17:36 Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» | |
12. «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!»
Powestler
«Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» «Döwletýar» dessanyndan. * * * Nazar bagşynyň taby birden peseldi. Ýurtda ýowuz uruş gidip durdy. Obalarda eli pil-kätmen, azalyň sapyny tutup biljek erkek göbekli galman fronta alnypdy. Obada aýal- gyz, garry-gurty, çaga-çülpe galyp, gidenleriň azaby olaryň egnine düşüpdi. Indi aýdym-saz azalan ýaly bolupdy. Baza baga ýaşynyň bir çene barandygyna garamazdan obadaşlarynyň işine, güýjüne kömegini ýetirip ýördi. Şol arada onuň köne goňşularynyň biri Döwbaý diýen garry ýogaldy. Ýaşulynyň sowky ýoluna gidiş ýoluna ony ugratmaga, öwlüýäde jaý gazmaga güýjüniň ýetdiginden gatnaşdy. Ol gojany içki jaýyna salmak üçin mazara girende, burnuna bir erbet ys gelip gitdi. Şol mojuk ysam onuň jürüni dikdi. Ol pata ýerinden gelip ýykyldy. Bilýän adamlar onuň derdi garahassalyk diýip aýtdylar. Bagşy ebgar bolup gaty kän ýatmady. Emma bir gün onuň içindäli bela erbet urundy-da, agzyndan, täretinden kerçem-kerçek agyry bolup çykdy-da, şemalyň ugruna gap-gara tütün bolup uçup gitdi. Şol belanyň içinden çykmagy bagşynyň halyny has agraltdy. Ol urnup-urnup, janyna jaý tapman ýatyrka ony soramaga Alili bagşy bilen gyjakçysy Sapar Beki tirkeşip içeri. Özüniň şägirtlerini görüp ebgar halda ýatan bagşyny özüne hossar tapynan ýaly bolup, bir boýurgandy. Gelenler halypanyň ýagdaýyny görüp erbet boldular. Göwünlik berip halyny soradylar. Alladan şypa dilediler Birden bagşy gobsunan ýaly etdi. Soň; – Maňa «Bibini aýdyp ber! – diýip demi-demine ýetmän, atygsap duran ýüreginiň arasyndan dem sogrup aýtdy. Şägirtleri: «Heý, bu wagtam bir aýdym bolarmy ahyry, halypam! Diýen manyda bir böwürlerine diň saldylar. Ýöne olar halypanyň buýruga meňzeş haýyşyna boýun boldular. Deriň, derdiň, ýakymsyz ysy tutup duran içerde sazyň owazy ýaňlandy Soň Alili bagşynyň agzyny halypanyň gulagyna golaý tutup dünýäni ýaňlandyryp aýdýan sesi daşary pürkülip gitdi. – Gamzaň ýeli degidi başa, Haýran etdiň halym bibi. Bizi goýup gitme daşa, Akar gözden ýaşym, Bibi. Toty sypat, jeren gözli, Janym alar her bir sözi, Giň maňlaýly, güler ýüzli, Horram hoş zybanly Bibi. Gujak açyp ganat gersem, Ýara umyt, elim sersem, Her dem jemalyňy görsem, Karar tapar janym Bibi. Ahy-zarym, herne barym, Bagy-bakja, alma-narym, Ezber sen wepaly ýarym, Gelse, mähribanym Bibi! A-a-ah Bibi, bi-bi!!! Halypa bir tisgindi-de «A-ah, Bibim» diýip 1943-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrlarynda anna agşamsy pygamber ýaşynyň içinde taýsyz, iň beýik ussatlyk derejesinde aýdan 600-den gowrak aýdymyny, ençeme dessany, özbek, gazak, garagalpak dessanlaryny, aýdymlaryny bu dünýä sowgat edip goýan taýsyz, beýik bagşy dünýesini täzeledi. Onuň mährini, eşretli aýdymlaryny, dessanlaryny ýagşy günleriniň, toýlarynyň buýsançly bezegi edip gelen, tutuş il-gün halypany Jemşit galanyň golaýyndaky «Daşly» öwlüýäsinde hormat bilen jaýladylar. Soňy. 1-nji dekabr, 2010ý. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -4: powestiň dowamy - 07.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy / powest - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň soñy: Bamyny agladan aýdym - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powestiň dowamy - 29.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Baga bagşy -11: «Mekge däl, Meskew diýip, çaldy milletler heň. .» - 08.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Taraşa -2/ powestiñ dowamy - 01.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |