17:45 Baga bagşy / powest | |
BABA BAGŞY
Powestler
SÖZBAŞY Meşhur bagşy Nazar baga Morsy ogly 1873-nji ýylda Daşowuz welaýatynyň Akdepe etrapynda dünýä inýär. Ol türkmeniň Bagalar tiresindendir. Nazar baga ýaşlygyndan Daşhowuz sebitleriniň bagşy-sazandalaryny diňläp gezýär. Olaryň bagşyçylyk sungatynyň sergezdançylygyny çekýär. Şeýlelikde onuň özem zamanasynyň uly bagşysy bolup ýetişýär. Nazar baga ilki-ilkiler tirme aýdymlary aýdypdyr. Ýigit ýetenden soň dessançylaryň däbine eýerip, «Hüýrlukga – Hemra», «Şasenem – Garyp» dessanlaryny toýlarda saza goşup aýdyp ugraýar. Şeýle hem «Görogly» eposynyň birnäçe şahasyny aýdýar. Nazar baga otuzynjy ýyllarda şöhratly bagşylaryň birisi hasaplanýar. Ol şol ýyllarda Aşgabat şäherine ýörite çagyrylyp getirilýär. Aşgabatda Ahalyň, Marynyň, Pendiniň, Sarahsyň, Balkanyň meşhur bagşy-sazandalary bilen tanyşýar. 1939-njy ýylda dürli etraplardan gelen bagşylara, sazandalara goşulyp, Moskwa şäherine gidýär. Ol ýerde Oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde aýdym aýdýar. Sary bagşy, Sahy Jepbar dagy bilen onuň dostlugy tä ömrüniň ahyryna çenli dowam edipdir. Nazar baga Morsy oglunyň ulus-ili üçin hyzmaty uly bolupdyr. Ol Türkmenistan Ylymlar Akademiýasynyň Edebiýat institutynyň Golýazmalar fondunyň baýlaşmagyna-da degişli kömegini edipdir. Onuň dilinden dessanlaryň dürli-dürli görnüşleri hem aýdymlaryň uly toplumy ýazylyp alynypdyr. Nazar baganyň bagşyçylyk sungatynyň hyrydarlary barha köpelipdir. Türkmenistanyň Halk bagşysy Magtymguly Garlydan başlap, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýar Baýrama çenli ol ussadyň bagşyçylyk sungatyny özlerine nusga edinipdirler. Oňa Daşowuzyň ökde gyjakçylary Baýram gyjakçy, Gazak gyjakçy we başgalar sazandarlyk edipdirler. Nazar baga «Nalyş», «Yňdarma», «Mekanym», «Gyzyl donly» ýaly onlarça aýdymyň hakyky eýesidir. Meşhur bagşydan tälim alanlar ony öwran-öwran ýatlardylar. Onuň uly sungatyny soň-soňlaram küýsärdiler. Ylaýta-da, Baýar bagşy ony kän ýatlardy. Onuň bilen bile tirkeşip, toýlarda aýdym aýdyp gezen çaglary hakda gürrüň baryny bererdi. Ol halypasynyň obasyna toýa bardygy bilini hasam berk guşap, Nazar baganyň agyn özi bolup, dessan baryny aýdardy. Belent-belent tirmelere tutardy. Nazar baganyň ogly Juma bilen duşuşyp, halypasyny ýagşylykda ýatlardy. Nazar baga saz sungatymyzy söýüjileriň ünsi säginen, syny oturan halypa bagşydyr. Gynansak-da, ol halypadan aýdym ýazylyp alynmandyr. Ýazgy ýadygärligi galmandyr. Nazar baga Morsy ogly 1942-nji ýylda aradan çykýar. Onuň kowumlary häzir Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýaşap ýörler. * * * «Türkmen halkynyň gadym zamanlardan bäri ol halypadan bu halypanyň ussatlyk mekdeplerini geçip gelýän bagşylary bagşydan has beýikdir. Şeýle beýik bagşylaryň biri Daşoguzly ýomutlaryň bagalar tiresinden Morsy Torumçy oglunyň ogly Nazar bagşydyr. Nazar bagşy Hywa ilinde özünden öňki bagşylaryň bagşyçylyk däp-dessuryny belent ussatlygyna jemläp, bu ilde görlüp, eşidilmedik keramatly bagşyçylyk zehini, üýtgeşik owazy, öz senedine rüstemligi bilen ajaýyp aýdym-saz mekdebini kemala getiripdir...» Öwezdurdy NEPESOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor. • Hakdan içen beýik bagşy Hywa illerinden başlap tutuş türkmen, özbek, gazak, garagalpak halklarynyň bagşyçylyk ýollarynyň arasynda özboluşly, juda täsirli, täsin ýol goýup, öz ýoluny aňry ýany bilen ykrar etdirip geçen allahy zehinli, beýik bagşy Nazar Morsy ogly – baga 1880-nji ýylda Gubadag etrabyndaky ýokary Jemşitgalaly bagalarda Morsynyň garyp maşgalasynda doguldy. Ejesi Gül oglunyň iki bolanyna begenip, «ikinji ogla nazarym düşdi» diýip, oňa Nazar diýip at dakdy. Nazar baganyň atasy Torumçy baganyň bäş ogly bardy. Ogullary Amangeldi, Welmämmet, Mämmetguly, Welgurban we Morsydy. Baga ýomudyň uly tiresiniň ady. Baga-da öz gezeginde dört bölege bölünýär. Olar: Akjaly, Nagdyly, Beg, Çapar. Nazar ýaşlygyndan aýdym-saza ürji boldy. Ol on-onki ýaşynda birden üýtgeşik labyz bilen aýdym aýtmany çykaryp, diňe bir bagalary däl, tutuş Gubadag, Akdepe etrabynyň halkyny haýrana goýdy. Morsy aga «biziň tohumymyzda-tijimizde tamdyra tiňňirdedip, märeke güýmänimi-ä ýokdy – diýip, – Aý, bolsa-da, nätjek – diýip, tamdyradan, gyjakdan gowy baş çykarýan, bagşy ýok ýerinde, aýdym aýdyp, saz çalyp märeke-de sowup ýören uly aýal doganynyň ogly Ilmyrady ogluna ilkinji halypa belleýär. Ilmyrat iki-üç aýyň içinde Nazara tamdyra çalmagy, aýdym bilen sazyň ýugrumyny ýetirmegiň, her ýerde, her dürli, her dürli bagşylary kowalamagyň tilsimlerini, inçelik bilen öwrenýär. Şolda Ilmyrat bir zada göz ýetiripdir. Asyl, Nazar diýleni aýdym bolsa-da, saz bolsa-da, edil akar suwy hokurtga çeken ýaly, bada-bat demine sorup bilýän oglan eken. Ol çala öwredenden, tamdyrany suw içen ýaly öwredipdir. Ilmyradyň bilýän aýdymlaryny bir eşideninden öz heňine salyp aýdyp otymyş. Nazaryň gaty beýik, görlüp eşidilmedik sesi bolupdyr. Ol kakasynyň soň göçüp baran Alilioý diýen obasynda aýdym aýdanda, Gubadag, Ýylanly, etraplarynyň, Hywa gapdallarynyň obalary öz öýlerinde Nazaryň aýdýan aýdymlaryny arkaýyn diňläpdirler. Şeýdip, Nazaryň şöhraty, dabarasy ol heniz on üç-on dört ýaşynda wagty Hywa dolupdyr. Oňa Gulpak bagşy, Sapar süýrentgi halypa bolmaga isleg bildirip, gelipdirler. Sapar süýrentgi ony ezizläp, aýdym-sazdan başga hiç işe elini degirtmän, telim ýyl öýünde saklapdyr. Ony üç sapar yzyna tirkäp Balkan, Ahal welaýatlaryna aýlap, Bamyda Sary bagşynyň Jebelde Çowdur körüň, Änewde Durdy bagşynyň agyr synagyndan geçiripdir. Nazar Hywa ilinde bagşyçylyk ýoluny baglap, gazak bagşysy Jikge bagşyny, özbekleriň ýüňi ýeten Söýeg bagşysyny, Atajan körüni öýünde telim aýlap saklap, olaryň aýdym-saz humuny öz dünýäsine geçiripdir. Ol gazakça, özbekçe, galpakça aýdym, dessan aýdanda özbekler, gazaklar zar-zar aglar ekenler. Nazar baganyň özboluşlydan şirin aýdymlaryna belli hanlar Gurbanmämmet serdar, Şammy kel hyrydar çykyp, mahal-mahal doýman-dolman diňläpdirler. Soň- soňlar Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow kä özleri Daşhowuza baryp, kä bagşyny Aşgabada çagyryp ony diňlär ekenler. Halk bolsa bagşynyň diňe bir aýdymlaryna däl, adyna aşyk bolup ýaşapdyr. Her näçe islese-de Nazar baga şägirt bolup biljek bagşy tapylmandyr. Ol ömrüniň ahyrlarynda soň-soňlar, bagşy dünýäden gaýdandan soň taýsyz bagşy bolup ýetişen Magtymguly Garla, soňam Baýar Baýramowa halypalyk edip, olaryň beýik bagşy bolmagyna hemaýat edipdir. Nazar baga Morsy ogly ajaýypdan, hiç mahal gaýtalap bolmajak gözel aýdymlarynyň 600-sini, halk dessanlaryndan «Huýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp» ýaly halk dessanlarynyň ençemesini, meşhur «Görogly» eposynyň iň esasy şahalaryny, özbek, garagalpak, gazak aýdym-dessanlarynyň bir gidenini mähriban halkyna galdyryp, 1943-nji ýylda, pygamber ýaşynda garahassa keseline ýolugyp, dünýäden gaýdypdyr. Beýik bagşynyň aýdymlary ýazylyp alynsa-da, olar biziň günlerimize gelip ýetmändir. Ýöne beýik bagşy öz halkynyň aňynda nesilden-nesile ölmez-ýitmez bolup ýaşap ýör. «Nazar baga» atly bu çaklaňja kitaba beýik bagşy baradaky hakykat jemlenilip, onuň ruhuny şat etsin diýilip ýazyldy. Alladan berlen haýran galmaly beýik zehinli, hiç kimiňkä meňzemeýän belent sesli, juda şirin labyzly Nazar bagşymyzyň jaýy jennet, ýatan ýeri ýagty bolsun! 1. Hasratly gün « – Gödekdi. Sögerdem... Emma bagşydy. Ondan örän kän aýdym öwrendim. Şu il içinde aýdyp ýören dessanlarymam öwreden Nazar halypanyň özi...» Baýar Baýramow, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy. * * * Bu gün heniz on ikisem dolmadyk Nazar üçin, ýatdan çykmajak, juda aladaly, hasratly gün boldy. Bahar aýynyň başynda Morsy aga saçagyň başyna üýşüp oturan maşgalasyna ýadyňa-oýuňa düşmeýän meseläni beýan etdi. – Nesip bolsa, şu gün Akdepä, Alilioýa göçýes! Kakasynyň bu sözi Nazary birhili ganatlandyrdy. Ýaş oglan bu söz kakasynyň agzyndan çykyp çykmanka: – Däde mene gitmelimi?! – diýip, begenjine bäs gelip bilmän sorady. Morsy aga mäşbürünç sakalyny çekip goýberdi-de, ondan boşan eli bilen çaýly käsesini eline alyp, çaý owurtlady. Çaýyny ýuwdup durşuna-da: – Aý, ýak, sen bärde az-owlak galmaly bolarsyň. Biz baryp ýerleşenimizden soň seni özüm gelip, alyp giderin. Bu söz Nazaryň kalbyny lerzana getirdi. Ol içip oturan çaýly käseseni titredip, köne keçäniň üstünde goýdy-da, eňredi. – Men öläsemem galmyýan. Öläýsemem galjak däl. Şol porsy geçileri indi ölsemem bakmyýan – diýdi. Morsy aga çakyndan çykyp, galyp barýan ogluny abaý-syýasat bilen basarly göründi. – Otur-eýt, it türşek. Eddil, damagyňy tersine çalýan men seniň. Köp gepleme. Sen näme, düşüneňokmy? Men näme gyzgyn ýerimi sowudyp, Gubadag etrabyny, Jemşitgala obamy taşlap, keýpine, oýnamaga göçjek bolýanmy?! Ine, agaň Maşany öýermeli. Il-günüň öňünden geçmeli. Siz ýaş, gazanç, girdeji ýok. Men ýeke başyma günümi dolap bilmeýen halyma, bu ilde, bu obada, bu çagalary nädip öýerip, çykaraýyn, nädip il-günüň öňünden geçeýin. Alilioý, näme diýseňem öz garyndaş-dogan, aga-ini bagalarymyzyň arasy. Olar meniň «ýalagymy çaýda» goýmaz. Ýerli-ýerden hemaýatam ederler, elleriniň kirleri bolsa maňa çaljaklar. «Morsy, senem ol ýerlerde hor-homsy bolup ýörmän, indi biziň aramyza gela» diýdiler, düýnki Küti baganyň «gel bärisinde». Nazar kakasynyň bu gürrüňini ahyryna çenli diňlemän, gapdalynda duran çaýly käsesini takyr ýere taşlap goýberip, budur, turup gitjek boldy. Gül daýza oglynyň eňräp oturmasyna dözmedi. – Nazar jan, balam. Dädeň sözüni diňle balam. Ol «Baryp ýerleşen batjygymyza sen äkitjek diýýer-ä. Maşan jany öýerenimizden soň, gezek seňki, balam. Sen açjyk işle. Onsoň baragaý... – Aý, dogman geçen, haram tüwelek, görýeň-ä, senden gaýry şu öýe girdeji salýan barmy. Indi senem, hil bir iş edýensiräp, bu-ça bulanan bolup... Nazar ýerinen tarsa turup, işige baryp yzyna öwrüldi. Soň şol eňräp durşuna: – Öläýsemem galmyýan, öläýsemem giderin. Baryň, şol porsy geçileriňizi ýok ediň. Men öläýsemem geçi bakmyýan... Ol ýarym-ýaş bolup budur gitdi. Morsy aga gününiň ýetde-gütdeligi üçinmi, ýa «oglan ýaşlygyndan oba arasynda, bikär, boş ygyp ýörmesin» diýipmi, ony Nazaryň daýzasynyň gaýyn ugrundan, Jemşitgala obasynyň gurply adamy Welnyýaz ganýokmazlara geçi çopany edip beripdi. Nazar indi Welnyýaz ganýokmazyň ellä golaý geçisini ytygsatman bakyp ýördi. Welniýaz ganýokmaz diýilýän adam syrnyhlygyndanam beter, Nazary edil, «körüň eline büre düşen ýaly edip saklaýardy. Oňa her gün geçileri nirede bakmaly, olary nirede gaýtaryp, haçan, nirede suwa ýakmaly, haçan örüden oba sürüp getirip, nirede ýatyrmalydygy barada, telim sakyrdaýardy. Bu günem ol Nazaryň ýoluny saklap durşuna, nämelerdir, bir zatlar sakyrdady. Emma onyň aýdanlary ýüreginden daş sallanyp duran oglanjygyň gulagynyň ýele ýanyndanam geçmedi. Onuň bar pikiri-u-zikiri dädesiniň aýdan teýeneli sözleridi. Nazar tä günortana çenli «Öläýsemem, geçiňizi bakmaryn, öläýsemem giderin Alilioýa» diýip eňredi ýördi. Hywa iline az-kem gijiräk gelýän näzik baharyň al-elwan güllerem, paşyrdap, ýaz şemalyna owadan gyzyň zülpleri ýaly bagryňy gyjyklaýan maýsalaram, dünýäniň ähli eşretiniň şirinligini demine sorup, iň pynhan duýgularyňa çenli oýaryp geçýän şemalam, bu ýaz gününiň şirinden näzik eşretinem duýanokdy. Ol häzir dünýä ýüregindäki sowuk «gara daşyň» gözleri bilen seredeni üçin, jümle-jahanda sowuklykdan başga zady görüp bilenokdy. Ol günortana golaý geçileriň bady gowşansoň, gyrtyjy ösgünräk, bir köne tümmegi ýaplanyp irkildi. Ol ukuly gözleri bilen çalaja akjaryp görünýän çalasudur arabaýola seretdi. Hal-ha, Ganýokmazlardan bir saparlykça goş-golam göçürmek üçin soralyp alnan, üsti goş-golamly öküz goşulan araba günbatarlygyna tarap mytdyldap barýar. Arabanyň üstünde oturan doganlary oňa el bulap: – Nazar-eý, aý Nazar gel-eý! – diýip gygyryşyp, Nazaryň öňem ezilip duran ynjyk ýüregine ynjy guýýardylar. Nazar birden baharyň bol ot-çöpünden geregini edinip ýatan geçileriniň şagga örüp, nirädir şakyrdap, eňip başlanyny gördi. Ol geçileriniň yzyndan ylgamakçy bolup ýerinden turanda aşak tarapdan gara tüweleými, ýa aždarhamy, ýuwhamy bir belanyň sürünip, süýşüp gelýänini gördi. Ol sermenip, häli eline alyp gelen degenek ýylgyn çybygyny gözläp tapdy-da «Geçimi alandan janymy alarsyňyz. Bir geçiniň toýnagy sypjyrylsa, Welnyýaz ganyokmaz ähli baganyň janyny jähenneme ibermezmi» diýip süýşüp gelýän nägehana garşy ylgady. Ol bela indi has ýakyn gelipdi. Ol agzyndan ot çabyradyp, edil bir it ýaly üýrüp, at ýaly kişňäp, düýe ýaly bögürüp, esrek iner ýaly bokurdagyny gaýnadyp, jukgulda meňzeş bir täsin-täsin sesler çykaryp yňlap, yňyrdap, yňranyp, burun, bokurdak yňranmalaryny çalyp, eňip gelýärdi. Nazar bu belanyň dik garşysyna bardy-da, onyň ýüzüne, gözüne saýgylap başlady. Özem sesiniň baryndan «Aý il-gün, ýetişiň-ho-ow!», «Bir gara bela çozandyrla-how! Ýetişeweriň-how!» diýip, bar-bar bagyryp gygyryp ugrady. Özem gorkyny-ürkini bilmän, şol gara belanyň ýüzi diýmän, boýny, sagrysy diýmän, aldygyna saýgylap başlady. Beýle-beýle garşylyga garaşmadyk gara bela uwlap, kişňäp, üýrüp, yňranyp, hyňranyp, damagyny titredip, bagyryp, bozlap, juk-juk, sesler edip erbet urundy. Soň oba tarapdan «haý-haý!» diýşip, yzan-da-çuwan bolşup, alagykylyk bolup gelýän adamlaryň sesinden, şakyrdaşyp, gaçyp barýan geçileriň tozanly topalaňyndan, Nazaryň gyr-gygyryp aldygyna saýgylaýan çybygyndan erbet tisgindi-de, bir çarp urup, gaçyp girmäge deşik gözledi. Birdenem ugruny halys ýitirip, Nazaryň «Haý-haýlap gygyranda açylan agzyndan suzulyp, onuň içine girip gitdi-de, erbet düýrükdi. Şonda, bu bolýan zada haýran, birýan bolup duran oglanjyk içindäki janyňy alyp barýan agyra erbet titredi-de, ýere gaçyp barýan ýüreginiň yzyndan, yzgar topragyň, paşyrdap duran maýsalygynyň üstüne ýazylyp gitdi. Soň onuň özi hyňranyp, üýrüp, kişňäp, bozlap, bogazyny gaýnadyp, bokurdagyny horladyp, it bolup üýre-üýre, tä gün ikindä aýlanýança çabalanyp ýatdy. Ol özüne gelip ýerinden turanda, erbet düýş görendigini duýdy. Ýöne onuň köýneginiň tutuş öňi ap-ak köpük bolup ýatyrdy. Oglan süňňünde, tutuş bedeninde ýekeje mysgal ysgyn-mydaryň galmandygyny duýdy. Ýüregi erbet bulanýardy. Şunça gaýtarjak bolsa-da bolanokdy. Ol şol ýagdaýynda, yra-dara bolup, ögeý-ögeý, oba tarap gaýtdy. Geçiler oba ýetip barýan eken. Oglan olary ýatagyna-da eltmän, öýlerine bakan süýrenip gitdi. Olaryň ýaşan öýi boram-boş, haňlap ýatyrdy. Diňe daşky tamda köne keçe, oglanyň agşam üstüne ýapýan ýorgany, bir gysym bolup galan kirli ýassyjak bardy. Nazar özüni düşege goýberdi... ...Ol kimiňdir biriniň adyny tutup gygyrýan sesine gözlerini açdy. – Haýt, çopan, sen, nä, öldüňmi, ýitdiňmi? Indi iki gün bäri ýitirim bolagadyň-la-haw. Il saňa dädeň, ejeň bilen Alilioýa gidädiňmikäň diýip ýör-ä. Hany, tur, geçileňňe eýelik et, tur-a, bidöwlet... Nazar aýbogdaşyny gurup düşekde oturdy. Welnyýaz aga Nazaryň ýüzüne garap, bir tisgindi. Onuň öňünde öňki gül ýaljak Nazar däl-de, gözleri däliräp, ýaňy açylan öküzüňki ýaly gyzaryp hanasyndan çykjak bolup duran, ýüzi çişip, çürelip, sürelip giden, agzy lakga balygyňky ýaly, jähegi iýrilip, indem büzülmän ýatan, pyşşyk burun, bedroý bir yşarat oglan otyrdy. Onuň bilen gepleşende bolsa, bu oglanyň sesiniňen edil bir jany ýangynly şiriň sesi ýaly ýognap, erbet, iniňi diýrükdiriji bir ýagdaýa gelendigini duýdy. Welnyýaz ganýokmaz iki günde adamyň beýle üýtgäp biljegine haýranlar galyp, düýrügen inini alyp bilmän: – Inim, janyň bir sagmy? – diýip, alasarmyk sorady. Oglan oňa: – Janym sag – diýensoň, yzyna garaman öýüne tarap gitdi. Nazar ýerinden sallam-sajak bolup turdy-da, yraň-daraň bolup, geçilerini örüzip, örä alyp gitdi. Şol wakadan bir aýa golaý wagt geçdi. Nazar bu bolup geçen aýylganç düýşmi, huşmy, hakykatmy, bir alasarmyk ýagdaýa sähelçejik öwrenişip başlapdy. Ýöne içinde bir bela gidip-gidip, çarp urup, oglany erbet heläkleýärdi. Onuň iýip-içibem ugry ýokdy. Ýogsa, häzir oglanyň gaty daşy azysynyň arasyna salyp, gemirjek çaglarydy. Nazar näme iýse ýüregine ýokanokdy. Ýüregi bulanyp, agzyna salan zady daşyna depjek bolup durdy. Ol onda-da gaýrat edip, özüni dürsejek bolýary. «Bolan zat ýokdur-la, ýöne köne tummagyň üstünde ýatyp, almy, jynmy, bir zatlar çalarak kakandyr-da» diýip özüni köşeşdirjek bolýardy Aslynda-da, ýaş oglan düýşe, al-arwah diýilýän zada ynanyp barýan adamam däldi. Şonda-da, aý, garaz, ol özünde bir üýtgeşikligiň bolandygyny ýagşy aňdy. Ýaz ahyrlap barýardy. Hywa topragynyň jana derman bahary näz edip, sülmüräp geçip barýardy. Nazaram indi özüni dürsäp başlady. Ýürek bulanmasy süýjüje haý-höwese öwrülip başlady. Gidip-gidip, ýüregi çyrpynyp joşmany çykardy. Aýdym aýdasy geldi. Emma ol aýdym diýen zady bilýän janawar däldi. Aňyny, ýadyny dörjem-dörjem edäýseňen, ýekeje bent goşgy tapyljak gümanyň ýokdy. Asyl, baga halkynda elne tamdyra alyp tiňňirdedeni, «haý-how» diýip hiňleneni gören- bilen ýokdy. Dogry Nazaryň ejesi Gül gelneje çagalaryny söýende, «balajygym, lälejigim, gara gözüm, ýürek bagym, saňa ejeň gurban bolsun!» diýen ýaly sözleri suňşuryp, suňşuryp adaýmasy bardy. Gidip-gidip çagalaryny her dürlüje sözler bilen hüwdülärdi. Şolam bagalaryň öýünde onuň bu bolşy geň-taň görlerdi. Dogry, Morsy baganyň aýal doganynyň ogly Ilmyrat bardy. Ol tamdyra-da çalýardy. Gyjakda zaryn-zaryn sazlaram çalardy. Bagşynyň ýok ýerinde, orta geçip aýdym aýdyp, märeke sowan ýerlerem ýok däldi. Ýöne olam bagalara kän bir täsir edip baranokdy. Nazar öz höwesine halys çydamady. Ol keýpine jukguldap başlady. Tä ýadaýança edil it üýren ýaly jukguldady, hyňrandy, güni bilen yňrandy. Ol şeýtdigi saýyn içindäki sarsgynyň köşeşýändigini duýdy. Ol ertir geçisini sürüp gelýärkä bir alaşaly adamyň «Aý, how, Edeweli obasynda Mele öküz ogluny öýerip toý berýändirl-le haw. Toýda, şu gije Gulpak bagşy aýdym aýjakdyr-la-haw!» diýip jar çekip gelýänini görüpdi. Bu habar Nazary guş edip uçurdy. Onuň bagşy diňläp, hut, ýekeje aýdymam bolsa, öwrenip, hiňlenesi gelýärdi. Ýaş oglanyň ýüregi joşup, edil, çileden açylan ýaly boldy. Ol suw alyp gelýänje jürdegine ýelinlek geçileriň birini sagyp aldy. Soň şu gün Welnyýaz ganýokmazlardan alan el ýaly gaty tötegini geçi süýdi bilen hurş edip iýdi. Geçiler maýdalyna otlap ýördi. Nazar köne ýabyň raýşyna arkasyny berip, oba seredip oturşyna, ýene joşup, jukguldap ugrady. Ol jukguldanda onuň içindäki bela-beteriň keýpi kökelip, özi oglanyň bokurdagyna bat berip, üýrüp, kişňäp, yňranyp, bagyryp başlaýardy. Bu ýagdaý ýaş oglanyň ersgin duýgularyna meçew berýärdi. Nazar güni bilen bir begenji bar ýaly bolup gezdi. Özbaşyna her dürlüje heňjagazlara gygyrdy. Şeýdip, tä Gün aşak inýänçä güýmenip gezdi. Geçilerini ýatagyna gabap, ýaba baryp ýagşy ýuwundy, çorlap giden ellerini, aýaklaryny ile-güne çykar ýaly edip ýuwdy. Öýlerine baryp, köýnegini çalşyrdy. Şol wagt Welnyýaz aga geldi. Ol Nazaryň nirädir bir ýerlere şaýlanýanyny duýdy. – Heýt, garaýüz, niräk şaýlanyp batysyň? – diýip habar gatdy. Nazar ýylgyrdy. – Baýar aga, ursgat berseň men-ä Edewelä gitjek. – O nä? – Şol obada Mele öküzler ogul öýerip, toý edýän ekenler. Agşam Gulpak bagşam aýdym aýtjakmyş. Şoňa gidäsem diýýen. – Gidä, gidä, ýöne gaty gijä galma. Bu ýerde, o ýerde Edewali ýokdur... Nazar hoş boldy. – Arkaýyn bol, baýar. Daňdana çenli nirede bolsamam ýetip gelýen men. Nazar aýak ýalaňaç ýola düşdi. Muny gören Welnyýaz aga Nazaryň ýüzüne seretdi. – Nä, şu durşuňa gidýeňmi? Nazar kemim bardyr diýmedi. – Hä! Nä?! – Sen onda maňa garaş häli. Ol öýüne girip, könelip sary giden gaýyş ädik alyp çykdy. – Me şuny aýagyňa geýip gör. Nazar ädikleri bagryna basyp ýaba tarap guş bolup uçdy. – O nä? – Bu ädikleri aýagyňy ýuwman geýmek bolmyýa. – Ilki bir ölçäp gör-ä. – Ölçäp gören ýaly, baýar aga. Bolar, bolar... Nazar şol ugraýşyna bagşy orta geçip, ýaňy aýdyma başlan çaglary bardy. Toý tutýan adam gurply kişi bolara çemeli. Toý uludan tutulsa-da, gelene-gidene serenjam berilişi, tertip-düzgün gaty bek eken. Nazar baran badyna onuň öňüne saçak ýazyp, bir tabak ýagly palow getirdiler. Tabagyň üsti etden dolydy. Beýle hezzet Nazaryň nirede gören zady. Asyl, ol indi iki aýa golaý wagt bäri gaty tötegi zordan tapyp ýören oglan-a. Ol bagşynyň aýdan bir ýapbyldak aýdymynyň dowamynda iýip, omyn edip tabagy gapdalynda hyzmat edip ýören ýigide berdi. Soň tiňkesini bagşa tutdy. Gulpak bagşy diýilýäni orta boýly owadan adam eken. Onuň sesi pessaýragam bolsa, juda gulaga ýakymlydy. Onyň owazyndan mähir çogup durdy. Bagşy «Düýşümde bir bilbil gördüm, inip gelmiş gülzaryndan» diýip burnuna salyp bir gygyrdy welin, Nazaryň gözlerinden gyzgyn ýaş seçelenip gitdi. Ýaş oglan aýdymy demine sordy. Asyl Gulpak bagşynyň agzyndan çykan aýdymlaryň ählisini ýaş oglanyň içindäki bela ýuwutdy durdy, ýuwtdy durdy. Nazar gijäniň bir mahaly uçup diýen ýaly öýlerine gaýtdy. Ol öýe baranda daňyň düýbi agaryp başlapdy. Nazar uly begenç-buýsanç bilen başyny ýassyga goýdy. Dowamy bar >> | |
|
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanystanda gije - 02.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Bagyñ içinde täsin sahnalar - 05.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Ýalñyz zenanyñ heseri - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Ansambl - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -5: powestiň dowamy - 21.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||