17:34 Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» | |
11. «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň...»
Powestler
"Mekge däl, Meskew diýip, Çaldy milletler heň". Mollamurt * * * Ýyllar yzly-yzyna şol geçip dur. Gurbanmämmet serdar Owganystana göçenden soňam Hywa ili ynjalyberenokdy. Öň hanyň hyzmatynda bolan müňbaşylar, ýüzbaşylar, beýleki nökerler henizem köşeşibilenokdy. Olaryň köpüsi çöl ýerlerde «Galtaman» adyny alyp, mahal-mahal täze ýola gadam goýan Daşhowuz welaýatynyň bir ýerlerinden zompa çykyp, ili, obany talap, gan-da pyçak boluşyp ýene-de göterilip gidýärdi. Oba arasynda «Jüneýit han ýene gaýdyp gelip, tutuş ýurdy basyp aljakmyşyn», «pylan ýerde pylan müňbaşynyň nökerleri çozup, «goşça» girenleriň baryny kerçäp, mal-mülklerini syryp gidipdir», «Pylan ýerde pylanynyň toparyny gyzyllaryň otrýady gabap, boýun egmediklerini gyrypdyrlar, ele düşenlerini baryp, Daşkendiň zyndanyna eltip taşlapdyrlar», «OGUPU-nyň işgärleri Nazar bagany, Jüneýit hana bagşyçylyk edeni üçin Gubadagyň zyndana gabapdyrlar», «Gaýgysyz Atabaýyň özi Aşgabatdan uçar münüp, ýörite gelip, Nazar bagany zyndandan boşadanmyş», «A-how, Nazar baga ýaly beýik bagşy Maşadyňda, Yssamylyňda ýokmuş-a», «Aý-how, gülüň biten ýerinde gadry barmy. Baga bagşy heýwere beýik bagşydyr-ow! Diýen ýaly her hili çyny-ýalany bilinmeýän myş-myşlar öýme-öý, obama-oba, şäherme-şäher ygyp ýördi. Hakykatynda welin indi öňki Hywa ili bolan Daşhowuz oblastynda sowet hökümeti öz gadamyny has berkidip, pyşdyl ýöreýşi bilen öňe barýardy. Nazar baga toý, üýşmeleň, çakylyk bilen günüň nähili geçeninem bilmän ýördi. Il arasynda özi barada aýdylýan gep-gybatyň näderejede dogrudygyny bir Nazaryň özi bilýärdi. Ony OGUPU-nyň işgärleriniň öz edaralaryna gijäniň bir wagty çagyryp, Gurbanmämmet serdar bilen gatnaşygy barada gaty berk sorapdylar. Ylaýta-da, asly Porsydan bolan Çärjewli gara ýüz ýigit bir tatar oglanynyň ýanynda soraga gatnaşdy. Emma şol oglan bagşyny ýaman heläkläp aldy. – Sen-eý, Morsyýyf Nazar baga, Jüneýit han seniň ikki dogup, tap bir galganyňmyty? Sen dym, onuň aşakyna kyssyrylyp, taşşakyny köterip galypsyň. Sen nime, sowet hökumatynyň ertir keli-ip, hanlaryň ýurdunda ýumurtga togalaýjagyny bilmediňmi. Ber joganyňy, köpeý okly! Bagşy möle gözlerini zyndanyň öçügsi çyrasyna mölterdip, howlukman gepledi. – Gurbanmämmet serdar iki dogup bir galanym bolmasa-da, öz türkmenim, öz beýik hanym. Şalar, hanlar çagyrsa raýat barar. Magtymguly şahyr «Adam bardyr ony şalar çagyrdar...» Bagşy halky bir il adamsy. Onuň üçin hanam, garybam, baýam bir. Onuňky toýa baryp ile-güne aýdym aýdyp, saz çalyp bermeli. Meni han däde toýuna çagyrdy. Toýda aýdym aýtdym, dessan aýtdym. Toý sowlansoň öýüme gaýtdym. Näme, meni Jüneýit han, ýaramaz işiň maslahatyna, ýa-da bir bozgakçylyga çagyrandyr diýýän bolsaňyz-a, onda ýalňyşýaňyz. Men Gurbanmämmet serdaryň diňe toýuna ýaran ortaça bagşy. Şondan başga hyzmatym-a hana etmedim. Şonuň üçin, atýan bolsaňyz, tutýan bolsaňyz, zyndana salyp çüýrüdýän bolsaňyz, ine, gara başym siziň öňüňizde. Arkaýyn öz işiňizi ediberiň. Ýöne, başga bir zar aýdaýyn, Jüneýit han zalym diýerdiler, zalymlygyn-a görmedik, ýöne siziň meni gijäniň içinde süsenekledip getirip, garaňky zyndana atyp, beýle ýowuz töhmetler etmegiňizden aňyrda men-ä, ýowuzlyk gören däldirin... Soragçy dodaklaryny kemşertdi. – Gapyl-eý, bajysy şarap haramzada, gapyl. Kepleme...Seniň bajjyjygyňy iki eplärin. . Bazar bagşy birki gün garaňky zyndanda ýeke özüni sakladylar. Herne, şol döwürde Gaýgysyz Atabaý oba hojalyk işleriniň üstünden aýlanmaga gelen eken. Ol sorap-idäp, Nazar baganyň GPU-nyň zyndanyndadygyny eşidip, şo döwürde Daşhowuz obkomynyň başlygy Annaguly Artyk diýen ýaş ýigit bilen ýörite gelip, bagşyny alyp gidip, tä gaýdýança ýanyndan aýyrman onuň henize-bu güne çenli eşidilmedik keremli aýdymlaryny diňläpdi. Soňam bagşa garap: – Munuň ýaly beýik bagşyny diňlemese, ondanam bir han bolarmy, bagşa azar bermesinler – diýipdi. Şol boldy, şol boldy, Nazar baganyň ýolam, ganatlaram açyldy gitdi. Ony Gaýgysyz Aşgabada bagşy-sazandalaryň ansamblyna çagyrdy. Nazar baga Täçmämmet Suhangulyýewiň ýolbaşçylyk edýän ansamblynda işleýän mahaly Etrek, Sumbar boýlaryna Tejen, Murgap ýakalaryna, Jeýhunyň kenarynda ýaşaýan illere bagşylar bilen baryp, aýdym-saz etme kemini goýmady. Ol ansamblda işleýan Sary bagşy, Täçmämmet halypa, Pürli Sary, Oraz salyr ýaly beýik bagşylar bilen dogan ýaly bolup gatnaşdy. Soň gaýdyp Hywa iline gelensoňam Alili bagşyny, Baýar baýramy, Palta bagşyny ýanyna alyp, obama-oba, il-me-il aýlanyp aýdym-saz etdi. Olaryň aýdym-sazynyň bir ujy Daşhowuz oblastynyň zähmetkeş adamlarynyň, daýhanlarynyň armasyny ýetirmek bilen utgaşyp gitdi. Sebäbi Gaýgysyz bir gelende Bagşyny ýörite ýanyna çagyryp: – Nazar aga, indi yza ýol ýokdyr. Örküňi, zehiniňi, yhlasyňy, şu topraga derini döküp, yrsgal gazanýan adamlar bilen baglagyn. Halka hyzmat etseň, halk seni hiç wagt unutmaz–diýip, berk sargyt edipdi. Baga bagşy tä ömrüniň ahyryna çenli Gaýgysyzyň şu sargydyny tutup gezdi. Örküni il-günden üzmedi. Ýöne otuzynjy ýyllaryň başynda ol agyr derde ýolukdy. Ony çep bykynynda dörän ingi, garnyň eti bilen derisiniň arasyndan süzülip halta bolup daşyna çykyp duran bela bijaý heläk edýärdi. Bir sapar Daşhowuzyň merkezinde geçirilen Oba hojalyk işgärleriniň maslahatyndan soň aýdym-saz etmeli bolanda şol ingi bagşyny heläk edip başlady. Şonda Gaýgysyz Bagşa garap: – Name, Nazar bagşy ýüzüň-gözüň gaty ebgar-la – diýdi. – Gaýgysyz jan, meniň çep bykynymdan bir bela döräp, hut janymy alyp barýa-da! Gaýgysyz Annaguly Artykow bilen maslahatlaşyp, bagşyny obkomyň ýanyndaky çaklaňja gospital diýen ýerde ýerleşdirdi. Ertesi gün bagşy üçin Aşgabatdan uçar uçup geldi. Onda professor Smirnow diýen hemem Iwanow diýen iki sany professor, uly ors doktor, birem Çary