09:48 Palindromaniýa: Çopan, çopanystanda. Ýalñyzlyk oýlary | |
PALINDROMANIÝA: ÇOPAN, ÇOPANYSTANDA. ÝALÑYZLYK OÝLARY
Powestler
"Garaňkylyga garaýan adama garaňkylyk hem garap başlar". Nisşe. Çölüň gum-guklugynda ýyldyzly asmana bakyp ýatan Çopan hiç kime aýdyp bilmeýän içgepletmelerini çöşläp azara galýar. Hiç kime aýdyp bilmeýän oý-pikirleri sansyz kän. Näme üçin aýdyp bilmeýär olary? Çöl ahyr bu-sähra, bu ýerde onuň özünden başga kim bar?! Bar aýdaly biri bolaýanda hem seniň derdiňe düşünjekmi? Uky onuň şu oýlardan halasgäri. Ýöne uky hem şu günler ondan gaçýar. Onsaň ýene oý-pikirler onuň bilen jedele-jeňe giriberýär: «– Bu dünýede hiç bir zada ynam ýok. Tama edip, ynam edip oturar ýaly hiç bir zat tapylanok. Dost-ýarlaryň, söýgülileriň, bankdaky goýan pullaryň, ýetişen aň-bilimli ogullaryň-gyzlaryň, hatda käwagt seni hiç taşlamaýan şowlulygyň, rysk-nesibiň saňa kän ýollary açyp beren güýjüň, ugurtapyjylygyň, duýgur aň-üşügiň, bularyň bary bir gün seni terk edip gidip bilerler. Özem erbet ýeri garaşmadyk wagtyň, baryndan tüwmaýak bolup galmak riski bilen. Onsaň nädip olara ynanarsyň?!» Ýönekeý çopan halyna edil bir gadym pelsepeçiler kimin oýlanyp, maňlaýyny penjeläp, bu owadan çöl gijesini tukatlyga basdyryp ýatyşyna ýene özi haýrana galýar. Ýa-da bu tukatlyga batýan çöl däl-de diňe bir özümi?! « – Özi geçip barýan, azalyp barýan bu dünýä ýaşaýşynda nädip lezzet alyp ýaşarsyň? Haýsam bolsa bir gün tükenjek ýaşaýyşda, rahatja wagt geçirersiň? Saglygyňam günsaýyn egbarlap, ejizläp, ähli süňkleriň syzlap agyrýar. Onsaň agyryly tene ezýet bermän, amanat jany gynaman nädip ki ýaşap bolar»? Ýene şol aýdýanymy gaýtalaýan: ynanýan zatlarymyz bize hiç bolmanda ahyrynda peýdasyz bolup çykyp bilýär. Saňa kömek etjek pully dostlar duýdansyz bir ýere gidip galarlar, ýa-da bankrot bolup bilerler. Söýgüliler hem bir ýere çenli wepalylyk saklarlar. Belki olary kanagatlandyryp biljek erkekler tapylar. Soňra ýagdaýa görä hereket ederler. Ogul-gyzlaryň bolsa, senden soňky galjak emlägiň dawasyny sen entek gözüňi ýummankaň edip başlarlar. A şol mahal bankdaky pullaryň hümmeti gaçmagam mümkin ahbeti. Onsaň perzentleriň saňa bolan hormaty hem peseler. Çopan ýüzüni ýere berip, has çuň oýlanmaga başlanda... (Aşagy çyzylan ýerini okaman geçibermeli...) Diňe iki sany zat hakda köp oýlanýan. Ölüm hakdaky pikirlerim meni hiç wagt terk etmeýär. Bir zat begendirýär. Birinji oýlanýan zadym, ikinji köp oýlanýan zadyma ýetmek üçin basgançakdyr. Aňladyňmy?! Ikinji köp oýlanýan zadym– Alladyr. Aslynda Alla hakda oýlarym ölüm hakda pikir ýüwürtmelerime sebäpdir. Hemme zat bu dünýäde geçegçidir. Diňe ölüm ötegçi däl. Biz hemme zadyň içinden geçip gidýäris, bu anyk. Emma ölüm biziň başymyzdan geçip gidiberenok. Bir–iki gezek wagtlaýynça sowulýan bolmagam ahmal. Belki olam ölümiň imitasiýasyny edip bilýän bir başga howply zatdyr. Emma ahyrda ol bizi alyp gidýär. Hakyky ölüm geler, hökman geler. Nirde bolsaň-da, nähili derejede bolsaň-da, sen adyl hökümdar bol, ýa zalym patyşa bol, lukman bol eli şypaly, ýagşyzada garyp bol, jomart baý, betlagam gedaý bol, alym-ulama, senetçi, bagşy-sazanda bol, tapawudy ýok. Kim bolsaňam bir gün ölüm gelip seni bir näbelli tarapa gitmäge çagyrar. Men ony bu dünýäde iň bir kämil zat görýän. Men ölüm hakda köp oýlanyp, oňa göz ýetirmäge dyrjaşdym. Ölüm bu dünýäniň zady däl. Ölüm başga bir dünýäden gelýän ilçi. Ol hem bir Başlangyç. Ýöne men ony gutaryşyň başlangyjy-ha diýip biljek däl. Ol bize beýleki dünýäden ýollanan Salam. Gyzykly ýeri, meň oňa öwrenişenimemi nämemi, ol meni indi hiç gorkuzanok. Meniň düşünşime görä, ölüm agyry-ünji bilen baglanyşykly duýgulary berse-de, men ony tamamlanmak diýip düşünmeýän. Ölüm daşyndan göräýmäge gorkunç. Oýlanyp otursaň ol iň sadaja aýdylanda, täze bir dünýäniň gapysy. Adam doglanda hem ynjy içinde aglap dogulýar. Bir zatdan öýkeli ýaly, birinden gorkýan ýaly. Ölümi ýowuz zat diýjek däl, biz onuň sebäp bolmagynda Alla gowşarys. Ol zynjyryň bir halkasy, esasy halkasydyr belki. Çopan uka gidýär... (palindrom – 2) Haky tanama – Haka amanat Ýer göteren sary öküz, Bilmen, nije ýaşyndadyr. Dört müň dört ýüz aýagy bar, Ählijesi döşündedir. Pyragy. M Hürri kanalyň kenarynda balyk tutmaga gümra. Mirap suwa seredýär, ölçeg taýajygam elinde. Hürrüniň golunda hem çeňňek. Ýene bir çeňňegem toýunsow kenara dürtülip goýlan. Ol çeňňek lakga balyklara niýetlenen. Mirap Hürrüniň ýetginjek ýaşyna garamazdan düşbiligine haýran, birazajyk gabanybam guwanýar. Olar balykçylygyň gapdalynda diňe söhbet edýärler. Hürri suwuň sessiz akyşyna äňedip, çeňňek ýüpüne seredip, peýwagtyna gürleýär: – Gyr obada gören gojam, zemini bir sary öküz göterip durmuş diýýär. Mirap suwuň akyşyna keýp edip durşuna: – Aslynda ýer göteren sary öküz äpet bir balygyň üstünde duranmyşyn. – diýip, onuň aýdyp başlan gürrüňini bölüp, özi gepläp başlady. – Durmuş dowam etse, bu rowaýat hemişe aýdylar. Şol rowaýatdaky balyk uçursyz äpet bolmaly. Meselem biziň galaktikamyzdan biraz uly ýa-da biraz kiçi. Seniň älem diýýäniň hem şol bolmagy mümkin. Hürrüniň degşesi geldi: – Men onda älemi göterip bilýän janawarlary aňsatja awlap bilýän-dä? – Ýok, aslynda balyk tutmagy başarýan adamlary kämil hasaplamaly diýýän men-ä. Balyk tutup bilýäňmi, sen şansly, şowly diýýärin. Şowjan adamlardan sen. Olar edil Zewus, Apallon Ýa-da Paseýdon ýaly taňrylar diýseňem ýalňyşmarys, üçünji ady tutulan-a +plýus deňizleriň hem hökümdary bolmaly. Hürri «Mirap daýynyň şeýle gürrüň edişi bir görseň oýuna meňzeş, oýlanyp otursaň çyna berimsiz ýerem bar» diýip, içini gepledip ýylgyrýar: – Zews, Paseýdonlar özi bir wagt boldumyka? Mirap dymýar. «Hürri bilen balyk tutmak ýakymly. Balyk tutmak dälde, onuň ýanynda oturmak, ýogsa balygy oglanjyk tenha awlaýar. Onuň balyk tutuşy, diňe keýp alyp oturmaly zowk. Oňa menem haýran, beýlekilerem telpek goýýar. Oglanjyk balyk tutmagyň ussady. Özem öz-özüne halypa. Oňa balyk tutmagy öwreden ýok. Eline çeňňek tutdursaň bolany, çeňňegi suwa oklasa ýetik, balyk janawarlar suwuň astynda onuň çeňňegine nobata duran ýaly bolaýýarlar. Bäý-bää, oň eliniň geläýşini, gaty ezber balykçy ol». Mirap eýýäm bir takgazy çeňňeginiň ujuna ildirip kenara çykaran Hürrä: – Men öňem näçe sapar aýtmakçydym. Belki sen balyk tutýan wagtyň içiňden bir zatlary okaýansyň?! – diýip, kem-käs ynamsyz ýylgyrýar. – Ýa-da dogrudanam bir zatlar hakda çyndan pikir edýänsiň. Balyklar hem şoňa aldanýandyr. Bu aýtjagym ynanar ýaly däldir, emma bu bir fiziki hadysamyş, ýagny: ynsanyň beýnisindäki pikir onuň ýakyn radiusynda yrgyldy döredip, töwerege täsir edip bilýärmiş. Pikir materiallaşyp başlaýarmyş. Hürri bu adam nähili täsin diýýän terzde ýylgyrýar: - Aý, ýok, gaýtyb-a spinnerimi elime alan minudymdan hiç zady pikir etmejek bolýn. Hürri ýene Gyr obany göz öňüne getirýär. «Oba baryp şol gojany görmän gaýdýan gezegim ýok. Oba diýsem baba düşýär ýadyma diýen ýaly. Egninde agar çäkmen, başynda jowur ak selle. Ak sakgaly döşüne düşüp duran goja. Meniň üçin goja sataşmagym başga planetaly birini gören ýaly zat». Hürrü gojany ýatlap ýylgyrdy. Mirap: bu nämä üznüksiz ýylgyrýarka diýip oýlandy, aýtjak bolýanyma düşünmedi öýdýän. «Goja ýöne üýtgeşik. Men kalbymda ol obany basyp almaga gelen kolanist, ol bolsa aborigen. Goja hem onuň elindäki kitap hem ikesse täsin. Onuň hüjrä meňzeş hütdük kümesi, çyg ysly diwarlar». Hürriniň hyýalynda öý eýesi goja galyň ktabynyň sarymtyk sahypalaryny agdaryşdyryp, gyssanman okamaga başlaýar: – Isa alaýhyssalam: «Şol balygy görsem» diýip, Allatagala arz etdi. Allatagala: «Eý, Isa! Sen pylan derýanyň kenaryna bar. Ol ýerden meniň gudratyma tomaşa et» diýdi. Hezreti Isa ol derýanyň kenaryna bardy. Görse, derýadan bir balyk ötüp barýar. Hezreti Isa oňa ýedi gije-gündiz garap dursa-da, balyk onuň duşundan ötüp gutarmady. Isa alaýhyssalam sorady: «Eý, Taňrym! Bu balygyň başy meniň öňümden ötüp gutardymy Ýa-da gutarmadymy?». Hudaýtagala aýtdy: «Ýok, entek onuň başy hem ötüp gutarmady». Hezreti Isa sorady: «Eý, Taňrym! Şu balyk öküzi göterip duran balykmy Ýa-da ol başga bir balyk?» Hudaýtagala aýtdy: «Bu başga bir balykdyr. Men ol balyga şunuň ýaly balygyň ýetmiş müň sanysyny her gün iýdirýärin». Isa alaýhyssalam haýran galyp, ýerinden turman başyny sejdä goýdy». Merdan- zenan wakyýalary (Ziýnäniň gizlin gündeliginden) Ýoldaşym ikimiz durmuş guralymyz bäri kolhozyň bagynda ýaşaýardyk. Ýarym asyr mundan ozal kalhoz bagbany üçin gurlan iki gat jaý näçe müçe wagt boş dur eken. Onsaň ýoldaşym kolhoz başlygynyň rugsady bilen şol jaýa goş– golamlarymyzy eltdi. Daş-töweregi bag-bakja, miweli agaçlardan doly bu jaýy ilki görenimde synym oturdy. Uzak ýyllar oturmagam nesip etsin diýip içimden dileg etdim. Bu ýere göçüp gelip bilýändigimiz baradaky habary ilki buşlan aýagy esgi ädikli Bapby birgät. Gözümde ilki galan aýagyndaky birgatlaryň geýýän şol ädigi. Ädigi näçe görnükli bolsa-da, görgüliniň bir aýagy çala ýempeýän eken. Soňam erinlek ýüzi. Ony kän halap barmasamam bize edýän kömegi üçin hiç zat diýip bilemok. Ýöne ol adam her gezek howlymyza girende birhili kalbyma howsala aralaşýardy. Özümi basmaga dyrjaşýardym, çünki ol meni basmarlap barýar, toba. Emma bu howsalamy ýoldaşym hem bilmeýär. Bu gorky özüme hem syr. Ýoldaşym Bapby birgada gezek gelende başgaça. Hemmeler bu adama Bapby birgät diýýän bolsa, ol her gezek Baba aga diýip ýüzlenýär. Birgat bolsa şondan hoşlanýar. Bu howsala gorkynyň haçan döränini hatyrlajak bolup geçmişime gitmäge mejbur. Ilkibaşdalar oba mekdebiniň howlusynda ýaşan bolýardyk. Bir wagt kömürhana bolan küme. Bu ýerde her gün bir ýyl ýaly geçýärdi. Zeýrenmejek bolsamam bolanok. Soňra bir gün ýoldaşym irden turup gowy düýş gördüm gerek diýip buşlady. Düýşümde çagajyk gördüm. Ylahym, hoş habarlar gelsin-dä diýip dileg etdim. Öýlänlik gyzgyn mäşewäni öňümize alanymyzda, gapymyzda eşidilen aýak sesleri aýak üstüne galmaga mejbur etdi. Gapydan giren Bapby birgat: – Hä-ä, men ýalňyşýan ekenim – diýdi ýylgyryp. Birbada düşünmedik. Ol bolsa ýylgyrmasyny goýman sözüni dowam etdi: – Meni gaýnenem söýýän eken, şu wagta çenli gaýnenem meň ýaly giýewi nirden halasyn diýýärdim. Soňam ol mürehede garaşman töre geçdi: – Merdan, saňa gowy habarym bar! Ýoldaşym meniň äberen bir şakäse mäşewämi myhmanyň öňünde goýdy: – Alyň, Baba aga. – Aý tüweleme, bu golaýda şeýle mäşewä öňüme goýulmandy, tagamlydygy ysyndan belli bolup dur – diýip, boşaň magtandy. Soňam agaç kaşygy okaranyň içinde aýlap-bulap, mäşewäni sowatmaga başlady. Menem ýoldaşymam onuň näme hoş habar getirendigini bilesimiz gelýärdi. Ýoldaşym maňa seredýär, men ýoldaşyma garaýan. Bapby birgat ahyr bir kaşyk nahary ýuwudyp, maza bilen: – Mäşewe iýeniňde juda sabyrly bolmaly – diýip, agzyny şapbyldatdy. – Sizem tüweleme sabyrly adamlar. Biz entegem onuň näme habar aýtjagyny oýlabam bilemizokdyk. Ol şakäsäni boşadyberende oturan ýerinden jaýymyzyň diwarlaryna, sadaja goň-golamlarymyza göz gezdirip: – Şu hütdüge kanagat edip ýaşap bilşiňize haýran – diýdi. Ýoldaşym egnini gysyp gowuşgynsyz ýylgyrdy. Bapby birgat ýoldaşyma seredip: – Ertir derege ýaraýjak goş-golamyňyzy alyp, kolhozyň bagyndaky iki otagly jaýa göçüň – diýdi. – Başlygyň özi ýörite aýtdy. Arkaýyn göçüberiň. Özüňem bagyň içine seredip geziber, aýlyjagyň ýörär durar. Ýoldaşym minnetdarlykdan ýaňa näme diýjegini bilmän sakynyp: – Sag boluň, sag-ja bol-uň, Baba aga – diýip, gowuşgynsyz ýylgyrýardy. Bapby birgat bolsa nahary boldum edip, agzyny süpürdi. Soňam maňa seredip, gözlerini güldürip: – Bolmasa sen biziň ýegençini bi kümesde horlaýaň – diýdi. – Hany bir töwir galdyraly. (dowamy bar) | |
|
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Guduzlan it -2: powestiñ dowamy - 18.09.2024 |
√ Palindromaniýa: TamA Amat bermez - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Hoş ses. Taş ses - 04.07.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |