• Ansambl Sary bagşynyň diýeni geldi. Onuň göwün diýen adamlarynyň ählisi bu gün ansambla işe alyndy. Hut Gaýgysyzyň maslahaty bilen Sary bagşynyň özi ol ansambla halypa edilip bellenilipdi. Han aga (Täçmämmet Suhanguly) bilen Sahy Jepbar onuň kömekçiligine bellendi.
– Adamlar! – diýip, Sary bagşy ansamblyň işläp başlan ilkinji güni bu ýere ýygnanan bagşy-sazandalara ýüzlendi. – Men özümi bilelim bäri «Türkmeniň men-men diýen bagşylaryny bir ýere ýygnap bolsady» diýip ýördüm. Harjymam bardy, jaýymam bardy. Emma şu adamlary bir ýere jemlemäge ygtyýarym ýokdy. Şol ygtyýary bu gün Gaýgysyz bize berdi. Biziň şu ýere toplanmagymyzyň bir begençli ýeri bar. Türkmeniň näçe bagşysy bolsa, şolaryň barysy beýikdir. Oňa söz ýok. Biz şu ýerde birinji bilen-ä, birek-biregi ulaldyp, kiçeltmekden daş bolmaly. Ikinjiden hem birek-biregiň näme gory bar bolsa orta döküp, şony öwrenmeli. Sebäbi, ömür şu gün tükenenok. Biz gitsegem, bilýän zadymyz özümiz bilen alyp gitmän, goýup gitmeli. Birek-biregiň ussatlygyny öwmek, görmek hem uly mekdepdir. Çünki, biz ertir öz ilimize gideris. Şonda Han halypany gördüm, ol bu sazy beýdip çalardy. Hally bagşyny gördüm, ol ol aýdymy beýdip aýdardy, men Pälwan bagşyny gördüm, ol Göroglynyň dört şahasyny ýatdan bilip, dessan edip aýdýan ekeni diýmegiň özem uly baýlyk. Bize ine, şol ýetmeýärdi. Bize şeýle ansambl açyp bereni üçin, Gaýgysyzyň ömri uzak bolsun...
Sary bagşy bir kürtdirdi-de, ýene sözüne başlady.
– Geljek şenbede men öz öýümde bir gel bäri gurajak. Hemmäňizi çagyrýan. Çagalarymy göçürip geldim. Bizden bir çaý içip gaýdyň. Yzynam, nesip bolsa aýdym-saz bilen goşup goýbereliň...
Bagşylar ýerli-ýerden begençli ýylgyrdylar.
– Aý, şun-a oňardyň, Sary halypa...
Powestler