Baýry atly ýaş ýigit çaklaňja tagta çemodanlaryny göterip geldi. Gaýgysyzyň olar bilen ors dilinde suw ýaly gürleşişine bagşy gaty ýatan ýerinden guwandy. Olar bagşyny ilik-düwme barlag edip, soň şol ýerde onuň ingisini kesip aýryp em baryny etdiler. Gaýgysyzyň tabşyrygy boýunça üç günden soň bagşysyny Annaguly Artykowyň awtomobilinde Gubadagyň Jemşitgala obasyna, onuň öýüne elinje alyp gaýtdylar. Hökümetiň ýolbaşçysynyň hut özüniň beýle sylag – hormatlary bagşynyň başyny gök diretdi. Ol Hudaýyň özüne eçilen zehinini edil bir gylyjy çalgy daşyna çalan ýaly edip, gijesi-gündizi diýmän taplaýardy. Indi Nazar baganyň bagşyçylyk şöhraty diňe bir Hywa ilinde däl, baryp, özbek, galpak, gazak illerinde-de, haýran galma bilen tutulýardy. Bagşynyň indi öküz bögüren ýaly ýakymsyz bokurdagy, ýüpek ýaly bolup galypdy. Onuň öňki böküp, märekäniň içinde depirjekläp ýören hyjuwy asylly, agrasdan salyhatly bir görnüşe aýlanyp galypdy. Indi bagşyny diňläp adamlar onuň nagmalarynyň näzikden duýgulylygyndan gözýaşlaryny saklap bilmän oturýardylar. Olaryň gözýaşlaryna bogulyp oturyşlaryna bir aýdýan sözleri: «Ýaşyň uzak bolsun! Kesbiňden kemal tap». Oglyň-gyzyň ýagşy günlerini gör, bagşy!» diýen sözlerdi. Emma kyn döwürler öňde eken. Nazar baga otuz ýedinji ýyllarda bir erbet tisgindi. Şol ýowuz ýyl onuň sylap, hormatlap ýören adamlarndan Gaýgysyz Atabaý, Nedirbaý Aýtak ýaly asylly, abraýly, il-gün, şu döwlet, şu Watan, şu partiýa diýip janyny geren dost-ýarlarynyň baryny ýuwutdy. Ýöne näme etjek. Bagşy gynanjyny içinde saklady ýördi. Gijelerine dynman aýdym, dessan aýtsa, säherler turup, gözlerine ýaş aýlap şol bendelere o dünýäde Allanyň ýalkawyny diledi. Otuz dokuzynjy ýylda ony ýene Aşgabada çagyrdylar. Ol şol ýerdenem otla münüp, Moskwa, Bütinsoýuz oba hojalygynyň gazananlarynyň Sergisinde aýdym aýtmaga ugrady. Onuň ýanyna Pürli Sary, Giçgeldi Aman, Oraz Sopy, Nurjemal Adyýewa Ilaman Anna ýaly bagşy-sazandalar bardy. Olar tä Moskwa şäherine barýançalar aýdym-saz edip gitdiler. Moskwa baransoňlar beýleki bagşy-sazandalar Nazar bagany öňe tutdylar. Oňa Oba hojalygynyň gazananlarynyň bütinsoýuz Sergisinde ilkinji bolup gezegi berdiler. Bagşa Pürli Saryýew gyjakda sazandalyk etdi. Nazar baga Sergide, Moskwanyň akademiki çeperçilik teatrynda öňki-soňky diýjek sözüni «Nowgül», «Daglara», «Ýandym», «Hajygolak» bilen diýme kemini goýmady. Bagşy obasyna gelenden soň: – Wah, gyjakçyň Pürli bolaýsady, bu aýdymlary men başgaça, eşideniň kyýamata çenli ýadyndan çykmaz ýaly edip aýdardym welin, arman, indi giç-dä. .» diýip armanly gepledi. Ýöne bagşy her näçe arman etse-de, kämilligiň ölçegi, serhedi bolmasa-da, Nazar baganyň beýik zehinine tutuş türkmen ili haýran galypdy. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Köşkde ýaňlanan aýdym - 06.03.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Uspen halypa - 03.03.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |