitap tekjelerinden bir depderçe alyp, geçip ýerinde oturdy. Ol depderçäniň sahypalaryna üns bilen göz aýlady. – Onuň ýönejigi, ine, şu depder. Onda şu ýylky býužetiň sarp edilmegi baradaky plan bar. Ol hem ähli derejede tassyklanan. Ony Gaýgysyzyň özem, onuň kakasy Täç gök serdaryň hem, hat-da Leniniň özem direlip gelse, üýtgedip bilmeýär. Gaýgysyz diýilen inimizem kagyza ýazylan zady gaty gowy görýär. Öler, emma ýazylany pozup bilmez. Biziň ansamblymyzy döretmek üçinem pul gerek. Ony hökman býužete goşmaly. Ine, şu ýerde Gaýgysyz gep tapar. Şonuň gepini baglamak üçin, bize az-kem serişde gerek. Şol serişdäni nireden almaly. Sary bagşy Pürliniň ýüzüne garady-da, soň ýere seretdi. «Serişde, serişde? Näçe gerek bolarka, janlarym?» Ol birden başyny galdyrdy. – Köşek, näçe serişde gerek bolarka? Seýitmyrat ýene gözlerini süzdi. – Aýdaly, başda ýigrimi adam topladyk. Olaryň hem onusy Aşgabatly. Galýar ýigrimi adam. Häzir hem sentýabr. Iş düzelýänçä-de, oktýabr, noýabr geçer. Diýmek, ýylyň başyna çenli, her aýa on goýun, şonçaragam pul gerek bolar.... Sary bagşy ýylgyrdy. – Näçe çuwal pul gerek bolar? – Çuwal, çuwal iki çuwal pul gerek bolar... Sary bagşynyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. ol galkyndy. – Men iki çuwal puly Gaýgysyzyň öňünde goýaryn. Her aýda-da şonça pul bolar. Malyň-a gürrüňi ýok. Şol ansambly döredip berseň bolany. Seýitmyrat sözi jemledi. Sebäbi onuň işiginde iş bilen gelenleriň sany köpelipdi. Işikden boýunlaryny uzadyp durdylar. – Onda, şeýdeliň ýene bir hepdeden, gündiz sagat üçde siz Gaýgysyzyň ýanyna gelersiňiz... Galan zady özüm oňararyn. Sary bagşy yş açylanyna begendi. Öňki agşam bolsa gumly Şetdaýy baýyň uly toýuny sowup berdi. Toýa düşen pullar-a bir aldy. Mal beýlekinem pula öwürdi. Onuň üstesine, öýde ýygşyryp goýanjalaryny hem şu çuwallara gapgardy. Iki çuwal pul! Ol-a däl, özüni okumuş saýýan Pürlem şu çuwallarda näçeräk puluň bardygyny bilenokdy. Ýöne, olaryň hasaby boýunça şu pullar birki aýlap bagşy-sazandalary eklemäge ýetmelidi. Sary bagşy Öwezbaýyň ogly Seýitmyradyň akyllylygyna indi ýagşy göz ýetirdi. «Görsen-e, men Bamynyň derejesinde oýlanypodyryn. Ol welin ýurt derejesinde oýlanýan eken. «Bu işler seniň däl-de, döwletiň işi» diýip otyr-a. «Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar» diýenleri rast eken. Ine, kakam hem şolaryň ýaşytdaş-a, onda ýog-a şol akyl. Ine, beýik Ýaradanyň deňlik etmeýän ýeri. Ýöne adamlar şol gudrata uýmaly. Şony ykrar etmeli...» Ol oýlandygy saýyn Seýitmyradyň garran ýolbarsyňky ýaly kellesi, her bir sözi aýtjak bolanda böwrüni doňuz diňini salyşy ýadyna düşdi durdy. – Bolsad-a türkmene keramat berib-ä bilipdir, Taňry. Pürli kakasynyň bu sözüne düşünmedi. Ol daş-töweregine many almak üçin garanjaklady. Emma töwerekde gazyk-gazyk çukurlar bolaýmasa, üýşmek-üýşmek çagylmysyň, çägemisiň diýmeseň, başga bir tymsal alar ýaly zat tapmady. Ýa şu çagyllary getiren maşynlary nazara alýarmyka? – Men şu Öwezbaýyň ogly Seýitmyrady diýýän, Gaýgysyzyň geňeşdary şol bolsa, onda işi rowaç bolar... Pürli kakasynyň niräni nyşana alýandygyny indi aňdy. – Aý, ol gudratmyş, kaka. Gaýgysyzy döwlet ýolbaşçylygyna hödürlänem şolmuş... Sary bagşy Pürliniň ýüzüne guraksy garady. – O nähili şolmuş? – Hawa, bolşewik üstün çykandan soňmy, «Kakasam kethuda adamdy» diýip, Nurberdi hanyň ogly Magtymguly hany türkmene baş etmekçi bolupdyr. emma Magtymguly han näme diýjegini bilmän, şu Seýitmyradyň ýanyna gelipdir diýýärler. Olar öňem küşt-püşt oýnaýan ekenler. Şonda Seýitmyrada: «Inim, seniň kakaň meniň kakama iň zerur wagty geňeş berer eken. Gel, senem maňa bir geňeş ber» diýip, ýagdaýy aýdan. Şonda Seýitmyrat bir gülüpdir. Hanam «Näme, şu ýerde güler ýaly zat barmy» diýip girrelenmiş. – Han aga, bu meselede iki ýol bardyr. Birinji ýoly, sen diýseler ýurduň ýolbaşçysy bolaýmalysyň. – Bolamda näme bolýar? – Bolsaň, türkmeniň bir küşt oýnamajygy bardyr. Meniň ýaly bir-ä, küşdüň başyndadyr. Ýöne bir san bolup oturandyr. Onuň tarapynda-da bäş-on adam «Ony göç-de, muny göç» bolşup, gygyryşyp durandyr. Bolsaň, ine şol sansyz küştçi ýaly ýolbaşçy bolar oturarsyň. Sen-ä ýolbaşçysyň, ýokardan-aşakdan hem «Eýt-de, beýt» diýişip, başyňy-gözüňi aýlap, nirä barýanyňam bilmän galarsyň. Emma ikinji ýoly has çaprazdyr. Sen olara «Boljak däl» diýseň, seniň ýoguňa ýanyp goýbererler. Näme, sen bolşewigiň iki dogup, bir galanymy... Bu söze hanyň beter gahary gelipdir. Şu ýumruk ýaly oglanyň ýüzüne bakyp, kemsidip durmasyna zordan çydapdyr. Sen, han ogul, nokgy-nokgyňy azalt-da, şu iki ýagdaýyň arasyndan bir ýagdaý tap, ne çiş köýsün, ne kebap... Şonda Seýitmyrat oýlanypdy. Sary bagşy oglunyň bu sözüni kän bir ynançly hasap etmän oturşyna, birden düýürmegi bilen ogluna garşy öwrülenini duýman galdy. – Bu arada nähili ugur bolsun... Oňa Öwezbaýyň oglunyň berjek jogaby diýseň gyzykly bolup göründi. – Sen – diýipdir – Gaýgysyzy görkez – diýipdir. Ol biz özüň ýaly, hanyň ogly. Özem garyp, ýetim, çaga hökmünde orsuň elinde okan. Soňam ýalandan çyndan bolşewik guramalarynda duran. Daşynda özüň ýaly ekabyr adamlar bolsa türkmene hem hemaýaty degjek. Ýaňky ýaly küşdüň başynda oturdyp, töweregindäkiler bilen oýnap utaýsa-da, «Men özüm utdum» diýip özüne ynanyp biljek. Seniň ýaly, namysyna boglup ýörjek däl. Ol bir çoça-göhert ýaly adamdyr. – O diýýäniň-ä dogry, han ogul. Men hür-hüri bilen küşt ýöredenimden, ölenimi gowy görerin. Gaýgysyz barada aýdanlaryň hem biçeme däl. Näme diýseňem, şolaryň öz gözläp ýörenleri. Olam bir çalbaş göhert, «Atan oky atan ýerde, saçan bo-oky saçan ýerde» galjagyň biri... Ine, şeýdibem, Magtymguly hana derek Gaýgysyz döwlet başyna geçipdir. Ýöne, Magtymguly han bir öwrülişikde bolan ýagdaýy Gaýgysyza syzdyranmyşyn. Eliň agzyňa ýetse, Seýitmyrady sypdyrma diýenmişin. Sary bagşy başyny ýaýkady. – Aýdym-saz diýen bolup, bu zatlardan habarsyz biz. Ine, «Garynja gara günde, gurbaga saz-söhbetde» diýenleri. Adamlar, türkmeniň gerçek ogullary il-ýurt diýip gör, nähili işler edip ýör, bizem şol gara gazmanyň gapagyna ýaplanyň, ömri bihuda geçirip ýörüpdiris. Pürli kakasyny köşeşdirmekçi boldy. – Aýdym-sazam gerek-dä, kaka. Gaýgysyz ähli iş-aladasyny taşlap şundan Bamy ýaly ýere gidip, aýdymlaryňy diňlemez-dä. Aýdym-saz gerek bolmasa. – Ol diýýäniň dogry-la. – Ýöne, her kim öz oňarýan zadyny etmeli, kaka. Gaýgysyzam, Seýitmyradam seniň aýdym-sazda bitiren işiňi bitirip bilmez. Olar geçer, olaryň kürsüsine başgalar müner. Emma Sary bagşy galar... Sary bagşy oglunyň ýüzüne geň galyp, geň galyp bir seretdi. Ýöne hiç zat diýmedi. «Daşkent şuň-a bir bela edipdir. Juda manyly-maňyzly sözler aýtmany çykarýar welin...» diýip, begençli oýlandy. Soň bu gürrüňi mundan artyk uzaltmagy artykmaç görýän ýaly, ýene sagadyny çykaryp seretdi. – Çaýhana açylan bolsa, bir çaý içeli. Soň Gaýgysyzdan bir habar alyp gaýt... Ataly-ogul Türkmenistanyň Ministrler sowetiniň jaýynyň ýanyndaky çaýhana bardylar. Çaýhanadaky sekileriň üsti eýýäm adamlydy. Asyl, eýýäm küştmisiň, düzzümmisiň dikişip töweregine üýşüp oturan adamlar hem bardy. Ygam-sagym bolup, ýan ýol bilen işe barýanlar hem bardy. Bir-ýarym maşyn, paýtunlar iki baka gaýmalaşyp ýördi. Sary bagşy Aşgabadyň çolalygyny, bagy-bossanlygyny gowy görýärdi. Bu şähere gelseň, edil bir Parsystanmy ýa-da Daşkentemi, bir uzak ýerlere baran ýaly bolýarsyň. Bu ýerde ýaşaýanlaryň köpüsi parslar, kürtler, ermeniler bolup durdy. olar hem türkmeni görse, ýakyn garyndaşlaryny gören ýalydyr. Henizem çaýhananyň hojaýyny Wara kürt Sary bagşyny görüp, oňa garşy ylgap gaýtdy. Gelip, gadyrly görüşdi. – Burada, otur, burada! – Ol adamsyz sypanyň üstüni elindäki sübse bilen gaýta-gaýta süpürişdirip, gadyr etdi. – Çaý içermisiňiz, ýagly, nohutly çekdirme... Sary bagşy hojaýynyň bu eden gadyrdanlygyndan hoş bolup durşuna: – Getir, çaý getir, nahar getir. Biz seniň myhmanyň Wara beg, hyzmat senden, hödür senden... Wara hojaýyn sübseli ellerini begençli galgatdy. – Be çeşim (gö-öz-üüm üstüne), be çeşim! Gök çaýmy, gara çaýmy? Sary bagşy egnindäki ýüküni ýere goýdy. – Gök çaý bolsun. Özünem çep eliň bilen atgyn-a... – Be çeşim, be çeşim. Gözlerimiň üstüne, gözlerimiň üstüne... Sary bagşy ýassyga gyşaryp, arkaýyn çaý içdi, nahar iýdi. Sagat on ikilerde bolsa Pürlini Gaýgysyzyň idegine iberdi. – Ol-a henizem gelmändir. Ýöne ikimiziň adymyzy ýazdyrdym. «Üçde habar tutuň» diýdiler. Olar sagat üçüň ýarynda Türkmenistanyň Ministrler sowetiniň gündogara garap duran iki gat jaýynyň işigine bardylar. Bu jaýyň işiginde haýsydyr bir rus heýkeltaraşynyň döreden «Türkmen ýaşulysy», «Türkmen aýaly» diýen işleri goýlupdyr. Aşgabatly türkmenler ony «Magtymguly», «Magtymgulynyň aýaly »diýip kabul edipdiler. Sary bagşy bu işleri görmegiň arzuwundady. Ol Magtymgulynyň şygyrlaryny aýdym edip aýdanda, onuň many-mazmunyna akly haýranlar galýardy. Ol şol manylary tirende demligi tutulan ýaly bolýardy. Ol Magtymgulynyň aşygydy. Ýöne, Magtymgulynyň, şol sözleri, şol pikir-duýgulary galam bilen kagyza geçireniň ynsandygyna, ýönekeý adamdygyna hiç ynanyp bilenokdy. Bu ýerde Allatagalanyň gatyşyp, garyşan ýerleriniň bardygyna ynanýardy. Ol bu zatlary gudrat, kerem hasap edýärdi. Şonda Magtymgulynyň şekiliniň bardygyny aýdanlarynda, ynanmajak bolupdy. Häzir ol bu şekle agzyny aňkardyp seretdi durdy. Ýöne näme diýjegini bilmedi. Şol pursat aňyrdan kimdir bir adam ylgap geldi. – Sen Sary bagşymyň? Sen Sary bagşymyň how! Pürli kakasyny çalaja yrady. – Kaka, bize diýýär. Sary bagşy «häh» diýip, ondan açyldy. – Näme, näme boldy? Gelen adam ýüzüniň derini syldy. – Gaýgysyz Serdarowiç işikde size garaşyp dur. Üç sapar sorady, üç sapar... Sary bagşy bu adamyň beýle howsala düşmeginiň sebäbine düşünip bilmedi. – Näme, indi Gaýgysyz bizi kabul edip biljek dälmikä? Häli, çaý-paý diýip otyrdyk-da. Bolmasa, bähbit bolsun, Gaýgysyzyň gaçyp gitjek ýeri ýok. Ertir geläýeris. Hälki adam yzyna garap Sary bagşynyň haýallygyna geň galdy. – Boluň, boluň, Gaýgysyz Serdarowiç... Oňa çenli Gaýgysyzyň Zem göründi. Ol Sary bagşyny ullakan işigiň gapysynda garşy aldy. – Kim gelipdir, kim gelipdir, görüň how. Meniň eziz dostum, Sary bagşy gelipdir! Ol Sary bagşynyň egnindäki ýüzüni düşürmegine-de garaşman, onuň egninden gujaklady. – Taşla, ýüküňi, taşla. Äkiderler. Birki sany daýaw türkmen oglany Sary bagşynyň arkasyndaky çuwaly, elindäki gaba dolanan tamdyrany alyp, gyra çekildiler. Sary bagşynyň bar gaýgysy pully çuwaldy. Şonuň üçin Özüň göz-gulak bolaweri, göterip gidibermesinler diýip Pürlä göz aýlady. Ony duýan Gaýgysyz hem ýylgyrdy. – Arkaýyn bol. Seniň zadyňa el degirjek ýokdur bu töwrekde. Eger gylyň gymyldasa, üstüne ýene şonça gyl bererler. Ol Sary bagşyny gujaklap diýen ýaly barşyna, ikinji gaýta, soňam öz kabinetine alyp bardy. Sary bagşy äpet kresloda otyrdy-da, ellerini gerip, «Ak pata» dogasyny okady. – Sen-ä, Sary bagşy şuny oňardyň. Şu ýere gelip maňa ak pata berip, doga okan ýokdur. Şonuň üçinem «Gaýgysyz-kapyr» diýýärmişler. Şuny oňardyň. Gaýgysyz kömekçisini çagyrdy. – Sen, çaltyrak çaý-naharyň ugruna çyk. Ýanyma gelýänleri Ol sagadyna seretdi. – Sagat alta çagyr. Şonda gelsinler. Telefony öçür. Sary bagşy geler-de, telefonlaşyp oturyp boljakmy... Hä diýmän çaý geldi. Sary bagşy bu töwerekde pully çuwallar görmänsoň, ýalt-ýultuny köpeltdi. Gaýgysyz oňa düşündi-de, işige gygyrdy. – Siz, haw, bagşynyň çuwallaryny näme üçin gözüniň alynda goýaňyzok. Bagşy halky zadyny berenden janyny berenini gowy görýär ahyryn. – Soň ol hezil edip güldi. – Bularam edil hojalar ýalydyr. Sary bagşy Gaýgysyzyň käse ýaly gözleriniň nurdan püre-pürlenip durşuny, gülende şol käsedäki nuruň töweregine serpilip, adamlara birhili rahatlyk, ynam, gurbat berýändigini ilkinji sapar gördi. Onuň bir gysym iňňe az-kem eredip, soň gapdala daralan ýaly, lowurdap duran saçyny, ýadaw, argyn ýüzüni, süňňündäki güýji-gurbaty ýagşy synlady. Ol birwagtlar «Patyşa öz raýatynyň sanyça akyl-paýhas, güýç-gurbat, gözllik, nur berlermişin» diýip eşiden sözüniň çyndygyna ynandy. Soň çaýly käsesini eline alyp, Gaýgysyzyň ähli sowallaryna «Hä, şükür, ýagşy!» diýip jogap bere-bere, söhbeti ahyryn öz kenaryna getirdi. – Inim, Gaýgysyz. Menem «Är ömründe Gaýgysyzyň özi gelip heläk bolup ýör, menem bir gadyrdanlyk edip, şunuň ýanyna baryp, salamlaşyp gaýdaýyn» diýip ýörite geldim onsoňam, kyn görmeseň, bir kiçijik maslahatym bar. Gaýgysyz juda jaýly otyrdy. Ol güldi. – Sen Sary bagşy, şu gün ikimiz gürleşeli. Men-ä seniň näme şertiň bolsa bitireýin. Senem meniň şertimi bitir. Sary bagşy loh-loh güldi. – Sen, Gaýgysyz, «Bir gara-ha bir gara, bermedigiň ýüzi gara» etjeg-ow. Aýt, şertiňi... Gaýgysyz ýerinden ýeňiljek turdy-da, Sary bagşynyň çat maňlaýyna geçdi. – Meniň şertim şeýle. Ine, şu jaýy gördüň. Biziň Türkmenistan ülkämizde iň uly köşk şu. Şundan uly jaýam, şundan uly kürsem, şundan uly wezipe-de ýok. Ýaňy şu ýere gelip doga okadyň. Indem, şu köşkde bir aýdym-saz edip ber. Biz öler, ýok bolup gideris. Emma bu köşk galar. Ol şu aýdym-sazyň belent ruhuny geljek nesillere ýetirsin. Goý, Sary bagşyny, Gaýgysyzy ýatlap, gulagy şaňlap dursun. Biziň sowetler ýurdumyzda nähili bagtly, öz erkli ýaşaýandygymyzy geljekki nesillere buşlap dursun... Sary bagşy myssa ýylgyrdy. – Heý, aýdym-sazyň hem gürrüňi bolarmy. Gaýgysyz jan, onda-da seniň haýyşyňy bitirmän bolarmy. Oňa söz bolmaz... Gaýgysyz elini göterdi. – Ine, meniň elim, aýt, neme maslahatyň bolsa... Sary bagşynyň häliden bäri bu köşkde, iliň-günüň ýüzüniň tuwagy, diliniň senasy, howandary, tutuş ýurduň eýesi bolup oturan adamyň öňünde birneme howy basylyp otyrdy. Bu kaşaň kabinet, onuň bezegi, dürli mebeller, telefonlar, oturgyçlar, stol-stullar onuň dilini baglan ýaly boldy. ol telpegini çykardy-da, ondan ullakan ak ýaglygy aldy. Soň ýüzüni gaýta-gaýta syldy. «Be, men nädip aýtsamkam. Bu Öwezbaýyň ogly muňa heýç zat duýduryp ýetişmedimikä? Men muny nädip düşündirsemkäm...» – Gaýgysyz, inim, men bir aýdym-sazyň adamsy. Aýdym aýt, saz çal diýseň, oňararyn, emma keple diýseň, heýç oňaramok. – Oňararsyň. Men geplemeseň, nädip pikiriňi bileýin. Belki Seýitmyrada aýdan zatlaryňdyr, belki başga zatdyr... Sary bagşy biline, diline kuwwat gelen ýaly boldy. – Aý, ataňa rehmet, ogul. Ine, bardyň üstünden. Sen maňa, inim Gaýgysyz, bir ansambl açyp ber. Sen puluň gaýgysyny etme. Ol ýanyna getirilip goýlan çuwallaryň biriniň daňysyny açdy-da, işigindäki parket poluň üstünde seçelendirip goýberdi. Gaýgysyz munça puly görüp, agzyny açyp galdy. – Munyň näme, paramy? Sary bagşy derlän ýüzüni galdyrdy. – Şol ansambly saklamak üçin meniň goldaw harajadym. Ana – Ol beýleki doly çuwala-da elini uzatdy. – Olam bar. Az bolsa, mal gerek bolsa, onuň hem gürrüňini etme. Şol ansambly açyp berseň, Alla-da razy senden, menem... Gaýgysyz penjiräniň öňüne bardy-da, salykatly, dogumly garaýyş bilen dolanyp geldi. – Bolar. Men razy. Puluň gürrüňi bolmaz. Şol wagt kabinete saçy gapdala gaýtarylan, murty bilen çokga sakaly birigip giden, ýylgyryp duran gazak porum adam gelip girdi. – Gykylygyňyz näme how, Konstantin Sergeýewiç! Bu ýer köşkmi ýa-da jygyllyk bazary! Ýaman gülkiňiz çasly çykýar-la... Gaýgysyz birden şadyýan görnüşe girdi. – Ana, geldi, gazak baýy geldi. Ine, gör, türkmen bagşysy bir gijede şunça pul ýene-de onlarça goýun, düýe, sygyr gazanýar diýsem, ynanaňok. Ine, saňa subut etmek üçin getirdim şu bagşyny. Ana, bir gijede iki çuwal pul gazanypdyr. Gör, gowja synla... Ol adam Sary bagşyny görüp, oňa topuldy. – Baý, bow, baý bow, bu bagşy diýýänleri öz agam ýaly-la. Jan agam, salowmaleýkim. Ol gelip Sary bagşyny gujaklady. – Sen maňan gazak diýýäň welin, ine, aýdybersin, Sary bagşy meniň agam. şol nireden bolsa, menem şondan. Ýöne, seniň niredendigiňi anyklamak üçin dört inistitut dagy gerek bolarmyka diýýän. Şeýle dälmi, aga... Ol giren Türkmenistan Ýokary sowetiniň Prezidumynyň başlygy Nedirbaý Aýtakowdy. Ol sözüň, degişmäniň öýjügidi. Gaýgysyz şonuň garşysyna söz tapyp bilmeýärdi. Çünki Nedirbaý türkmen halkynyň baý edebi, söz mirasynyň çuňlugyna çümüp çykandy. – Bu ne ýomut, ne gazak, ne hoja, ne işan, ne-de ors. Agyn bolmasa: Men hojalyk diýen bolar. Heý, hojalyk diýenem bir tire bolarmy? Gaýgysyzyň bu sözüne Nebirbaý hezil edip güldi. – Zat-o menem seniň ýaly sowet graždanini. Şon-a inkär edip bilmersiň... Gaýgysyz oňa elini uzatdy. – Şun-a bildiň, Nedirbaý. Soň olar çynlakaý gürrüňe geçjek bolanlarynda, orta nahar geldi. Nahardan soň Sary bagşy tä ýary gijä çenli bütin köşgi ýaňlandyryp aýdym aýtdy. Şol gün onuň Pürlä göwni ýeten güni boldy. Pürli kakasynyň ajy nazaryny iýmän, ilkinji sapar ekzamenden geçdi. Gijäniň bir mahaly Gaýgysyz bagşa-da, onuň ogluna-da ak bazaryň gowy donuny, oňat kostýum, köp-köp engamlary serpaý berip, razylyk bilen ugratdy. Gaýgysyzyň özem, Nedirbaý-da, olaryň oturan bu köşgem öňde-soňda beýle aýdym-sazy görenem, eşidenem däldir. Bu köşk bu mukaddes mukam, eziz didarlary bagşynyň gözlerine derman edip asyrlardan-asyrlara alyp gitmäge şaýlanypdy. Emma, ol arman bilen 1948-nji ýylyň agyr ýer yranmasynda ýer bilen ýegsan bolup galypdy. | |
|
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabady tisgindiren owaz - 06.03.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Ene / powest - 13.01.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |