12:51 Palindromaniýa: Çopan. Çopanystan ýaýlasynda agşam | |
PALINDROMANIÝA: ÇOPAN. ÇOPANYSTAN ÝAÝLASYNDA AGŞAM
Powestler
Çopanyň hem öz dünýäsi bar. Hiç kime dahylly däl, garaşsyz bir haýýat. Belki onuň dünýäsi çölleriň sessisligi bilen bagrybadaşandyr. Ol süriniň içinde agsagyny görýär, onuň hereketlerini uzakdan synlaýar. Sürä gurt da:randa hem şol agsagy alyp gidýär, beýleki sapba sagdyn goýunlardan agsagy tutanyň aňsat. Gurduň wagty çäkli. Çopan üçin bu hem teselli. Ol bu sährada ol goýunlaryň hudaýy mysaly. Agşam uzakly gün gyzan çöle aram getirýän wagt. Salkyn şemal kepän dodagyňa melhem bolup degýär. Gök ýüzüne köz sepilen ýaly ýyldyzlar petreşip, mawy giňişligi baýramçylyk meýdany dek bezeýär. Goýunlaryň hudaýy diýende öňräk bolan bir waka ýadyna düşse, onuň özüniň hem gülküsi tutýar. Aý indi öwrenişipdirem, çala gülümsäp goýýar. Şol gezek giç agşam çaýdan-suwdan meý-mes bolup, meýmiräp otyrka, birden şemallap geleýin diýip agylyň gaýrasyna gaýtdy. Salkyn şemally giç agşam, ýyldyzly asman. Garşysynda duran agsak maňramazy görüp «beh» diýen Çopan, maňramazyň bäş ädim aňrysynda özüne garap duran möjege gözi düşüp, «oh» diýdi. Aý yşgyna möjegiň gözleri ýyldyrap gitdi, göwnüne bolmasa syrtaryp duran äňi hem şakyrdap duran ýaly. Çopanyň bolsa gözleriniň öňüne gubar inen ýaly bolaýdy. Çopan nämüçindir özüne garap doňup duran möjege habar gatdy: – Bu dowarjyk-a gurbanlyga ýaramaz, hem-ä gulagy çüri, hemem aýagynda işgäl bar. Ýöne aý ýöne hurşluk diýseň bolaýmasa... Möjek edil aýdylan gepe düşünen ýaly yzyna dolandy. Ol möjege näme üçin beý diýeninem bilmedi, möjegiň özüne düşünipmi Ýa-da başga bir sebäp bilenmi yzyna öwrülenine düşünmedi. Alaňlaryň ortasynda oýda kersen mysaly ýaýbaň meýdan. Bütin süri şol ýere sygýar. Düňderilen gazana meňzeş asmanyň astynda gazan kellelerini ak bileklerine goýup aram-aram irkilýän alabaýlar dogrudanam argyn görünýärler. Çopan çatmasynyň ýelesinde, keçäniň üstünde ýyldyzly asmany synlap, gyşaryp ýatyr. Öňünde çaýly tüňçe. Diliniň astyna atan ajy dermany onki süňňüne melhem bolup ýaýraýan Çopan ýene ýoldaşlarynyň gapdalyna gelip çökendigini, indem özara çekişme etjekdiklerini duýdy: Hany, gürläň bakaly, ýene nämeler tapýaňyz. Ýa-da geçen agşamky ýaly «Ň» harpyndan başlanýan söz tapjak bolup, daňa çenli çekişip- dartyşyp oturjakmysyňyz? Bolýa, indi beri «Moş ňürlemäliň-de ýöne, häý-ý, ňyzyňy nemedeýinler...» (palindrom– 4) Tebbet– nama Abacaba А роза упала на лапу Азора Haly Ala Şäheriň gyrak–bujagynda ýerleşen ybadathananyň töweregi orslardan doly. Üçegi çürelip gidýän bu serkow öňki asyryň binasy. Golaýynda köne şiferden telärli kiçjik bazaram bar. On alty ýaşlaryndaky, inçesagt hem çozgun saçly gyz Esfir çürelip gidýän gümmezleriniň depesi haçly ybadathana seredip durşuna: «Meniň ybadat edýän taňrym Bafomet, Ba-fo-me-et» diýip, ýuka dodagyny açar-açmaz pyşyrdady. Pyşyrdysy süýjülik, mähir. Şol wagt Esfiriň şeýtany duýgularyna ret jogap berýan ýaly ybadathana jaňlary gümmürdäp başlady. Gorkunç, gorkunç... Esfir jaň seslerinem halamaýar. Oňa daşyndan garasaň Masteriň Margaritasyna çalym edýän bolmagam mümkin. Ýöne ol başdan – çagalygyndan şeýtanparaz. Hem ýaşajyk wagtyndan bäri boýnundaky altyn zynjyrdan pentaramma asylgy. Bu täsinji bäş burçly ýyldyz Amerikada ýaşaýan daýysynyň sowgady. Ol bu sowgat bile hiç aýrylşmaýar. Ejesi aýtmyşlaýyn, bu pentaramma platina diýen metalldan ýasalan tumar. Esfir oňa öň medalýon-pentalýon diýip geň-enaýy sözler bilen ezizlärdi. Soňra özüni bilip başlandan soň, bu tumara çynlakaý üns berdi, hiç bihormat tutmady. Näme diýseňem ýalňyz daýysynyň sowgady ahyr. Hemişe daýysyndan uzakda, emma daýysynyň sowgady ýanynda. Megerem okuwy tamamlasa, ol Amerika gider, daýysynyň ýanyna. Ol ýerde hemme zat gülala-güllük. Adamlar hem gyzyl ýaly gowudyr. Asylam Amerika gyzyl tenlileriň ýurdy ahyry... Ol ýerde – Amerikada bagtly ýaşamak Esfiriň arzuwy. Bu içgysgynç mesgende ýaşamak häzirlikçe alaçsyzlyk. Soň bärde ýaşamadyk ýaly bolaryn. Esfir şu hakda oýlananda gözlerini ýumup, süýji pallaýar. Emma özüniň şeýtanparazlygyny eşidende her kimiň onda daşlaşyp başlaýanyny, tanyş kowumdaşlarynyň öz arkasyndan «hyşy-wyşy» edýändigini, hatda arkasyndan «Satanistka ýobanaýa» diýip, tüýkürinjiräp galýandyklarynam bilýär. Emma hemme adamlar beýle däl. Bu günem ol hiç zada üns bermän geçip barýar. Hürri her gezek oňa gabat gelende, gyzyň biperwaý, buzly garaýşyna duçar bolýar, bir pursat özüni ýitirýär, ynha şu weli gowy däl. Esfir hem özüne içgin garaýan bi oglan hakda käwagt oýlanan bolýar, ýöne barybir ýüzleý. Ogry, gurrumsak seredişi bar şunuň, gözleri hem okara ýaly. Özem ýetim, internatda ýaşaýar. Jemgyýetiň galyndysy. Otbros. Pü-ff... biderek, seretmek protiwno ýo-ok. Hürri üçin gapdalyndan geçip barýan bu mele saçly gyzyň mawy gözleri, dury asman reňkli şol mawy gözlerden çykýan biperwaý garaýyş akyla sygmaýan gudrat. Hemem gyzyň galbaň göwüsleri. Köýneginiň döşüni galdyryp duran goşa ýumry. Gyzyň şol jüp jadyly synasyna seretdigiçe lezzet alýan Hürriniň gulagyna nirdendir bir ýerden Gyr obadaky gojanyň sesi gelýär: «Aýal maşgalanyň iki göwsüniň üstünde şeýtan lagyn aýaklaryny sallap oturýarmyş, şonuň üçin aýal maşgalanyň göwüsleri adama ýakymly, owadan bolup görünýärmiş». Esfir bolsa biperwaý. Ýetim oglana barmysyňam diýmän geçip barýar. Nämüçin diýsin, tananok, zat edenok. Onuň kalbynda şeýtana bolan hormat, mähir püre-pür. Ene-atasyny zordan görýär, beýleki adamlary saýgaranogam. Äsgerenogam. Şeýtana söýgi gözlerini gapandan soň ol gözli kör. Boýnundaky Bafomet şekilli pentagrammasy iki göwsüniň birleşýän ýerinde edil kalbynyň üstünde kalp ýaly bolup dur. Onsaň ol näme üçin owadan bolmasyn. Hürriniň bu zatlardan hiç habary ýok. Ýöne ol gijara internada gaýdyp barýarka duralgada çagasyny emdirip oturan ýaş zenana gabat geldi. Geçýän-ötýän seýrek bolansoň ýaş zenan ak göwsüni giň ýakasyndan arkaýyn çykaryp, çagasyny emdirip otyrdy. Çagajyk sesini çykarman, enesiniň ak mämesinden eljagazlary bilen ýapşyp, doýa-doýa emýardi, göýä biri emmesini elinden aljak ýaly gyssanyp sokjaýardy. Belki ynsanyň zenan göwüslerine gyzygy şundan gaýdýan bolmasyn. Entek many bilmez ýaşdan ynsan ene göwsünden kemala gelýär. Soňam ol ak göwüsler oňa ruhy medetkär bolýan bolmaly. Zenanyň pynhan saklaýan gorkulary (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Bapby birgadyň aýagyndaky ädigine garaýarkam, men birden onuňam meniň aýagymdaky nagyşly geýmime garaýandygyny duýdum. Men-ä onuň aýagyndaky ädiginden tisginýän, ýa olam meniň aýak geýimimden gorkýarmyka? Eger gorkýan bolsa indiki gezek ol gelende geýmesemmikäm? Bu edýän pikirimden tisginip gitdim. Beýtsem bolmaz-a... eýsem içki eşik geýmesem, hiý-wii, erbet utanç-la gyz, ýöne üstünden uzyn köýnegim bolsa bilinmeýär diýip, aýagyňa geýmeseňem bolmaz. Ýylgyryp durşuma edýän pikirimden kalbyma bir uýat lezzet dökülýär. Bapby birgat bilen bagly pikirlerim bara bulaşyk gidýäni ýüregime howsala, böwrüme sanjy. Ýoldaşynyň bu zatlardan habary ýok. Gel, şeýle pikirleri etmäýin- le diýip, özüme niçezar söz berýän, emma ýene pikir edenimi duýman galýan. Edil içimde biri, men däl-de başga biri şeýle pikir edýän ýaly, towa. Ýoldaşym uzakly gününi bagda işläp geçirýär. Ýaşajyk nahallaryň düýbüni agdaryşdyryp çykýar. Suw açyp, çarbaga ýarmaşyp ösüp oturan üzümleri suwarýar. Men bolsa öýüň ownuk-uşak işlerine güýmenip, wagtymy geçiräýmesem... hem şu Bapby birgada baryp direýän pikirler, gorkulardan maňa gün ýok. Daşarda baglaryň arasynda bilbilleriň yzyny üzmän saýraýan sesleri gelip dur. Men bolsa içerde – aşhanada bir zatlara başagaý bolup oturandyryn. Içki otagdan bir ses gelýän ýaly diňşirgenip durýan. Hiç zat göwnüme getirmän ýerimden turup ýatýan jaýymyza girip, doňup galýan. Otagyň alagaraňkysynda Bapby birgat hysyrdanyp bir zat gözläp ýör. Men demimi çykaryp bilmän durun. Ol ahyr gözleýän zadyny tapdy. Bapby birgat meniň we ýoldaşymyň eşikleriniň arasyndan meniň içgi eşigimi gözläp tapyp, ony iki elleri bilen saklap durşuna gözlerine sokaýjak bolup, ýüzüne golaýladyp synlaýardy. Göwnüme bolmasa pis temegini ýetirip, içgi eşigimi ysgap görýänem ýaly. Bir seretsem ol maňa seredip ýoknasyz ýylgyrýar. Tisginip oýansam aşhanada otyryn. Oturan ýerimde irkilipdirin. Nebela erbet garabasýar meni, özem gündiziň günortany. Garabasma gören bolsamam ýatýan otagymyzyň gapysyna seretmäge gorkýan, seretdigim durşuma gagşap, iýnim üşüdip gitdi. Soňra agşamlyk ýatmankak aýak geýmimi çykaryp durkam ýene Bapby birgatly pikirler kelläme geldi. (Palindrom – 5) Ala Ses hoş ses Hürri kiçiligine garamazdan Gyr oba kän gatnaýar. Näme üçin yzygider şol tarapa gidýär, özem bilenok. Kanaldan geçenden soň takyr ýol başlanýar. Belent bolmadyk daglaryň arasy bilen aýlanyp gidýän ýol Ötük diýen ýere eltýär. Kimler o ýere ötük diýýär, kimler kötük, kimler bolsa degşip petik. Emma bu ýerden başlanýan tunnel göni gyr obasynyň üstünden çykýar. Biraz wagt ala garaňky tümlügiň içinden gitmeli. Gije ýaly, Aýsyz gije mysaly garaňky. Biraz üýşenýäňem. Biraz gorkjak bolsaň aýdym aýdaýmaly. Tunneliň alagaraňkysynda sesiňem ala-mula bolup, birhili özüňe geň eşidilýär, gülesiň gelýär käwagt. Ýa-da aýdym aýtmaly dälmikä, käbir ýerlerde? Ala-mula ses. Bu täsinligi geologlar ýeriň strukturasyndan diýýär, käbir bilimsekler bolsa, bu ýerde Uran bar, şondan anomaliýa kän bolýarmyş diýip çaklaýarlar. Şortaçy adamlar-a Uran däl, üç harply weýran bar bolup, şol sesiňe ses berýän bolaýmasyn diýip pis gülümsiräp goýýarlar. Hürri Gyr obany wagtdan yza galan adamlaryň ýaşaýan ýeri diýip atlandyrýar. Bu ýerleriň özi hem, adamlary hem ýüz ýyl dagy yzda. Bir wagtky aýdylýan Sowet Soýuzyndan galan atlar bu ýerde henizem ýörgünli. Bu ýerde henizem başlyk, oba sowet ýaly atlary ýöräp dur. Hürrüniň ýanyna barýan aksakgally gojasy näme, şoňa hem oba adamlary ahun diýip ýüzlenýärler. Dagyň aşagyndan geçýän alagaraňky Ötükden çykanyňdan soň ýiti ýagta gözüň öwrenişmän durýar, gözüňi açýaň welin, ine, gözüňe döneýin oba. Gözýetime ýaýylyp ýatan oba. Hürri şu panoramany öwran-öwran synlaýar, doýup bilmeýär. Onsaň oba girilýän ýerde kolhozyň bagy bar. Daşy belent haýatly bagdan gözüni aýryp bilmän barşyna Hürri bir wagtlar şu ýerde ýaşan ýaly, soňam mähribanlaryny şu ýerde galdyryp, mejbur bir ýerlere gitmeli bolan ýaly duýgulary başdan geçirýär. Şu ýere gelse göwni aram tapýar. Bolmasa şäherde diňe goh-galmagal diýjekmi, pikirleriňi çar tarapa alyp gaçýan alasarmyk duýgularmy. Esfir hakda oýlananda bolsa, gyzyň aksow saçlary, dury mawyş gözleri jigerini paralap gidýär. Ol bu gyzyň hemişe ýanynda bolmagyny isleýär. Ýöne onuň çen edişine görä, bu asla bolmajak zat. Gyr obanyň adamlary hem örän üýtgeşik. Ak selleli aksakgal goja hem gaty takwa. Onuň külbesi obanyň başlanýan ýerinde bolandan soň ähli gelýän-gidýän huzuryna barman geçenok. Hemme bu ýagşyzadanyň ak patasyny alarman. Ol misli obanyň gorag-tumary ýaly. Goja her aýyň başynda-aýagynda, ýa hepdäniň juma günleri azarlap birhili yzygider şu sözleri samraýar: – Gaýypdan bir oglanjyk gelýär. Dünýä gelmesi gadagan bir oglanyň ruhy gelýär ýanyma (dowamy bar) | |
|
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -4: Halypanyň demi - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |